21:41 Garaşsyzlyk döwri -4: Türkmenbaşy kimdi? | |
4. TÜRKMENBAŞY KIMDI?
Publisistika
Bir söz bilen aýdanyňda ol hiç kimdi. Eýle bolsa ol nädip şonça ýylap SSSR ýylkylmazyndan öňem, soňam biregne Türkmenistan dek uly bir döwlete ýolbaşçylyk edip bildikä? Aslynda ol şol derejä nädip ýetdikä? Muňa bije diýseňem bolar, nesibe diýseňem. Çünki, SSSR döwründe-hä Moskwada oturan «kelleler» tarapyndan «hiç kimleriň» hut gereklebnýän wagtydy. Olaryň N.Aýtakow, G.Atabaýew ýaly akylly-başly, özbaşdak pikir ýöredip bilbän adamlary indiberin golaýlaryna getiresleri gelmeýärdi. Getirmeýärdilerem. Aýdylan zady gep-gürrüňsiz ýerine ýetirýän, hiç hili sorag bermeýän hiç kimleri, ýagny nollary töwereklerine toplamak arkaly özlerini beýgeldýärdiler. S.Nyýazow hem şolaryň biridi. 1967-nji ýylda Leningradyň Politehniki institutyny tamamlap gelen badyna ol Büzmeýin şäherindäki GRES-de ilki ussa, soň uly ussa bolup işledi. Ana, şol wezipe hem onuň tebigat tarapyndan berlen döredijilik mümkinçiliginiň aňrybaş çägidi. Çünki, her bir adamyň özüniň aňrybaş we bäribaş mümkinçiligi bolýar. Şondan aňry süýşürseňem, bäri süýşürseňem bolanok. Şonuň iň howplusy onuň aňry süýşürilmegi, ýagny ýokary çekilmegi. Şonda onuň özem bulaşýar, beýlekilerem bulaşdyrýar. Özüniň hakykatdan-da şol orna mynasypdygyna ynanyp başlaýar, men-menlige ýüz urýar. Ýeten derejesinden aşak gaýtmazlyk üçin elinde baryny edýär. Nyýazow hem şol döwrüň talabyna görä, özüniň «hiç kimlik» mümkinçiligini doly güýjünde ulandy we syrty bilen süýşenekläp, el-aýaklary bilen emedekläp barşyna üç ýyldan soň ilk-1 TKP MK-nyň senagat hem ulag bölüminiň instruktorlygyna, soň şol bölümiň müdirligine, 1980-nji ýylda bolsa partiýanyň Aşgabat şäher sowetiniň birinji sekretarlygyna çenli baryp ýetdi. Kremlde oturan ýiti gözli «kelleler» bu galjaň türkmen ýigidiniň internasional maşgalalylygy taýdanam partiýalylygy taýdanam ýumşa ilgezekliligi taýdanam özlerine gerekli adamdygyny basym aňdylar we has hem kämilleşdirmek üçin wagtlaýynça öz ýanlaryna işe çagyrdylar. Şol ýerde ol bir ýyl gowrak işledi we partiýanyň Kursk hem-de Otýol oblast komitetine MK tarapyndan gözegçilik etdi. 1985-nji ýylyň başynda ol ýerden gaýdyp geldi we Türkmenistanyň Ministrler sowetiniň başlygy wezipesini eýeledi. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa Moskwa tarapyndan TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna bellendi. Şondan soň tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan döwletine ýolbaşçylyk etdi. Onuň fenomeni barada aýdylanda bolsa, içi boş pak şänigi ýa-da üflenip çişirilýän ýukajyk şary göz öňüne getirmek bolar. Ol özüni gowy görýärdi, öz-özüne guwanýardy, heýjanelekçileriň aýdyşy ýaly özüniň Hudaýtarapyn iberilen pygamberdigine ynanýardy. Munuň hakykatdanam şeýledigini subut etmek üçin ol käte welilik satýardy. «Pylan güni ýagyş ýagar ýa ýagmaz» diýýärdi. Dogry gelmese «Howa maglumatlary býurosynyň» başlygyny işinden aýyrýardy. Bir ýere baranda öň ýagyp duran ýagyş diňäýse dagy: «Gördüňizmi, indi ýagmaz, diýýärdi. «Men Hudaý bilen gürleşdim, şunça gün ýagyş ýagdyrma, halkym ekin ekmeli diýdim, siz indi arkaýyn ekişe başlaberiň» diýýän wagtlaram bolýardy. «Aýdyjy akmak bolsa diňleýji dana gerek» diýipdirler. Ýöne, Türkmenbaşynyň diňleýjileri parasatlylyk taýdan özünden kän-kän aşakdadylar we onuň ýarym degişme bilen aýdan sözlerini bir depik gumy bilen garbap alyp asmana göterýärdiler, syýasatlaşdyrýardylar, dünýä ýaýratýardylar, daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň öňünde: «Sizde-de şular ýaly adam barmy?» diýşip, ony güjeňleýärdiler. Ýöne, onuňam özüni pygambere deňän mähriban halkyny ýalançy edesi gelmedi. Bir gün kellesini tutup oturşyna: «Ras, men pygambermi, onda meniň öz kitabym bolmaly», diýen netijä geldi. Çünki, kitapsyz pygamber hakykatdan-da, hakyky pygamber hasap edilmeýär. Isanyň – Injili, Musanyň – Töwraty, Dawudyň – Zebury, Muhammediň – Kurany, Otparazçylyk dininiň pygamberi Zaratuştranyň «Awestsy», Buddanyň «Ýasynlary» bar. Iň bärkisi dünýä liderligine dalaş eden A.Gitleriň «Maýn Kamf» atly kitaby, Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň «Ýaşyl kitaby» Amerikanyň Prezidenti Ruzweltiň 1923-30-njy ýyllarda Amerikany çökgünlikden çykaran, tutuş jemgyýetiň süňňüni täzelän «Täze ýol» taglymaty bar. Iň bärkisi SSSR-e nijembir ýyllap ýolbaşçylyk eden L.I.Brežnew näme şoňňam üç bölümden ybarat kitaby bar-a! Egerde şeýle bolsa, näme üçin hem pygamber hem lider hasap edilýän, käte Hudaýyň ornunda ady tutulýan Saparmyrat Türkmenbaşynyň özbaşyna mukaddes kitaby bolmaly dälmişin? Ýa bu işiň onuň ýanynda müşgülligi barmyşynmy? Ýok! Müşgülligi ýok! Kellä geldi gutardy! Bolaýmaly! Ýazylaýmaly! Özüň ýazybilmeseň başga birine ýa birlerine ýazdyraýmaly! Ine, şeýdibem telim ýyllap halkyň aňkasyny aşyran, mekdeplerdäki ýokary okuw jaýlaryndaky dersleriň barsynyň depesinden basyp, bir özi öňe çykan «Ruhnama» kitaby dünýä indi. Dini äheňiniň düşnüginiňem ýokdugyna garamazdan ony «Mukaddes Ruhnama» diýip atlandyrdylar. Saparmyrat Nyýazow Mustafa Kemal Atatürküň edişi dek özüne mahabatly at dakdyrmaklygam ýadyndan çykarmady. Ata-enesiniň dakan adyny, uly iliň beren Prezident adyny az görýän ýaly özüne Türkmenbaşy diýen täsin bir at aldy. Mustafa türkleriň atasy bolan bolsa bu türkmenleriň başy boldy. Ýene bir häsiýetli tarapy hökmünde öwünjeňligini mysal getirmek bolar. Ol özüniň türkmen halkyny şeýle gysga watyň içinde «altyn asyra» getirendigini, türkmen halkyny görlüp eşidilmedik derejedäki elpe-şelpeligiň üstünden eltendigini, ykdysady taýdan şeýle çalt hem netijeli ösýän ýurduň ýer ýüzünde başga ýokdugyny öwran-öwran nygtamagy gowy görýärdi. Hemmelerdenem şony talap edýärdi. Şeý diýmedigi ýigrenýärdi. Işden kowýardy. Halk duşmany watan dönügi hasap edýärdi. Heýjanelekçilerem ony gaty bir irikgä edip duraýanokdylar. Her agyzlarynyň