19:52 Garantga / satiriki hekaýa | |
GÜLKI GATNAWY
Satiriki hekaýalar
Suratda: Eziz Nesin Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow bilen (sagda oturan). Türk gardaşlarymyz bilen gülki gatnawyny ýola goýmak redaksiýanyñ öñden gelýän arzyly maksatlarynyñ biridi. Şeýle niýet bilen biz olara geçen 1991-nji ýylyñ tomsunda, ýörite hat hem ýollapdyk. Göz dikip jogabyna garaşyp ýörkägem... Hawa, durmuşda käte oslamaýan zatlaryñ hem bolaýýar. Eziz Nesin Aşgabada gelipdir! Dogrusy ynanmajak bolduk. Çyn eken. Bu habar biz - tokmakçylary begendirdi. Redaksiýanyñ işgärleri sürlenşip ýörmegi gelşiksiz görüp, meni Eziz aganyñ ýaşaýan myhmanasyna görme-görşe ugratdylar. Ýumora baý türk halkynyñ meşhur ogly, satiranyñ serdary, ýazyjy Eziz Nesin bilen duşuşmaklyk nesibämde bar eken. Men muny öz durmuşymda bolup geçen wakalaryñ iñ naýbaşysy hasaplaýaryn. Onuñ bilen az wagtlyk hem bolsa gürrüñdeş bolmaklyk maña miýesser etdi. - Eziz aga, munça gülkini Siz nirden alýañyz?! Ol meniñ bu sowalyma gysgadan anyk jogap berdi. - Durmuşdan. Ussat bilen bolan ýolugry gürrüñde gülküniñ gudraty barada ondan köp zatlar eşitdim. - Gülki adamyñ ýüküni ýeñledýär. Özüniñ ýumora baý döredijiligi bilen türkmen okyjylaryna öñdenem tanyş Eziz Nesin gysganman, ähli ýer şaryna gülki paýlaýar. Onuñ şerebeli käbir eserleri bilen, žurnalyñ okyjylary, seýregrägem bolsa, tanyşdyrylyp durulýar. Türkmenistanyñ Prezidenti S.Nyýazowyñ Türkiýä sapary döwründe türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiñ esasy ýörelgeleri we ugurlary kesgitlenildi. Hudaýa şükür, ol eýýäm özüniñ netijesini berip başlady. Geçen ýylyñ ahyrynda türk gardaşlarymyzyñ uly toparynyñ güneşli diýara gelendiklerinden okyjylar habarlydyr. Dostluk sapary bilen gelýän her bir myhmany depesine täç edinýän meniñ halkym olary hem güler ýüz bilen garşylady. Şolaryñ arasynda Eziz Nesiniñ bolmagy bolsa satira sarpa goýýan tokmakçylary ganatlandyrdy, olary ruhlandyrdy. Ýetmiş ýedi ýaşy arka atan bu degişgen goja tokmakçylara, žurnalyñ okyjylaryna özüniñ ýadygärlik ýazgysyny hem galdyrdy. Hormatly Eziz aga, Siziñ gelmegiñiz bilen gülki gatnawynyñ başlandygy bolsun. Gülki bar ýerinde müşgil zadyñ bolmaýandygyny bolsa, Siz hemmelerden oñat bilýärsiñiz. Täçmämmet JÜRDEKOW, žurnalyñ baş redaktory. Suratda: Eziz Nesin Aşgabatda dosty Berdi Kerbabaýewiñ öý-muzeýiniñ öñünde. • GARANTGA Günlerde bir gün - ýekşenbe güni dünýäniñ aladalaryndan biraz saplanaýyn diýen maksat bilen täk özüm göwün açmagyñ kararyna geldim. Moda (ýokary gatlaklaryñ barýan plýažy) jenaplara berlensoñ, Şazadalaryñ adasyna tarap tutdurdym. Göz-gülban külbeleriñ deñinden ötüp, Topgapydan çykdym. Meýdanyñ orruk-ortasyndan geçip barýarkam kimdir biri maña gygyrdy: - Jenap, jenap! Yzyma gañryldym. Daş-töwerekde yns-jyns ýok. Diñe ekinçiligiñ içinde garantga galgap dur. Men oña içgin äñetdim welin, ol birhili gymyldap-gymyldap giden ýaly boldy. Haçja ýasalan agaja jinde geýdirilipdir. Kelle ýerinde-de syrçasy synan eleme-deşik piti goýlupdyr. Gorkanymy ýüzümden añan garantga şeýle diýdi: - Balajygym, mendenä-hä çekinmegin. Şeýle bir aljyradym, hut süññümi saklap bilmän, tutuş göwräm bilen saññyldap başladym. Sakynyp-sakynyp, zordan gepledim: - Salawmaleýkim, jenap ekin garantgasy! - Meñ garyndaşlandan heý, bu golaýda eşidýän gürrüñiñ barmy? - Señ, eýse hossarlaññam barmy? Garantga bir ha-ha-haýlady welin, bili bilen şagyrdap gitdi. - Elbetde, bar... Sen dagy nähili pikir edipdiñ? Halys iki aýagym bir gonja sokuldy. - Köp sanly beýik adamlaryñ asylynyñ garantgalañ tohumyndan dörändigi diýmek saña näbelli-dä? - Dogrymy aýtsam, belli däl. - Wah, köşegim, eger-de biz bolmasak, taryham bolmazdy. Köp-köp patyşalar, weirder, ministrler hem-de beýleki syrty kädililer öz tohumyny garantgalardan alyp gaýdýalar. - Mysal üçin, şolañ haýsysy? - Ýok, garadag, atlaryny sorama, barybir, aýtman. Eger-de birini agzasam, beýlekileriniñ göwni galar. - Sen zynatly adamlar öz tohumymdan gaýdýa diýýäsiñ. Bar, şeýlemiş ekeni. Ýöne seni bärik kim taşlady? - Bir mahallar meñ ullakan kürsim bardy. Ýörite berkidilen maşynym, ýaranjañlam bardy. - Ýeri, bolanda näme? - O nähili bolanda näme? Sen meñ garantgadygymy, başarmajak işime burnumy sokýandygymy unutdyñmy? - Işler diýýäniñ näme? - Ynha, mysal üçin, men naloklary azaltmagy, etiñ, gandy bahasyny arzanlatmagy, halka arassa, hakyky süýt bermegi karar etdim. Başga-da şuña meñzeş akylly-başly çäreleriñ birgidenini durmuşa geçirip başladym. - Soñ näme? - Soñmy? Biziñ mülkdarlarymyza bütinleý ýaramadym şu taýyk zyñyp goýberdiler. Başarmajak işiñ başyny tutmaly däl eken. - Wah-wah-eý... - Il üçin özüñi oda urman, ýag bilen ýüpege çolaşyp, döwran sürmelidigini giç bilipdirin. - Indi señ başyña nä muşakgatlar ýagarka? - Şindi-hä ynamym bardyr. - Düşünmedim. - Düşünmez ýaly bärde näme bar? Görýän welin, durmuşdan baş çykaryşyñ ýabygorly señ. Biz garantgalar käwagtlar ýyllap-ýyllap gol gowşuryp durýas. Seredip otyrsyñ welin, birden ýagdaý üýtgäýýä. Kimdir biri il-güne bähbitli söz aýtdymy - gutardy, ony bir gapdala soup, deregine-de biz ýalakyny goýýalar. Garantga misli, kürsüde ornaşan dek, ketde başlyk ýaly bolup, epeýsiräp, ýogyn-ýogyn ardyndy. - Şonda sen meniñ ýanyma iki bükülip salama gelersiñ - diýip, garantga biraz böwrüni diñläp, sözüniñ üstüni ýetirdi. - Ýogsa-da, señ özüñ ullakan Adam bolasyñ gelýämi? - Kimiñ uly adam bolasy gelenok. - Onda, gel, biziñ hatarymyza goşulaý! Garantganyñ öwredişi ýalam etdim. Penjegimi çöwrüp, ellerimi gerdim-de, garantga öwrüldim. Häzir biz öz bagt ýyldyzymyza garaşýarys. Eger ertir bolaýmasa-da, birigün üstüñizden hojaýynlyk etjekdiris. Dat, onsoñ günüñize! Çary GELDIMYRADOW. "Tokmak" žurnaly, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||