21:26 Galmagalyñ daşyna çykaran zady | |
GALMAGALYÑ DAŞYNA ÇYKARAN ZADY
Publisistika
Siziñ dykgatyñyza ýetirjek zatlarymy Günbatarda zol gaýtalanyp duran yslamofobiki dawalaryñ biridir öýtmäñ. Ondanam has beteri... Ýedi gün öñ... Nýu-Ýorkuñ Manhetten raýonynda iki adamyñ arasynda sene-mene bolup geçdi. Dawanyñ wideolary ABŞ-da gyzgyn seslenme döretdi. Tersleşigiñ temasynda Palestina we Ysraýyl bar! Ak amerikaly wideoda müsürli musulman telefon satyjysyna birnäçe gezek "nadan", "terrorçy" diýip gygyrýar, yzyndanam: - Häzir men bärik "Şu adam "Hamasa" ynanýar" diýip ýazgy asdyraryn - diýýär. Müsürli musulman satyjy "Gazada çagalary siz öldürýärsiñiz, men öldüremok" diýen badyna, ak amerikaly bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyrýar: - Biz dört müñ palestinaly çagany öldürende näme bolar öýdýärsiñiz? Şolam size az bolýar, şolam size az bolýar! Müsürli sypaýyçylyk bilen ony özünden daşlaşdyrmak islese-de, ak amerikaly sögünçlerini goýar ýerde goýanok. Gaýtam Hezreti Muhammet pygamberimize (s.a.w), Gurhana, Hadyslara dil ýetirýär... Şol "ak amerikalynyñ" kimdigini bilýäñizmi: Oña Stýuart Seldowiç (1959-njy ýylda doglan) diýilýär. Ol Barak Obamanyñ döwründe 2009-2017-nji ýyllarda Döwlet Howpsuzlyk Geñeşiniñ Günorta Aziýa boýunça başlygy bolup işledi. Beýleki wezipesi hasam gözeilginç: Ysraýyl we Palestina işleri boýunça býuronyñ direktory! Onuñ näme üçin beýle wezipä bellenendigine añ ýetirip bilýärsiñizmi? Eûse ak amerikaly Seldowiçmi Palestinanyñ hak-hukuklaryny gorajagam? Diñe bulam däl. Seldowiç has soñra Ysraýylyñ uruşlara gatnaşýan "GDC Inc." logistiki jemgyýetiniñ baş geñeşçisi boldy. Diñe bulam däl. Ak Tama ýakyn durýan "Gotham Government Relations" jöhit lobbi şereketiniñem işgäridi. Onuñ Nýu-Ýork Bruklinde jöhit mekdebiniñ (École Bialik) uçurymydygyny-ha aýdybam oturjak däl. Diýjek bolýan zadym: Seldowiç tetelliler palestin-ysraýyl halkyna parahatçylyk getirip bilermi? * * * Nädeñde parahatçylygy üpjün edip bolar? Bilşiñiz ýaly, sebitiñ Osmanlydan bölünip aýrylmagyndan soñ Balfur deklarasiýasy esasynda Fransiýa, Angliýa, Ysraýyl üçüsi bilelikde hereket etdi. ABŞ bu meselä haçan, nädip goşulyp ýör? 1948-nji ýylda Ysraýyl gurulanda ABŞ-nyñ gyzyklanmasy diñe azyk we ykdysady kömek bilen çäklenýärdi, edilen kömegiñ umumy möçberi 65 million dollara barabardy. Haçanda, Genri Kissinžer 1969-njy ýylda döwlet howpsuzlygy boýunça geñeşçi we 1973-nji ýylda daşary işler ministri boldy welin, ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklary ugruny üýtgetdi. Edilýän kömegiñ möçberi 1971-nji ýylda köpüsi harby maksatlara niýetlenip, 634,5 million dollara ýetdi. Yzyndan: 1973-nji ýylda Arap-Ysraýyl urşy bilen kömeginiñ möçberi 2,5 million dollara ýetdi. Puluñ möçberi şeýle bir kändi welin, kongres gözegçiliginiñ gözüni gapmak üçin "kredit" ady bilen berilip başlandy. Diñe bu kömeklerem däl. ABŞ-nyñ çakdanaşa goşulmagy ysraýyl syýasatynda düýpli üýtgeşmeleriñ bolmagyna sebäp boldy. Şeýle: * * * Ysraýyl gurlan wagtyndan bäri ýurtda demokrat-sosialistik "Mapai" ýa-da çepçi meýilli Işći partiýasy häkimiýet başynda oturdy. Bular umuman alanda diaologyñ tarapdarydy... Otuz ýyllyk bu häkimiýet döwri 1978-nji ýylda Menahem Beginiñ ýolbaşçylyk edýäm sagçy "Likud" partiýasy tarapyndan ýykyldy. Izak Şamir, Ariel Şaron, Benýamin Netanýahu agressiw syýasat ýöretdi. Özem munuñ añyrsynda ABŞ bardy... Prezisent Respublikan partiýadan bolsun ýa-da Demokratik partiýadan saýlasyn, tapawudy ýok, Ak Tamyñ soñky kyrk ýyl bäri Ysraýylyñ iñ ulh hemaýatkäri bolup gelmeginiñ sebäbi şudy: Neoliberalizmiñ saýasynda "kagyzdan" ummasyz pul gazanýan amerikan jöhit lobbisi! Hawa, ABŞ-da syýasatyñ merkezinde "dollar" bar we daşarky syýasatyñ kesgitlenmeginde iñ esasy serişde... Şeýleräk mysal bereýin: Ysraýylyñ lobbi guramasy bolan ABŞ-Ysraýyl Jemgyýetçilik işleri komitetiniñ (AIPAC) häzir amerikan kongresiniñ düzüminiñ 95%-ni özi kesgitleýär! Diñe saýlanýanlary däl, Stýuart Seldowiç ýaly wezipä bellenýänleri-de kesgitleýän güýje eýe... Geçmişde hiç bir amerikan hökümetinde gabat gelmedik möçberde häzir ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ Ysraýylyñ arkasynda durmagynyñ düýp manysy-da şudur! "Ak amerikalynyñ" Manhetteniñ köçelerinde müsürli musulman satyja ýagdyrýan sögünçleri düýpdäki garaýyşyñ daşyna çykmagydyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |