18:05 Gapylar we açarlar | |
GAPYLAR WE AÇARLAR
Publisistika
Nädip öň bilmedimkä?.. Ah, Kadir Inanyr, ah! Bu niçiksi ussat aktýorlyk, bu niçiksi kämil sungat, bu neneň çykmasy kyn belentlik... “Gapy” (“Kapı”) çeper filminden söz açýaryn. “Netflix”-de tomaşa etdim... Çeper film Anadolynyň gadymy halky midýatly sürýany maşgalanyň başdan geçirmelerinden söz açýar... Berline göçüp gitmäge mejbur bolan agaç ussasy Ýakup ýigrimi bäş ýyl öň ýitirim dereksiz ýiten ogly Mikaýylyň jesedi tapylandyr öýdüp obasyna dolanyp gelende, talaňçylar tarapyndan talanan-haraba öwrülen öýüniň goparlyp alnyp gidilen gapysynyň yzyna düşýär... Kadir Inanyryň oýnaýan roluna aňk bolup tomaşa etdim. Sürýany maşgalasynyň kyssasyny gözlerimi ýaşa dolduryp tomaşa etdim. Çeper filmiň surata düşürilmegine hemaýat eden Medeniýet we turizm ministri Mehmet Nuri Ersoýa hem minnetdarlygymy bildirýärin. Çeper film soňlandy... gündelik durmuşymyzyň gep-gürrüňleri başlady: - Otstawkadaky admirallar... - Montro çekişmeleri... - Russiýa-Ukraina oňşuksyzlygy... - Amerikan harby gämisiniň ümzüginiň Garadeňize gönükmegi... - Iordaniýadakay hökümet agdarlyşygy... Birdenem... bular bilen baglanyşykly Kawkazyň gadymy halklaryndan çerkezler ýadyma düşdi. Çerkezleriň Kawkazda ýüz elli ýyl bäri başyndan geçirip gelýän zorluk-sütemleri bilen häzirki gürrüň gidýän meseleleriň arasyndaky baglanyşygy näçe kişi bilýär? Şuňa mazaly göz ýetiriň: taryhy gowy öwrenmeýänler ony gaýtadan başdan geçirmäge mejbur bolýandyrlar! Biziň hemmämiz çerkez taryhyndan degerli netije çykarmaga borçludyrys. Şeýle: ■ ON GEZEK URUŞDYK 1700-1900-njy ýyllar aralygynda Russiýa garşy on gezek uruşdyk, ýedisinden ýeňlip çykdyk! 1774-nji ýylda we yzyndan 1792-nji ýylda Osmanly-Russiýa uruşlarynda dipe Krymy däl, Garadeňizi-de elden giderdik, Garadeňiz mundan beýläk türk deňizi däldi. Rus söwda gämileri Garadeňizde agaýana hereket etme hukugyna eýe boldy. Şeýle-de Osmanly çerkezleriň ýurdy Kabardiniýany hem Russiýa berdi. 1828-nji ýyl... Edirne ylalaşygy arkaly diňe Gresiýa garaşsyzlygyny gazanmady, Osmanly çerkezler babatda ähli ygtyýarlyklaryny Russiýanyň ygtyýaryna bermeli boldy. 1833-nji ýyl... Osmanlynyň Müsürdäki dikmesi Kawalaly Mämmedaly paşa Fransiýanyň we Angliýanyň goldawy bilen gozgalaň turzup, Kütahýanyň eteklerine çenli geldi. Osmanly Russiýadan haraý sorady. Rus flotiliýasy Stambul bogazyna labyr taşlady. Kawalaly Mämmedala Müsüriň we Krit adasynyň häkimligi bilen birlikde Şamyň häkimligi, onuň ogluna Jidde häkimligi we Adanadan salgyt toplama ygtyýarlygy berildi. Russiýa bilen “Hüňkär” deňiz gämisinde baglaşylan ylalaşyk arkaly “dost” bolduk. Emma Russiýa ýeňastyndan Angliýa we Fransiýa Osmanlyny paýlaşmagy teklip etdi. 1853-nji ýyl... Russiýa ýene hüjüme geçdi. Osmanlynyň dolulygyna Russiýanyň golastyna geçmegini islemedik Fransiýa we Angliýa Osmanlynyň tarapyny tutup urşa girdiler. Olar Hindistan ýaly ýurtlara barýan kolonial ýollary Russiýanyň eýelemegini islänokdylar. özem iki ýurt basyp almak maksady bilen şol ýyllarda Hytaý bilenem urşup ýördüler! (Hytaýyň “Täze Beýik Ýüpek ýoly” maksatnamasynyň häzirki wagtyň “ýeňasty uruşlaryna” sebäp bolandygyny duýýansyňyz.) Krym urşunda Russiýa ýeňildi. Ýewropalylar Garadeňizi hemme ýurt üçin söwda etmäge açyk deňize öwürdi. Ýeri... Ýewropa Osmanlydaky “diasporalar” üçin göreşýärkä... Russiýa Osmanlynyň golastyndaky Balkan ýurtlarynyň “diasporalary” üçin göreşýärkä... Osmanly Krym urşunda biziň tarapymyzy tutan çerkezler üçin näme etdi? Gaýtam Şeýh Şamili we onuň tarapdarlaryny ýeke goýdy... ■ KIMIŇ ÝADYNA DÜŞÝÄR? Osmanly “hassa adamdy”... Ýewropadan pul karz alyp giren Krym urşunyň döreden ýykgynçylygyny düzetmäge ýagdaýy ýokdy... Ne ykdysady güýji bardy, ne syýasy güýji... Çerkezlere wada beren “tampon ýurt gurma” sözüni unutdy. Russiýanyň çerkezleri ezmegine sessizje syn edip oňmaly boldy. Taryhyň dili 1864-nji ýylyň 21-nji maýyny görkezýärdi. Çerkez sürgünini we genosidini ýatlama gününini dünýäde näçe adam bilýärka? Käbir çeşmeler 600 müň, käbirleri bolsa 900 müň çerkeziň doduk mekanlaryndan sürgün edilendigini, müňlerçesiniň öldürilendigini habar berýär... Açgöz imperialistleriň ýeriň üstünde turuzýan bölüşip bilmezlik dawalary şol geografik giňişligiň gadymy halklarynyň ýitip-ýok bolup gitmegine sebäp bolýar. Häzir diňe Türkiýede däl: Iordaniýada, Siriýada, Yrakda, Ysraýylda, Albaniýada, Kosowada, çerkezler ýaşaýar. (Çerkezleri Türkiýäniň gündogar sebitine ýerleşdirmek meýilleşdirilýärdi, “Beýik Ermenistan” döwletini gurmagyň hyýalynda gezýän Angliýa muňa garşy çykdy!) Şugünki gün... “Russiýa-Ukraina krizisi” diýlende kimiň ýadyna çerkezler düşýär? Garadeňiz, Krym diýlende kimiň ýadyna çerkezler düşýär? Montro diýlende kimiň ýadyna çerkezler düşýär? “Iordaniýada tagt ugrundaky dawa” diýlende kimiň ýadyna çerkezler düşýär? “Siriýanyň içki gapma-garşylygy” ýa-da Golan depeleri diýlende kimiň ýadyna çerkezler düşýär? Şugünki gün... Imperialistler bu gezek Garadeňizde “uruş döwrelerini” gurýarlar, uruş strategiýalaryny taýynlaýarlar. Ýene kimdir birilerine “garaşsyz ýurt”, “özygtyýarly jemgyýet” ýa-da “federasiýa” wadasy berilýär. Ýene kimdir birileri döwrä oturdylmaga, urşa sokulmaga synanşylýar. Atatürk näme diýipdi, bilýäňizmi: “Goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýaranlyklara goşulma!” Parahatçylyga ýapyk gapy ýok, diňe ony açyp bilmeýän ýalňyş açarlar bar. “SÖZCÜ” gazeti, 13.04.2021 ý. Soner ÝALÇYN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |