21:31 Garabasmalar geçsin indi | |
GARABASMALAR GEÇSIN INDI
Publisistika
Bugün ýa-da ertir şatlykly habar eşderis diýip umyt edýärin. Häkimiýetiñ bu masgaraçylykly aýypdan ýurdumyzy halas etjegine ynanýaryn. Mus-musuñ mustapasy şu: "Sosial mediýa kanuny" diýip atlandyrylan, on ýedi maddalyk "Internet şertlerinde ýaýradylan maglumatlaryñ kadalaşdyrylmagy we bu maglumatlary ýaýratmak arkaly edilen jenaýarlara garşy göreşmek hakynda kanun" Mejlisden geçdi… Täze kanunda "girişiñ öñüniñ baglanmagy" çäklendirmesi aýryldy we ýerine "mazmunyñ öçürilmegi" sözi girizildi. Ýagny… Konstitusion sudyñ ýanjap-ýanjap aýdyşy ýaly, sosial mediýa saýtlaryny biruçdan ýapmak kynlaşdyryldy. Jenaýat alamalaryny berýän mazmunyñ öçürilmegi mümkin bolan ýagdaýynda, tutuş saýta girişi ýapmagyñ geregi ýok… "Tekstiñ jenaýat alamatlaryny berýän böleginiñ öçürilen ýagdaýlarynda, girişi ýapmagyñ ýerine, mazmunyñ öçürilmegi barada karara gelme mümkinçiligi dörediler, şeýlelikde şol internet saýtynda paýlaşylan we jenaýat alamatlaryny bermeýän tekstler söz we informasiýa alşyp-berişme azatlygyny hasam howpsuz ýagdaýa getirýär." (4-nji madda) Odatv şehit düşen howpsuzlyk gullugynyñ işgäri barada habar taýýarlanda, onuñ bu habary öçürilenem bolsa, internet ýaýlymymyzy ýapdylar! Ine... täze kanyn bu gadagançylygy aradan aýyrdy. Hawa, habar öçürlensoñ, saýtyñ ýapmagyñ indi geregi ýok... Şeýlelikde... Odatv-niñ öñündäki päsgelçilik aýryldy. Şeýlelikde... Odatv bugün ýa-da ertir açylmagy wajyp boldy. Odatv-ä "geçdigi bolsun" diýsegem bor! ■ ŞUNY BILEÑZOK Habaryñyz bardyr: Odatv Liwiýada wepat bolan howpsuzlyk gullugynyñ işgäriniñ jynazasy barada habar berdi. Yzyndan Odav-dan jogaplär Habarlar bölüminiñ müdüri Baryş Terkogly tussag astyba alyndı. Habary taýýarlamaga gatnaşan Hülýa Kylynç hem Manisada ýaşap ýören ýerinden tussag astyna alnyp, Stambula getirildi. Şol wagtyñ içinde ilki Baryş Terkogly we Hülýa Kylynç, olaryñ yzyndan Odatv-niñ baş režissýory Baryş Pehliwan tussag edildi. Odatv hem ýapyldy… Emma şundan habaryñyz ýok: Şol ikiarada Odatv-niñ adminstrasiýasy boýunça başga bir derñew işi açyldy. (Tussaghanadan daşynda galan "Odatv-niñ adminstratory kimdi eýse?) Stambulyñ Baş prokuraturasy Terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatlar boýunça derñew býurosyna (şahsyýeti gizlenen iki kişi we F.S. atly işgär tarapyndan) jenaýat boýunça şikaýatnama ugratdy! Stambulyñ Baş prokuraturasy üç aýa çeken derñewden soñ Odatv-niñ adminstratorlarynyñ garşysyna jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek hakynda karar çykardy. Bu maglumaty näme üçin ýazdym: Odatv-niñ adminstratorlaryny jogapkärçilikden boşatmak hakynda ýörite karar barka, Odatv-niñ ýapyk durmagyny haýsy ýuridiki delil bilen düşündirip bolar? Meselem, ýa-da onuñ arhiwindäki berlenine on üç ýyl bolan habarlardan nädip jenaýat alamatlaryny tapyp bilýärlerkä? Bütin bu adminstratiw öñüni alyş çäreleri kada laýyk we ýerine ýetirmäge oñaýly bolmalydyr. Täze kanunyñ güýje girmegi bilen prokuraturanyñ karary bilen alty aý bäri ýapyk duran Odatv-niñ dessine açyljagyna tüýs ýüregimden ynanýaryn… ■ “ÝERIÑ TEÝINE GIRDIM” Jem Duna… Baş ilçi… Turgut Özalyñ geñeşçisi… TRT-niñ baş müdiri… TÜSİAD-yñ ýokary konsultatiw kollegiýasynyñ agzasy... Mundan üç aý öñ onuñ "Adatdan daşary" (“Sıra Dışı”) atly awtobiografik kitaby çapdan çykdy. Men ony bu baýram gününde doly okap gutardym. Şübhesiz, biziñ garaýyşlarymyzda tapawut bar. Elbetde, dürli-dürliligiñ pikir-düşünje baýlygydygyna hemmeler düşünýän bolsa gerek… Jem Duna döwlet işinde işlän döwründe esasan metbugat boýunça gatnaşyklardan jogapkär boldy. Mysal üçin, Londondaky ilçihanamyzda işläp ýörkä, Ankaradan görkezme geldi. "Financial Times" gazetiniñ Türkiýe boýunça habarçysy "12-nji sentýabr" döwlet agdarlyşygy bilen hökümeti eýelän harby häkimiýetiniñ durmuşa gecirýän diýdimzorçulykly işlerine garşy habarlar bilen çykyş edýärdi. Ankara hökümeti gazetiñ adminstrasiýasyndan bu žurnalisti Türkiýä gaýdyp bermegi talap edýärdi! Jem Duna utanyp-utanyp gazetiñ redaksiýasyna gidipdi. Oña şeýle jogap berlipdir: " - Ýoldaş Duna, iñ gowsy, siz bärik gelmedik we biziñ aramyzda bu mesele barada gürrüñ bolup geçmedik ýaly bolsun. Tersine bolsa, aramyzdaky dostlukly gatnaşygyñ soñy ýakymsyzlyk bilen gutaryp biler." Jem Duna bu duşuşygy kitabynda şeýle beýan edýär: " - Şol wagt ýer ýarylsa, teýine girmäge razydym. Iş karýeramda şundan has beter manysyz, ýakymsyz waka başymdan ineni ýadyma düşenok. Takdytyñ oýnuna serediñ, aradan ýyllar geçensoñ Türkiýe üýtgedi we ýañky žurnalist hökümetimize geñeşçi edilip bellendi…" Iş tejribelerini paýlaşan Jem Duna kitabyny şeýle jemleýär: "Demokratiýany sözüñ doly manysynda durmuşa geçirjek bolsak, söz azatlygyny üpjün etmek hökmany şert bolmalydyr. Žurnalistleriñ, alymlaryñ düşünje-garaýyşlary sebäpli türmede ýatmagy ylalaşar ýaly zat däl. Söz azatlygy gerekli bolany üçin däl-de, gutulgysyz ýagdaýda üpjün edilmeli erkinlikdir. (…) Türkiýede häzir gadagan edilen saýtlaryñ barlygy ynanar ýaly zat däl…” Gepiñ keltesi, Baryş Pehliwan, Müýesser Ýyldyz azatlyga çykarylmalydyr. Odatv açylmalydyr. Bu kartina ýurdumyza gelşenok, FETÖ-PKK ýaly terrorçylykly guramalary hakly görkezýändigiñizden habaryñyz barmy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.08.2020 ý. Terjimr eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |