10:14 Gapysynda garaşmak | |
GAPYSYNDA GARAŞMAK
Publisistika
Birleşen Milletler Guramasynyñ (BMG) düýbi Şweýsariýada tutuldy: 1920-njj ýylyñ 10-njy ýanwarynda Milletler Ligasy (MG) guruldy. Guramanyñ maksady ýurtlaryñ arasynda bolup biläýjek düşünişmezlikleri "parahatçylykly" ýollar bilen çözmekdi. Şeýle-de bolsa, Günbatarda kagyz ýüzünde ýazylanlara ynanjak bolubam durmaly däl. Onuñ düýp maksady Birinji jahan urşundan ýeñlip çykan Germaniýany Wersal, Gabsburgy Willa Giust, Bolgariýany Selanik, Osmanlyny Sewr şertnamalary arkaly berk gysaçda saklap, koloniýa öwürmekdi. Ligada iñlisler we fransuzlar ketdelik edýärdi. Işgärleri iñlislerden, resmi dili fransuz dilidi. Mustapa Kemal tamalary tala dañdy: Sewr şertnamasyny ýyrym-ýyrtym edip, doly garaşsyz ýurt gurdy... Aradan ýyllar geçdi. 1931-nji ýyl. Türkiýe respublikasynyñ daşary syýasatda esasy doktrinasy bolan "Ýurtda oñşuk, dünýäde oñşuk" (“Yurtta sulh, cihanda sulh”) sözi birinji gezek 1931-nji ýylyñ 20-nji aprelindäki saýlaw beýannamasynda geçdi: "Respublikan Halk Pyrkasynyñ kesgitli umumy syýasatyny şu gysga jümle açyk-aýdyñ añlatmaga ýeterlik bolarmyka öýdýärin: Ýurtda oñşuk, dünýäde oñşuk üçin tagalla edýäris.” Aptülahat Akşin şol wagt MG-nyñ bölüm müdiridi. Ol MG-daky üýtgeşmeleri ýetirip durýardy we Türkiýäniñ gurama agza bolmagyny talap edýärdi. Atatürk “Girmeli bolsak, onda Sowet Soýuzynyñ razylygyny alalyñ" diýdi. Sebäbi, Sowet Soýuzy bilen 1925-nji ýylyñ 17-nji dekabrynda baglaşylan we soñky 1929-njy, 1931-nji ýyldaky protokollar bilen dowam etdirilen "Dostluk we birek-biregiñ üstüne çozmazlyk şertnamasy" bardy. Birdenem... Atatürk başga hörpden gopdy: "Milletler Ligasynyñ gapysynda garaşyp ýörmäliñ. Bizi agzalyga MG-nyñ özi çagyrsyn. Bizem (Sowet Soýuzy ýaly) goñşularymyz bilen parahatçylykly pozisiýamyzy gorap, agza bolalyñ". Akşin geñ galdy, gurama gireniñde beýle zatlar ýokdy, agza bolmak üçin ýurtlaryñ özi ýüz tutýardy. Atatürk öz aýdanyny etdi. Guramanyñ hemişelik agzasy Ispaniýa Türkiýäniñ agzalyga kabul edilmegini teklip edýän karary taýýarlady. Fransiýa, Angliýa, Gollandiýa, Germaniýa, Daniýa, Finlandiýa, Gwatemala, Eýran, Şweýsariýa, Italiýa, Ýaponiýa, Kolumbiýa, Kuba, Ýugoslawiýa, Gresiýa ýaly 42 ýurt karara gol çekdi. Karar 1932-nji ýylyñ 6-njy iýulynda biragyzdan kabul edildi. Baş sekretar Jeýms Erik Drammond Türkiýäni agza bolmaga çagyrdy. Türkiýäni MG-na agzalyga kabul eden karar 1932-nji ýylyñ 19-njy iýulynda el çarpyşmalar bilen kabul edildi... Bu taryhy pursaty näme üçin ýazandygymy aýdaýyn: Şu gün 10-njy noýabr güni mynasybetli ýurduñ çar künjünde Atatürki ýatlama çäreleri geçirilýär. Hemmämiz Atatürke bolan çäksiz minnetdarlygymyzy bildirip, bu beýik ynsany ýene bir gezek ýatlarys. Emma beýle ýatlamany sap duýguçyl galypdan çykarmalydyrys! Atatürki añasty añymyz bilen ýatlamak gerek. Hemişe şuny nygtap geldim: Atatürk akyl-paýhasa gulluk edýärdi, rasionalistdi. Atatürk realistdi. Şonuñ üçinem ol islendik kyn päsgelçiligi ýeñip geçdi. Garaşsyzlygyñ ähmiýetini Osmanly döwletiniñ kapitulýasiýalary ýaly syýasy-ykdysasy praktikasyndan öwrendi. Hemişe okady, gözledi. Ädimini hemişe oýlanyp-ölçerip ätdi... Atatürk döwründe (Montro, Hataý ýaly) buýsandyryjy diplomatik üstünlikleri barka, türk syýasatçylary, býurokratlary, intellektuallary, adamlary wagt üçin nädip Günbatar kompleksine özüni aldyrdy? - NATO girjek bolup Koreýa urşuna gatnaşyldy. - Ýewropa bileleşiginiñ (ÝB) gapysynda 1963-nji ýyldan bäri garaşdyrylýarys! - Hatda şeýle zatlar bolup geçdi: "Sizi ÝB-ne agzalyga kabul etjek" duzagy bilen Gümrük bileleşigine sokup, ykdysady we "ösüş kriteriýalary" prosesleri arkaly syýasy garaşsyzlygy ýok eden kararlary kabul etdirdiler. Bular gündiziñ günortany salýut atylyp, gutlandy ahwetin! Şeýlekin dereje komplekse näme diýip näme aýtsa bolar? Atatürki ýatlamak şeýle komplekse "Dur!" diýmekden geçýär. Günbataryñ gapygulysy bolmagymyzy bes edeliñ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||