12:50 Ganhor bolasyñyz gelýärmi?.. | |
GANHOR BOLASYÑYZ GELÝÄRMI?..
Publisistika
2003-nji ýyl... Stambul Tehniki uniwersitetiniñ ikinji kursunyñ tumşugy gökde 19 ýaşlyja talybydym. Bir gün sylanýan mugallymlaryñ biriniñ sapagynda otyrdyk. Şu mugallymy görende talyplar gorkunjyna zagyrdyklar durardy... Hemmeler onuñ rehim-şepagatsyz doñýürek adamdygyny aýdýardylar. Mysal üçin, çärýeklik ekzamen-zaçýotlarda berýän bahasy zordan diýen ýaly 100-den 15-20%-e ýeterdi. Aýdyşym ýaly, bizem ýaşlyk möwsüminiñ ýañy bir gyrasyndan giren, pikiri-oýy keýpi-sapada, şowhun-şagalañda gaýyp ýören ýaşlardyk... * * * Bir gün kursdaşlarymyñ biri nägileligini bildirdi: - Ýoldaş mugallym, bize pes baha berýäñiz, şoñ üçinem ortaça almaly utugymyz peselýär. Höwesimiz gaçýar!.. - diýdi. Mugallymymyz uludan dem aldy we "Telek iş edýänmi ýa?" diýip sorady. Kursdaşymyz az-owlak öýkeli görnüşde sözüni dowam etdirip: - Hawa, ýoldaş mugallym, gidiş ýolumyz dogry soraglarda ýeke dyngy goýulmandyr diýip 0 utuk berýäñiz - diýip, zeýrendi. Sesini çykarman diñlän mugallymyñ birdenkä ýüzi üýtgedi we gygyrmaga başlady: - Diýmek ýeke dyngy sebäpli utugyñyzy peselýän, hä? Häzir ýekäñiz auditoriýadan çykaýmasyn. Hemmäñiz şu ýerde garaşsyn, kim çyksa sapakdan ýykaryn. Hemmämiz añk bolup oturşymyza biri-birimize seredýärdik. Soñunyñ näme bilen gutarjagy gyzyklydy. Soñra birdenkä gapy açyldy we mugallymymyz ullakan slaýt enjamyny göterip içeri girdi. Ol çaltlyk bilen bir guty slaýty enjama ýerleşdirip, talyplara seslendi: - Ýekäñiz daş çykaýmañ!.. * * * Ekrana çykan birinji epizodda radiatoryñ astynda galyp jan beren watandaşymyz ýatyrdy. Şondan az-owlak öñ başlan wagyrdy tapba kesildi. Käbir kursdaşymyz ekrana seretmäge ýürek edip bilmese, käbirleri-de aglamaga başlady. Hatda ögänem boldy. Soñky slaýtda bolsa ýer titreme sebäpli ýarylan kotýelnýeden akan gaýnag suwlaryñ ýatakhanada uklap ýatan okuwçylary gapyl basyşy görkezilýärdi. Mugallym añk bolup galan talyplara tarap öwrülip, sesini-de öñküsinden ýumşatdy. Ýöne şonda-da gahary ýatyşmandy: - Soralyñ bakaly, şu ýitip giden bedibagt watandaşlarymdan dyngynyñ ýeriniñ niredigini? Gidiş ýoly dogry bolan islendik kesi uçurym etmeli bilim ojagy bolmaly aslynda. Her niçik-de bolsa, gowy niýet bar gerek? - Soñra duýdansyz elindäki meli tagta çenäp zyñdy. - Men o niýetiñ ýüzüne tüýkürýän! Siz özüñizi nirdedir, näme okaýandyr öýdýäñiz? Çaga oýunjagymy bu? Şol dyngy sebäpli adamlar ölýär. Isleseñ, olardanam soralyñ Tolga ependi! Belkäm, saña utuk bererler!.. Gidiş ýolumyş!.. Öñler siziñ ýaşyñyzdakylar uruşda tunnelleri, okop-tranşeýleri gazýardylar. Atañyz Osmanly döwründe 1773-njj ýylda Inženerçilik mekdebini hut şu maksat bilen gurupdy. Eger şu mekdebe hobbi hökmünde garaýan bolsañyz, ertir dessine okuwdan çykyñ, soñam gidiñ-de islän ýeriñizde keýpi-sapa sürüp geziñ. Bu kärde ýitip gidýän zat dyngy däl, adam ömri. Seniñ ýekeje sekuntlyk seresapsyzlygyñ, geleñsizligiñ şu slaýtda gören bigünä adamlaryñ ölümine sebäp bolup bilýär. Sen diñe lukmançylyga sylanýan kärdir öýdýär. Käriñ erbedi bolmaz. Ömür sürýän we adam ömrüne gol-ganat bolup bilýän islendik adamyñ gadry başgaçadyr. Siz bu ýurduñ geljegi, umydysyñyz... Biz elimizden geleni etdik, ýöne bolmady. Belki siz hötdesinden gelersiñiz diýip janymy ýakýan. Sizden kän zady tama edýändirin, balalar. Birinji "Bogaziçi" köprüsi gurulanda gijämi gündiz edip işledim. Kakam aradan çykanda-da wagtynda baryp bilmedim. 1973-nji ýylda köpriniñ açyljak güni gidenimde "Seniñ protokolda ýeriñ ýok" diýildi welin, şonda düşünip galdym ýurduñ hakykatyna!.. Halkyñ daban azabynyñ hasabyna gurlan köpriniñ protokolynda zerre goşandy bolmadyk näçe kebapsöýer syýasatçy bar bolsa, barsy şo ýerdedi. Inženerler, arhitektorlar ýogam bolsa, "ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hojalar" bardy... * * * Sesini peselden mugallym indi ýüregimize ýüzlenýän ýalydy, bizem ony demimi alman diñleýärdik: - Meniñ ýeke-täk arzuwym - halkymyzyñ mugallymlary, lukmanlary gowy görüşi ýaly gowy görülýän, sylanýan inženerleri ýetişdirmek, şol inženerleriñ özlerine hormat goýýan we gowy görän adamlary ylymyñ şuglasy aslynda ýokary ahlak bilen goramaklaryny gazanmak. Şu watanyñ ýetişdiren inženerleri bolup, şu watana Siz eýe çykmaly! Munuñ üçin sapaklaryñyzy gowy okamak hem-de özüñizi yzygiderli kämilleşdirmek gerek. Siz indi çaga däl. Utuk üçin ýalbarýan däl-de, adamy ýaşadýan, adamyñ ömrüne ömür goşüan medeniýetler gurmak üçin işleýän nesiller bolmaly. Watan sizden şu hyzmata garaşýar. - diýdi. Soñra Tolga ýüzlenip: - Sen ganhor bolasyñ gelýärmi, Tolga?" diýip sorady. Ýatakhanadaky öli çagalara sereden Tolganyñ gözünden boýur-boýur ýaş akýardy. Hemmämiz ýaly onuñ bogazy dolup durdy we aglaýardy. Ol sandyr-sandyr edip, zordan "Ýok, mugallym" diýip bildi. * * * Şonda mugallym hiç ýadymyzdan çykmajak şu soñky sözüni aýtdy: - Meni ölüm paýlaýan inženerleriñ mugallymy hökmünde ýatlatmañ. Maña doñýürek diýip bilersiñiz, rehim-şepagatsyz hem diýip bilersiñiz... Ýöne maña ganhor inženerleri taýýarlan mugallym diýdirmäñ. Bu meniñ sizden ýeke-täk islegim we wesýetim. Watan siziñ hyzmatyñyza garaşýar... (Sosial mediýadan alyndy). Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 19.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||