16:30 Gan algysy / nowella | |
GAN ALGYSY
Hekaýalar
Ýapgyt alaňdan ýüzin salyp düşüp gelýän ýigitleriň gyralary gyýyk kesilen köne sozmalary şemalyň mymyjak tolkunlaryna galgaşýardy. Daşyndan seredip, assyrynlyk bilen synçy gözüňi olara dikanlanyňdan soň bu ýigitleriň ýaşynyň ýigrimiden agyp, otuza ser urandygyny aňlap bolýardy. Agras ýüzli, gara gaşlary bir-birine degişip, goşa ýaýa çalym edip duran ýuka sakgally ýigit kä özi bilen deň ädimläp gelýän dostunyň egnine goluny atyp, käte-de şemalyň ugryna ýöreýän ýaly başyny aşak sallap barýardy. - Näme how, dostjan, ýolboýy ýeke agyz gürlemän, ýüz-gözüňi çytyp, bir zatlaryň pikirini edip gelýäňle?!- diýip, gyýyk gözlerini hälden bäri dostundan aýyrman gelýän Esen pessaý sesi bilen dostuna ýüzlendi. - Wah dostjan, başymda elhençlige ýugrulan bir waka meni hiç günüme goýanok. Ýatsam duýşümde, tursam huşumda şol biweç waka böwrüme tiken bolup batýar. Henize çenli dostundan beýle sözleri eşitmedik Esenin birbada ýüzi gamaşyp gitdi.Ol gabat garşysynda başyny burup, gözlerini petredip duran dostuna seredip durşuna uludan dem aldy. - Näme boldy, dost, janyň beri sagmy? - Janym-a sag welin, ýüregim sanjap-sanjap ýanaýjak bolýar- diýip, öçügsi gözlerini keýerdip duran Durdy gürrüňi başga ýana sowjak boldy. Emma dosty bilen bir döwüm çöregi bile paýlaşyp iýýän Esen muňa ýol bermedi. - A how, sen öz derdiňden habar berjekmi ýa şol bir sessiz perdeden tutdurjak oturjakmy?! Durdy öz dostundan syryny gizläp bilmejegine magat göz ýetirip, başyndaky sur telpegini eline aldy-da, gum üýşmeginiň üstünde aýaklaryny epip oturdy. - Dostum, düýn agşam ejem maňa kakam pahyryň agyr kesel zerarly däl-de, eýsem suw üstünde bolan dawaly göreşde bir näkes tarapyndan öldürilendigini aýdyp berdi. Bu habar gonjuma gor guýdy. Şol agşamdan bäri hiç gözüme uky gelenok, ýüzümde şatlyk, ýüregimde-de rahatlyk ýok. - Beh, sen-ä ýok ýerden ýorgut tapdyň oturyberdiňaý! Senden näme jogaba garaşsam-da, agyn şeýle habar almak barada hiç pikir edemokdym- diýip, Esen dostunyň garşysynda çök düşip oturdy.-Ýeri bakaly, kimmişin ol nadan?! - Wah, indi onuň parhy barmy näme?! Ýöne men öz kakamyň ganyny ýerde goýman, ýok-ýok, ýerde goýman- Durdy ýognas sesine bat berip gürläp durşuna gara gözlerini gana boýaýjak boldy. Ýüzüni ýerden galdyrman, dostuny diňläp oturan Esen oturan ýerinden gobsunyp gitdi. Sebäbi Durdynyň gahar-gazaba ýugrup, hemle bilen aýdan sözleriniň soňunda gara duman bolup, zemini bürejek harasat ýaly gabahat işler ýatyrdy. - Indi näme etsem diýýäň? - Kakamyñ ganyny alman başyma şyrdak atyp gezib-ä bilmen. Şol ganhoryň synasyna kakam üçin neşder urmasam, meniňem ogul bolmadygym. Entejik görübereris, ol ganhor kakamyň aryny aljak ýokdur öýdüp arkaýynlaşyp ýörendir. Ýöne büräň kiçisi beter çakýandyr, hatda şirin janymy gurban etmeli bolsa-da, şol penjesi ganly galanyň başynda ajal alowyny ýakaryn. Hökman ýakaryn. - Beýle bolsa çyn dost hökmünde menem saňa golda bar bolan güýjümi aýaman kömek edeýin. Eseniň soňky sözleri Durdynyň ýüregine tagma basan ýaly boldy. Ol çeýe herekedi bilen gözüni mölerdip, dostunyň ýüzüne dikanlady. - Ýok, dost, öz haklaşygym üçin seni gan dawasyna goşup bilmerin. - Öz-öz diýip, hälden bäri başymy çaşyrdyňaý, ikimiz dostlar ahyryn, dostlar bolsa bir jan,bir ten ten bolup ýaşamaly. Seniň kakaň gany ýerde ýatmaz, biz ikimiz onuň aryny gama hanjaryň neşderi bilen alarys. Dostum, biz şu güne çenli dost bolup ýaşadyk, gel, indi şu gün gandaş doganlar bolaly, ke eliňi?!- diýip, Esen kisesinden ýançakgysyny çykaryp, dosty Durda uzatdy. - Esen dost, biz doganlar bolarys, ýöne diňe kakamyň ganyny alanymyzdan soň. Ýogsa damarlarymda aýlanýan kakam pahyryň gany wepasyz perzendini näletlärmi-kä diýýän. - Gözel göwnüň, dostum, ilki bilen kakaň aryny almaly bolsa, ine, doganlaşyp barýan dostuňa aýt näme etmelidigini! Durdy uludan demini aldy-da, başyndaky çalymtyk telpegini eline alyp öz meýillerini Esene gürrüň bermäge başlady. - Biz agşam şu ýoluň deňinde gizlenip oturarys... - Sen onuň şu ýoldan gijäniň bir wagty ýeke geçjegini nireden bilýäň? - Men onuň gamyny bireýýäm iýdim. Onuň agşam şu ýoldan ýeke özüniň geçjekdigi ikuçsyz. Ine, bizem şonda gama hanjaryň güýjüni şol haramzadanyň tenine siňdireris welin, wessalam. - Bu ýerde men näme kömek edip bilerin? - Birinjiden-ä seniň kakaňda jöwher hanjar bardy, şony bildirmänjik getirip berseň, ikinjidenem ýuka ýüreklik etmeseň bolany. Muny aýtmagymyň sebäbi şol gandöküşikligiň başyny başlan meniň kakam bolupdyr. Kakam şol haramzadanyň almaly suw hakyny ogrynlykda özi alypdyr. Ol bolsa kakama eger alan suwunyň öwezini dolmasa arz etjekdigini aýdypdyr. Gany depesine uran kakam atyna atlanyp, ony öz atynyň toýnaklary bilen jansyz jesede öwürmekçi bolupdyr.Ol bolsa aljyrap, elindäki pili bilen atyň kellesine mazaly urupdyr welin, at kakamy gara ýere aýlap urupdyr. Ine, şeýdibem kakam pahyr ýagty dünýä bilen baky hoşlaşmaly bolupdyr. - A how, onda ol bendäniň günäsem ýok eken-ä! Belki heniz giç bolmanka bu gabahat işden el çekersiň?! - Ine, sen-ä eýýäm dözmezçilik edip başladyň. Näme bolsa-da, kakam şol haýyn sebäpli şirin janyndan jyda düşüpdir. Men, ine men, eňegime sakgal çyksa-da şu ýaşyma kaka mährinden ganmadym. Ýeri aýtsana, meni ata mährinden mahrum etmäge onuň haky barmy? Ýok... Eger dözmeýän bolsaň arkaýyn boýun gaçyryp bilersiň, ýöne şondan soňra biziň dostlugymyzyň soňky tanapy üzüljekdir. - Dostlugymyz üçin Durdy... diňe dostlugymyz üçin saňa kömek edeýin! Ýogsam onuňam çagajyklaryna nebsim agyrýar, özümi şolaryň ýerinde goýsam näme etjegime hiç akyl ýetirip bilemok- Esen soňky aýdan sözlerini pikire batyp ýaňzytdy. - Hawa, dost, dostlugymyz üçin gaýrat et! Ýogsa-da, sen atyň bilen hanjaryňy getirip ber-de, özüň köne depäniň ýanynda garaşyp duraý. Men ähli zady bolmalysy ýaly edenimden soň saňa hanjaryňam, atyňam gaýtaryp bererin. Onsoň sen-ä öz öýüňe, menem öz öýüme bakan ýönelibereris. Ýöne bilip goý, hanjary alanyňy hiç kim bilmeli däldir! Esen dostunyň sözüni diňläp, pikir ummanyna çümüp durşyna bolýa diýenini duýman galdy. Maslahaty bir ýere üýşürip, başyny jemlän dostlar bellenen wagtda bellenilen ýere gelmekligi wadalaşyp, öz ýollaryny dowam etdirdiler... Köne depäniň ýapgyt ýüzünde atynyň uýanyny jus saklap duran Eseniň beýleki elinde daşy galňas mata bilen örtülen hanjar bardy. Bir haýukdan Durdy hem ylgawyny ýazdyrman Eseniň gabat garşysynda häzir boldy. - Geldiňmi, dost, hany ar hanjary bilen atyňy maňa ber, ol naýynsabyň geçjek wagty golaýlaberendir?! - Ägä bolgun, bar Alla ýaryň bolsun!- diýip, Esen atyny debsiläp çapyp barýan Durdynyň yzynda gol bulap galdy. Garaňky gijäniň astynda gahar-gazaba ýugrulyp ýatan Durdy golundaky hanjarynyň pidasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Birdenem, biriniň agras ädiminiň sesi eşidilip başlady. Hol aňyrdan ýüzüni ýere salyp, köne sozmasyny galgadyp gelýän ýaşulyrak adam Durdynyň haklaşmaly kişisidi. Durdy barha golaýlaşýan adama öz awuny gören aç arslan ýaly topulmaga häzir bolup durdy. Ýaşuly ýoluň öwrümine ýetibereninde Durdy tarsa ýerinden galkdy-da, onuň yzy bilen saldamly ýöräberdi. - Ýaşuly, hany bir aýak çek! Hälden bäri ýoluň ugrunda bir kişä-de duş bolmadyk ýaşuly saklandy-da, yzyna bakan öwrüldi. - Hä, oglum, aýyplaşma welin gözler kütelişensoň gije adam saýgaryp bilemok! - Äý, ýaşuly, meni tanamak onçakly geregem däl- Durdy ýaşulynyň golaýyna bardy-da, bilindäki hanjary gynyndan sogrup aldy- Bu saňa kakam üçin!- diýip, garşysynda ýylgyryp duran goja bat bilen hanjar urdy. Ýaş ýigitden asla beýle zada garaşmadyk goja soňky deminde guma bulaşyp ýatan ýerinden ýigidiň kimdigini tanady. Ol gana boýalan göwresini ýerden galdyrman, ýigide bakan ýylgyryp bakdy. - Bagyşla, balam, bagyşla!- bu söz gojanyň soňky aýdan sözi bolupdy. Ar neşderini gereklän kişisine uran Durdy hanjaryň ganyny sarkdyrdy-da, ata atlanyp, örän howlulmaç ýagdaýda köne depä tarap ýola düşdi. Köne depede ençe wagt bäri pikir derýasyna gark bolup oturan Esen Durdynyň gelýänini görüp, ylgap bardy-da, atyň uýanynyň sakagyndan berk tutdy. Durdy örän howlukmaçdy. - Al dost, ine hanjaryň, ine-de atyň! Kakamyň aryny aldym, indi hiç kim garamyzy görmänkä öýmüze aşmagymyz gerek. - Bolýa, dost, bar onda öýüňe- diýip, Esen atyna atlandy-da, öýlerine bakan tutduryp başlady. Öýlerine ýeten badyna Esen atyny işikde daňdy-da, bosagadan ätledi. Görse öýüň içinde hiç kim ýokdy.,,Gijäniň bir wagty bular nirede-kä'' diýip, öz ýanyndan pikir otarmaga başlady. Onýançada öýüň gapysy batly açylyp, Eseniň käbesi Maral eje özüni töre oklady-da, aýylganç sesi bilen nagara tartmaga başlady. - Balam, Esenjan, kakaňy... kakaňy öldüripdirler... kakaňy öldüripdirler... 12.12.2017 Maksat SEÝITLIÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |