GAPLAŇ GEREKMI?
Meniň bir zada gözüm ýetdi. Başlyk bellenibilseň tanşyň-a köpeljek eken. Walla, men muny ilden eşidip aýdamok. Ynanmasaňyz özüňizem başlyk bolup göräýiň! Halys peteň-bizaryňy çykarýarlar. Kabinetim dagy edil garynjaň hinine döndi, gelýän-gidýäniň asyl yzy üzülenok.
– Hoja Meredowiç, salam!
– Salam.
– Täze wezipäňiz bilen gutlaýan!
– Sag boluň.
– Işiňiz şowly bolsun, murtuňyz towly!
– Sag boluň.
– Özüňize, çagalaryňyza berk jan saglyk arzuw edýän!
– Sag boluň.
Bäý-bä, soňky üç-dört günüň dowamynda şular ýaly dabaraly sözler, gör, näçe gezek gaýtalandyka?! Dogrusy, men-ä şoňa sanam ýeter öýdemok. Hudaýa şükür, gutlamaga gelýänleriň sany ind-ä birneme böwşeňleşdi öýdýän. Hernä şeýle bolawersin, gelene jogap berjek bolup halys eňegimem ýazdy. Göwnüme telefon jaňlaram birneme azalyşan ýaly. Men pursatdan peýdalanyp, sekretar gyzy ýanyma çagyrdym.
– Diňleýän, Hoja Meredowiç! Näme hyzmat, aýdyberiň – diýip, ol ýüz-gözüni güldürip, maňa seretdi.
Men sesimi çykarman ony dabanyndan tä depesine çenli synladym. Başlyklara mahsus bolan agraslyk bilen gürledim:
– Ýelöwser...
– Gülöwser – diýip, ol meniň ýalňyşymy düzetdi.
– Sen aýyplaşma, keýgim. Men öz çagalarymyň adynam mydama garjaşdyrýan, bu maňa gyzamykdan galan kesel. Gülöwser, maňa bir çäýnejik çaý getirip ber, özem altylykdan demläý – diýip, men kalendarymyň ýüzüne iri harplar bilen ol gyzyň adyny ýazdym.
Gülöwser çykyp barşyna birden hyrra yzyna öwrülip sorady:
– Başlyk, togsan bäşlikdenmi?
– Ýok, togsan altylykdan.
Ol meniň aýtjak zadyma düşünmedi öýdýän. Durşy bilen sorag alamatyna öwrülip, maňa seretdi. Kyrk sekizlikden goşawuçlap iki gezek guýsaň, togsan altylyk bolýandygyny düşündirenimde, ony çytylan gaşlary ýazylyp gitdi, jak-jaklap güldi. Bolsa-da, düşbüje gyz ekekn. Kekre ýaly ajy çaýy getirip, stolumyň üstünde goýdy.
Kabinetde özümden başga janly-jemende ýokdy. Ýumşak kreslonyň hözirini bir göreýin-le, bu mydama ýetdirip duran zadam däl diýip arkan-ýüzin gaýşyp, onuň üstünde oýkanjyradym. Käsäme guýlan çaýy agzyma ýetirenimem şoldy welin, işik kakyldy.
– Be, bu adamlar indi bir käse çaýyňam arkaýyn içirjek dällerow – diýip, hüňürdedim. “ Başlyk bolsaň, oglum, hossaryňam köpeler, gelen-gideniňem” diýip, ejem pahyryň aýdan sözleri hakydama geldi.
– Giriň – diýip, men göwünli-göwünsiz seslendim.
Aýakly garpyz ýalyjak bir adam pökgi dek togarlanyp, kabinetime girdi. Sen-men ýok, alkymyma dykylyp geldi-de:
– Başlyk, salam! –diýip, elini uzatdy.
Men onuň bilen elleşip salamlaşdym
– Hawa, Hoja Meredowiç, birki günlükde täze wezipäňizi gutlap, jaňam edipdim. Ýogsa-da, siz meni tanaýansyňyz-la – diýip, ol ýylgyrdy.
Oturmagyny mürähet edip, oňa ýer görkezdim. Bir käse çaý uzatdym. Ol gyzgyn käsäni elimden aldy-da, göni agzyna ýetirdi, iki-üç gezek şyrpyldadyp owurtlady. Dikanlap ýüzüme seretdi-de, ýene ýylgyrdy. Dogrusy, mende ýöwselligem näçe diýseň bar, beýle ynam bilen gürleýän adama “Men-ä seni tanamok” diýmegem gelşiksiz.
– Aý, hawwa-la, bu neme... – diýip, men syr bildirmezlige çalyşdym. Ol meiň sözümi aýaklaryma-da garaşmady.
– Başlyk, men-ä ýanyňyza işlije geldim. Bilýäňizmi näme, bu biziň mal-garalarymyzyň ýagdaýy ýaramaz, walla, çekip-çydar ýaly däl. O janawarlaň gürläp bilmeýänligem bir gowy zat, ýogsam dagy gelen-gideniň ýanynda göni masgara edäýjek, how. Özüňiz bilýäňiz, biziňem näme, myhmansyz günümiz ýok. Ynha, arada bir günem daşary ýurtly myhman lägirip duran geçini görüp, başyny ýaýkap kellesini ýolaýjak boldy. Onuň näme pikir edýänini kim bilýär? Öz ýurduna barybam toslap, ýazybilen zadyny ýazar. Başlyk, bu işden belli-külli netije çykarylmasa, men-ä...
– Siz bagyşlaň, men häzir – diýip, onuň sözüni böldüm-de, hasanaklap daşky jaýa çykdym. Adam ölmese her hili zady görjek eken-ow, diýip, uludan demimi aldym. Be, sekretar gyz eýýäm nirä zym uçan ýaly bolduka? Onýança koridordan kimdir biriniň aýagynyň çybşyldysy eşidildi. Men ylgap diýen ýaly çykdym. Ýerli komitetiň başlygy toruny zatdan dolduryp dükandan gelýän eken.
– Hany, ýoldaş Tyrrykow, aýak çekiň – diýip, men onuň yzyndan gygyrdym. Ol yzyna öwrüldi-de:
– Girrikow – diýip, çep elindäki toruny sagyna geçirdi.
– Ýoldaş Girrikow, men bir zada düşünemok. Bu medeniýet işin mal-garaň heý bir dahylly ýeri barmydyr? Kabinetimde bir adam otyr welin, ýa o bendäň akyly üýtgäpdir, ýogsa-da ýalňyşyp, pahyr, oba hojalyk uprawleniýesidir öýdüp gelipdir. Bar hany gör-de, şo beladan bir meň başymy gutar, haw – diýip, onuň elindäki ýüküni aldym.
Ýerli komitetiň başlygy derrewjik yzyna öwrülip geldi.
– Hoja Meredowiç, ol oturan-a haýwanat bagynyň direktory Gurt Haýdarowiç. Eliňizden bir zat gelse, o görgülä kömek etmek gerek. Ol pahyr öňki başlygymyzyň ýanyna gatnabam näçe köwşüni tozdurdy – diýip, Girrikow janygyp gürledi.
Men öwrülip ýerime baranymda, ýaňky adam derçiräp çaý içip otyr.
– Möjek Haýdarowiç...
– Gurt Haýdarowiç – diýip, ol elini owkalady.
– Gurt Haýdarowiç, dogrudanam, mal-garalara kömek etmeli, biz olary gözümiziň göreji ýaly görmeli. Ol janawarlaň hersi bir gapydan ýygnanandyr, olara öz öňki mesgenini küýsetmeli däl. Ähli mükinçiligi döretmeli. Onsoňam, gerek bolsa, köpräk düşündiriş işlerini geçirmeli kollektiwiň arasynda – diýip, men gürrüňdeşimiň göni görejine seretdim.
Onuň gyrpyldaýan kiçijik gözleri ýitelen ýaly boldy.
– Wah, başlyk, terbiýeçilik işin-ä köp geçirýäs-le. Ynha, hut geçen hepdäň içinde al-ýaşyl öwsüp duran guýrukly, altyn kekeç owadan horazlarymyzyň ikisi gürüm-jürüm boldy. Asyl gördüm-bildim ýok. Ýörite şol meselä bagyşlap, iki sagat dagy ýygnak geçirdik, adamlara agzymdan gelenini diýdim. “Aý, şagal zat iýen bolaýmasa, biz-ä bilmedik” diýşip, eginlerini gysyşyp otyrlar. Ýeri, şeýdişip dursalar, bulara näme etjegaý, walla! Elbetde, biz geljekde-de işgärleriň arasynda, şeýle hem mallaryň öz arasynda-da düşündiriş işini yzygiderli alyp bararys.
Ol gürläp oturyşyna çäýnekdäki çaýyň iň soňky damjalaryny meniň käsäme sarkyrýardy.
– “Çaýyň soňy dostuňky” diýipdirler, Hoja Meredowiç, hany bir kömek etjek bolsaňyzlaň, murtuňyzy gymyldadyň – diýip, ol maňlaýynyň derini syldy.
– Şu gün aýdan näçesi? – diýip, men kalendarymy agdaryşdyrdym.
– Aý, biz-ä aý-günem sanaýan däldiris, başlyk, ýöne ýigriminji asyrda ýaşaýandygymyzy-ha bilýän – diýiip, ol kikirdedi.
Men ýene iki günden haýwanat bagyna baryp, aýlanyp görjekdigimi aýdanymda, ol birhili hamsykjak boldy. Göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen syçrap ýerinden turdy.
– Öňki başlygymyz-a şo birinji klasda okaýaka, bir mugallymlary bilen ekskursiýa baryp görüpdi. Şondan soň haýwanat bagyny görmändir. Näçe çagyrdygam welin, men birhili haýwan görsem bolanok diýip barmady. Ýak, çagalaryňyza guwanyň-aý, başlyk jan! - diýip, ol guş bolup uçaýjak boldy.
Ony ugratmak isläp, ýerimden turdum. Ol meniň bilen gadyrly hoşlaşdy-da, nämedir bir zadyny galdyran ýaly işigiň agzyndan yzyna öwrüldi. Bir zatlar aýtjak bolup ýuwdundy. Dodagyny müňküldetdi. Onuň sesi öňküsindenem has ýuwaş eşidildi:
– Başlyl, ýakynda üç gaplaň çagasyny aldyk welin, olaryň erkekdir urkaçysyny jübüt saklamalymyşyn. Şoň üçinem ol janawarlaň biri artykmaç bolup dur, gerek bolsa-ha – diýip, ol sözüni soňlaman meniň ýüzüme seretdi.
Men beýle teklibe garaşmandym. Näme jogap berjegimem bilmän aljyradym. Birazyrak oýlanyp durdum-da:
– Hany, bir maslahatlaşyp göreli, netijesini soň aýdaryn-da – diýip, ony ýola saldym.
Işden çykyp öýe baranymda, aýalym howlynyň agzyndaky oturgyçda çigit çigitläp oturan eken. Ol meni göreninden janygyp gepledi.
– Bir edaraň başlygyna meňzeş däl, iki eliňi burnuňa sokup geläýýäň. Emelsiz bolýaň, illeň erkek kişis-ä eline daş ilse-de alyp gaýdýa, öýüne boş gelenok.
Men aýalymyň gapdalyna geçip oturdym. Oňa edaradaky gaplaňly wakany gürrüň berdim. Aýalym ot alyp galdy. Uludan içini çekdi-de:
– Wah, ýene bir zat diýsem, gatam görýäň. Nalajedeýin bolýaň. Alsaň bolmaýamy, men seň ýeriňe bolan bolsam, maýmyn berselerem alyp gaýdardym. Pylanyň gapysynda arlap duran gaplaňy barmyş diýen gürrüňiň özi nämä degmeýär? Jida bolmanda, maşynymyzyň yzyna goýardyk-da, iller agzyny ýalak ýaly edip ho nejis itlerem goýup ýörler-le. Sataňda kim almaz öýdýäň diýsene, wah! – diýp, ol ýer ýumruklady.
Bäý-bä, neden-ä bir etmäsi iş eden ekenim-ow. Ýeri, häli çürt-kesik “gerek däl” diýäýen bolsam näderdim?! Gördüňizmi, mesele çözende howlukmaçlyk etmeli däl eken. Biziň ata-babalarymyz bir düýpsiz derýala-aý, olaryň aýdanlarynyň yrýa zady ýok. “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz”.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
# “Ody özüňe bas...”, 1992 ý.
Satiriki hekaýalar