22:32 Gara Ýolly lakamly ezber terjimeçi | |
"Gara Ýolly" LAKAMLY EZBER TERJIMEÇI
Edebi makalalar
Terjimeçi Annaly Berdiýewi ýatlap… «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1965-nji ýyldaky tutuş bir sany beýik rus şahyry Sergeý Ýeseniniň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanypdy. Gazetiň şol sanynda Ýeseniniň goşgularynyň birnäçesiniň türkmençä terjimesi çap edildi. Goşgulary terjime edenler Kerim Gurbannepesow, Allaberdi Haýydow, Täşli Gurbanow, Italmaz Nuryýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gurbannazar Ezizow ýaly ussat ýazyjy-şahyrlardy. Şol goşgularyň arasynda Ýeseniniň « Söýeňogam, köýeňogam men diýip» diýen setirler bilen başlanýan goşgusy bardy. Goşgynyň gapdalynda «Terjime eden Gara Ýolly» diýen ýazgy bardy. Örän ussatlyk bilen edilen bu terjimäniň Annaly Berdiýewiňkidigini biz soň bilip galdyk. Çeper terjimäniň ussady Annaly Berdiýew 1932-nji ýylyň 23-nji martynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik oba geňeşliginde, şol wagtky Kuýbyşew kolhozynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol zähmet ýoluna 1944-nji ýylda «Sowet Türkmenistany», häzirki «Türkmenistan» gazetinde başlaýar. Şondan soň gazet-žumallarda dürli wezipelerde, şeýle hem «Türkmenistan» neşirýatynda, «Türkmenfilm», kinostudiýasynda, Alp Arslan adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda, Ýazyjylar birleşiginde zähmet çekýär. Annaly Berdiýew, esasan, sahna eserlerini terjime etmegiň uly ussadydy. Beýik iňlis şahyry, dramaturg Wilýam Şekspiriň «Otello», «Gamlet» ýaly eserleri öň Garaja Bumnow, Baýram Annanurow ýaly ussatlar tarapyndan türkmen diline geçirilip, sahnada goýlupdy. Soň bu beýik ussadyň «Romeo we Julýetta», «Riçard III», «Nadaranyň nogtalanyşy» ýaly dünýä belli eserleri Annaly Berdiýewiň terjimesinde türkmen teatrlarynyň sahnasynda goýuldy we uly üstünlige eýe boldy. Ýazyjy dostumyz Amannazar Aşyrow Annaly aganyň terjimesinde «Romeo we Julýettadan» bölekleri sahnadan diňläp ýat tutupdy. Ol bölekler meniň hem ýadymda galypdyr. Biz Anton aga (Annaly Berdiýewiň ýazyjylaryň arasynda ýörgünli ady Antondy) Amannazar ikimiz şol bölekleri okap berenimizde, ol hezil edip gülerdi. Ol bölekler şeýledi: Bir görseň-ä ýatladyp dur haýwany, Bu nähili erkek sypat keýwany. ýa-da: Ýetişer öýtdüm men Jowanni ata, Emma ol ýetişmän, goýberdi hata. Bu setirler sahnada artistleriň dilinde ýaňlananda, has hem täsirli bolýardy. Annaly Berdiýew Sofoklyň «Edip şa» pajygasyny, başgyrt ýazyjysy Mustaý Kerimiň «Aý tutulan gijesi» dramasyny, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda ýazylan «Elwan ýaglykly serwim» sahna eserini-de uly ussatlyk bilen terjime etdi. Onuň terjimeleri «tüýs türkmençe ýazylan ýaly» diýilýänlerdi. Terjime işinde eseriň ýazylan dilini bilmegem zerur welin, esasan öz diliňi gowy bilmeli diýilýän bir garaýyş bar. Bu örän dogry. Çünki terjime edilende, türkmen diliniň ähli baýlyklaryndan peýdalanmasaň, eser gurak çykýar. Annaly aga türkmen dilini örän gowy bilýärdi. Ol biziň ýaly terjime bilen iş salyşýan ýaş kärdeşlerine-de maslahatyny gaýgyrmazdy. Men rus halkynyň taryhy-edebi ýadygärligi bolan «Igoryň ýörişi hakynda kyssany» terjime edenimde, köp gezek ondan maslahat aldym. Eserde gabat gelýän guşlaryň atlaryny ondan sorardym. Onuň özi hem käte bir söz gerek bolsa, menden: «Şu söz siziň obalarda nähili aýdylýar?» diýip sorardy. Çünki çeper terjimede sinonimleri, manydaş sözleri köp ulanmaly bolýar. Meselem, rus dilinden goşgy terjime edilende, «xopoший» diýen sözüň «oňat, gowy, ýagşy» ýaly iki bogunly sinonimleri bar. Ýöne saňa şol sözi aňladýan bir bogunly söz gerek. Şonda «eý», «ýeg» ýaly bir bogunly sözi agtaryp tapmaly bolýar. Annaly Berdiýewiň terjime sungatynda bitiren işleri ummasyz. Ol 1953-nji ýylda döredijilik işine başlandan, tä ömrüniň ahyryna çenli, çeper terjime bilen meşgul bolup, türkmen okyjylaryny dünýä edebiýaty bilen tanyşdyrmakda hyzmatyny gaýgyrmady. Ol hindi, türk ýazyjylarynyň hekaýalaryny, italýan ýazyjysy Janni Rodariniň «Çipollinonyň başdan geçinneleri» diýen çagalar üçin powestini, rus dramaturgy I. N. Ostrowskiniň «Harwar pullar» komediýasyny, azerbaýjan dramaturgy R. Ibragimbekowyň «Ýaşyl gapynyň aňyrsyndaky aýal» sahna eserini we başga-da kän-kän eserleri türkmen diline geçirdi. Ezber terjimeçiniň, esasan hem, Şekspirden eden terjimeleri, «Edip şa» pajygasy aýratyn kitap bolup neşir edildi we şu gün «eliň çyraly gözleseň hem tapylanok» diýlen neşirlere öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda kitap neşir etmek işi oňat ýola goýuldy. Şonuň netijesinde Annaly Berdiýewiň W. Şekspirden eden terjimeleri ýene aýratyn kitap görnüşinde neşir edilýär. Onuň beýik rus şahyry A. S. Puşkinden terjime eden birnäçe goşgusy Puşkiniň ýaňy-ýakynda neşir edilen kitabyna täjik şahyrlaryndan eden terjimeleri türkmençe çykan «Haýýamyň jamy» diýen kitaba girizildi. Ussat terjimeçiniň eden asylly işlerine döwlet tarapyndan mynasyp baha berlip, ol Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Hormatly halypa Annaly Berdiýewiň özi hem çeper döredijilik bilen azda-kände meşgullanýardy. Onuň goşgulary metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edilýärdi. Ol mydama «Özüň goşgynyň tilsimlerinden bihabar bolup, goşgy bilen ýazylan eseri gowy terjime edip bolmaz» diýerdi. Ussat terjimeçi, köpleriň halypasy Annaly Berdiýew 2002-nji ýylda, ýetmiş ýaşynda aradan çykdy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler döwründe edebiýata, medeniýete uly üns berilýär. Türkmen edebiýatynyň, ylmynyň öňünde iş bitiren söz ussatlarymyzyň heýkelleri mermer paýtagtymyzyň merkezinde açylan «Ylham» seýilgähinde oturdyldy. Ol ýer indi aýdym-sazyň, şygryýetiň mydama ýaňlanýan, halkyň medeni dynç alýan ýerine öwrüldi. Şol ýerde heýkelleri oturdylan söz ussatlarynyň arasynda çeper terjimäniň ezber wekili Annaly Berdiýewiň-de ýadygärligi bar. Il-halk üçin zähmet çeken, döreden adamlaryň ady ýerde ýatmaýar, olar indi «Ylham» seýilgähinde egin-egne deňäp otyrlar. Bu şeýle-de bolmaly. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |