20:54 Gara jady | |
GARA JADY
Maliýe we ykdysadyýet
Özal gider, Çiller geler. Çiller gider, Erdogan geler. Erdogan gider, “Berdogan” geler. “Berdogan” gider, “Jerdogan” geler. Her gezegem şol bir adamlara gaharlanyp-janyñyz ýanyp ýörendir. Işiñ düýp özenini size açyp görkezesi gelýän ýokdur. Serediñ: Mundan ýüz müñ ýyla golaý wagt öñ adamzat ses tolkunlaryny ulanyp, gürlemegi öwrendi. Şeýdibem düşünişmezlikler gygyryp-bagyrmagyñ añyrsyna añyrsyna geçdi! Mundan on bäş müñ ýyla golaý wagt öñ adamzat ýeri işläp bejermäge, ekin ekmäge başlady. Şu önümçilik bilen birlikde bölüşme meselesi orta çykdy. Hat-ýazuw, borç, býurokratiýa, ynanç, goşun, döwlet şu ýerden döredi. Wagtyñ geçmegi bilen ykdysadyýet önümçilik, bölüşme, sarp edijijilik, ösüş, söwda we gürrüñsiz bölüşmäni öwrenýän sosial ylym pudagyna öwrüldi… Klassyky ykdysadyýet 1776-njy ýylda Adam Smitiñ ýazan "Uluslaryñ baýlygy" kitaby bilen başlady. Neoklassyky ykdysatçylar ýüz ýyldan soñ bu "ahlak bazar" sistemasyny D.Rikardo, R.Maltus, J.S.Mill dagy bilen dowam etdirdi. Bular neoliberalizmiñ ilkinji "atalarydy". Ykdysadyýetiñ teoriýasyny işläp düzen K.Marks şeýle diýdi: " - Bölüşik bular ýaly gep bilen ahlakly bolup bilmez... Ykdysady gymmatyñ orta çykmagynda uly hyzmaty bolanlar bölüşikden mynasyp paýlaryny almalydyr, deñsizlik aradan aýrylmalydyr, hökman aradan aýrylmalydyr." Diñe bular däl - amerikan ykdysady mekdebi, fransuz liberal mekdebi, nemes taryh mekdebi, hristian sosializmi, ararhist ykdysadyýet, distributiwizm, guramaçylyklaýyn ykdysadyýet, täze guramaçylyklaýyn ykdysadyýet, keýnsian ykdysadyýet, Çikago mekdebi ýaly dürli-dürli teoriýalary öñe sürýän akymlar döredi... Olaryñ hemmesi-de düýbünde "bölüşigiñ" teoriýalarydy. • “BAZARYÑ APOSTOLLARY” 15 müñ ýyllyk düýp mesele şu: Ykdysady gymmatyñ paýlaşygy-bölüşigi! Aglabasy aldamak üçin bu hakykatyñ üstüni ýa mukaddeslik-ynanç bilen örtýär. Ýa-da "bazar apostoly" ykdysatçylar hakykatyñ üstüni halkyñ düşünip bilmejek dilinde aşa ylmy çykyşlar ýa-da ýazgylar bilen örtýär. Ýaşaýşyñyzy kesgitleýän ykdysady kararlary diñe şu hemişe üýşendirip gelen "hünärmenleriñ" inisiatiwasyna goýmak - ykdysadyýetiñ gyzyklanmasyny goparmagy añladýar. Edilip gelnen zadam hemişe şudur. Biz hemişe sorap gelýäris: Ýurtdaky bölüşik deñsizliginiñ sebäbi näme? Krizislere sebäp bolan bazar ykdysadyýetinde nämüçin hemişe bir depen ýerini depip durlar? Nämüçin uky kompaniýalary, banklary döwlet halas edýär? Nämüçin “kemeri” hemişe halk çekmeli? Bularyñ jogabyny size ykdysadyýet bermeýär, jogaby diñe syýasat berýär. Ykdysadyýetiñ ugruny kesgitleýän syýasatdyr... Ýagdaý şeýle bolsa: Häkimiýete - Ahmet, Mehmet, Aýşany däl-de, bölüşigi gyradeñ paýlap biljek ykdysady sistemany gurup biljek häkimiýet getirilmelidir. Adamzat 15 müñ ýyldyr munuñ göreşini edip gelýär. Käbiri wagt utýar, käbiri aldanyp, utulýar. Emma ýöriş dowam edýär.. Ýurdumyzdaky “adalat ýörişiniñ” ykdysadyýeti-de öz içine almagy gerek. Hawa, indi muña kelle agyrtmagyñ wagty geldi - bu krizisiñ çykalgasyny nädip arçamaly? Teoroýasyz, pusulasyz çykalga ýok. Eýse, haýsy teoriýa? • SEKIZINJI KRIZIS Ýurdumyz ýene-de ykdysady krizis bilen garşyma-garşy... Bu - kyrk ýyl bäri häkimiýeti elinde saklap gelýän neoliberalizmiñ sekizinji çöküşligi! Neoliberalizmiñ kyrk ýyllyk agramy başymyzdan sowlup gidiberenok: munyñ awusyny ýene bir gezek datmaly bolarsyñyz! Neoliberalizm ýurdy ýykgynçylykly gorpa her gezek iteklände ýeke-täk halasgäri kim boldy: Döwlet! Pikir etmäñ, bu diñe Türkiýede şeýledir öýdüp, ABŞ 2008-nji ýylyñ maliýe krizisinde kimleri halas etmedi? Dünýäniñ belli ätiýaçsyzlandyryş şereketi AIG-niñ 85 milliard dollara 80% aksiýasyny satyn aldy. Ýa-da (iki hepde öñ Türkiýä gelen) amerikan global banky "Goldman Sach"-y halas etmek üçin 6 milliard dollar berdi! ABŞ ýaly Türkiýede-de neoliberalistler işler ugruna wagty döwleti bazaryñ, girişimçiligiñ (предпринимательство), ösüşiñ öñüne böwet hökmünde görýär. Maliýe krizisi ýüze çykanda-da "nirede bu döwlet" diýip gygyrýar! Olar üçin döwlet - bir gyrada garaşyp duran "halas ediji halka" ("kurtarma simidi"/"спасательное колесо")! Bu krizisde-de döwlet kimleri halas ederkä - güni güýçli sözi geçginlilerimi, garamaýak halkymy? Muña karar berjek siziñ özüñiz. Döwletiñ, jemgyýetiñ eýesi siz. Döwletiñ etmeli işini gönükdirip biljek siziñ syýasy çemeleşmäñizdir. "Ideologiýalar öldi" diýmegiñ özi sap ideologiýadyr! Aldanmañ. Häkimiýeti birküç sany maliýeçi däl-de, siziñ özüñiz kesgitlemeli. Köpçülik siziñ özüñiz, eýse siz öz güýjüñizden bir habaryñyz barmy? Ah! Puluñ (ellerindäki mediýa we ş.m.) güýji bilen sizi aldaýarlar. Şu "gara jadyny" bozuñ indi... “Berdogana” däl, bölüşügi öndürijileriñ peýdasyna paýlaýan ykdysady teoriýa-maksatnama ýapyşyñ! Işigaýdan, çöken, emelsiz häkimiýete - Erdogana jabjynyp durmagy bes edip, ertirki günleri nädeniñde gowulandyryp boljagynyñ gamyny iýiñ. Adamzat gygyryp-bagyrmagyny 15 ýyl öñ bes etdi! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ", 25.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||