00:04 "Gan köçesi" bu gezek Sanadan geçýär! | |
"GAN KÖÇESI" BU GEZEK SANADAN GEÇÝÄR!
Publisistika
Uruşlar indi biziñ bilen Ysraýylyñ arasynda däl-de, öz aramyzda bolup geçýär. Müsüriñ we Siriýanyñ 1973-nji ýylyñ 6-njy oktýabrynda Ysraýyla garşy başlan Ýom Kippur urşy (Oktýabr urşy) Ysraýyl bilen Arap ýurtlarynyñ şu güne çenli garşylaşan iñ soñky urşudy. / Fotosurat: AA Oktýabr urşuna şu gün elli ýyl dolýar. Tegelek ýarym asyr geçipdir. Haýsy tarapdan alañda-da ullakan san. Ha şahs bolsun, ha topar. Ha halk bolsun ýa döwlet. Kän zady añladýar. Indi hemmeler şol taryhy çatryk hakda çap edilen materiallary köp okaýar. Ýa-da käte Ysraýyly ýeñilmekden halas etmekde aýgytlaýjy daşarky roly oýnan Genri Kissinžeriñ, käte ýalñyşýandyklaryny aýdan we uly uruşlaryñ harby arenasynda kanalyny çekip bolýança Ysraýyly aldamagy başaran prezident Enwer Sedatyñ fantaziýasyndan hem-de ýiti pähim-paýhasyndan söz açan ysraýyl generallarynyñ ýazgylaryny okaýarlar. Bu maglumatlaryñ näderejede dogrudygyny bilemzok, ýöne onuñ hakykata has ýakyn bolmagy mümkin, çünki ysraýyllylar öz adamlaryna ýalan sözlemeýär. Olaryñ hemmesi Genri Kissinžeriñ üpjün eden howa koridory bolmadyk bolsa, Ysraýylyñ özbaşdak döwlet hökmünde çagşamanyñ bäri ýanynda durandygyny aýdýarlar. Ilkinji gezek şol uruş wagtynda BMG-nyñ Baş Assambleýasy hakda habar taýýarlap ýördüm. Bu şol bir wagtyñ özünde Amerika yklymyna tarap Atlantik okeany birinji gezek geçişimdi. Täze dünýäniñ öñünde geñ galyjylyk bilen durkam, özümi bütin dünýäni ýakyp-ýandyryp barýan urşuñ öñünde öwwelip durdum. Tolgunýardym. Birinji gezek araplaryñ uruşyñ ýeñiji tarapyndadygy görülýärdi. Dezinformasiýa uruşy-da gyzyşypdy. Hem diplomatiýa uruşy-da... Hemmeler goşmaça kararlar kabul etmek üçin BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşine üýşdi. Dünýäni makalalar, ýazgylar, düşündirişler tutdy. Hususanam ýurtlarymyzy. Ýurtlarymyzda şol makalalar näme aýdýardy? Ýurduñ "genileri" geçişiñ oýundygyny we iñ gowy ähtimallykda iki tarapyñ arasynda Müsüriñ gahrymançylygy, Ysraýylyñ bolsa ýeñilişi boýun alýan ylalaşykdygyny aýdýardylar. Ençeme ýyllap taýýarlanan, on müñlerçe esgeriñ sürlen, müñlerçe adamyñ wepat bolan we hiç kimiñ gözegçilik edip bilmedik pursatlarynda, tas üçünji jahan urşunyñ turmagyna getirjek urşuñ oýun-oýunjak bolmagy akla-huşa sygjak zatmy? Ýurtlarymyzy, gazetlerimizi, seminarlarymyzy, programmalarymyzy dolduran, Müsüriñ ýeñiş gazanyp bilmejegi ýa-da bu gezek ysraýyl goşunynyñ güýjüni sýurpiz hüjüm bilen ýeñip bilmejekdigi hakdaky jahyllyk, samsyklyk we syýasy, harby körsowatlyk bilen edilen teoriýalara elli ýyldan ýa-da ýarym asyrdan soñ jogap berenem Ysraýylyñ hut özüdi! Elli ýyl öñem bize ýara salan şudy. Arap "genileriniñ" biziñ diñe ýeñilip gelýän halkdygymyz baradaky hötjet pikiri we yzyndan uzaga çeken arap agzalalygyna boglup galyşymyz... Uruşlar indi biziñ bilen Ysraýylyñ arasynda däl, öz aramyzda bolup geçýär. Enwer Sedaty öldürdik, onuñ ganhory üçin Tähranyñ jümmüşinde dynman akyp ýatan gan çeşmesini gurduk we Ierusalime barýan ýoly taýýarladyk. Bu gezek bu "gan köçesi" Sanadan we Saadadan geçýär! Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 07.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |