15:10 "Garry ezizim" / pýesa | |
«GARRY EZIZIM»
SEKIZ GÖRNÜŞLI PÝESA XVIII asyr türkmen şahyry Şeýdaýynyň ömründen bir parça. Onuň «Söwdügim» atly goşgusyna «Garry ezizim» diýlip aýdylýan aýdymyň we çalynýan sazyň döreýiş taryhy. Şol saz pýesanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär (leýtmotiw). Waka salyr türkmenleriniň Hywada oturan döwürlerine gabat gelýär. GATNAŞÝANLAR: 1. ŞEÝDAÝY ― şahyr, 40-45 ýaşlaryndaky ter gara sakgally, görmegeý-daýanykly adam. Adyna görä käte dälişgenräk, gaharjaň, köplenç dana, özüni parasatly alyp barmagy başarýan, şahsy duýgusy, şeýle hem gadymy oguz-türkmen edebiýatyna, taryhyna, umuman medeni mirasyna bolan söýgüsi güýçli suratda ösen kişi. 2. AÝJEMAL ― Şeýdaýynyň ylhamy, soň hem ylhamy, hem aýaly, 25 ýaşlaryndaky owadan, sowatly, akylly gelin. 3. AMANSOLTAN ― Şeýdaýynyň başdaş aýaly, ýaltarak, sölüteräk, kejir maşgala. 40 ýaşlarynda. 4. NIÇÄR HANYM ― Balh ýurdundan gelen şahyr zenan. Şeýdaýynyň şägirtlerinden 30 ýaşlarynda. 5. MYRAT ŞAHYR ― Lebapdan gelen, Şeýdaýynyň dosty hem şägirdi. 40 ýaşlarynda. Oňa Aşyk Myrat hem diýýärler. ■ BIRINJI GÖRNÜŞ Hywa. Ýazyň başlary. Ertir ir bilen, Şeýdaýynyň howlusy. Hojalygyň gurplydygy bildirýär. Jaýy kaşaň. Zynatly. Ýöne, howlynyň içi bitertip. Akan-dökänlik. Hapa. Gapyda üzüm dalbary bolup, aşagynda gyralary germewli, haşamlanan hantahta goýlan. Şeýdaýy şonuň üstünde işläp otyr. Öňünde kiçeňräk stoljagaz, üstünde kagyz, galam, dowet bar. Howlynyň daşyndan her daýym atyň «hokranýan», kä güýçli, käte ýuwaşjadan kişňeýän sesi gelip dur. ŞEÝDAÝY. (pikirlenýär). Gel, Şeýdaýy... Gel, Şeýdaýy... Äh-ä... (Ýazýar.) Gel, Şeýdaýy köňlüň alda... Ýalan söz çykyp her dilde... (Ýene-de oýlanyp oturýar.) Her bela... Her bela... (Ýazýar.) Her bela bolsa görelde... bulaşdyrdy... Bulaşdyrdy biziň ili... (Göwresini dikgerdip, galamyny goýýar.) Ind-ä bolaýdy öýdýän... (Kagyzy eline alýar.) Hany indi şu goşgyny tutuşlygyna-da bir okap göreýin... (Owaz bilen:) Ýandakdan pes, dagdan belent, Boldy türkmeniň ahwaly, Aýak astynda oba-kent, Oldy türkmeniň düýp ýoly. (Öz-özünden hyruçlanyp, sesini hasam batlandyrýar:) Eý, ýumrulmyş köne dünýä, Kimler saňa boldy eýe, Geçen günüm diýe-diýe, Aglamak türkmeniň haly. (Iki dyzyna galyp, hasam göçgünli okaýar:) Kyrk şäherden hyraç aldy, Oguz ili äleme doldy, Çoh döwran geldi, sowuldy, Hany onuň däbis ýoly?.. (Stoluň üstüne ýapyrylýar). Ýene-de bir zatlar-a ýetmeýän ýaly... (Içinden bir zatlar diýişdirýär.) Eh-ä... Yhym... Şeýle... Şeýle... (Daşyndan:) ...Döwran dolanýandyr her çak, Düzeler türkmeniň haly... Ine, şeýleräk tamamlansa-ha bolaýjagam ýaly... AMANSOLTAN. (öýden pallap çykýar-da, bulanjyrap äriniň ýanyna gelýär). A gyz, sen bir zatlar iýip-içjekmi ýa şeýdip «ah-wahlap» oturjakmy? Taňryň tegelegi dik asmana galdy. Ertir bazarlyk işem baram-a diýýädiň düýn. ŞEÝDAÝY. Birinjiden-ä men saňa «gyz» däl, Amastan, äriň. Ikinjidenem näçe gezek aýtdym, işläp otyrkam azar berme, diýip... (Howlynyň içine göz aýlaýar.) Ondan-a bir setiljik suw sepeläkgetdänim howlynyň içini-daşyny süpürişdiren bolsaň, hem-ä göreniň göwni göterilerdi, hemem äriň zehini durlanardy. Bilýäň-ä sen meň hapaçylyga bolmaýandygymy. AMANSOLTAN. Iliň göwnüni götermek üçin howlymy süpürer ýaly men ýaranjaňlygy, ýasamalygy halamok. Özümi aýallarça mert alyp barmaklygy gowy görýän. Zehin diýeniňem näme, zandynda zat bolmasa howlyny günde on gezek süpüreniň bilenem üýtgän zat bolmaz. ŞEÝDAÝY. Howwa-da, seňki ýaly guýma gursak zehinlilik hemmä ýetdiribem durmaýa-da... AMANSOLTAN. Seň iň ökde zadyň şol. Meni kemsitmek... (Ýene-de pallaýar.) Bol, sen aýt, dişiň kirini açjakmy ýa ýok? Bolmasa-da öýe girjek-de ýatjak, men sen ýaly işsiz däl. Daňdanara daň ýyldyzy bilen deň turşum meň. ŞEÝDAÝY. Olar ýaly bolsa getir bir zat. Ýogsam mundan soň ýatsaň öýländen bäri turasyňam ýok. AMANSOLTAN (öýe girip iýer-içer ýaly zatlar alyp çykýar. Getirip äriniň öňünde goýýar). Al! Iý, noş bolsun... ŞEÝDAÝY (onuň ähli hereketlerini aşaklyk bilen synlap oturyşyna ýuwaşja seslenýär). Hany nan? AMANSOLTAN. Wiý-ý... (Gidýär-de, içi nanly, düýe ýüňünden dokalan owadan, mele saçagy alyp gelýär.) Ine... ŞEÝDAÝY. Içi nanly saçak adamyň öňüne ähli nygmatlardan öň gelmelidir diýlip näçe gezek aýdyldy saňa? AMANSOLTAN. Ana, ýene-de iňirdäp başlady-da... ŞEÝDAÝY. Iňirdämok men, Amastan, bolşuňy aýdýan. AMANSOLTAN. Bolşuny aýtsaň adama başga «merk» gerekmi? ŞEÝDAÝY (başyny ýaýkaýar-da, öňündäki nahara siňe-siňe seredýär). Ahow, mynyň näme? AMANSOLTAN (tahtanyň gyrasynda aýagyny sallap oturýar). Görýän dälsiň-ow, sen şoň börekdigini... ŞEÝDAÝY. A. Böregi sen öňňin bişirmediňmi näme? AMANSOLTAN. Bişirdim-m... ŞEÝDAÝY. Düýnem galanyny gyzdyryp berdiň... AMANSOLTAN. Howwa. ŞEÝDAÝY. Indi bi näme? AMANSOLTAN. O-da şoň galanyndan galany. ŞEÝDAÝY. O nähili galanyndan galany?.. AMANSOLTAN. Aý, hamyra bulaşanyma görä, bäş-üç günlügimizi bişiräýeýin diýdim-dä. ŞEÝDAÝY. Ahow, jany ýakan, börek diýlen gurbany gitdigim bir gezek gyzdyryp iýmäge-de bolanog-a, sen bolsaň bäş-üç günüň gürrüňini edýäň. AMANSOLTAN (arkan-ýüzin gaýyşýar). Aýdýan-a, maňa iňirdemese şu kişiň güni geçenok, diýýän-ä. ŞEÝDAÝY (çemçesi bilen nahary bulaýar). Düýnkiň içindedem-ä abady ýokdy welin, munyň-a durşy bilen helim. AMANSOLTAN. Abat bolsun, bibat bolsun, gazanyň içinden çykyp giden ýer-ä ýok şolaň. Diri bolanda-da barybir dişiň bilen üwejel-ä sen ony. ŞEÝDAÝY. Gelin bolup gelen döwürleriň-ä: «Tamdyry gyzdyranyma görä» diýip, şu öýe bir çuwal un gelse-de bir gezekde ýapaýýadyň, ýarym çuwal gelse-de şeýdäýýädiň. Onyň-a eýdip-beýdip goýdurdym welin... ine, indem börege jynyň düşüpdir. (Bir çemçe nahar owurtlaýar-da, ýüzüni çytýar, esli wagt gäwüşäp oturýar, ahyram agzyndakyny çykaryp saçagyň bir gyrasynda goýýar. Okarany beýläk süýşürýär.) AMANSOLTAN. Hä? Näme? Ýene näme boldy? ŞEÝDAÝY (barmaklaryny ýeke-ýeke bükýär). Börek, gutap, somsa üçin iýjan taýýarlajak bolanyňda öňürti etiň damar-siňirlerini, ýorkalaryny aýyr, diýibem-ä dilime tüýler bitdi, emma ine, ýene-de şo ýagdaý... AMANSOLTAN. Şo zatlaryny aýyrsaň etiň mukdary azalýa, gabarasy kiçelýä, nahar bibereket bolýa diýip menem-ä saňa az aýdan däldirin. ŞEÝDAÝY. Ahow, aýbygadym! O zatlar barybir berekede gireňog-ä... Men ony öňi-soňy agzymdan çykaryp zyňmaly bolýan-a! Iýip bilemog-a!.. AMANSOLTAN. Wüý, iý! Kim saňa iýme diýýä? ŞEÝDAÝY (gyzyp başlaýar). Iýip bolanog-a! Alabaý bolaýmasaň iýer ýaly däl-ä! Çeýnäp-çeýnäp kelläň çişip gidýär-ä... (Öňündäki gap-gaçlary, aňry-aňry süýşürişdirýär.) Ýok et, şu zatlaň baryny gözümiň öňünden!.. Elt-de ho-ol, goňşulaň it ýalagyna dök!.. AMANSOLTAN (gap-çanaklary ýygnaşdyryp ýörşüne öz-özi hüňürdeýär). Aýdýan-a, hiç bor ýaly dükan däl-ä, bi... Hälem men çydaýan-a myň-a... Negözel adyny taşlap, «Şeýdaýy» lakamynam ýöne ýere alanog-a... Däl-ä bi, Zabga! Söwdaýy!.. ŞEÝDAÝY. Degmeseler däliremez Şeýdaýy... AMANSOLTAN. Şeýdip, günuzyn aýallaň işine goşulyp, janymy ýakyp ýörseň degsinmän bolýamy? Ýa meň içimde janym ýokmy?.. ŞEÝDAÝY (ellerini asmana serýär). Eý, Hudaý! Saňa şükrüm köpdür ki, zehin berdiň, dil berdiň, ýöne, munça bolanyna görä bir adam şekilli heleýem beräýmeli ekeniň-dä! (Amansoltan sekiniň gyrasynda oturan ýerinde aýaklaryny hallanladýar. Şeýdaýynyň muňa hasam gahary gelýär.) Hallanlatma aýaklaryňy!.. AMANSOLTAN (hallanladyp oturyşyna): Hallanladamok-la bir, hallanladamok!.. ŞEÝDAÝY (gazaby güýçlenýär). Hallanladyp otyrsyň-a, honha!.. AMANSOLTAN. Bolýa-la bir, bolýa, ynha... (Hallanlatmasyny goýýar.) ŞEÝDAÝY. Düş özüňem tahtadan! (Amansoltan düşýär.) Bar, geçen hepde «ýuw» diýip beren köýnegimi getir, men irgözinden bazara gidip geleýin. Seň bilen ýaňkalaşyp düýnem gidibilmedim. AMANSOLTAN (göwni bir ýaly): Şol goýanja ýeriňde durandyr, al-da, geýde gidiber. ŞEÝDAÝY. Sen näme, almadyňmy ony o ýerden? Ýuwmadyňmy?.. AMANSOLTAN. Aý, kişi, eşik diýlen zady häli-şindi ýuwuberseň derhal tozmak bilen bolýa. Her gezek myjanyňda, sykanyňda, bozulyp-süzülip ysgyny gidýä. Onsoňam seň onyňda-ha damagyňy çaljak bolup duran gaty bir, kirem ýok. Juda gyssansaň çöwresine geý-de gidiber, kimiň işi ba seň egniňdäki eşik bilen... ŞEÝDAÝY (uludan demini alýar). Häý, görgüli!.. Men-ä muny terbiýelejek, bu bolsa meni... (Amansoltan agzyny-burnuny towlap ýerinden turýar-da, öwrülip, öýüne tarap ugraýar. Şeýdaýy täzeden gazaba münýär.) Du-ur!.. (Amansoltan saklanýar. Göwünli-göwünsiz bärisine öwrülýär.) Aý, gep ýokmaz! Kyblasyz!.. Äri gepläp durka syrtyny öwrüp gitmekligiň aýal üçin zyna iş etmek bilen deňdigi saňa öň aýdylmadymy? Bileňokmy ýa şo zatlary? (Gahary güýçlenip başlaýar.) Bilýäň! Bilip aňyrsyna geçýäň. Ýöne, bilgeňleýin edýäň. Ejeň birwagtlarky edip giden sargydyny berjaý etmek üçin edýäň. AMANSOLTAN. Näme sargyt edenmişin o maňa? ŞEÝDAÝY. «Otursa-tursa, näme diýse tersine tutup, kejine gaýdyp, äriň beýnisini törpüle, däliretmän goýma, içini-bagryny ýak» diýdi? AMANSOLTAN. Beý diýeri ýaly sen näme ýamanlyk edipsiň oňa? ŞEÝDAÝY. Gepem meň şoňa hiç zat etmedigimde-dä. Şol gezegem şolar bilen arama sen zerarly tow düşdi. Gabanjaňlyk edip hossarlaryň baryny örüzeniň näme, eýýäm ýadyňdan çykdymy? AMANSOLTAN. Wiý-ý... Hä, omy? O diýsene... O ýadyma düşýä. ŞEÝDAÝY. Şonda ejeň seni aýryp äkitjek bolanam ýadyňa düşýämi? AMANSOLTAN. Howwa, o-da düşýä. Ýöne giden däldirin. ŞEÝDAÝY. Howwa, gitmediň. Ýöne, giden bolsaň gowy boljak ekeni. AMANSOLTAN. Aýdýan-a, ömürboýy saňa ýaranyp bilmedim diýýän-ä... ŞEÝDAÝY. Şonda men ejeňe: «Ojagymy ýykjak bolýan adamy men öýüme getiribiljek-gä, galan ömrüňize biriňizem gapymdan geläýmäň diýdim. Saňa-da: ― Şu düzgüne kaýyl bolsaň-a ine öý, ýaşaber, bolmasa-da honha köwşüň» diýdim. Dogrumy? AMANSOLTAN. Dogry... ŞEÝDAÝY. Ana, hut şol döwrem ejeň saňa ýaňky ýaly sargytlar etdi. Hakyt çat maňlaýyňa geçip aýdyp otyrka-da özüm üstüňize geldim. Ýalanmy? AMANSOLTAN. Howwa ýalan! Hiý, ejemem bir maňa şolar ýaly sargyt edermi? ŞEÝDAÝY. Sargyt edendigi üçin-dä, şeýdip, ömürboýy, ýadaman, ýaltanman, meniň beýnimi igeläp, ýarak it ýaly ýakalaşyp geldik. Seň şol häsiýetleriň zerarly öýüme myhman getiribilmedim. Getirsemem ýaýdana-ýaýdana getirdim. Her gezegem ýüzüm gyzdy. Indem ho-onha, Hywanyň ähli halky seň gürrüňiňi edýä: «Şeýdaýyň aýaly ýaly» diýip. AMANSOLTAN. Seni sylamaýandyklarynyň alamaty şol. ŞEÝDAÝY. Ýok, Amastan! Ol hywalylaryň meni sylamaýandyklarynyň däl-de, meniň çydam käsämiň dolandygynyň alamaty. Ikimiziňki indi bolmajagyna diredi. Ejeň pahyryň ekip giden agajy hasyl berip ugrady. Hälem bolsa bir pille, ikimiz aýrylyşaly. Menem öz günümi özüm görerin. Juda bolmasa eli işliräk birini hyzmatkär tutunaryn welin, idegsiz galman... AMANSOLTAN. Asyl seň başdanaýak niýetiň şoldy-da! Maksadyň meni kowup, başga birini almakdy-da! (Siltenjireýär.) Bar, al! Bol, al! Al, maňa görä ýaşragynyň, darsdabanragynyň, düňňüledürsräginiň birini! Kyrk bäş ýaşdn soňam: «Aýjemal, Aýjemal» diýip ýörşüňdenem bell-ä o zatlar... ŞEÝDAÝY. Niýetimde şo zatlar bolan bolsa, Amastan, şol maksadyma men birwagtlar ýeterdim. Ýöne, meň niýetim ýaşaşmakdy. Emma seň niýetiň welin... (Janyndan syzdyryp:) Aýal bolup ärime mähir berdim diýibilmersiň. Ýekeje gezek öňümden ýylgyryp çykan ýeriň ýokdur. Haçan görseň maňlaýyň-a bäş büklem, gaşlaryňam çalamydar çatma ýaly çagşap dur. Ýüzüňem zer-zaw. Agzyňdan bolsa awy pürkülýä. Ömürboýy şeýdip ýörmäge özüň nädip çydadyň, men-ä haýran... O-ol, Aýjemal diýýäniň bolsa meniň hyýaly dünýäm. Beýle gyz durmuşda ýok... (Böwrüni diňleýär.) Ýeri bolýa-da. Umuman, gepleşdik. Aýrylyşýas. Talagyňam ertiriň özünde kaza gideris-de, şerigat boýunça kanunlaşdyrarys. AMANSOLTAN. Ine, oýny dagam şuňňaly-da şu adamyň. ŞEÝDAÝY. Oýun eder ýaly men bazygär däl. (Öýe girip, horjunyny egnine atyp çykýar.) Gelýänçäm öýi boşat. AMANSOLTAN. Aý, kişi, sen näme, dälirediňmi?.. ŞEÝDAÝY. Howwa, däliredim. Bir wagtlar däliredim. Has takygy däliretdiň. Şunça ýyl ýaşaşybam kim bilen ýaşaýanyňy bilmediň. Äriňi tanamadyň. (Ugramaga hyýallanýar.) Öýdenem näme alasyň gelse al-da, açary ho-ol, köneje setiliň aşagynda goýaý. AMANSOLTAN (aglamjyraýar). Nirä gideýin men indiden soň? Gidere ýerim galmad-a... Senden başga hossarym ýog-a... ŞEÝDAÝY (oýlanýar). O zatlaň pikirini öň etmeli ekeniň. Ýöne bolýa. Beýle bolsa men saňa ýene bir gezek eglişik edeýin. Şu howlyny tutuşlygyna saňa goýaýyn-da, özüm ötägideýin. Zatlarymam täze jaý edinenimden soň assa-ýuwaş daşabirin. (Ugraýar.) AMANSOLTAN (onuň öňüni kesýär). Ýok! Beýtme! Gitme! Özüňem gitme, menem kowma. (Äriniň egninden aslyşyp aglaýar.) Indiden soň meni «äri kowupdyr» diýen ada goýma. «Äri taşlap gidipdirem» diýdirme. Asyl aýrylyşmalam. Talakly gürrüňiňem goý. Juda uwnup-çydamajakdygyň çynyň bolsa hiç kime syr bildirmälem-de, şu howlynyň içinde herimiz bir jaýdajyk ýaşabereli. Bardy-geldi bagtyň çüwüp, göwün diýen maşgalaňa duşaýsaň dagam men garşy bolmaýyn. Kim sorasa-da: önelgesizligim zerarly özüm rugsat berdim, diýäýerin. Ýaňky, hyzmatkärli meseläň-ä häziriň özünde diýseňem çözüp bereýin. Ylaýyk, bäş-on günlükde bir ýaş gelin iş gözläp geldem asyl şu ýere. Salgysynam goýup gitdi, birdenkä gereklän adam bolaýsa dagy diýip... ŞEÝDAÝY (ýumşaýar). Tanalýan ýeriň çagasymy özi? AMANSOLTAN. Atas-a bazarda bakgalçylyk edýän ekeni-de, bir gezek argyşa gidende üstüne garakçylar çozup heläkläpdirler. Enesem ýeke özi güzeranyny görübilmän bäş-üç ýyllykda ony Hyrda çykarypdyr. ŞEÝDAÝY. O näme, owgan gyzymy?.. AMANSOLTAN. Ýok, türkmen. Hyrada-da şol ýeriň türkmenlerine çykarylypdyr. Ýöne, äri bimesrebräk ekeni-de, oňuşman gaýdypdyr. Elbetde, boljagydyr-da, gelensoň köp wagt geçmänkä enesem ýogalypdyr-da, biçäre ýeke galaýypdyr. Özi welin, akylyň öýjügi-dä, jan şahyr. Okumyş. