GARAŞSYZLYK DÖWRI
1. KÖP GARAŞDYRAN GARAŞSYZLYK
1991-nji ýylyň awgustynda dörän pitne Ýanaýew, Pawlow, Ýazow dagynyň ýolbaşçylygyndaky ikinji topar tarapyndan döredilen hem bolsa, Ýelsiniň ýolbaşçylygyndaky birinji topar tarapyndan basylyp ýatyryldy. Gara deňziň kenarynda maşgalasy bilen dynç alyp ýörkä göz tussagy edilen M. Gorbaçýowy boşadyp, pitneçileriň özüni türmäniň duluna bakdyran B. Ýelsin il gözüne demokratiýa, Gorbaçýowa hossar çykandan bolup görünse-de, hakykat ýüzünde özüniň gelejekki kürsüsini gorapdy. Şol orun oňa häzirlikçe Gorbaçýow öz ornunda otursa nesip etjekdi, SKÇP-çiler gelse welin onuň özüniňem haýsy gözenegiň aňyrsyndan bakdyryljakdygy belli däldi. Ine, hut şonuň üçinem ol şondan soň ara köp wagt salman, Gorbaçýowdan biidin, Ukrainanyň Prezidenti Krawçenkony, Belorussiýanyň Ýokary Sowetiniň başlygy Şuşkewiçi we başga-da birnäçe resmi adamlary ýygnap, SSSR-iň dargadylýandygyny, ähli respublikalaryň özbaşdak döwletlere öwrülýändikleri baradaky resminama gol çekişdi. Şeýdibem, 1922-nji ýylda bolşewikleriň serdary W. I. Leniniň baştutanlygynda döredilip, soňraky ýyllarda «ähli milletleriň atasy» I. W. Stalin tarapyndan berkarar edilen SSSR ýykyldy. «Sen SSSR-e garşy pylan zat diýipsiň», «Partiýa dil ýetiripsiň:, «staline sögüpsiň» diýen ýaly bolgusyz bahanalar bilen iň gowy ogul-gyzlarynyň millionlarçasyny gyran sowet sistemasy şeýdip, ýetmiş ýyllap gorkulyp gelnişi ýaly sada halk, intellegensiýa ýa daşky bir duşman tarapyndan däl-de, onuň hut öz başynda oturan sanlyja adamlar tarapyndan, SSSR-iň konstitusiýasyna ters gelýän ýagdaýda dargadyldy. Özbaşdaklyga şol «üçlükdenem» has öň ymtylşyp ugran Baltika döwletlerinden beýleki respublikalaryň ýöwsel liderlerem şondan soň orta ýaşda atasy ölen ýigdekçe ýaly ýüzlerini sallaşyp öýli-öýlerine dargaşdylar.
Nyýazow bolsa tä elinden sypýança SSSR-iň guýrugyndan aslyşdy, tä, garasy ýitýänçä özüni tirkegden aýryp, taşlap giden otlynyň yzyndan garap durdy, garasy ýitenden soňam dolanyp geläýermikän öýdüp ýolda eli gyzyl baýdakly imtiljiräp kän durdy. Ahyram birwagtlar öňüne oklanan, esli wagt bäri aýagynyň astynda guma bulaşyp ýatan garaşsyzlygy çekinjeňlik bilen ýerden göterdi, SSSR atly döwletiň eýýäm ýer ýüzünde ýokdugyna garamazdan göz-gülban halda: «SSSR-den çykmalymy ýa ýok» diýen mowzug boýunça ses berilşik arkaly umumyhalk geňeşini geçirdi we şondan sähelçe wagt öň, edil şol mowzug astynda geçirilen geňeşde «çykmaly däl» diýip ýüzden togsan dokuz ülüş ses alandygyna garamazdan, bu gezek «çykmaly» diýip, ýüzden togsan dokuz bütin togsan ülüş ses aldy. Sandyraýan elleri bilen öňki orak-çekiçli gyzyl baýdagyny ýyrtyp aýryp, taýagynyň ujuna ýaşyl mata daňdy. Ýüzüne bäş sany göl, bäş ýyldyz we bir Aý ýelmedi. Bu zatlar hamala diýersiň onuň bäş welaýaty birikdirip, bir bütewi döwlet gurandygyny alamatlandyrmalydy.
Şeýlelikde, şol döwür ýük haýsy tarapa agsa-da Nyýazow üçin tapawudy ýok ýagdaý emele geldi. Has dogrusy ol özi üçin şeýle ýagdaýy döretdi. Eger-de ýük bir säwlik bilen öňki tarapyna agaýsa, onda ol Moskwadakylara özüniň «Soýuzdan çykmaly däl» diýip alan öňki sesini görkezäýmelidi. Soňky ses alynşyk bolsa oňa iki ýagdaý üçinem gerekdi. Ýagny, ýük öňki tarapyna agsa-ha: «Biz bu sesi ine, siz soýuzy dagadanyňyzdan soň aldyk, bizde günä ýok, günä sizde» diýip bilýärdi, şol gidişine gidiberse-de: «Biz soýuzdan il ýaly konstitusiýany bozup çykmadyk, umumyhalk geňeşi esasynd,a demokratik ýol arkaly çykdyk» diýip bilýärdi. Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary şondan soň hakykatdan-da özleriniň SSSR-den umumyhalk geňeşi arkaly çykandyklaryny telim ýola dillerine çoladylar. Şeýdip, özleriniň ile görä kän-kän «akyllydyklaryny» ýene bir gezek ýer ýüzüne äşgär etdiler.
Nyýazow bolsa metbugat işgärlerinden özüniň garaşsyzlygy halka öz gaýraty bilen alyp beren, özbaşdaklygy öz dogumy, başarjaňlygy bilen berkarar eden adam hökmünde wagyz edilmegini talap edip başlady. «Garaşsyzlyk bize peşgeş düşdi» diýmäň, diýdi.
Talap ýerine ýetirildi. Şondan soňky ol hakda ýazylan kitaplaryň makalalaryň, çykyşlaryň köpüsinde, onuň şonça ýyllap kompartiýanyň hatarynda «içinden urmak» üçin durandygy, asla onuň agzalygyna geçende-de şol maksat bilen geçendigi, ahyram şol maksadyna ýetendigi öwran-öwran nygtaldy.
Hakykatda welin ol: «Birdenkä gyzyllar gaýdyp geläýseler dagy» diýen pikir bilen, garaşsyzlygyň yglan edilen gününem bolşewikleriň birwagtky Türkmenistan SSR-ini döreden gününe dogrulap geçiripdi.
Türkmen lideriniň şular ýaly ýöntemlik we ýöwsellik bilen edýän hilegärlikli hereketlerini synlap duran dünýä jemgyýetçiligi bolsa, sessiz-ünýsiz ýylgyrmak bilen oňaýýardy. Nyýazowyň şondan soňky ürç eden zady Gorbaçýowyň beren demokratiýasyny halkyň elinden yzyna almak boldy. Ol muny demokratiýa sebäpli türkmenleriň tire-taýpa dawasyna ulaşaýmak howpunyň bardygy bilen düşündirýärdi. Ýagny: «Öňi bilen ýurtda asudalygy berkitmeli, demokratiýa bolsa soň, haçan-da halk şoňa taýýar bolandan soň ýol açmaly», diýýärdi.
Ýokarda agzalyp geçilen, gazet ýüzündäki dawalary göz öňünde tutsaň, onuň bu pikiri dogram ýalydy. Ýöne, birinjiden-ä türkmen halkynyň ol dawasy rugsat edilen batyrlygyň netijesidi. Gadagançylyk döwründe bolsa ol sowet syýasatynyň ýörelgesine laýyklykda dini-ygtykatyndan, hatda Hudaýdanam ýüz öwürmek derejesine çenli baryp ýetipdi. Şol döwürde ol hatda Watan sözünem egerde Türkmenistan babatda gelýän bolsa kiçi harp bilen, diňe SSSR manysynda gelende uly harp bilen ýazýardy.
Ikinjiden bolsa ol dawa diňe metbugat ýüzünde, onda-da belli adamlar tarapyndan alnyp barylýardy. Aňyrsynda halk ýokdy. Halk o dawalardan bizardy. Ol demokratiýadanam, aç-açanlykdanam öz gün-güzeranynyň gowulaşaryna, akylly başly reformalara, oba hojalygynda bolup biläýjek oňyn özgerişliklere garaşýardy. Oňa gadagançylyk däl-de erkinlik gerekdi. Nyýazowyň pikir edişi ýaly pilli-paltaly tolgunyşyklar, uruş, dawa-jenjel bolsa onuň ýadyna-oýuna-da düşmeýärdi.
Türkmenistanyň şol döwür özüni beýleki halklara görä kän-kän parahat alyp barandygynyň düýp sebäbem ýurtda adam hukuklarynyň beýleki respublikalara garanda has gowy berjaý edilýändigi, kada-kanunlaryň dürs işleýändigi ýa-da Nyýazowyň beýleki Prezidentlerden üýtgeşik akylly-başly syýasat alyp barýandygy, köçä çykmak üçin dyzap duran dyzmaç halky zoruň güýji bilen saklaýandygy üçin däl-de, halkyň çydamlylygy, geçirimliligi, köp babatda kysmata kaýyllygy, dişgysylygy, sähleçe zat bilenem oňup bilýändigi üçindi.
Onsoňam tire-taýpa dawalary hiç haçanam halk bilen halkyň arasynda bolmandy we bolmaýar. Ony hemişe öz syýasy bähbitlerini araýan adamlar ýa-da häkimiýetler döredýärler. Bu – olar üçin ýarag. Bu ýarag ir döwür käbir han-begler, soň ak patyşanyň dikmeleri, ondan soň sowet häkimiýeti tarapyndan ussatlyk we assyrynlyk bilen ulanyldy. Olaryň şygary şeýle: «Agzyny alart-da, höküm sür.»
Ýöne, bir zady welin boýun almak gerek. Ýagny, ak patyşa-da, sowet häkimiýetem tire-taýpa keseliniň infeksiýasyny biziň damarlarymyza başga bir ýerden getirip, zor bilen goýbermändiler-de, öz ganymyzda bar bolan mikroblary ulanypdylar. Ýöne, şol mikroby göterijiler welin, ýene bir gezek gaýtalap aýdasym gelýär, barybir halk däl-de, aýry-aýry wezipeparaz, tireparaz adamlardy. Ol adamlar han-begem, patyşa gullukçysam, haýsydyr bir partiýanyň sekretaram, işgärem, häkimem, ministrem bolup biler.
Edil aşpezleriň içi ýarmaly gazany bulaýyşlary ýaly olaram döwletiň içindäki halkyň gününi birsyhly bulap durýarlar. Şeýdibem, bulaşdyrýarlar. Halkyň ýatsa-tursa oýuna düşmejek zadyny syýasata öwürýärler. Bu bolsa taryhyň düzgünlerine ters gelýär. Ol halky betbagtçylygyň üstünden eltýär, döwleti bolsa çagşadýar.
Muny dünýe döräli bäri, köp-köp imperiýalaryň dargap gidendikleri bilen düşündirip bolar. Biri-biriniň yzyndan ýykylyp giden şol döwletlere degişli azym-azym şäherleriň, köşgi-eýwanlaryň yzyny indi arheologlar dyrnaklary ýumşajyk çotgalar bilen dyrmalabam tapyp bilenoklar.
SSSR-i hem şol ýykylan imperiýaň hataryna goşmak bolar. Wagt geçdigisaýy ol adamzadyň aňyndan daşlaşar, kem-kemden kiçeler gider oturar, ahyram garasy ýiter. Şondan soň onam arheloglar ýeriň ýüzünden elleri pildir-paltaly gözläp başlarlar.
***
Howwa, her niçik hem bolsa SSSR-iň ýykylmagy bilen Türkmenistan SSR-i özbaşdak döwlete öwrüldi. Türkmen dili döwlet dili diýlip yglan edildi. Halk ýerüsti hem ýerasty baýlyklaryna eýe boldy. Arzuw edilişi ýaly ikinji Kuweýte öwrülmegine mümkinçilik döredi. Umumy sany käbir daşary ýurt şäherleriniň ýaşaýjylarynyň sanynyň ýarysyna-da ýetmeýän türkmen halky garaşsyzlykdan başga-da kän zatlara garaşýardy.
Şol «köp zatlary» halka S. Nyýazowyň özem wada berýärdi. «Heriňiziň gapyňyzda bir göleli sygyr durar», «Dünýäniň islendik ýerinde gaýşarylyp gezersiňiz», «Indiki asyr siziň altyn asyryňyz bolar», «Men siziň öz ogluňyzdyryn», diýýärdi.
Iş ýüzünde welin ol halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklygyň däl-de, öz kürsüsini, daş-töweregini berkitmekligiň, Prezidentlik hukuklaryny artdyrmaklygyň, şol wezipede oturmak möhletini uzaltmaklygyň, özüni «ömürlik Prezident» diýip ykrar etdirmekligiň aladasyny edýärdi.
Hut şol maksat bilen ol: «Saýlaw SSSR döwründe geçirildi, o hasap däl», diýip, 1990-njy ýylda geçirilen öňki saýlawy täze telpegi bilen öçürdi-de, 1992-nji ýylyň iýunynda öňdenem Prezident halyna özüni Prezidentlige gaýtadan saýlatdy we ýüzüniň ugruna iki ýyl möhletlik utuş gazandy. TKP Mk-nyň birinji sekretary bolup işlän ýyllarynam hasapdan öçürendigini nazara alsaä, onda onuň gazanan utuşynyň hasam uzagrak bolandygyna göz ýetirmek bolar.
Soň-soňlar ol Türkmenistanyň kanun çykaryjy Mejlisiniň eli bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem yzly-yzyna ýoýdy we 1994-nji ýylyň ýanwar aýynda-ha özüniň Prezidentlik möhletini tutuş bir möhletlik uzaltdy, ýagny, öňde duran Prezidentlik saýlawyny ýatyrdy. 1999-njy ýylda bolsa özüni ömürlik Prezident diýip yglan etdirdi. Şeýdibem töweregindäkilere özüniň iň gowşak tarapyny görkezdi. Öwgä meýmireýändigini, öwginiň oňa sähranyň hoştap howasyndanam has hoş ýakýandygyny aňan «heýjanelekçiler» şondan soň öz çykyşlarynda onuň ýagyrnysyna: «Serdar», «Beýik», «Hakdan içen», «Resulylla», «Pygamber» diýen ýaly ýarlyklary ýetişibildiklerinden ýelmäp başladylar. Öz ötenlerine aýat okatmaga ýaýdanyşyp ýören Ministrler, etrapdyr–welaýat häkimleri, edara ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň arçynlary bolsa obalara, şäherlere, köçelere, sport desgalaryna, sagaldyş öýlerine, teatrlara, institutlara, mekdeplere, banklara, täze gurlan uçargähe we başga-da dürli pudaklardaky gurulýan sansyz-sajaksyz desgalara öz Prezidentleriniň adyny dakmaga, onuň öz başyndan, ata-enesiniň başyndan sadaka bermekde biri-biri bilen bäsleşmäge başladylar. Diri adama ýadygärlik goýulmaýandygyna garamazdan, mekdepleriň, edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, okuw jaýlarynyň öňlerinde, şäherleriň köp adamly ýerlerinde, obalarda, etrap merkezlerinde ýadygärliklerini oturtdylar, binalaryň ýüzüne, köçeleriň ugruna äpet-äpet suratlaryny kakdylar, iş otaglaryndaky stoljagazlarynyň üstünde eýkeljagazlaryny hekgerdip goýdular, arka tarapyna bolsa portretini asdylar. Bäsleşik onuň bilenem tamamlanmady. Gazetler, žurnallar diňe şonuň suraty we şol hakdaky öwgüli, süwümsiz sözlerden doly makalalardan başga hiç zat çap etmedi. Radiodyr-telewideniýe hem öz gepleşiklerini diňe şonuň ady bilen başlap şonuň ady bilenem gutardy. Sebäbi, Prezidentiň şol wagtky metbugat sekretary Kakamyrat Ballyýewiň öz işgärlerine el kesip sargaýşy ýaly, «Asmanda iki Gün ýokmuşyn. Türkmenbaşam Türkmenistanyň günümişin. Şondan başga adamyň ady goý ol kim bolsa şol bolsun, ne metbugatda, ne radiodyr-telewideniýede görünmelem dälmişin, eşidilmelem dälmişin. Taryham şol ýazyp başlanmyşyn we tä, tamamlanýança o hakda başga adam hem sesini çykarmaly dälmişin.
Soňabaka bu «şama-şaýyrda» onuň atasydyr-enesinem goşdular. Olara-da ýadygärlikler gurdurdylar, çem gelen ýere atlaryny dakdylar. Ministrler, häkimler, edara ýolbaşçylary şeýtmeklige esasy iş hökmünde garadylar. Sen daýhan birleşigiňe, edaraňa Prezidentiň ýa-da onuň atasydyr-enesiniň adyny dakdyňmy ýadygärliklerini goýduňmy, kürsüň arkasyndaky diwardan suratyny asdyňmy, edýän çykyşlaryňda-da oňa: «Mähriban atam», «Beýik serdarym» diýip ýüzlenýäňmi, «Sen bolmasaň biz kyn düşerdi, seni bize Hudaý berdi, goý, Ol seni bize köp görmesin, sen Görogludanam gaýratly, şonuň üçinem şondan-da uzak ýaşa» diýip özelenýäňmi, diýmek, sen Prezidente-de, Watanyňa-da wepaly hem-de iş başarýan adam. Sen şol hakda süwümsiz goşgy ýazyp, onam çap etdiribilýäňmi, radioda okadybilýäňmi (kitapjyk çykardybilseň-ä hasam gowy), onda sen il ogly, ýurduň tarhany, Prezidentiň öz adamy, erkesi. Welaýat bolsun, etrap ýa arçynlyk bolsun, döwlet edarasy bolsun, öz hökmüň ýöreýän ýerinde edeniňi edibermeli. «Munuň däl», diýjek bolmaz. Sebäbi her gezek özüni öwüp çykyş edenlerinde ol: «Sag boluň, sag boluň, minnetdar» diýip, ýöne ýere gözüne ýaş aýlanok.
Elbetde, aýdýan zatlarynyň gelşiksizdigini, ýapa-da degmeýändigini şol şama-şaýyrdylara baş goşýan adamlaryň özleem bilmän duranokdylar, ýöne, olar şony barybir aýdýardylar. Oturan kürsülerini berkitmek, baýlyk toplamak ýokary wezipelere dyzamak üçin şeýdýärdiler. Ynsaplaryna garşy gidip aýdýardylar. Ýöne, Türkmenbaşam olaryň bu hilesine, düşünmän duranokdy. Şeýle-de bolsa, belli bir menzile barýança oňa-da şolar ýaly adamlar gerekdi. Soň olary başga birleri bilen çalşyrmak aňsat. Şonuň üçinem, ol olary goraýardy. Ogurlyk etmäge, islän wagty basaýar ýaly taýynjak jenaýatkärlere öwrülmäge maý berýärdi. Hut şol maksat bilenem ol turuwbaşdan metbugat ýüzünde tankydy gadagan etdi. Tokmak žurnalyny ýatyrdy. Radiodaky «Bökelek», telewideniýedäki «Ýartygulak», «Türkmenfilm kinostudiýasyndaky «Naýza» ýaly satiriki žurnallary ýapdy. Muňa öz eden-etdilikleriniň gorag astyna alyndygy, urdum-şalyga ýol açyldygy diýip düşünen «heýjanelekçiler» şondan soň hasam möwç aldylar. Döwlet möçberinde edýän ogurlyklarynyň pyssy-pyjurlyklarynyň üstüni öwgi bilen örtmek üçin, öýkenlerini howadan dolduryp eňip gelişlerine olaryň halys göze-başa düşýänlerem, batlaryny saklabilmän özlerinden-özi tüwdürilip gidýänlerem, dikbaşaşak gaýdýanlaram bolýardy. Köpüsiniň bolsa ezeneginden çeke-çeke Prezidentiň özi gapdalyna golaýladýardy-da, çignine alýardy, birki gezegem çowuk dodaklary bilen maňlaýyndan atalarça öpýärdi-de ýanbaşyndan aýlaga-da, ýeriň ýüzüne aýlap urýardy. Çünki, özüni öwüp arşa çykaran, şol derejä ýetiren adamy belli bir wagtdan soň öz ýanyndan çetleşdirmek, ýok etmek, islendik diktatoryň gadymdan gelýän edähedi. «Şuny şu derejä ýetiren biz» diýip özüne tarap barmagyny çommaldybiläýjek adamy ol töwereginde görmek islemeýär.
Belli bir wagtyň geçmegi bilen Nyýazowyň özünem, onuň heýjanelekçilerinem «begendik» eden başky, şüweleňli wakalaryň ählisi tamam boldy, garaşsyzlygyň täze öýleniniňkä meňzeş keýpli çaglary sowuldy, Türkmenistany döwlet hökmünde ykrar ediji, uly-uly ýurtlaryň meşhur baştutanlary tarapyndan iberilýän telegrammalar sabaşdy, ilçihanalaryň açylyşy seýrekledi, daşary ýurtlara gurnalýan toparlaýyn, sürrekçilikli saparlar saýpallaşdy, ýadygärlik gurmak at dakmak işlerem gutarmasa-da, garaz birýüzli boluberdi, täze gurulýan myhmanhanalaryň, metjitleriňem haý-haýy haýallady, ana içmegem adaty bir zada öwrüldi, o zatlaryň barsynyň aňyrsynyň boşdugy, içiniň pakdygy, çüýrükdigi, düýbünde iş bitiriji hiç hili hakyky güýjüň ýokdygy heýjanelek bilen, şama-şaýyrdy bilen ýol alyp bolmajakdygy halka mälim boldy. Bazar gatnaşyklarynyň ýowuz kanunlary, zerur hem gaýragoýulmasyz çäreleri öz hökümini ýöredip ugrady. Heniz peýda bolmanka Amerikanyň dollary bilen bileleşen türkmen manady ýekeje çilşirimde çiňarkan gaýtdy. On, ýüz esse däl-de müň esse hümmetsizlendi. Bu ýagdaý ozal öz akly bilen däl-de diňe ýokardan gelýän görkezmeler boýunça, işläp oturan Prezidenti aljyratdy. Şonuň üçinem ol il gözüne hakyky hossar hökmünde görünmek üçin, onsuzam o ýan, bu ýan mugt akyp ýatan gazy, togy, naharyňa bir çümmükden artyk atyp bolmaýan duzy, ýanyň bilen ýedi garydan artyk ýekeje garyşam äkidip bolmaýan kepeni mugt edip ýalandan kommunizm döretjek boldy. Bu populistik syýasat ony öz halkynyň öňünde-de daşary ýurtly synçylaryň öňünde-de öňküsindenem beter has gülkünç ýagdaýa saldy. Halk entek bir metri hem goýulmadyk turbalar arkaly pars aýlagynyň üsti bilen dünýä bazaryna, Owganystanyň üsti bilen Pakystana, Hindistana, Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa, Ýaponiýa akdyryljak türkmen gazynyň hasabyna howaýy baýamakdan halys irdi. Ýadady. Diňe ýerasty baýlyklaryňa göz dikip oturman, girdeji üçin başga-başga çeşmeleriň hem gözlenmelidigine düşündi, şu gidişi ýaly diňe bir adamy öwüp gidip otursa güzeranynyň hiç haçanam gowulaşmajakdygy, gaýtam barha pese gaçjakdygy mälim boldy. Şu zatlara akly ýeten halkyň tolgunaýmagyndan heder eden Nyýazow üçin bolsa bir wagtlar Staliniň edişi ýaly günäni başga-başga adamlaryň üstüne atmak şeýdibem özüni aklamak zerurlygy ýüze çykdy. Ol şeýle hem etdi. Heýjanelekçilerini, ministrlerini, häkimlerini yzly-yzyna çalşyp başlady. Käbirlerini bolsa basdy, iň bolmanda on-ýigrimi gektar ýer berip dogduk mekanlaryna sürgün etdi. Aždarhanyň agzyna şolary berip özi bir gyra sowuldy. Halkyň äňynda: «Wah, bu görgüliniň özi gowul-a, halkym diýip ölüp ýatyr-la, ýöne, töweregindäkilerde derek ýok» diýen düşünje döretmek üçin, olary işden masgaralap kowuşyny telewideniýe boýunça gaýtalap-gaýtalap görkeztdi. Jaýlaryny, aramgählerini elinden aldy. Şondan soňky işe goýanlarynyňam barysyny alty aýlyk synag möhleti bilen goýdy we şol möhletiň içinde ynamy ödemedikleri jogapkärçilikli işlerden ömürlik daşlaşdyrdy.
Halka bolsa: «Siz özboluşlu halksyňyz, türkmensiňiz, zrsuňyz, çydamlysyňyz, çydaň, atyňyza, halyňyza, alabaýyňyza guwanyňda oturyň, pylan ýerde köçä çykypdyrlar diýip köçä çykjak bolmaň ýörmäň, pylan ýerde demokratiýa döräpdir diýip demokratsyraşyp ýörmäň» diýdi. Özüniň hiç haçanam özbaşdak ädim ädip bilmän, hemişe ile öýkünip gelendigine, ýagny, SSSR döwri, SSKP MK-nyň Baş ekretary SSSR Ýokary Sowetiniň prezidumynyň başlygyna öwrülende özüniňem ur-tut şeýdendigine, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidumynyň başlygy Prezident bolanda özüniňem desbe-dähel Prezidente öwrülendigine garamazdan, otursa-tursa halka: «Ile öýkünjek bolmaň», diýip sargady. Birneme gyssaga düşen wagty ýurdy on-onbäş günüň içinde, adaty wagty iki-üç ýylyň içinde, has arkaýynlyga düşende bolsa on-onbäş, ýigrimi ýylyň içinde düzetmäge söz berdi. Entek bosagasyndanam ädilmedik Ýigrimi birinji asyry «Altyn asyr» diýip yglan etdi. Uzyndan-uzyn maksatnamalar, meýilnamalar düzdi. Öňki sowet respublikalarynyň köpüsi bar zada ylmy nukdaýnazardan çemeleşip demokratiýa, köp partiýalylyga, söz azatlygyna ýol açyp ýurdunyň, halkynyň ýagdaýyny ep-esli gowulandyran bolsa, bu indi näme üçindir olara öňküsi ýaly öýkünibem bilmedi. Çünki, haýsydyr bir zat onuň özi üçin bähbitli bolsa-ha öýkünmeli,halk üçin bähbitli bolsa-da, öýkünmeli däl. Halkam ol näme diýse-de «seňki dogry» diýip öwrülen tarapyna öwrülip durmaly. Gaňryşyna gaýtmaly däl. Gaňryşyna gaýtdygyň sen Watany söýmeýän adam, halk duşmany. Terrorist.
Hut şonuň şolar ýaly yrgalygy, halka erk-ygtyýar bermezligi netijesinde, takyk taglymatlara derek öňe sürlen «Maksatnama», «10 ýyl abadançylyk» diýen ýaly howaýy ýörelgeler hatda iň bir ýönekeňje öňe gidişlikler üçinem itergi bolup bilmedi. Halkyň arasynda baý we garyp gatlak juda çalt emele geldi. Özem diňe zähmet çekmeýänler, öň peýdakeşlige ökdelän jerçiler, ownuk söwdegärler we döwlet hojalyklaryna, edaralaryna eýelik edip gelýän ýolbaşçylar baýadylar. Olar hakyky zähmetkeşleriň rysgalyny agyzlaryndan kakyp aldylar we dullaryna geçirdiler.
1996-njy ýylyň 16-17-nji dekabrynda oba hojalyk işgärleri bilen geçirilen maslahat hem Prezidentiň öňki geçiren, kolhoz başlyklarynyňka meňzeş ýöntem üýşmeleňlerinden tapawutlanmady. Onda yglan edilen oba hojalyk reformasy hiç hili netije bermedi. Birinjiden-ä reforma diýip atlandyrsalaram, ol reforma däldi, bolaýanda-da eýýäm giçdi. Çünki, garaşsyzlygyň berlenine bäş ýyl geçipdi, kolhoz-sowhozlaryň dargadylmagy bilen ýekebara öwrülen hojalyklaryň tehniki daýanjy hem dargapdy. Ýeke bir tehniki däl, malam dargapdy. Özi-de, ýokarda belläp geçişimiz ýaly kolhoz-sowhozlaryň ýolbaşçylary, etrap häkimleri, ministrler, gaznaçylar tarapyndan dargadylypdy. Şol zatlary hut şolaryň dargatmagyna maý bermek üçinem, kolhoz-sowhozlar «daýhan birleşigi» diýen at bilen şo çaka çenli saklanypdy. Agzalan reformada bolsa Prezidentiň hut özi hakyky daýhanlara-ha siz oňarmarsyňyz, diýip, bäş gektara çenli, häkimlere, arçynlara bolsa ýigrimiden elli gektara çenli ýer almaga rugsat berdi. Şeýle rugsady ol ministrliklere, pukdaýlaýyn dolandyryş edaralaryna hem berdi. Eýsem ýeri edarasyndan çykman, salkyn jaýda ýelpenip oturan, ýeňil maşyndan düşmän ýören häkimler, arçynlar, ministrler oňarjakmyşynmy ýa gije-gündiz topraga tagzym edip ýören daýhan?
Prezidentiň dünýägaraýşy boýunça elbetde häkimler oňarjakmyşyn. Sebäbi resmi suratda dargamanka, ýolbaşçylar tarapyndan dargadylan kolhoz-sowhozlaryň tehnikasynyňam mallarynyňam şolaryň eline düşendigini, daýhanyň aýakýalaňaç galandygyny ol gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol häkimlere ýeke bir şonça gektardan alyň, diýibem oňmady-da, halky hakyna tutup işlediň diýdi. Netijede dört-bäş gektarly ownuk hojalyklaryň-a ählisi ýerlerini eýgeribilmän kem-kemden ýerjagazlary zady bilen bilelikde elli-altmyş gektarly häkimlere birikmelidi, häkimleriň guluna öwrülmelidi, häkimleriň ýerleri bolsa elli-altmyş gektar bolanlygyndan bäş ýüz, alty ýüz, belki ondan-da köp gektara çenli ulalyp giňäp gidip oturmalydy. Beýle ýagdaýyň halk hojalygyny azyndan ýüz ýyl, iki ýüz ýyl yza, feodalizme zyňjakdygy görnüp durdy. Çünki, şular ýaly ýagdaý Orsyýetde «obşina», «barşina» görnüşinde baryp-ha on dokuzynjy asyryň ortalarynda bolup geçipdi.
«Krepostnoý» diýlip atlandyrylýan ors daýhanlary şonda pomeşikleriň mülklerindäki gullara öwrülipdiler. Orsyýedi ykdysadytaýdan Amerikadan we Ýewropa döwletlerinden yza galdyran hem hut şol ýagdaý bolupdy. Amerikanyň oba hojalygy ine indi ençeme asyr bäri fermerçilik, hususyýetçilik ýoly bilen ösüp gelýär. Özem biziňkileriňki ýaly elinden alyp özüňi baýatmak usuly boýunça däl-de hem öz-özüňi, hem özüň bilen bilelikde beýlekilerem, ýurdam baýatmak, ýöne, gowy hilli harytlary öndürmek ugrundaky ýiti bäsleşikler arkaly baýatmak usuly boýunça ösüp gelýär. Hojalyklar baýamasa ýurt baýamaýar, daýhan doýmasa döwlet doýmaýar. «Obşina» bolsa edil kolhoz-sowhozlarda bolşy ýaly, daýhanlaryň elini işden sowadýardy, höwesini gaçyrýardy. Çeken zähmetiniň netijesini görüp, onuň ýylysyna elini çoýup bilmeýärdi. Mülkdarda bolsa, her edip hesip edip, girdejiden işgärine az töläp özüne köp galdyrmak psihologiýasyny oýarýardy. Oba hojalygynda geçirilen türkmen reformasynyňam ümzügi ana, şoňa tarapdy. Ol reforma hatda bolşewikleriň geçiren ýer-suw reformasyna hem çapraz gelýärdi. Ýagny, olar ýeri baýlardan alyp daýhanlara beren bolsalar, Türkmenbaşy ony daýhanlardan alyp baýlara berýärdi.
Özüniň bu ýalňyşyna Nyýazow dokuz ýyldan soň, ýagny, 2005-nji ýylyň güýzünde pagta hasylynyň gözgyny ýagdaýa düşen güni düşünip galdy we ýolbaşçylara ýer almaklygy gadagan etdi.
Ýeri gelende aýtsak, 1993-nji ýylda çykarylan «Ýer kanunam» işlemedi. Munam 2004-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-inde bolup geçen «Halk maslahatynda» Prezidentiň özi boýun aldy we şol karary üýtgedip, kärendesine ýer bermekligi ýatyrdy. Berlen kärendeleri yzyna alyp, ähli ýerleri döwletiň ygtyýaryna geçirdi. Diňe öň şahadatnama alan we ýerini eýgerýändigini görkezen daýhanlaryň ýerlerini özlerinde galdyryldy.
«Daýhan birleşikleri» ýatyrylyp ellerinden ýerleri alyndy we «Paýdarlar jemgyýetleri» döredildi. Munda paýdarlar ýeri kärendesine öňki ýaly daýhan birleşiklerinden däl-de, döwletden almaly we ekmeli edildi. Paýdarlar jemgyýetleri pudaklaşdyryldy. Ýagny, kim näme ekesi gelse ekibermeli. Bu gowy zat, ýöne, bu jemgyýetiňem kolhoz-sowhozlardan näme tapawudynyň bardygyny hiç kim bilip bilmedi. Çünki, şol düzgünde-de ýerleriň ählisi döwlet eýeçiliginde bolmagynda galýardy.
Prezidentiň bu karary hem öz netijesine uzak garaşdyrmady. Göni bir ýyldan soň, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, pagta hasyly göz-görtele pese düşdi.
Kärendeçi daýhanlar bilen bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýetleriniň agzalary hem öz alan hasyllarynyň kyrk ülüşini döwlete tabşyrmaga galanyny bolsa dünýä bazaryna çykaryp satmaga hukukly edildi. Kim paýdarlar jemgyýetinde gowy işlese şoňa şol ýeri mülk hökmünde beriljekdigi aýdyldy.
Eýsemde bolsa bu gezek kim ýerinde gowy işledi? Kim ýeriniň mülke öwürmegine hukuk gazandy? Daýhanlarmy? Ýeriň hakyky eýesimi? Ýok! Onda kim? Elbetde ýene-de häkimler, arçynlar, banklaryň başlyklary we ş.m. Egerde olara ýer bermedik bolsalar näme? Beýle zat bolup bilmezdi. Çünki, olar onsuzam ugur tapardylar. Iň bolmanda kärhanany ilen-çalanlarynyň adyna açyşlary ýaly, ýa-da öňki gezekki ýer reformasynda edişleri ýaly, ýerem şolaryň adyna alaýardylar. Ýöne, şol gezek täze oba hojalyk syýasatyny yglan edende, Prezident Nyýazowyň hut özi: «Daýhanlara bermäň olar oňarmazlar» diýip, telewideniýe boýunça bütin ýurda jar edipdi.
Olar üçin şemalyň haýsy tarapdan öwsendiginiň, türkmen döwletiniň haýsy düzgünli döwlete öwrülendiginiň, Prezidentiň oba hojalygy, ykdysadyýet we medeniýet baradaky çykarýan kararlarynyň nirä baryp direljekdiginiň ähmiýeti ýok. Ýyly ýerlerinden gozganmasalar, susagyň sapyny ellerinden sypdyrmasalar, serdarlaram özlerini ähli bela-beterlerden ganat gerip goramasyny bes etmese bolýa. O-da ony bes edäýenokdy. Iň bolmanda belli bir menzile çenli-hä bes edenokdy. Emeldarlar welin şol elmaýyşlyklar özleri üçin ömürlikdir öýdýärdiler. Şonuň üçinem olar öz serdarlaryny gowy görýärdiler. Öwýärdiler. Onuň islendik kararyny, goý ol dürs bolsun, goý ol ters bolsun, halk üçin bähbitli ýa bähbitsiz bolsun, tapawudy ýok, barybir öwýärdiler, heşelle kakyşýardylar, her bir ädilen ädimiň netijesiniň nähili boljakdygyna garaşmazdan Beýik Serdar tarapyndan amala aşyrylýan ägirt uly, öňden görýjilikli syýasatdygyny, oňa bütin dünýäniň haýran galýandygyny öwran-öwran tekrarlaýardylar. Özlerem edil rowaýatlardaky äjit-mäjutlar ýaly biri ýok boldugy ýerine müňüsi döreýärdi. Hersem özlerinden öňküleriň Prezidenti öz bähbitleri üçin öwendiklerini, ýöne ine, özleriniň welin onuň hakykatdan-da Allatarapyn iberilendigine ynanýandyklary, oňa gudrat hökmünde sygynýandyklary üçin öwýändiklerini subut etjek bolup jan edýärdiler. Prezident käte gözlerine ýaş aýlap: «Meni beýle öwmäň, men muňa çydap bilemok. Tejribäm köpräk diýäýmeseňiz meniňem sizden üýtgeşik ýerim ýok, şoň üçinem siziň tükeniksiz öwgüleriňiz meni oňaýsyz ýagdaýa salýa» diýäýse dagy öýkenlerini gabardyşyp ör turýardylar-da: «Biz näme üçin sizi öwmäli? Öwgä mynasyp adamy biz näme üçin öwmeli däl? Hä?!.. Onsoňam biz sizi öwemizok, hakykaty aýdýas, hakykaty aýtmaga bolsa hakymyz bar, çünki, biz siziň gurup beren demokratik döwletiňizde ýaşaýarys», diýşip gygyryşýardylar.
Her gezek özüne «gahryman» at daklyjak bolanda, orden ýa medal beriljek bolnanda hem Türkmenbaşy şol bir özüne «mahsus» bolan kiçigöwünliligi bilen: «Ýok, ýok, beýtmäň, duruň-duruň... azajyk garaşy... howlukmasaňyzlaň...» diýip esli mahal näzirgän bolup durýardy. Şonda zalyň içinde şeýle bir gopgun turýardy welin, şondan soňky bolup geçýän wakalara asla unup-çydap seredip oturmagam kyndy. Has yhlaslyraklary bolsa: «Teklibimizi kabul etmeseňiz biz şu gije şu ýerden gitmeýäs» diýşip oňa «haýbat» atýardylar. Şonda ol hakykatdna-da demokratiýanyň hakyky howandaryna öwrülýärdi we öz raýatlarynyň teklibini hamala diýersiň bialaç kabul etmeli bolýardy.
Ýurt uly özgerişliklere garaşýardy ýokarda bolsa ine, şolar ýaly oýun-bir aktýoryň ýüregedüşgünç teatry dowam edýärdi. Hana suwsan, entek siwilizlenen özbaşdak, demokratik döwletde ýaşap görmedik «garamaýak» halka wekilçilik edýän çemeçiller bolsa barha bat alýardylar. Gaýry bir ýurduň baknalygyndan çykyp, öz baýaryna gul bolandyklaryna diýseň kaýyldyklaryny, şoňa uçursyz begenýändiklerini mähriban Prezidentleriniň howandarlygyndaky metbugat serişdeleriniň üsti bilen ýer ýüzüne jar edýärdiler. «Alla jan seni bize köp görmesin...», «Hudaý jan şuny bir gora...», «Uzak ýaşa Serdarym..» diýen ýaly süwümsiz aýdymlary günüň-gününe gaýtalamak bilen halkyň ýüregini bagryny ezýärdiler. Iň ýamanam üýtgeşik öwgi tapmakda biri-birleri bilen ýaryşýardylar. Biri ekranda arkan-ýüzün gaýşyp oturşyna: «Pygamber döredip özünden türkmen...» diýip zowlatsa, öň öz Prezidentini Görogla, Oguz hana, Baýram hana meňzedip ýören başga birem parlaňküşlikde ondan kem galmazlyk üçin: «Ymmatymyz Muhammede meňzetdim» diýeninem bilmän galýardy. Halk bolsa güljeginem bilmeýärdi, aglajagynam. Sesini çykarmaga bolsa hiç kimiň haky ýokdy.
Muhammediň biziň ymmatymyz däl-de, biziň Muhammediň ymmatydygymyzy, pygamberem halkyň däl-de Hudaýyň saýlaýandygyny olara kimdir biri düşündirdimi ýa birdenkä şahyr bolandan soň Prezidentiň öz ýazan goşgularyna döredilen soňraky aýdymlaryň tozanyna garyldymy, ony bilemizok, ýöne bäş-alty ýyl halkyň beýnisini çokalan şol iki aýdym hem edil Prezidenti Ezraýyla meňzedýän «Ak saçly perişdäm» atly aýdymyň ýok bolşy ýaly ýom-ýok boldy.
Şolar ýaly ýollar bilen öz kürsüsini berkitdigisaýam, Prezidentiň kibtine alyp pylçap urýanlarynyň sany artýardy. Beýle ýagdaý ýeke bir çemeçil žurnalistleriň, şahyrlaryň, aýdymçylaryň we beýleki döredijilik işgärleriniň däl, eýsem Içeri işler ministrligi, Milli Howpsuzlyk ministrligi ýaly Prezidenti bilen bilelikde halky, döwleti goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, düzümindäki işgärleriniňem başlaryndan inýärdi. Mysal üçin döwlet baştutany her ýygnakda özüne «Mähriban atam» diýip ezeläp ýören Içeri işler ministriniň eli bilen Milli howpsuzlyk ministrligini paýhynladyp, şol edaranyň ministrini türmä basdy, «agtygyny» bolsa onuň ýerine belledi, alty aýa ýetip-ýetmänkä «Atam-atam» diýip ýürege düşdüň, bu ýerde näme «detsad» bamy, diýdi-de, onuň özünem ministrlikden aýryp, welaýatlaryň birine häkimlik wezipesine zyňdy. Şondan soň köp wagt geçmänkä ol ýerdenem boşadyldy we bize mälim bolmadyk sebäplere görä onuň düýbünden ady-sory ýitdi gitdi. Biri: ol öýünde otyr diýdi, başga biri türmede otyr diýdi, ýene biri ölüpdir, diýdi, garaz, belli bir zat aýdan tapylmady.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňki ministri Sаparmyrat Sеýidowyň, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Goranmak ministri bolup işlän Bаtyr Sarуjaýewiň, Baş ymam Nаsrulla ibn Ibаdullanyň we başga-da ençeme döwlet işgärleriniň hem dürli döwürlerde, dürli möhletler bilen bendihanalara dykylandyklaryny hem üstüne goşsak, onda şol döwrüň hakyky keşbi hasam aýdyň bolar.
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Prеzidentiň jаnyna kаst etmeklige edilen synanşykdan soňky tutha-tutluklary bolsa sanap çykmak mümkinem däl. Şol waka gatnaşdy diýilýänleriň ilen-çalanlaryna çenli tutulandyklary barada adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary «Azаtlyk», «Nеmes tolkuny» ýaly halkara radiostansiýalarynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýetirdiler. Iň bärkisi şol wakanyň gurnaýjysy hasap edilýän Воris Şуhmyradowyň ýolbaşçylyk eden Bedenterbiýe institutynyň ähli işgärlerini uçdantutma diýen ýaly täzelenendigi barada gürrüň ýaýrady.
Her niçik hem bolsa soňabaka Prezidentiň garşysyna hereket edip biläýjek adamlaryň sany köpelmese azalmady. Bu hadysa esasanam, nämüçindir Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri we daşary ýurtlardaky ilçileri bilen baglylykda bolup geçdi. Daşary B. Şyhmyradow (Hytaý), N. Hanamow (Türkiýe), Toýly Gurbanow (Ermenistan) ýaly ilçiler bolsa dürli döwürlede oturan-oturan ýerlerinden işlerini taşlaşyp daşary ýurtlara gitdiler we oppozision hereketlere goşuldylar. Merkezi bankyň başlygy H. Orazow hem daşary ýurda çykyp gitdi we ýalňyşmaýan bolsam, özbaşdak, oppozision topar döretdi. «Azatlyk» radiosynda işjeň çykyşlar etdi. Mejlisiň öňki wekili, belli bir döwürde Nebit-gaz senagatyna ýolbaşçylyk eden, N. Söýünow hem şol döwürleriň birinde daşary ýurda gitdi.
Olaryň sany gün-günden köpelýärdi we bir ýere birigip ägirt uly güýje öwrüläýmekleriniň mümkindigi Türkmenbaşyny uly howsala salýardy. Başda pytraňňy halda bolan hem bolsalar, ýigrimi birinji asyryň ilkinji ýyllaryndan başlap olar hakykatdan-da bütewi bir güýje öwrüldiler we birleşen oppozision hereketi emele getirdiler, özlerini halkara guramaryna bellige aldyrdylar, Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilişi, demokratiýanyň gysylyşy barada halkara hukuk goraýjy guramalaryna, Birleşen Milletler guramasyna resmi suratda habarlar, talaplar, haýyşnamalar, maglumatlar iberip başladylar.
Ýokarda agzalyp geçilen 25-nji noýabr wakasyny, ýagny, Prezidentiň janyna kast etmeklige bolan synanyşygy hem şolardan gorkusyna, olary dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde halkara terrorçylary hökmünde görkezmek we terrorçylyga garşy yglan edilen halkara ylalaşygyna laýyklykda penalaýan ýurtlardan talap edip almak hem-de öz eli bilen jezalandyrmak üçin S.Nyýazowyň hut özi gurnapdyr, diýen gürrüňem bar.
Elbetde, bu zatlaryň anygyna wagt ýýeter, hemme zat aýyl-saýyl bolar. Biz diňe bilenimizi, görenimizi aýdýarys. Görmedigimize, bilmedigimize bolsa güwämiz ýok.
Publisistika