birinde: «Türkmenbaşy dünýäniň ähli liderlerine sapak berdi...», «biz zor...», «Türkmen ýaly halk ýer ýüzünde ýokdur...» we şuňa meňzeş samyrdylar. Onuň göwnünden turjak bolsaň, nemes generallarynyň Gitlere: «Maýn Fýurer» diýişleri ýaly: «Beýik serdarym» diýip ýüzlenmelidi. Aýak aldygyna öwmelidi. Özem ýüzüne öwmelidi. «Dostuňy ýüzüne öwme» diýen nakyl bolsa bolubersin, özüne eşitdirilmän aýdylýan öwgüni ol öwgi hasap etmeýär. Özüni öweniň tanapy çüýrük» diýen nakylam oňa degişli däl. Öwenoklarmy, öwünip bilenokmy, diýmek öwünere zatlary ýokdur. Hiç zat eden däldirler. Bitiren goşlary ýokdur. Başarnyksyzdyrlar. Şara meňzedilmegine düşündiriş berenimizde bolsa, onuň göwresindäki öwgi sygymynyň giňelmek mümkinçilikleriniň çäksizdigini aýtmak bolar. Şonuň üçinem, heýjanelekçiler onuň ýarylmak ahtimallygyndan birjik-de gorkman isledikleriçe çişirip bilýärdiler. Ýogsam onuň darka ýarylaga-da para-para bolmagyna bir wagtlar çen bolupdy. Üfleý-üfleý heýjanelekçileriň halys ýelleri gutarypdy. Ol bolsa şo-ol, giňelip gidip otyr – gidip otyr. Doýmakdan, dolmakdan geçen gaýtam ýene-de ýel küýseýärdi. Öňküdenem has köp ýel bermeklerini, çişirmeklerini isleýärdi. Islendik diktatora mahsus bolşy ýaly, onda-da gorkaklygam ýok däldi. Esasanam öz raýatlaryndan gorkýardy. Şonuň üçinem türkmen durmuşynyň islendik älemine gadagançylyk girizýärdi. Şeýle hem öz tebigaty boýunça «kyrkemjekdi». Iň ökde tarapam şoldy. Hersiniň agzyna bir emjegini tutduryp bir wagtyň özünde birnäçe adamyň göwnüni awlap bilýärdi. Töwereginde özünden başga adamyň görünmegini islemeýärdi. Hemmeleri aýakbagy, bir özüni ýükçi iner hasap edýärdi. «Asmanda ýeke Gün bardyr» diýmek bilen, muny onuň heýjanelekçilerem birsyhly terkarlaýardylar. Metbugatda, radioda, telewideniýede onuň özünden başga kimdir biri barada gepleşik berdirmeýärdiler. Şeýdibem bir adamdan beýleki şahsyýetleriň ählisi gezip ýören bolsa-ha diriligine jaýlanýardy, ýurduny täzelän bolsa-da, ysy-koky çykmaz ýaly edilip mumyýalanýardy. Hatda baýramçylyk günleri tribuna çykyp parad kabul edende-de, töweregine adam eltmeýärdiler. Muny bolsa onuň taryhy şähsyýetdigi, bakydygy, beýlekileriň bolsa geldi-geçer, wagtlaýyn işgärlerdigi bilen düşündirýärdiler. Şonuň üçinem olaryň Baky beýik Serdar bilen surata ýa şekilli ýazga düşmäge haklary ýokdy. Çünki, işden aýrylanlaryndan soň şolaryň Beýik Serdar bilen bile düşen suratyny ýa kino kadrlaryny ulanyp bolmaýarmyşyn. Öz düşünjesine görä-de ol özüni hiç kim bilen çalşyp bolmajak, ylahy şahsyýet hasap edýärdi. Köp geplemäni gowy görýärdi, ýöne näçe geplese-de manysyna düşünip bolmaýardy. Sözleri degşirip, basymlary ýerli-ýerinde, dogry goýup aýdyp bilmeýärdi. Tahýa – «takga» diýýärdi. Taryha belet, ökde mugallym hökmünde görünmek üçin düýbünden ters we ýalňyş zatlar aýdýardy. Taryhy mütdetden alanyňda üç ýüz, käte bäş ýüz ýyl dagy ýalňyşýan wagtlaram bolýardy. Hatda ýap-ýaňyja bolup geçen Gökdepe söweşleri barada hem dürs gepläp bilmeýärdi. Içinde uly-uly alymlar, ýazyjylar, hudožniklerdir-kompozitorlar oturan ýygnaklarda-da: «Orslarda Lew Tolstoý diýip bir ýazyjy bolan, şony bilýäňizmi» diýip goýberiberýärdi. Ýüzüni çytman: «Köp okaň, mysal üçin Zöhre-Tahyry, Keminäni» diýýän gezeklerem bolýardy. Çünki, Zöhre-Tahyryň awtory Keminedir öýdýärdi. Emma oturanlaryň birem: «Ýoldaş Prezident, siziň o diýýän ýazyjyňyza-da, dessanyňyza-da, Keminä-de biz dördünji klasdan bäri belet» diýip bilmeýärdiler. Sebäbi, diýmek bolanokdy. Gadagandy. Şol näme diýse dogrudy. Tüýs «agzy gyşygam bolsa baý ogly geplesin» diýlenidi. Belli bir syýasy ýörelgesi, ykdysady taglymaty ýokdy. Hiç bir jähtdenem halka takyk bir ugry salgy berip bilmeýärdi. Şu gün girizen haýsydyr bir kanunyny ertesi ýüzüniň ugruna üýtgedip goýberiberýärdi. Halky, ýurdy, edil gazanda garma garan ýaly edip garýardy. Bar zady garjaşdyrýardy. Bulaşdyrýardy. Ol hususan-da oba hojalygy babatda şeýledi. Iň ýaman ýerem bilmeýn zadyny bilýändirin öýdýärdi. Bilýän ekeni, diýdirjek bolýardy. Indi onuň ýasamalygy barada. Bu häsiýetini ol özüniň «şahyrçylygy» babatda has hem äşgär ýüze çykardy. Türkmençe iki sözüň başyny çatyp ýa dürs gürläp bilmeýän, iň bärkisi ýazylyp berlen zadam dogry okap bilmeýän halyna özüni bütündünýä derejesindäki şahyr hökmünde tanatjak bolmagynyň özem onuň mahabata gezek gelende iňňän durumsyzdygyna şaýatlyk edýär. Şara meňşez häsiýeti ony Ruhnama bilen çäklenmäge ygtyýar bermeýärdi. Ruhnama ýaly mukaddes kitaby öten-geçen pygamberleriň islendigem goýup gitdi ahyry! Hem mukaddes kitaby, hem dört-bäş sany şahyrana kitaby welin her bir öňýeten adam, goý ol pygamber bolsun ýazybilmez! Ony etmek üçin Türkmenbaşy, Beýik Serdar bolmaly. Şeýdibem: «Ilim-günüm aman bolsun», «Mähribanlarym», «Meniň ruhybelentlik baharym», «Türkmeniň bäş eýýamy» ýaly kitaplar dünýä indi. «Heýjanelekçiler» olary «Prezidentiň atalyk kitaplary» diýip, atlandyrdylar. Dogry, onuň kitap ýazmag-a beýlede dursun, ýekeje setir hem ýazmandygyny, asla ýazyp hem bilmejekdigini ýurduň içindäkilerem, daşyndakylaram gowy bilýärdiler. Özüniň şolar ýalydygyny hemmeleriň bilýändigini onuň özem bilýärdi. Ýöne, taraplaryň ikisem şol zatlary bilýändiklerini biri-birlerinden gizlän bolýardylar. Biri-birlerini oýnaýandyklaryny bilmediksirän bolýardylar. Şonuň üçinem, onuň Ruhnamasyny daşary ýurt işewürlerem goý, sanlyja nusga-da bolsun, aýakaldyklaryna çykarýardylar. Öz halklarynyň aňyny artdyrmak üçin ýa ol kitaby gowy görendikleri üçin däl-de, Türkmenbaşynyň göwnüni awlamak üçin, onuň bilen döwlet möçberindäki uly-uly işler, gurluşyklar babatda şertnamalar baglaşmak üçin, tamakinçilik üçin has takygy ony oýnamak özlerini bolsa oňa oýnatmak üçin çykarýardylar. Bu täsin adam barada başga-da köp zatlar aýtmak mümkin, ýöne, umumy tanyşlyk üçin şujagaz maglumatlaryň özem ýeterlik bolsa gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |