13:20 Garaşsyzlyk we türkmen edebiýaty | |
GARAŞSYZLYK WE TÜRKMEN EDEBIÝATY
Edebiýaty öwreniş
Türkmen halky özüniň çylşyrymly taryhynyň bütin dowamynda medeni gymmatlyklara uly üns berip gelipdir. Şeýdip, bu halk özboluşly medeni, şol sanda edebi gymmatlyklary dörediji bolup taryhy sahna çykypdyr. Edebi gymmatlyklaryň taryhyny bu gün asyrlara bölüp, öwrenip bolardy. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, Garaşsyz türkmen döwletiniň döremegi bilen edebiýatyň ösüşinde bütinleý täze döwür başlandy. Türkmen döwletiniň döremegi türkmen edebiýatynyň ähli babatlarda hiliniň üýtgemegini aňladýar. Sebäbi döwlet – munuň özi halkyň syýasy hem ykdysady, medeni barlygynyň bitewüligini aňladýar. Şeýle bitewülik zamanynda dörän edebiýat özüniň düýp manysy boýunça milli ideallara, özem milletiň özi tarapyndan aňly-düşünjeli aňlanylýan milli ideallara ymtylmaly hem şolara hyzmat etmeli. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen döwletiniň baştutany hökmünde özüniň edebiýat hem sungat meselelerine bitewi garaýşyny yzygider aýan etdi. Prezidentimiziň şol garaýşyny aňladýan çykyşlaryny umumylaşdyryp, bu günki gün Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet ideologiýasynda hem döwlet syýasatynda edebiýat konsepsiýasynyň düýpli orun tutýandygyny hem onuň akylly-başly işlenip düzülendigini aýtmalydyrys. Şeýle bitewi konsepsiýa täze türkmen edebiýatynyň ideologik hem teoretiki esasy bolup hyzmat edýär. Ideologiýa – belli bir ideýa gymmatlyklarynyň sistemasydyr. Şol sistemada adamlaryň durmuşa hem biri-birlerine gatnaşygyna, sosial meselelere hem konfliktlere kesgitli gymmatlyklaryň nukdaýnazaryndan baha berilýär. Şonuň ýaly-da, degişli sosial barlygy berkitmäge ýa-da üýtgetmäge gönükdirilen düýpli programmalar ideologiýanyň düzümine girýär. Deňeşdirme bilen aýdylanda, ideologiýa döwletiň ruhy göwresiniň, ruhy organizminiň içki «skeletidir». Skeletsiz bolsa hiç bir organizmi göz öňüne getirmegiň mümkin däldigine biz oňat düşünýäris. Biziň ideologik gymmatlyklarymyz – munuň özi ilki bilen milli gymmatlyklar hem olaryň bar zatdan ileri tutulmagydyr. Çünki şeýle gymmatlyklary öňe sürýän hem olaryň goragynda durýan döwletiň özi hili boýunça milli döwletdir. Hut şonuň üçinem Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň baş aýratynlygy hakda gürrüň edilende, onuň ilkinji nobatda milli maksatlara hyzmat edýän edebiýatdygyny aýtmalydyrys. Saparmyrat Türkmenbaşy milli döwletimiziň ideologiýa badalgalary hem ýörelgeleri hakda söz açyp, özüne mahsus welilik bilen şeýle diýipdi: «Täze döwletimiziň ýaňy ýörjen-ýörjen bolýan ideologiýasynyň baş maksadam adamlarda ruhy birligi hem kämil aňy terbiýelemekden ybaratdyr». Meniň «ideologiýa» diýen gözümiziň oduny alan sözi birjigem gypynç etmän ulanýanlygymyň sebäbi, gadymyýetiň beýik alymy Platonyň aýdyşy ýaly, döwlet bolan ýerinde onuň öz ideologiýasynyňam bolýanlygy üçindir. Eýsem Gorkut ata ideologiýa dälmidir, Magtymguly ideologiýa dälmidir, garaşsyz hem dünýewi döwlet döretmek ideologiýa dälmidir? Dogrudanam, hemişe bolşy ýaly, mertebeli Prezidentimiziň pikiri meseläniň bada-bat düýp özenini aýan edýär. Türkmen halkynyň taryhy hakydasynda milli gahryman derejesine ýeten Gorkut ata, Magtymguly ýaly şahsyýetleriň döredijiligi edebiýatyň hakykata, durmuşa gatnaşygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, hakyky ideologiýadyr. Ýagny kesgitli ideýa gymmatlyklarynyň sistemasydyr. Has sadalaşdyryp aýdanyňda, öz taryhy maksatlaryňa hem roluňa görä, durmuşda, umuman, dünýäde ýagşy näme, ýaman näme, oňatlyk näme, erbetlik näme ýaly düşünjelere hut özüňçe baha hem kesgitleme bermäniň formasydyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli döwletimiziň ideologiýasy barada aýdan pähimleri häzirkizaman türkmen edebiýatyndan türkmen halk köpçüliginiň edýän umytlaryny hem isleglerini aňladýar. Jemgyýetiň islendik özge bir agzasy ýaly, şahyr-ýazyjy-da döwrüň öňe çykaran problemalaryndan sowa ýaşap bilmez. Gaýtam, tersine, eger ol öz döwri bilen aýakdaş gitjek bolsa, halkyň göwnünden turýan eserleri döredip, döwrebap edebi şahsyýet bolup öňe çykjak bolsa, onda, ol gürrüňsiz döwletiň ideologik gymmatlyklaryndan habarly bolmalydyr hem olaryň adamlaryň aňyna hem ýüregine siňmegine öz mynasyp goşandyny goşmalydyr. Öz halkyna, öz döwletine gulluk etmek bagty türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň haçan gören zady?! Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz hem Bitarap döwleti berkarar etmegi bilen türkmen halkynyň millet hökmünde ösüşi üçin görlüp-eşidilmedik, ýatsaň-tursaň oýuňa gelmejek taryhy perspektiwalar açyldy. Şol göz öňünde tutulan taryhy perspektiwany amal etmegiň usullary hem, formalary-da – hut şu-da türkmen döwletiniň ideologiýasy ahyryn! Diýmek, halky öz yzyna düşürmeklik ýaly taryhy jogapkärçiligi öz üstüne alan döwleti, şol sanda şeýle döwletiň başynda durup, ony simwollaşdyrýan şahsyýetiň – Prezidentiň taryhy maksatlara ýetmegiň usullaryny-da özüçe saýlap almaga gürrüňsiz hukugy bardyr. Ýurduň ideologiýasynyň, ýagny ideýa gymmatlyklarynyň sistemasynyň munuň ýaly forma eýe bolmagy Garaşsyz türkmen milli döwletiniň öz öňünde goýan anyk maksatlary bilen baglanyşykly. Degişli ideýa gymmatlyklarynyň öňe sürülmegi, olaryň ileri tutulmagy ýazyjy-şahyrlaryň öňünde belli bir döredijilik borçlaryny emele getirýär, edebiýatyň ideýa-tematiki ugruny hem ösüşini öňünden kesgitleýär. Şeýdibem, logika laýyklykda, umumy ideologiýadan anyk forma bolan çeper edebiýatyň hil özboluşlylygy gelip çykýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda döwlet özüniň dörediji adamlar hem edebiýat baradaky syýasatyny aýan edýär. Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň ähli çykyşlarynda bu meselä yzygider garaýşyny aýdyň hem düşnükli beýan edip gelýär. Ine, şol çykyşlardan bir salgylanma: «Her bir döredijilik adamsyna işde doly azatlyk berler. Emma urşy, agzalalygy, ýaramaz ahlaklary, moral taýdan bozuklygy, milletara dawalary döretmäge gönükdirilen ideýalary wagyz etmäge mümkinçilik berilmez. Döwlet döredijilik bilen meşgullanýan, biziň halkymyzy ruhlandyrýan döredijilik adamsyny doly goldar, oňa kömek eder, onuň zehininiň doly açylmagyna ýardam eder». Taryhyň belli bir döwründe adamlaryň ýaşaýşy hem hukuklary babatda birnäçe borçlary öz üstüne alan döwletiň ideýa ileri tutmalaryny yglan etmäge hem şolara baglylykda döredijilik adamsy babatda degişli pozisiýada durmaga doly hukugy bar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky aýdanlary hiç bir döredijilik adamsynyň döredijilik meýillerini, onuň döredijilik erkini çäklendirýän däldir. Ol diňe döredijilik adamsynyň halkyň hem döwletiň öňündäki belli-belli borçlaryny ýene bir gezek ýada salýar. Şol borçlardan bolsa taryhyň hiç bir döwründe hiç bir, hatda beýik ýazyjylaram azat bolmandy. Mesele juda aýdyň hem ýönekeýdir. Bizde şeýle bir endik-instinkt döräpdir – näme ýönekeý bolsa şondan gaçganaklamak, oňa şübheli garamak. Tersine, näme çylşyrymly bolsa, geň-taň bolsa, onuň düýp manysyna akyl ýetirsek-ýetirmesek, oňa birhili hormat bile garamak endigi. Sowet döwründen galan ýaramaz endiklerden saplanmany başarmak gerek. Iň beýik hakykat sada hem kesgitli bolýar. Eýsem-de bolsa haçan, haýsy döwürde, edebiýatyň ösüşiniň haýsy etaplarynda ýazyja urşy, agzalalygy, bozuklygy we şuňa meňzeş ýaramazlyklary wagyz etmäge mümkinçilik berlipdir? Hiç mahalam berilmändir, ýazyjynyň kalbynda döräp biljek şeýle ýaramaz meýilleriň döredijilik azatlygy bilen baglanyşygy ýok hasaplaýaryn. Döredijilik azatlygy – munuň özi ylham azatlygy, durmuşy çeperçilik taýdan suratlandyrmakda islän metodyňy, islän çeperçilik formalaryňy hem stilleriňi saýlap almak azatlygydyr. Biziň milli döwletimiziň ideologiýasynda şu hili manydaky azatlygyň asla jinnek ýalam çäklendirilýän ýeri ýokdur. Ondan ýazyjyny mahrum etmek hakynda-ha asla gürrüňem bolup bilmez. Aýdaly, sowet döwründe weli şo hili çäklendirmeler gös-göni, resmi taýdan yglan edilýärdi. Iň bolmanda ýekeje, esasy fakty ýatlalyň: ýazyjy-şahyrlar sosialistik realizm diýilýän edebi metodda ýazmaga borçludylar, başga çeperçilik gözýetimler hem ýörelgeler hakda pikirlenmäge olaryň asla haky ýokdy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi taglymaty we edebiýat syýasaty şeýle çäklendirmeleriň mümkinçiliginiň özüni aradan aýyrýar. Ol ýazyjynyň döredijilik ylhamyny dürli estetiki çarçuwalaryň içine gabap goýanok-da, tersine, oňa döredijilik erkinligini berýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşakdaky prinsipial ýörelgeli pikirlerini diňläp görüň: «Biziň häzirki ýazylan taryhymyz, obrazly aýdanyňda, çekgä mauzeriň nili direlip ýazdyrylan taryhdyr. Bize synpylykdan, partiýalaýynlykdan, marksistik-leninçilik dünýägaraýşyndan azat taryh, jemgyýetiň tebigy ösüş kanunlaryna esaslanyp ýazylan taryh gerekdir». Edil şu hili ideologik ýörelgäni häzirki türkmen edebiýaty babatda ulanmalydyrys. Biziň döwrümiziň, Garaşsyzlyk döwrüniň çeper edebiýaty ýokarkylar ýaly miras galan nogsanlardan-synpylykdan, marksistik-leninçilik ideologiýanyň gaýry dogmalaryndan azat edebiýat bolmalydyr. Türkmen edebiýatçylarynyň borjy Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebiýat syýasatyndan gelip çykýan teoretiki ýörelgeleri kemala getirmekden hem şolar esasynda täze estetiki gymmatlyklary göz öňüne getirmekden ybaratdyr. Gynansagam, enteg-ä Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynda teoretiki meseleleri öz içine alýan düýpli barlaglar döräberenok. Belli edebiýatçylarymyzyň kitaplarydyr makalalary, esasan, edebiýatyň praktiki häsiýetli meseleleri barada gürrüň berýärler. Döwür üýtgeýär. Öňki ideýa gymmatlygynyň ýerine döwrüň, durmuşyň emri bilen başga biri gelýär. Biziň Garaşsyzlyk edebiýatymyzda partiýalaýynlygyň, synpylygyň deregine «millilik» diýen ideologik ýörelge geldi. Munuň özi asla tötänlik däldir. Sebäbi biz milli döwlet gurýarys, şol döwletiň ideýa gymmatlyklarynyň esasynda-da umumadamzat gymmatlyklary bilen bir hatarda milli gymmatlyklar ýatýar. Biziň milli gymmatlyklarymyz taryhyň dowamynda, gör, näçe wagt äsgerilmän, aýak astynda basgylanyp gelindi. Biziň aglabamyz häzirki jemgyýetçilik aňymyzda türkmen halkynyň taryhynyň gara, negatiw sahypalary hakynda gürrüň edilende şeýlebir standarta öwrenişipdiris: biz şol haý-haýly hem ýaramaz döwür hakynda gürrüň etsek, «70 ýyl» diýen jümläni ulanýarys. Munuň özi, esasan, sowet hökümetiniň agalyk eden döwründäki kemsitmeleri, çäklendirmeleri hem adalatsyzlyklary göz öňünde tutýar. Emma milli mertebäniň basgylanyşyny, azatlykdan mahrum edilişini göz öňünde tutsaň, onda biz degişli ýerlerde 70 däl-de, merhemetli Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «110 ýyl» diýen ideologik standarty ulanmaly bolsak gerek. Sebäbi Russiýanyň Türkmenistany basyp alyp, Türkmenistan garaşsyzlyga çykýança geçen şol döwür 110 ýyllap (1881–1991 ý.) dowam etdi. Hut şol döwür hem biziň milli hukuklarymyzyň kemsidilen döwri boldy. Indi, onuň tersine, taryhy ösüşiň logikasyna laýyklykda biz milli ideýalaryň ileri tutulýandygyny yglan edýäris. Munuň özi giderilen belentlikleriň gaýdyp alynmagyny aňladýan faktdyr. Biziň milli gymmatlyklarymyz gutarnykly suratda işlenip düzülen düýpli ideologik konsepsiýalara öwrüldi. Emma ol ýörelgeleriň käbir başlangyçlary biziň iň oňat ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde öň hem özüni bildirýärdi. Hut şonuň üçinem men eliňiz-däki kitapda biziň meşhur şahyrlarymyzyň, ajaýyp ýazyjylarymyzyň döredijiliklerindäki milli äheňler barada giňişleýin gürrüň etmäge çalyşdym. Belki, şol gürrüňlerde öňe sürülen pikirler döwletiň edebi syýasatyny edebiýatyň praktikasy arkaly anyklaşdyrmaga goşant bolaýady-da! Millilik, milli ideologiýa hem edebi gymmatlyklar diýlende, aşakdaky möhüm aýratynlyklary unutmaly däl. Biz bu reallyklara iki tarapdan – daşyndan hem içinden garaýarys. Daşyndan – türkmen milletiniň umumy ösüşiniň daşyndan, sebitara ýa halkara ösüşiniň kontekstinde seretmek. Şeýle nukdaýnazardan seredeniňde, türkmeniň beýleki halklara gatnaşyklary manysyndaky milliligiň häsiýeti aýan bolýar. Ýöne degişli ideýa faktoryna içinden hem seretmek mümkin. Munuň özi millilige taýpalaryň birleşmek, umumylaşmak, bitewülige öwrülmek nukdaýnazaryndan seretmekdir. Bize häzir beýleki halklaryň arasyna çykmak üçin millilik gerek bolşy ýaly, taýpalaryň agzybirligi, birleşmegi üçin-de millilik gerekdir. Şeýlelikde, biziň üçin taryhyň häzirki pursatynda millilik hem içki, hem daşky esasy ideýa gymmatlygydyr. Ýöne milliligiň öz anyk daýanç nokady, onuň ideologik özeni bolmaly ahbetin. Şol daýanç nokady, biziň üçin häzirki wagtda iň gymmatly ideýa – munuň özi Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetidir. Munuň özi kimdir biriniň subýektiw islegi ýa meýli bolman, biziň taryhy ösüşimiz üçin obýektiw bir zerurlykdyr. Biziň ata-babalarymyzyň milli ideologiýasynyň daýanjy gurduň obrazy bolupdyr. Gurt türkmeniň milli mertebesiniň, kuwwatynyň – fiziki hem ruhy kuwwatynyň, namyslylygynyň simwoly bolupdyr. Biziň milli döwletimizi aňly-düşünjeli, oýlanyşykly gurýan döwrümiz hem degişli ideologiýasyz, şol ideologiýa bolsa özüniň belli bir daýanç nokady bolmasa, ýaşap bilmez. Biziň milli ideologiýamyzyň özenin-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň obrazy durýar. Munuň özi – Serdara daýanmak, bir agyza bakmak, Serdara ynanmak taryhy zerurlykdyr. Sebäbi halka ynanç gerek. Ideologiýa hakynda gürrüň edenimde, şu wagta çenli men ideologiýa – munuň özi ideýa gymmatlyklarynyň sistemasy diýip kesgitleme berdim. Emma bu ideologiýanyň bar tebigatyny öz içine alýan kesgitleme däl bolsa gerek. Ideologiýa – munuň özi ynançlaryň, ynanç gymmatlyklarynyň hem sistemasydyr. Sowet ideologiýasy synansoň, kommunizme, Lenine bolan galp ynançlar ýok bolansoň, adamlaryň kalbynda dörän ynanç boşlugyny – wakuumyny hökmany suratda dolduraýmalydy. Adam çöreksiz ýaşap bilmeýşi ýaly, ynançsyz hem ýaşap bilmeýär. Türkmenbaşy – biziň simwolymyz. Türkmenbaşy – biziň ynanjymyzdyr. Garaşsyzlyk edebiýatynda Türkmenbaşynyň çeper obrazynyň uly orun tutýandygy şunuň ýaly düýpli sebäpden gelip çykýandyr. Beýik Serdaryň obrazy biziň esasy ynanç sütünimizi kemala getirýär. Diýmek, şeýle obraz obýektiw taryhy zerurlykdyr. Ol paýhaslylygyň, türkmen milliliginiň, adamkärçiligiň, adyllygyň simwoly bolup, her bir türkmen üçin ymtylmaly nusgany aňladýar. Adam, onda-da onuň ruhy nusgasyz ýaşap bilmez. Onda-da özüniň öňünde beýik taryhy maksatlary goýan halk şol maksatlara ýetmek üçin etmeli hereketlerine çeşme bolarlyk gujury – energiýany bir ýerden almaly ahyryn! Şol energiýa, ruhy energiýa çeşmesi – biziň milli liderimiz, beýik döwlet baştutanymyz Türkmenbaşynyň obrazydyr. Şeýlelikde, beýik liderimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz pikirleniş stiline, öz terminologiýasyna eýerip aýtsam – oňa eýermek bolsa häzirki türkmen ýazyjysynyň diňe bir hukugy däl, eýsem mukaddes professional borjudyr – biziň milli ynanjymyzyň dört sany baky, mizemez baş sütüni bardyr. Olar: OGUZ HAN, GORKUT ATA, GÖROGLY, MAGTYMGULY, SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY. Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti indi üç ýüz ýyl bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen döwletiniň binýatlaryny tutup, onuň ideologiýasyny yglan edende Magtymguly Pyraga aýratyn ähmiýet berdi. Hut Türkmenbaşy zamanynda Magtymguly adyndaky baýrak Halkara derejesindäki baýraga öwrüldi. Hut Türkmenbaşy zamanynda Magtymgulynyň mertebesi döwlet tarapyndan bolmaly derejesine çenli göterildi. Sebäbi beýik milli Liderimiz «Magtymguly» diýmegiň «Türkmen» diýmekdigine hemmelerden oňat düşünýärdi. Türkmeniň Magtymgula ynanjynyň mizemezdigini gaty oňat bilýärdi. Şonuň üçinem ol beýik şahyryň häzirki milli ideologiýamyza dahyllylygy barada şeýle diýipdi: «Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň dana paýhasy biziň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň, onuň durmuşynyň esasy gönezligi bolar. Biz geçmişiň, şu günüň hem-de geljegiň öňünde utanmaz ýaly ýaşamaga, işlemäge çalşarys. Bu mukaddes maksadymyzda Magtymgulynyň ajaýyp paýhasy bize ýene-de armaçy bolar». Türkmen halkynyň taryhynda şeýle zat asla bolan däldir. Haçan biz öz milli şahyrymyzy milli döwletimiziň ideologik simwolyna çenli ýokary göterip bilipdiris?! Asyl dünýä döwletleriniň içinde, şol sanda özüni milli hem demokratik döwlet saýýanlaryň içinde öz milli şahyryny şol derejä götereni bir barmy?! Munuň özi milli döwletleriň taryhynda sözüň hakyky manysyndaky unikal hadysadyr. Munuň özi tüýs milli döwletiň esaslarynyň tutulýandygyny aňladýar. Bu günki gün beýik Magtymgulynyň ajaýyp obrazy biziň ähli hyýallarymyzdan eriş-argaç bolup geçýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly: «Magtymguly Pyragynyň mukaddes poeziýasynyň ynsap akabasy biziň şu günki Garaşsyz, Özygtyýarly döwletimiziň hem ahlak, ynsap, şeýle hem hukuk binýadynyň esasy bolmagynda galýar. Beýik şahyryň paýhasly şygyrlary ýöne bir şygyr bolman, geçmişde harlanma kemi galmadyk halkyň derdine tenekardygyny biz öňdenem bilýäris. Ýöne Magtymgulynyň poeziýasy biziň geljekki bagtly günlerimiziň binýady bolar di-ýip ýatsak-tursak oýumyza-da gelenokdy. Emma dünýewi – demokratik hukuk döwletini gurýan häzirki döwrümizde şol dürdäne poeziýa biziň derdimize tenekar bolup galdy. Hut şonuň üçin-de, ýagny türkmeniň Magtymguly Pyragysyz hiç haçan oňup bilmejegi üçin-de bu poeziýa Garaşsyz Türkmenistanyň ideologik konsepsiýasynyň iň esasy ugry diýip hasap edýäris». Magtymgulynyň poeziýasyna şeýle uly ähmiýeti berilýänligi üçin men hem şu günki türkmen ýazyjylarymyzyň döredijiligini Magtymgulynyň eserleriniň äheňleri bilen deňeşdirýärin. Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri edebiýaty dörediji şahsyýete hem edebi gymmatlyklara aýratyn ähmiýet bermekdir. Türkmenbaşynyň Garaşsyz syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolan edebi syýasat umumy maksada – Türkmen döwletini gurmaga hem berkitmäge gönükdirilendir. Adamlaryň diňe bir maddy däl, ruhy hajatlaryna-da üns bermek gerek. Hatda adam, şol sanda dörediji şahsyýetiň hukuklaryna-da döwletiň milli bähbitle-rinden ugur alyp baha bermelidir. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýýär: «Öz adamlaryna erkinligi hem agzybirligi, galkynmagy hem gurply ýaşamagy rowa görýän döwletiň öz ynsanlaryna ýagşylykdan başga bähbidi bolup bilmez. Ine, men näme üçin Ýewropada Howpsuzlyk hem Hyzmatdaşlyk barada Helsinkide geçen maslahatda «Adam hukugy döwletiň milli bähbitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen pikiri öňe sürdüm. Bu pikir, bu ideologiýa ugry, öz bilşiňiz ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanyldy». Munuň özi käbir adamlaryň stereotip pikirlenişi ýaly mehaniki suratda döwlet bile şahsyýetiň bähbitleriniň arasynda gapma-garşylyga getirmez. Çünki elementar zat – döwletiň bähbitleri-de aýry-aýry şahsyýetleriň bähbitleriniň jeminden kemala gelýär ahbetin. Eger şol bähbitlere garşy çykylýan bolsa, onda bu ýerde diňe egoistik meýil, men-menlik hem betpällik bolup biler. Saparmyrat Türkmenbaşynyň ideýa ýörelgelerinde ýagşy niýet – betpällik ýaly meselelerine aýratyn hem yzygider üns berilýär. Bu tebigy zatdyr. Çünki Prezident döwletiň baştutany, adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilmesini kepillendiriji bolup çykyş edýär. Şol kepillendiriji bolsa adamlary her hili betniýetlerden kanuny usullar arkaly goramaga borçludyr. Hawa, betniýetiň zyýany göz öňüne getirerden has uludyr. Ýarag bile bir adamy heläk etmek mümkin. Ýaman söz bile ummasyz köp adamlary ýaman güne salýarlar. Şonuň üçinem diňe adamlaryň ruhuny göterjek, durmuş ýollarynda olara oňat goltgy berjek çeper eserler halkyň arasynda ýaşamaga haklydyr. Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, ilhalar eserleri döretmegiň wagty geldi. Garaşsyzlyk islendik döredijilik işgärini sowet ideologiýasynyň galypyndan boşatdy, ony taryhy şowakörlükden, her hili çäklendirmelerden halas etdi. Indiki ýazyjylar dünýä edebiýatynyň ýagşyny-ýamanyny saýgarýan, çeper sözüň inçeliklerinden baş çykarýan ýazyjylardyr. Hut şonuň üçinem olaryň öňünde ýazyjylaryň näçe nesline miýesser etmedik döredijilik erkinligi hem ylham azatlygy açyldy. Munuň aňyrsynda bolsa Saparmyrat Türkmenbaşynyň hyzmatlary ýatyr. Men bu gysgajyk sözbaşymda Garaşsyzlyk edebiýatynyň esasan teoretiki meseleleri dogruda gürrüň etdim. Çünki muňa uly zerurlyk bar. Uly işler praktikany özüň üçin teoretiki aýdyňlaşdyrmakdan başlanýar. Häzirki döwrüň türkmen ýazyjysy döredijilik işini aňly-düşünjeli alyp barmalydyr. Bu diýildigi näme bolýar? Beýle diýildigi ol ilki bilen türkmen milleti bilen özüniň bir göwredigini duýmalydyr diýildigi bolýar. Ol özüniň çeper sözüniň nirä, kime baryp ýetýändigini, adamlary Garaşsyz hem Bitarap döwletiň raýatynyň ruhunda terbiýelemäge borçludygyny oňat göz öňüne getirmelidir. Edebiýatyň praktikasy hakynda aýdylanda, Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň ideýa hem çeperçilik tarapdan uly ýokary göterilişi başdan geçirýändigini aýtmak gerek. Öň gadagan edilen temalar, täze ýüze çykan temalar – munuň özi ýazyjynyň örüsini görlüp-eşidilmedik derejede giňeltdi. Garaşsyzlyk ýazyjylary ylham azatlygyna çykardy. Şonuň üçinem bary-ýogy 6-7 ýylyň içinde şonça mukdardaky eserleriň, hil, forma, stil taýdan şonça köpdürli eserleriň döremegi asla geň zat däldir. Garaşsyzlyk biziň edebi topragymyz üçin tüýs tenekar ygal bolup indi. Bu günki gün biz Garaşsyzlyk edebiýatynyň kökleri barada oýlanýarys. Şahyr A. Atabaýew «Türkmen edebiýatynyň ruhunyň täzelenişi» atly makalasynda «Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýaty 1985-nji ýylyň aprelinden – SSSR-de üýtgedip gurmak prosesiniň başlanyndan şineläp başlady» diýen pikiri orta atdy. Edebiýatyň ýüzündäki göze görnüp duran prosesler göz öňünde tutulsa, bu pikir dogrudyr. Emma ösüşiniň bütin dowamynda edebiýatyň has aşaky gatlaklarynda göze görünmeýän «suwasty» prosesler bolup geçýär. Garaşsyzlyk edebiýatyň predposylkalary hakynda gürrüň edilende, hut şolary göz öňünde tutmaly. 110 ýyla çeken baknalyk döwründe türkmen halky garaşsyzlyk hakyndaky arzuw-umytlaryndan el üzmedi. Hut şol döwrüň dowamynda döredilen iň oňat çeperçilik taýdan ýokary eserler Garaşsyzlyk edebiýaty üçin gönezlik bolup hyzmat etdi. Hut şonuň üçinem beýik milli liderimiz, Garaşsyzlyk ideologiýasynyň awtory Saparmyrat Türkmenbaşy degişli edebiýat barada şeýle diýdi: «SSSR döwründe-de biziň beýik şahyrlarymyzam, ýazyjylarymyzam, dramaturglarymyzam, sungat ussatlarymyzam boldy. Berdi Kerbabaýewem, Nurmyrat Saryhanowam, Ata Gowşudowam we beýleki ýazyjylarymyz-şahyrlarymyz hem oňat eserleri döretdiler... Biz SSSR döwründäki ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň, beýleki sungat ussatlarymyzyň döreden eserlerini ýaňadan dykgatly öwrenmelidiris. Sebäbi ol eserleriň iňňän uly terbiýeçilik ähmiýeti bar». Biziň döredijiligi barada gürrüň etjek ýazyjy-şahyrlarymyz türkmen halkynyň garaşsyzlygyny hemişe arzuwlap gezen adamlar. Olaryň döredijilik mümkinçilikleri Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, hasam oňat açyldy. Olaryň döredijiliginiň syrlaryny açmak usullarymyz bolsa Garaşsyzlyk zamanynda dörän teoretiki ýörelgelerdir. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |