2. GARAŞSYZLYGYÑ ILKINJI ÝYLLARYNDAKY YLMY WE MEDENI ÝYKGYNÇYLYKLAR
Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda alnyp barlan syýasat dogrusynda gürrüň edilende ylym, bilim, medisina hyzmatlary, edebiýat we sungat, medeniýet babatdaky opurylşyklary hem agzaman geçmek bolmaz.
Dogrusyny dogry aýtmak gerek, ähli nogsanlyklaryna garamazdan, sowet häkimiýeti ýyllary içinde sowatlylyk uçdantutma ösdi. Ýokary bilim almaklyk, medisina hyzmatlary, pes derejede bolsa-da, hemmeler üçin deň-derejede elýeterli boldy. Öň diňe halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk, amaly-haşam we senetçilik sungatynyň birnäçe görnüşleri bilen meşgul bolup gelen türkmen halkynda teatr, kino, sirk, professional aýdym-saz sungaty, şekillendiriş sungaty, hekaýa, powest, roman ýaly giň gerimli poza eserlerini öz içine alýan edebiýaty emele geldi.
Dogry, temalaryň çäkliligi döredijiligi şol wagtam dar çarçuwanyň içinde saklaýardy. Sungatyň ähli görnüşleri boýunça Moskwa, Kreml, onuň çür depesindäki ýyldyzy, Gyzyl meýdan, Lenin, Kompartiýa wasp edilýärdi. Döredijileriň gollary merkezden görkezilýän temalaryň halkaly zynjyryna berk baglydy. Şekillendiriş sungaty boýunça geçirilýän sergiler: «Oktýabr rewolýusiýasynyň pylança ýyllygyna» , «Komsomolyň döredilmeginiň şunça ýyllygyna», «Milisiýanyň gününe», «Zähmete şöhrat», Sport» diýen ýaly şol bir leji çykan temalardan ybaratdy. Iň keçje ýerem şol temalar her bäş-üç ýyldan gaýtalanýardy we ýazky hem-de güýzki sergileri hasap etmeseň, hiç haçan erkin temalardan sergiler gurnalmaýardy. Şonuň netijesinde hudožnikleriň ýazýan kartinalary hem: «W.L. Lenin» «Gyzyllar Garagumda», «Ilkinji kommunist», «Öňde baryjy brigada», «Göçme gyzyl baýdagyň gowşurylyşy», «Komsomollar», «Ilkinji traktor», «Bütünsoýuz ýaşulysy Aşgabatda», «Küýbyşew Garagumda» diýen ýaly syýasatlaşdyrylan temalardan daşlaşyp bilmeýärdiler.
Edebiýat, kino, teatr, aýdym-saz sungatlary hem şol ýagdaýdadylar.
Bilim pudagynda köp dersler syýasatlaşdyrylýardy, sosialistik sistema, kommunizm ideýallaşdyrylyp kapitalistik jemgyýetiň garşysyna goýulýardy. Demokratiýanyň hakyky ýüzi halkdan gizlenýärdi. Öz topragyny gorap ozal ak patyşa, soň bolşewiklere garşy, erkinlik ugrunda göreşen halk gahrymanlaryny taryh sapakrynda «basmaçylar» diýip basybalyjylary bolsa»Azat edijiler» diýip atlandyrýardylar. Olar barada kitaplar ýazýardylar, kinofilmler döredýärdiler, spektakllar goýýardylar, suratlar çekýärdiler. Halkyň aňyny öz-özünden daşlaşdyrmaklyga, has takygy üýtgetmeklige dyrjaşýardylar. Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhy mekdeplerde öwredilmeýär diýen ýalydy. Öwrediläýen ýerinde-de ýoýlup öwredilýärdi. Türkmen halky şol döwür öz aňyrsynyň oguzlardan, seljuklardan gaýdýandygyny bilmeýärdi. Ol özüniň «doglan ýylyny» şol wagtyň bagşylarynyň radioda ürç edip aýdyşlary ýaly, hakykatdan-da «... müň dokuz ýüz ýigrimi dörtdür» öýdýärdi. Oba mekdeplerini gutaryp, «ors garasyny görmän» gelýän, ors dilini düýbünden diýen ýaly bilmeýän oglanlar, gyzlar ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin, ors dilinde ekzamen tabşyrýardylar. Bagtlary çüwüp giräýenlerinden soňam bäş-alty ýyllap orsça okamaly bolýardylar we bilimlerini doly derejede özleşdirip bilmän, pes derejeli hünärmenler bolup ýetişýärdiler.
Oba ýerlerinden merkezi edara arza- şikaýata gelýän sada daýhan baran ýerinde dilini düşündirip bilmeýärdi, öz dilinde düşündiriş ýa arza ýazmaga hukugy ýokdy. Iň bärkisi dürli zerurlyklar üçin doldurylýan anketalaram onuň üçin düşnüksizdi.
Hatda «tiz kömege-de» öz ene diliňde jaň edip bolmaýardy. Türkmençe gepläp ugradygyň ýa-ha trubkany taşlaýardylar, ýa-da adam dilinde gürlemegiňi «haýyş» edýärdiler. Aeroflotyň, demirýoluň, abtobus duralgalarynyň kassalarynda ýekeje-de türkmen zenany oturmaýardy. Şäher dükanlarynyň ýagdaýam şolar ýalydy. Obadan gelen garry-gurtular aljak zatlarynyň adyny orsça aýdybilmän, ýaýdana-ýaýdana ahyram satyjy tarapyndan ýüzüniň alnaryndan çekinip, köneje köwşüni «çygşyldadypjyk» ýap-ýaňyja giren gapysyndan sessiz-üýnsiz çykyp gidýärdiler. Türkmen dili ýekebir resmi ýygnaklarda ýa söwda edaralarynda däl, eýsem oturylşyklarda, toý-meýlislerde hem ikinji orunda durýardy. Köpçülik ýerlerinde, awtobuslarda, otluda radio türkmençe aýdyp başladygy, şol wagt bol çöp bolan türkmen däl milletler goh turzup başlaýardylar we ýa-ha orsça geçirýärdiler, ýa-da öçürýärdiler.
Dil meselesiniň «wawwaly» ýerleri başga-da kändi. Asla ony gözlemek geregem däldi. Ol aýagyň basan ýerinde öňüňden çykyp, örboýuna galýardy. Onsoňam olar ýaly «hyllallalar» ýeke bir dil meselesine degişli däldi. Halk özüniň öz öýünde myhman, artykmaç adam hasap edýärdi. Törüne geçip, holodilnigini özi açyp, özi ýapyp bilmeýärdi.
Sungatda: «Ideýnoe ýedinstwo, nassionalnoýe mnogoobraziýe» diýen şygar bardy. Ýöne, ol ýörelge däldi. Millilige ýykgyn ediberdigiň milletçilik hasaplanýardy. Şondan soň öňüňem baglanýardy, adyňam barmaly ýerine baryp ýetýärdi. Şol ýere bir baran at bolsa, gaýdyp aýrylmaýardy, aklanmaýardy, hökümet, hökümet ýolbaşçylary çalyşsa-da ol şol durşuna durýardy.
Edebi eserlerde «internasionalizm» ýokundysynyň bolmagy, baş gahrymanyň kommunist bolmagy hökmanydy. Romanlarda bir ors işçisi bolup, ol ýerli halky rewolýusion ýola gönükdirmekde iňňän köp işler alyp barmalydy. Gözüni açmalydy. Bu hökman şeýle hem bolýardy. Muňa mysal edip, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädimindäki» Çernyşewi, H.Derýaýewiň «Ykbalyndaky», Sergeýi, B.Seýtäkowyň «Doganlaryndaky» Ýefimi we ş.m. mysal görkezmek bolar.
Internasionalizme ymtylmaklyk keseli ýeke bir edebiýatda ýa sungatda däl, eýsem öňe çykan wezipeli işgärleriň maşgala durmuşlarynda hem höküm sürýärdi. Internasional nika esasanam sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda ýolbaşçy işgärleriň arasynda ýoň bolupdy. Çünki, wezipä kabul edilişikde işe alynýan adamyň öňi bilen (kommunist bolmalydygy barada-ha gürrüňem ýok) maşgala durmuşynyň näderejede internasionaldygy, ors dilini näderejede bilýändigi esasy orny eýeleýärdi. Şonuň üçinem maşgalasy başga milletden bolmaýanda-da, ogul-gyzlaryny ors mekdeplerinde okaýanyny kem görmeýän adamlaryň sany ýylsaýy köpelýärdi, köp adam şony özi üçin dereje saýýardy. Ýokarlarda bir ýerde dilleri, millet diýlen düşünjäni ret edip, tutuş SSSR boýunça ors dilinde gepleýän ýeke-täk bir halky – Sowet Soýuzynyň raýaty diýlen täze bir halkyýeti emele getirmek boýunça bilniksiz ýöne göze görnüp duran syýasat alnyp barylýärdy.
Garaşsyzlyk bizi ine, sowet döwrüniň goýberen şol nogsanlyklaryndan halas etmelidi. Köp-köp müşgilliklerimizi asan eýlemelidi.
Dogry, şeýle alanyňda garaşsyzlygyň beren peşgeşleri az-küş zat däldi: Ýurt baknalykdan çykdy. Özbaşdak döwlet boldy. Türkmen dili döwlet dili hukugyna eýe boldy. Ýerasty, ýerüsti baýlyklarymyzyň ykbaly öz ygtyýarymyza geçdi. Ýokary okuw jaýlarynda sapaklar türkmen dilinde okadylyp başlandy. Kassalarda indi iki, hatda üç dil bilýän türkmen gelin gyzlarynyň ýylgyryşyp oturyşlaryny göreniňde gözüň söýünýär.
Ýöne, birinjiden-ä S. Nyýazow hernäçe ýokuş görse-de bu zatlar gazanylan üstünlik däl-de, öňümize oklanan peşgeşdi, biz ony alsagam alaýmalydyk, almasagam alaýmalydyk, ikinjidenem, aňrujy içinde jany bar bolsa, özbaşdak döwlete öwrülen ýurtda şol alamatlar bolaýmalydy.
Ýöne, halk welin, özüne berlen şol hak-hukuklaryň birindenem doly manysynda peýdalanyp bilmedi. Sebäbi, olaryň el-aýaklaryny bagladylar. Öz sözlerini aýtmakdan mahrum etdiler. Öwgüden «şama-şaýyrdydan»’gaýry zatlar gadagan düşdi.
Türkmen diline döwlet dili hukugy berlen şol döwürde her bir pudak üçin aýratyn sözlük gerekdi, emma halka umumy görnüşde-de suwytly bir sözlük hödürlenmedi. Şonuň üçinem, geçiş döwründe her bir edara her bir sözi özüçe terjime etdi. Netijede, ýokary edaralara aşakdan barýan resminamalarda şol bir sözüň terjime edilen ençeme görnüşi barýardy we buýr-bulaşyklyklar döredýärdi. Dil meselesine bagyşlanyp hiç hili ylmy jedeller, çekişmeler, maslahatlar gurnalmaýardy. Täze tapylýan we dolanyşyga girizilýän sözlere hukuk berýän lingwistik gurultaýlar geçirilmedi. Türkmen diline geçilendigine garamazdan, türkmen dilindäki okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi zerarly ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilmiň derejesi peseldi, Ruhnamadan başga sapak soňraky orunlara geçdi. Filosofiýa ýaly halkara derejesindäki sapaklar bolsa bütinleý ýatyryldy. Okuwlaryň möhleti mekdeplerde on ýyldan sekiz ýyla, ýokary okuw jaýlarynda bäş, alty ýyl bolandygyndan tas, iki ýyla çenli azaldyldy. Prezident S. Nyýazowyň adyna berilýän Ruhnamadan, «Türkmeniň bäş eýýamy», «Türkmen ilim aman bolsun», «Meniň Ruhybelentlik baharym» ýaly kitaplardan başga zatlardan mahrum edilen, şol kitaplaryň içindäki pöwhe, parlaňküş goşgulara döredilen aýdymlardan ýaňa beýnisi şorlan ýaşlar dünýä edebiýaty-ha beýle-de dursun hatda nusgawy türkmen şahyrlarynyň, türkmen sowet edebiýatynyň düýbüni tutujy ýazyjylaryň eserlerinden hem bihabar galdylar. Netijede, mekdep okuwçylaram, ýokary okuw jaýlarynyň talyplaram diliň sözleýiş medeniýetinden, asyrlarboýy ägirt uly ussatlaryň ussahanalarynda ýençgilenen, zer suwy birle taplanyp kemala getirilen türkmen diliniň goýazylygyndan, şireliliginden daşlaşdylar.
Şol döwür ylmyň ojagy hasap edilýän okuw jaýlarynyň ýagdaýam görlüp-eşidilmedik derejede pese düşdi. Iň bärkisi olara kabul edilýän okuwçylaryň sanynyň sowet döwründäkä garanda on-on bäş esse azalandygyny şol ugurly hünärmenler aýdýarlar.
Egerde öň bir okuw jaýyna mysal üçin iki ýüz elli adam kabul edilen bolsa , şonuň ellisi pully giräýelerinde-de, iki ýüz sanysy öz güýji bilen girip, öz güýji bilenem gutaryp, ýeterlik drejede bilim alyp giden bolmaly.
Şu mysaldan çen tutup, gürrüňi edilýän döwürde mysal üçin her ýyl bir okuw jaýyna bary-ýogy ýigrimi bäş adam kabul edilendir, diýeliň. Egerde, şeýle bolsa, onda şol ýigrimi bäş adamyň näçesiniň öz güýji bilen näçesiniň bolsa puluň güýji bilen, girendigini özüňiz göz öňüne getiriberiň. Özem garybyň-a has garyplaşýan baýlaryň bolsa barha baýlaşýan döwri.
Dogrusyny Hudaý bilsin, ýöne, şol döwür awgustdaky synagdan geçip, sentýabrda okuwa başlamaly dalaşgärleriň sanawynyň baryp-ha şol ýylyň fewral aýynda taýýar bolýandygyny, şondan gijä galsaň pul bilenem girip bolmaýandygyny aýdýardylar.
Uly ekran üçin çykarylýan çeper filmleriň önümçiliginiň ýatyrylmagy, ýigriminji asyryň otuzynjy ýyllaryndan bäri işläp gelýän we «Aýgytly ädim», «Gelin», «Şükür bagşy» ýaly ajaýyp filmleri dünýä beren «Tükrmenfilm» kinostudiýasynyň diňe Prezident we onuň ata-enesi baradaky gowşakdanam kän pes derejedäki «Türkmenwideofilm» kinostudiýasyna öwrülmegi, daşy täzelenen kaşaň teartlaryňam ýene şol prezident ýa-da şonuň «ýazan» eserleriniň esasynda goýlan oýunlara, kompozisiýalara ýykgyn etmegi hem garaşsyzlyk döwrüniň ilkinji ýyllaryndaky medeni opurylşyklaryň köp sanly mysallarynyň käbirleridir.
Dutardyr-gyjak ýaly biri-biri bilen asyrlarboýy bagyrlary badaşan we aýakdaş gelen halk saz gurallarynyň gapdalyna Prezidentiň hut öz göreldesi bilen deprek, akkordion ýaly düýbünden saýry saz gurallarynyň goşulmagyny-ha «komediýa» diýip, S. Nyýazowyň hut özüniň ekrana çykyp: «Ir bilen berýän sazyňyzam aýryň, ony iki sany çopandan başga diňleýän ýok» diýenden soň dutaryň, şeýle hem halk aýdymlarynyň ençeme ýyllap gadagançylyga düşmegini bolsa «tragediýa» diýip atlandyraýmasaň başga näme diýjegiňi biler ýaly däl.
«Türkmenbaşynyň guran beýik binalary» barada aýtsak bolsa, hiç bir şäher, hiç haçan beýdip, köne dona täze ýama salmak arkaly ýagny, könäni ýykyp ýerine täzäni dikmek arkaly bäş-on ýylyň içinde gurulmaýar. Şäher ýüzýyllyklaryň dowamynda, kem-kemden özüniň özboluşly keşbine eýe bolýar. Şonuň üçinem, beýle ýykgynçylyklara derek, öňkä degmän, haýsam bolsa bir tarapdan täze Aşgabat gurlan bolsa, ony heran-haçan köne Aşgabat bilen deňeşdirmek üçinem amatly bolardy.
Türkmenbaşynyň gurduran «haý-haýly» jaýlarynyň–myhman-hanalarynyň, metjitleriniň, stadionlarynyň, banklarynyň we beýleki desgalarynyň aňyrsynda başga-başga zatlaryňam ýatandygyny bilermenler ogryn-dogrynrak hem bolsa baryp-ha şol wagtlaram aýdýardylar. Ýagny, olar şol gurluşyklary döwlet derejesindäki korrupsiýa bilen baglaýarlar. Mysal üçin, haýsydyr bir gurluşyk desgasynyň bahasy 10 mln dollarmyşyn diýeliň. Emma, türkmen tarapy işi ýerine ýetirmeli daşary ýurt firmasy bilen özara ylalaşýar-da, smetany çişirmek arkaly şertnamany 25 mln. dollarlyk baglaşýar. Netijede, şol gurluşyga hakykat ýüzünde sarp edilen harajatdan 15 mln. dollar artyk galýar. Ony kim-kimleriň öz arasynda paýlaşýandyklary bolsa çaga-da düşnükli. Beýle uly söwdanyň kiçi-girim adamlaryň arasynda edilmeýändigem belli. Egerde kiçi orunda oturan adam şolar ýaly ogurlyk etse, onda ol pul «haram» hasap edilýär, eýesine ýokmaýar, şonuň üçinem ol bendihana basylýar. Uly wezipede oturan adam etse, onda oňa el çarpylýar. Işdäsiniň şon deý açykdygy, islese ondan ulurak lukmanam ýuwdup biljekdigi üçin oňa guwanylýar, buýsanylýar. Uzak ömür, işinde üstünlik arzuw edilýär.
Egerde türkmeniň işewür ýigitlerden biri baraga-da, ýokarky agzalan desgany özüniň bäş milliona hem gurup beribiljekdigini aýtsa welin «arzanyň arzysy bolmaz» diýen ýörelgeden ugur alyp, oňa ol işi ynanmaýardylar.
Üstesine şol desgalary gurýan daşary ýurt firmalary esasy işçi güýçler çenli öz ýurtlaryndan getirýäridler we olara 700,800, hatda 1000 dollardanam gowrak aýlyk berýärdiler. Obalardan, etraplardan iş gözläp gelen türkmen ýigitleri bolsa, gazanç tamakinçiligi bilen şol desgalara tarap çozýardylar we baryşlary ýaly guluň-guluna öwrülýärdiler. Ýagny, daşary ýurtly işçiler öz alýan müň dollarlarynyň ujypsyz bölegini aýdalyň 100, 150 dollaryny berip, olary hakyna tutýardylar, özleri bolsa keýp çekýärdiler. Dürli sebäplere görä dawa ulaşyp, obaly ýigitleriň käte şojagaz haklarynam alybilmän «uwlaşyp» gidýän pursatlary-da bolýardy.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýüz beren medeni opurylyşyklar barada aýdyp otyrkak, Türkmenistan Sowet sosialistik respublikasyny döredijiler bolan G. Atabaýewiň, N. Aýtakowyň Aşgabatdaky ýadygärlikleriniň ýykylandygyny hem agzap geçsek kem bolmazmyka diýýäris.
Biziň pikirimizçe geçirilen bu çäräniň iki sebäbi bolmaly. Birinjisi: S.Nyýazowyň Türkmenistan döwletiniň gözbaşynda özünden gaýry ýene bir adamy göresi gelmedi. Ikinjisi: Ol heýkelleriň awtorlary M. Gorbaçewiň beren demokratiýasy döwründe Aşgabatda açylan, ýöne garaşsyzlygyň gelmegi bilen Nyýazow tarapyndan ganaty gyrlan «Agzybirlik» jemgyýetiniň işeňňir agzalary, heýkeltaraşlar M. Seýirmyradow we G. Ýarmämmedowdy.
Indi elipbiý çalşygy barada. Bu-da halkyň aglabasyny wagtlaýynça hem bolsa kör goýdy. Çünki, şol wagt onuň ýarysy-ha täze elipbiýi, ýarysam könäni okap bilmeýärdi.
Şol ýagdaýyň ýigriminji asyryň başyndan bäri dördünji gezek gaýtalanandygyny ýada salsak, türkmen halkynyň bu babatda näçeräk kynçylyk çekendigini näçerägem ýitgi çekjekdigini çak etmek mümkin.
Şolaryň birinjisi bilen ikinjisi, ýagny, ýigriminji asyryň ýigriminji, otuzynjy ýyllarynda höküm süren arap jeditçesi we latyn ýazuwy uzak ýaşamady. Üçünji – krilllisa welin uzak ýaşady. SSSR halklarynyň köpüsi (Baltika ýakasy döwletleriniň, Gürjüstanyň, Ermenistanyň öňden gelýän öz milli elipbiýleri bardy), şol sanda türkmen halky hem bilim-sowatlaryny kirillisa esasynda aldy. Ähli gazet-žurnallar, okuw kitaplary, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, dramaturglarynyň çeper eserleri, alymlaryň ylmy işleri ýetmiş ýyllap şol elipbiýde çap edildi.
Sowet döwrüniň sowatly adamlarynyňam öz ata-babalarynyň ulanan arap elipbiýini, dilini bilmeýändikleri üçin gadymy ýazuw çeşmelerinden bihabar galyp, hut şol sebäplem öz taryhyny, edebiýatyny köplenç ýewropaly, şol sanda ors awtorlarynyň ors dilinde çykan çeşmeleri arkaly, «çorbanyň-çorbasy» görnüşinde öwrenmäge mejbur boluşlary ýaly, indiki nesil hem öz halkynyň sowet döwründäki ýazylan taryhyny, edebiýatyny okamakda-da ylmy derejesini öwrenmekde-de ummasyz kynçylyklar çeker we ýene-de «çorbanyň-çorbasyna» elgarama bolar.
Garaşsyzlyk döwründe latyn elipbiýine geçilmeginiň sebäbini käbir adamlar: «Bütündünýä ylmyna, kompýuter sistemasyna aralaşmak üçin amatly» diýip düşündirjek boldular. Belki, şeýledirem, ýöne, birinjiden-ä Ýaponiýa, Hytaý, Hindistan, arap ýurtlary hem kompýutorlarynda latyn elipbiýini ulanmaýarlar we ylmy babatda hiç bir döwletden yza-da galmaýarlar. Öz gaýratlarynyň çatyşyna görä ösýärler. Ikinjidenem täze elipbiý girizjek bolsaň oňa uludan-kiçä hemmäni taýýarlamalydy, iň bolmanda sowet häkimiýetiniň ilkinji ýylarynda latyn elipbiýi girizilen wagty LIKBEZ yglan edilişi ýaly bir zatlar edilmelidi.
Görşümiz ýaly garaşsyzlykdan halkyň garaşan tamasy çykmady. Özüni milletiň atasy, ejesini bolsa enesi diýip yglan eden Nyýazow bolsa döwlet derejesinde alyp barýan opurlyşyklarynyň gerimini barha giňeltmek bilen boldy. Ýokarda sanalyp geçilenlerden başga ol indiki gurjak myhmanhanalary we beýleki desgalary üçin döwlet gaznasyny çişirmek maksady bilen, döredijilik işgärleriniň galam haklaryny-da ýatyrdy. Senzurany iň soňky derejesine çenli ýowuzlaşdyrdy, soňam döredijileriň derdinden ymykly dynmak üçin Ýazyjylar soýuzyny, Kompozitorlar soýuzyny, Arhitektorlar soýuzyny, Kinoçylar soýuzyny, Teatr işgärleri soýuzyny, TSSR Ylymlar Akademiýasyny, üýtgedip gurmak döwründe ýaz kömelegi ýaly paýraşyp çykan hususy neşirýatlaryň ählisini ýapdy. Içinde önümçilik bardygy üçin bolsa gerek, diňe Hudožnikler soýuzy galdy. Ýöne, onuňam oňurgasy ýazdyryldy. Diňe iki gözi ýyltyldap galdy. Önümçilikden beýleki içki guramaçylyk işleri, ýygnaklar, gurultaýlar barysy togtady. Döredijilik meselesem diňe satuw meselesine bagly bolup galdy.
Ýeke bir hususy neşirýatlar däl, hojalyk hasaplaşygyna geçendikleri sebäpli döwlet neşirýatlaram kitaplary hemaýatkärsiz çap etmeklerini bes etdiler. Kitap çykartmak üçin ýazyjylar ýa-ha jübülerine el urmaly, ýa-da hemaýatkär gözlemeli boldular. Emma ol usullaryň ikisem olar üçin amatly däldi. Baý ýazyjy-ha ýokdy, baýlar bolsa edebiýat, sungat ýaly girdeji getirmeýän närselere pul goýmak islemeýärdiler. Eýdip-beýdip çykardaýanyňda-da satmak hyllallady. Çünki, kagyz gytçylygy zerarly kitaplar gymmata düşýärdi, halkda bolsa onça pul çykaryp kitap alara pul ýokdy. Netijede, kitap dükanlarynyň tekjeleri S. Nyýazowyň öz ýazan kitaplaryndan, şeýle-de düýbünden näbelli, öň sana geçmedik, indem özleri ýaly «zehinlere» ýol açyldygy hasap edýän heýjanelekçi ýazyjy-şahyrlar tarapyndan çykarlan kitaplardan doldy.
Gynansak-da, şolar ýaly heýjanelekçileriň hataryna öň atly, abraýly hasap edilip ýörlen ýazyjy-şahyrlardanam goşulanlary boldy.
Garasanawa düşenler barada-ha gürrüňem ýok.
Ýagdaý köp garaşdyran kagyz kombinatynyň işe başlamagy bilenem üýtgemedi. Kitaplaryň, gazetdir-žurnallaryň özüne düşýän gymmaty kemelmedi. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ol kombinat bütinleý ýatdy.
«Heýjanelekçilik» keseli syýasata öwrüldi we bütin ýurda, ula-kiçä, ähli kärdäki adamlara ýokaşdy. Ruhy kesel hökmünde dert bolup döredi. Jemgyýetiň süňňüni lagşatdy. Halkyň aňkasyny aşyrdy. Beýnisiniň iç ýüzüni ýara etdi. Olar hatda radio wagtyň näçedigini aýtjak bolsalaram: «Sarpaly hem baky beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Birleşen Milletler Guramasynda bir ýüz segsen bäş döwletiň wekilleri tarapyndan ykrar edilen, Garaşsyz hem Baky Bitarap ýurdy bolan Türkmenistan diýarymyzda sagat pylança boldy, ýa-da: «Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň düýbüni tutujy, halkymyzyň maňlaýyndan Gün bolup dörän sarpasy belent baky beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygyndaky «Watan» radio ýaýalymynyň «Ylham» edebi gepleşigi ýaýlyma çykdy» diýýärdiler.
Radioda ýa telewideniýede äte şular ýaly has gülkünç sözlerem eşitmek bolýardy: «Türkmenbaşynyň Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşy seýilgähinde gurlan ýadygärligiň açylyşyna gatnaşmak üçin Aşgabatdan Türkmenbaşynyň «Bongi» Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşy şäherine gondy»
Şular ýaly zatlary halk biri-birine «anekdot» hökmünde aýdýardy we olar muňa uzak wagtlap gülşüp gezýärdiler.
Mahabatly sözlere öý pişigi kimin meýmireýän, iň bir ujypsyzja tankydam özüne tarap atylan top oky hasap edýän, zarbyna döz gelibilmän gamyş kimin galdyrap, simap kimin sandyraýan Nyýazow bolsa syýasy garşydaşlaryny gyrakladyp, häkimligini doly berkidýänçä «heýjanelekçileriň» ählisine diýen ýaly gysganman at, baýrak berdi, aýagy ýer tutup başlandanam olary özünden ýeke-ýeke daşlaşdyrdy. Ahyram olardan ymykly dyndy-da, özüni çeper höwesjeňleriň gujagyna oklady. Şondan soň atmy, baýrakmy ýa sylagmy näme berse şolara berdi. Onda-da ýüzüne öz suraty çekilen türkmen manadyndan däl-de, göreşde manatdan üstün çykan amerikan dollarlaryndan berdi. Atasyndan miras galan maly bar ýaly kä goltuk, kä gapdal jübüsinden çykaryp paýlady. Şeýtmek bilen onuň özüni öwmeýän, hususan-da işsizlikden kösenýän, pulsuz oturan döredijileri ymsyndyrasy, emendiresi, oýna goşasy, hapa bulasy gelýärdi. Ýöne, hernäçe pul seçelese-de hasaby dogry çykmaýardy. Işsizlik zerarly maddy kynçylyk çekýän hem bolsalar, özüni sylaýan öz döredijiliklerine hormat goýýan döredijiler welin erjellik bilen dymýardylar. Dollarlara, gyzyl zynjyrlara imrinmeýärdiler.
Wagtyň geçmegi bilen, öň kompartiýany, Lenini, Stalini, soňam ýüzlerini çytman Saparmyrat Türkmenbaşyny wasp eden döredijileriň birnäçesi-hä özleriniň taryp eden mugt kepenlerine çolanyp ýurtlaryny täzelediler, diri galanlaram halkyň gözünden ymykly düşdüler. Çünki, olar öwgi üçin üýtgeşikden-üýtgeşik sözler tapmak üçin biri-birleri bilen ýaryşýardylar we iňňän göz-gülban, käte bolsa ýatlap geçen närselerimizdenem has gülkünç ýagdaýa düşýärdiler.
Netijede, şol döwür dördijilik işgärleriniň Prezidenti goldaýanlara we goldamaýanlara bölünen iki topary emele geldi. Goldaýanlar-a «heýjanelekçiler» goldamaýanlaram «gara sanawdakylar». Olaryňam atlary aşaklyk bilen ähli döredijilik edaralaryna, redaksiýalara, radiodyr-telewideniýä ýaýradylýardy. Ondaky awtorlaryň ýeke bir eserlerini bermezlik däl, eýsem atlaryny tutmagam gadagandy. Geň ýeri şol sanawda B. Kerbabaýew, Alty Garlyýew, Baba Annanow ýaly birwagtlar dünýeden ötüp giden bir wagtlar türkmen sungatynyň we edebiýatynyň gözbaşynda duran adamlaryňam atlary bardy. Olaryň ýazan eserleri çap edilmeýärdi, goýan ýa oýnan filmleri görkezilmeýärdi. Alty Garlyýewiň adynyň hatda «Türkmenfilm» kinostidiýasyndanam aýrylandygynam aýtsak, ýagdaý has düşnükli bolar.
Soň kinostudiýa Oguz hanyň adyny dakdylar. Ýöne, Oguz hanyň kinostudiýa näme dahlynyň bardygyny welin bilýän ýok. Çünki, ol serkerde. Onuň adyny harby instituta ýa şoňa meňzeş bir ýerlere dakmak bolar, ýöne kinostudiýa welin...
Türkmen sowet edebiýatynyň nusgawylarynyň biri hasap edilýän ýazyjy Hydyr Derýaýewiň bolsa «Ylham» seýilgähinde ýadygärligem goýulmady.
Men başda edil «gara sanawda» däldim. Ýöne, «aklaryň» arasynda-da ýokdum. «Zatlaryny seresap bolup bermeli» diýen goňrumtyl, aralyk bir sanaw bardy. Men ana, şolaryň arasyndadym. Şonuň üçinem, ýagdaýym redaktorlaryň batyrlyk derejesine baglydy. Şolar ýürek edip goýberibilseler, içinde-de syýasata degişli ýa tankydy äheň bolmasa seýregrägem bolsa çykýardy.
Galyberse-de, 1993-nji ýylyň awgustynda, Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýe agzalarynyň Prezidentiň hut özüniň gatnaşmagynda köşgüň içinde geçirilen ýygnanyşygynda eden çykyşym (bu barada men yzda giňişleýin gürrüň bererin), käbir «batyrgaý» redaktorlaryňam menden gutarnykly ýüz öwürmeklerine we gutarnykly suratda gara sanawa düşmegime sebäp boldy. Gara bulut gelip üstüme abandy. Howa garaňkyrap başlady.