21:41 Garaşsyzlyk döwri -3: Garaşsyzlyk kime, näme berdi? | |
3. GARAŞSYZLYK KIME, NÄME BERDI?
Publisistika
Garaşsyzlyk kime näme berenem bolsa, öňi bilen «kom» bolmasa «dem» ekeni», diýäge-de, bir günüň içinde partiýasynyň adyny üýtgeden Prezident Nyýazowyň özüne, şeýle hem şonuň bilen blelikde sowet hökümetine gulluk edip gelen, bir günüň içinde gyzyl biletlerini ýaşyl bilede çalşan öňki kommunistlere, şolar kysmy edara ýolbaşçylaryna, baýlara berdi. Bir üýtgän zat, olaryň wezipe atlary: TKP MK-nyň Birinji sekretary – Türkmenistanyň Prezidenti; Obkomyň sekretary – Welaýat häkimi; Raýkomyň birinji sekretary – etrap häkimi; Kolhoz başlygy – ilki daýhan birleşiginiň arçyny, soň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy; Oba geňeşiniň başlygy – häkimi we ş.m. Ine, şolaryň hemmesi hakykatdan-da Moskwanyň syýasy hem-de ykdysady zynjyryndan boşap, öz halkyny ondan biidin, özbaşdak, isledigiçe ezmäge hukukly erkin emeldarlara öwrüldiler. Prezident bolsa, tankydy ýatyrmak, Gorbaçýowyň beren aç-açanlygyny gadagan etmek, demokratiýany bogmak arkaly olaryň şol hukuklaryny resmileşdirdi. Garaşsyzlyk ýeke bir öňki soýuzyň mirasdüşerleri bolan kommunistlere däl, döredijilik meýdanyndaky öň san ýetmän ýören körzehinlere, puly gowy görýän jelep aýal ýaly pul, wezipe, at, baýrak, şöhrat, ordendir-medal ýaly aldawaçjagazlaryň öňünde süňňüni saklap bilmeýän çemeçillere-de köp zat berdi. Olar sürlenişip Prezidentiň goltugynyň aşagyna sümüldiler, onuň pökgüje garnynyň ýylysyna ýagyrnylaryny çoýdular, türkmen halkynyň milli häsiýetine gelişmeýän ýeňleslik bilen eglip elinden öpdüler, diňgöklerine bakyp «heýjanelege» gygyryşdylar. Prezidentem olaryň pöwhe sözlerden ýaňa aňkap duran agyzlaryny boş goýmady. Guýruk gapdyrdy. Emretdi, semretdi. Şama-şaýyrda goşulmaýan döredijileri bolsa gysdy, ýanady, gadagançylyga saldy. Netijede «gara sanawdakylaryň» sany öňküsindenem köpeldi. Olara maddy hem ruhy taýdan agyr zarbalar uruldy. Garaşsyzlyk maňlaýlary daş ýarýan, uly-uly banklara asmandan ýol salmagy başarýan, bir eli Prezidente bagyşlanan goşguly, beýleki eli «müşdükli» bezirgen kişilere hasam köp zat berdi. Olar turuwbaşdan SSSR-iň çägindäki pul birliginiň üýtgemändiginden ussatlarça peýdalandylar we demokratiýa, aç-açanlyk ugrunda garaçynlary bilen göreşip ýörenleriň üstünden «mys-mys» gülşüp, jübülerini halkyň wagtynda berilmedik nagt aýlyklaryndan dolduryp, öňki soýuzyň dürli künjeklerine tarap jyn dagan ýaly dagadylar we kimsi dürli-dürli satlyk maşynlardan, kimsi içi telewizor, holodilnik, geýim-gejim, azyk ýaly halkyň sarp edýän harytlaryndan mas ýüklenen wagonlardan kerwen ýasap yzlaryna dolandylar. Birbada peýdasynam gördüler. Emma olaryň «myssyjak» gülküleri uzaga çekmedi. Öňki sowet respublikalarynyň hersiniň öz pul birliginiň döremegi bilen, giň ýaýrawly «rubl» aradan aýryldy, goňşy obadan gelen pälwan ýaly döşüni gaýşardyp bir ýerlerden amerikan dollary peýda boldy. Onuň has dyzmaçlyk görkezip öňe çykmagy bilen, birbada bezirgenleriň örüsi daraldy, günsaýyn köpelip gidip barýan hususy kärhanalaryň «hor-hory» azaldy. Olaryň eýeleri aňsat ýol bilen pul çişirmekden mahrum boldular. Gazananjalaram gar ýaly eredi. Birentekleriniň bolsa Orsyýete ugradan içi harytly tirkeş-tirkeş wagonlary tutuş kerweni bilen gürüm-jürüm boldy. Gatnaý-gatnaý ne harytlaryndan derek tapdylar, ne-de haklaryny alyp bildiler. Olara hat-da halkara arbitražlary hem kömek edip bilmedi. Badyny gowşatman gidenler diňe ministrlerden, olaryň orunbasarlaryndan, edara ýolbaşçylaryndan, häkimlerden, bank eýelerinden we olaryň işlerini ýöredip berýän ýakyn adamlaryndan ybarat bezirgenler boldy. Ýöne, basym olaryňam bady gaçdy. Olaryň badyny Prezidentiň özi aldy. Başda: «Türkmen baýlaryny döretjek» diýip, birtaraplaýyn, sada daýhany gözden salyjy syýasatyny açykdan-açyk yglan edenem bolsa, gapdalyndan birdenkä bir güýçli baýyň ýa-da baýlaryň döräýmek gorkusy Prezidenti eýmendirdi. Çünki, beýle baýlaryň öz pullaryna daýanyp halky öz tarapyna çekmegi, syýasata goşulmagy, partiýa döretmegi, demokratiýa arka durmmagy saýlawlara gatnaşmagy, Prezidentiň kürsüsine dalaş etmegi, belki-de ýeňiş gazanmagy mümkindi. Sebäbi, taryha ser salsaňam döwlet agdarylşyklarynyň başynda hemişe baýlar, buržuaziýa durupdy. W. I. Lenin: «Işçi-daýhan rewolýusiýasy» diýip hernäçe gaýtalasa-da, garamaýak ol zatlara goşulmaýardy we oňa guramaçylygam edip bilmeýärdi. Muny bir wagtlar K. Marksyň özem boýun alypdy. Türkmenbaşynyňam akly bu zatlara gowy ýetýärdi. Mundan soň Spartagyň döremejekdigini, esasy meseläniň baýlaryň jylawyny berk tutmakdan ybaratdygyny bilýärdi. Şonuň üçinem, şol döwür ownuk we orta söwdagärler ýurduň ykdysady hem-de syýasy ýagdaýlary sebäpli çöken bolsalar, sähel watyň içinde gatbar-gatbar jaýlar galdyryn, telim ýerden mülk alyp, halkyň müňlerçe mallaryny öz atlaryna geçiren has göze ilginç, günüň-gününe ösüp barýan baýlaryň bokurdagyny Prezidentiň hut özüniň güýçli gollary gysdy. Has howplurakdyr öýdenlerini bolsa sözüň doly manysynda ýok etdi. Gepiň gysgasy ozal Mokswadan bidin ulurak hajathana-da gurubilmeýän, syýasy hem ykdysady taýdan kemsowat döwlet we edara ýolbaşçylary bazar ykdysadyýetiniň iň bir ýönekeýje synaglaryna-da döz gelip, talaplaryndan baş çykaryp bilmediler. Halk, ýurt, Watanyň ertirki ykbaly barada akylly-başly oýlanmaklygy başarmadylar. Garaz, garaşsyzlygy «Artygyň harmanydyr» öýtdüler. Diňe öz bähbitlerini aradylar. Diňe öz jübüleriniň aladasyny etdiler. Mahlasy, halkyň, döwletiň baýlygyndan «kim köp ýolmaşyk» oýnadylar. Has beterem Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny olar entek SSSR doly dargamanka, heniz birmeňzeş pul birliginiň hereket edip, respublikalaryň azyk kartoçalaryny girizen wagty, ähli araçäkleriň, ykdysady söwda gatnaşyklarynyň alaň-açyk durandygyna garamazdan, özüni olardan gaýratly, halkyň, bol-elin ýaşadýan adam hökmünde görünmek üçin, biziň Prezidentimiz il ýaly kartoçka düzgünin-ä bir girizmedi, üstesine dükanlardaky mesgäni, uny, ösümlik ýagyny, aragy, çaýy, eti, duzy, çöregi, tüwüni, awtomobil ýangyjyny we başga-da birnäçe önümleri öz halkyna beýleki respublikalaryňka görä has arzan nyrhdan satyp başlady. Çemeçil söwdagärler onuň bu ýalňyşynam ur-tut öz peýdalaryna ulandylar. Ýagny, bu ýeriň arzan bahaly harytlaryny beýleki respublikalara wagon-wagon edip ugratdylar we baran ýeriniň bahasyna satyp, mugt ýerden millionlarça manat girdeji gazandylar. Ol pullary dolanşyga salyp, onuňam peýdasyny gördüler. Ýeke bir söwdagärleriň däl, şol döwür türkmenistanda ýaşap ýören gaýry milletleriň poçta arkaly soýuzyň beýleki respublikalarynda, hususan-da Orsyýetde ýaşap ýören dogan-garyndaşlaryna ugradan ýa görme-görşe gidende öz ýanlary bilen alyp giden bahaly harytlarynyň özem ummadan çykandyr. Bu oňaýsyz ýagdaýam hä diýmän öz netijesini görkezdi. Türkmenistanda haryt gytçylygy döredi. Diňe şondan soň, mejbury ýagdaýda Prezident Nyýazow hem öz halkyna azygy kartoçka boýunça berip başlady. Haram bolmasa iýen lukmalary ajykýan ýerlerine baryp ýetmeýän «hajymellikler» welin indi halkyň kartoçka arkaly alýanja harytlaryny hem dürli ýollar bilen «gyrp-çyrp» edip başladylar. Elbetde, oňaýly bolsun, oňaýsyzbolsun, tapawudy ýok, islendik zat öz netijesini berýär. O-da öz netijesini berdi. Öýkeni görnüp ugran döwlet kartoçka berilýän harytlary ýeke-ýeke sanawdan aýryp başlady. Ahyrsoňunda şonuň diňe öl-ä mugt berilýän kepeni bilen duzy galdy. Şondan soň bar agram beýleki döwletleriňkä görä has bol hem arzan hasap edilýän benziniň boýnuna düşdi. Söwdagärler o ýagdaýdanam peýdalandylar. Goňşy döwletlere dürli ýollar bilen, kanistrden başlap wagon doly ýangyçlar daşaldy. 2003-nji ýylda ýalandan ýygnalan iki ýüz elli million tonna bugdaýyň üçden bir bölekdenem gowragynyň goňşy Gazagystandan benzine çalşylyp alnan unuň hasabyna doldurylandygy barada şol döwür halk arasyna gürrüň ýaýrady. Elbetde, «halk aýtsa galp aýtmaz» diýipdirler. Onsoňam, ykdysady bolsun, syýasy bolsun, tapawudy ýok, emeli göterimler çökmek bilen bolýar. Türkmenistanda hem şeýle boldy. S. Nyýazowyň welin utulanyny boýun alasy gelmedi. Gaýtam: «Men basym nany mugt etjek», diýip, başga bir gülkünç gep tapdy. Nan welin mugt bolmakdan geçen, gaýtam gitdigiçe gymmatlady. Onuň gaz, tok, suw, duz mugtçylygy hem şolar ýaly ýagdaýa düşdi. O zatlaram edil çörek ýaly halkyň o jübüsinden alyp, bu jübüsine salmak ýoly bilen amala aşyryldy. Ýagny, şol zatlaryň hakyky nyrhy halkyň aýlygyndan tutulýardy. Özem aýtman, bildirmän ony peseltmek arkaly tutulýardy. Şonuň üçinem, şol döwür halkyň aýlygy hakyky bolmalysyndan köp esse azdy. Býujeti çişirmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna müňlerçe iş orunlary kemeldilýärdi. Işden boşatmak bolsa şeýle bir aňsatlaşypdy welin, bir agyz: «Şertnamaň doldy» diýäýmelidi. Işden boşadylan adamlaryň aýlyklarynyň hasabyna beýlekileriň aýlyklary köpeldilýärdi. Ýöne olaram barybir haklaryny aýba-aý alyp bilmeýärdiler. Edil oba ýerlerindäki ýaly şäher edaralarynyň aýlyk haklaram lükgesi bilen kimdir biriniň eline düşüp, öwrüm edýärdi, dolanşyga girizilýärdi, köp-köp adamlary baýadýardy. Işsizligiň köpelip gidip barýandygy bolsa hiç kimiň gözüne ilmeýärdi. Oba ýaşlary ýüzläp, müňläp paýtagta çozýardylar we ýokarda belläp geçişimiz ýaly sähelçe pul üçin guluň-guluna öwrülýärdiler. Garaşsyzlygyň S. Nyýazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilen başky döwründe ýapylan kolhoz-sowhozlaryň, deregine-de akylly-başly oba hojalyk syýasatynyň işlenip düzülmezligi, hojalyklaryň emläklerini hususylaşdyrmaklygyň başly-barat, üstesine-de düýbünden ters, gödek suratda, alan-aldylyk görnüşinde alnyp barylmagy hem emeldarlaryň peýdasyna boldy we kolhoz-sowhozlaryň emläkleriniň, mallarynyň, klublarynyň, saraýlarynyň, şol saraýlardaky demir gurallarynyň, enjamlarynyň talaňa salynmagyna, dumly-duşa dargadylmagyna getirdi. Şol zatlar döwletiň ýa halkyň däl-de, diňe şol bir zady hususylaşdyran adamyň jübüsini galňaýdy. Hakyna seredeniňde welin, hususylaşdyrylan zat döwlet üçinem, hususyýetçi üçinem bähbitli bolmalydy. Girdejisiz, döwletiň boýnunda aýaklaryny sallaşyp oturan hojalyklar, edaralar ýa kärhanalar hususylaşdyrylandan soň girdeji berýän hojalyklara öwrülmelidiler, baýamalydylar, gazançlaryndan önjeýli salgyt töläp, döwletiň gaznasyna ummasyz goşant goşmalydylar, halky eklemelidiler. Bizde welin bar zat teridne boldy. Mysal üçin, kimdir biri kolhozyň saraýyny hususylaşdyrdy. Onuň kem ýerini abatlap, ýetmezini düzedip enjamlaşdyryp içinde işgär işledip, girdeji gazanmakdan geçen ol gaýtam saraýy sökdi, kerpijini, pürslerini, tagtalaryny, beton plitalaryny, armaturadyr-turbalaryny, äpişgeleridir-işiklerini goparyp aldy we çem gelene, çem gelen bahasyna satdy. Netijede saraýam ýok, girdejem ýok, salgydam ýok. Tamam! Desga hususylaşdyrylan wagty kesilen nyrh hem şol usul boýunça, ýagny, «maňa-da bolsun, saňa-da» diýen usul boýunça resmileşdirildi. Saraýyň bahasy mysal üçin şol wagtky puluň şol wagtky nyrhy bilen üç million manada durýan bolsa, resmileşdiriji ony hususyýetçä bäş ýüz manada deňläp berdi. Ýöne ol munuň üçin hususyýetçiden özüne-de bäş ýüz manat talap etdi. Hususyýetçi soň saraýy söküp, satyp bäş-alty milliona çenli pul gazandy ýa-da şol serişdelerden özi üçin ullakan jaý saldy. Desgadan bolsa derek galmady. Daşyndan seretseň bu ýagdaý kanuny hususylaşdyrmaklyga däl-de bazar söwdasyna meňzeýärdi. Kolhoz-sowhozlaryň beýleki emläkleri hem şol güne düşdi. Süri-süri mallar, fermalar, suwarymly ýerler hususylaşdyrmak arkaly ur-tut etrap we welaýat häkimleriniň, arçynlaryň, söwda we bank ulgamyndaky ýolbaşçy işgärleriň, ministrleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem şol adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň eline geçdi. Düýn-öňňünjigem gapysynda ýekeje gotur geçisem bolmadyk, aýlygyna ýaşap ýören kimdir biriniň bir ýylyň içinde telim bölek mally bolup ötägidiberişini, düýn-öňňünjigem edarasyna üpül-süpül eşikli gatnap ýören başga biriniň birdenkä tüçjar baý bolup, özbaşyna bank ýöredip, gatbar-gatbar jaýlar saldyryp, bäş-on sany daşary ýurt maşynyny edinip, her ogluna, her gyzyna köşk galdyryp ýörşüni ýokarky sebäplerden başga näme bilen düşündirip bolar? Dogry, mal berildi diýsem-ä ýalançy welin, üleşikden göz üçin «garamaýaklara-da» ýer-mülk berildi, ýöne suwsuz, toksuz, şor we ot basyp ýatan, ýowuz ýerlerden berildi. Hatda oba arasynda, etrap merkezlerinde mellek paýlananda-da şol usul öz hökmüni ýöretdi. Emeldarlar täze mellegi tokly, suwly, gazly, medeni çäge golaý ýerlerden aldylar, «garamaýaklary» bolsa çetden-çete, tozap ýatan, hiç bir amatlylyklary bolmadyk ýerlere zyňdylar. Şeýlelikde, Prezident S. Nyýazowyň türkmen baýlaryny döretmek syýasaty halkyň hasabyna amala aşyryldy. Daýhan işledi, ýöne garyplaşdy, işlemän gazanýanlar bolsa baýady. Metbugat welin olary «halal baýlar» diýip atlandyrdy. Kärhana açyşlyk keselem edil şol terzde bolup geçdi. Barlynyňky ýöredi, barsyz bendeleriňki ýöremedi. Prezident Nyýazowyň tä ömrüniň ahyryna çenli ürç edip gaýtalaýan sözi bilen atlandyrylýan «garamaýaklar» üçin ähli ýollar ýapyldy, işleri bökdedilip, kagyz-petekleri ýoýuldy, bulaşdyryldy. Olayň hatda Daýhan birleşiklerinde işläp gazananja haklary hem dürli ýollar bilen saklanyp, barlylaryň haryt dolanşyklary üçin ulanyldy. Daýhanlaryň ýyllyk hasabatdan soň almaly bir ýylky girdejileriniň saklanyp, döwlet derejesinde karamçylykly ulanylan gezeklerem boldy. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň daýhanlarynyň (hususan-da Sarahs, Babadaýhan, Tejen etraplarynda) 1996-njy ýylky girdejileri telim wagtlap saklandy we ahyrsoňy ýitip gitdi. Şol puluň dereksiz gitmegine alada bildirip, 1997-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda hökümet tarapyndan «iş gozgaldy» we şol ýiten pul sud edildi. Yz çalyndy. Ýöne, aňtaýjylar ol puluň aýak yzlarynyň baryp Prezident köşgüne girýändigini gördüler-de ümsümjek yzlaryna dolanaýdylar. Gepiň gysgasy garaşsyzlygyň Türkmenbaşa degişli döwri halka hiç hili oňaýlylyk getirmedi. Prezident tarapyndan «Garamaýak» diýen hormatly ada mynasyp bolan daýhany bolsa, öňküje güzeranyndanam aýyrdy. Bolşewiklerden aldanyşy ýaly ol bu gezegem aldandy. Şeýle hem ol özüniň hak-hukugy ugrunda syýasy serişdeler arkaly göreşip bilmeýändigini, hüý-häsiýeti taýdan göreşiň täze usullaryna werziş däldigini, özüni halas edere hemişe daşardan bir güýjüň özüni girdapdan halas ederine garaşyp ýören, kysmata kaýyl, diş gysdy, Nyýazowyň talap edişindenem bäş beter işjanly halkdygyny ýene bir gezek subut etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |