22:39 Garaýagyz | |
GARAÝAGYZ
Publisistika
O görgüli garaýagyz adamyñ bokurdagyna basyp öldüren jynsparaz polisiýa işgäri aslynda Maýkl Jordanyñ bokurdagyna basasy gelýär… Maýkl Jordanyñ, Magik Jonsonyñ, Kobi Brýantyñ, Lebron Jeýmsiñ, Kewin Durantyñ ukyp-başarnyklaryny öldürip bilmändigi üçin, o dar burça gaban pukara garaýagyzy öldürýär. O haýbatly harby lybasyñ içinde aslynda iñ soñky dereje züwwetdiniñ durandygyny özem bilýär. Muhammet Ala, Jo Luise, Maýk Taýsona, Floýd Meýwezere degmäge gaýratynyñ çatmajagyny gowy bilýändigi üçin dört bolup bir garyp garaýagyzy ýençýär. Meselem, Uill Smite öler ýaly görübilmezçilik edýär… Gömük biri bolandygy üçin özüne hiç kim üns bermeýärkä Denzel Waşingtonyñ, Morgan Frimanyñ, Eddi Merfiniñ, Forest Uitakeriñ şolar ýaly derejede şöhratlanmagyna, Helli Berriniñ, Wupi Goldbergiñ "Oskar" baýragyny almagyna çydap bilenok, Golliwuda dolan garaýagyz erkeklere we garaýagyz aýal-gyzlara içi ýanyp, o garyp bendäni urup ýere ýykýar. Golf diýlende ýada düşýän ilkinji şahsyñ Tiger Wuds bolmagyna, Serena Williamsyñ ähli döwürleriñ iñ ussat zenan tennisçisi bolmagyna, Allison Feliksiñ "dünýäniñ gelip-geçen iñ ussat zenan ýeñil atletikaçysy" unwanyny almagyna, Jessi Owens, Karl Lewis, Maýkl Jonson dagylar bolmazdan olimpiadalaryñ taryhyny ýazmagyñ mümkin däldigine, kiçijik Simon Baýlsyñ gimnastikanyñ parlak ýyldyzyna öwrülmegine ýeñse damary gataýar. Oprah Winfreýiñ amerikan telewizion taryhynyñ iñ köp tomaşa edilen gepleşigini alyp barmagyna, dollar milliarderi bolmagyna jyny atlanýar. Luis Armstrong, Areta Franklin, Dýuk Ellington, Diana Ross, Çak Berri, Gloriýa Gaýner, Maýkl Jekson, Tina Týorner, Laýonel Riçi, Uitni Hýuston, Alisiýa Keýs, Kris Brown, Jaý-Z.... sanaw şeýle bir uzaýar welin, haýsy radoýaýlymy açsa sesini eşdesi gelmeýän kişileriniñ aýdymlaryny eşidýär.. Bütin dünýäniñ Beýonsa janköýerlik edýänine gaharlanyp öläýjek bolýar. Roza Parksa şäher häkimliginiñ awtobusynyñ oturgyjyny gysganyp ýörkäler, Barak Obamanyñ Prezident kürsüsinde oturmagyna ynanyp bilenok. Bugün “Ak” tamdaky döwlet añyýeti baryp-ha birmahalky "Tom daýynyñ külbesinde" galan bir kelle bilen ýöreýär… “Ak” tamdaky bu dereksiz köne kelleden beleñ alýan ol jynsparaz poliseý şonuñ üçin göwün solpusyndan çykýança garaýagyzlary öldürerin öýdýär. Onuñ egnindäki harby lybasyndan başga jemgyýetde öñe saýlanýan hiç hili şahsy aýratynlygy bolmandygy üçin wezipe ygtyýarlygyna baýrynyp jemgyýeti ezip bilerin öýdýär. Elbetde, jynsparazlygyñ dürli-dürli dinamikalary bar. Emma menden sorasañyz, ukyp-başarnykly bir garaýagyzy görmek elinden kär gelmeýän bir nekgende akýagyzyñ jynsparaz bolmagyna ýeterlik sebäpdir. (Garaýagyz enekäniñ elinde kemala gelmegiñ buýsanjyna gaplanyp, eneligimiñ hatyrasyna özümi afrotürk saýýaryn we şeýlekin buýsançly duýgular bilen şu setirleri ýazýaryn…) Jynsparazlar - kalbynda ýigrenç besleýän nesillerdir. Jemgyýetiñ bir gatlagyna garşy ar alma duýgulary bilen dolup-daşýanlar, özlerine meñzemeýänleri diñe şonuñ üçin ýok etmek isleýänler… Dünýäniñ hemme ýerinde hemişe birmeñzeş motiwasiýada ýaşaýar. Hiç hili şahsy artykmaçlygy bolmadyk tipler şahsy artykmaçlyga eýe adamlary öler ýaly ýigrenýär. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 05.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |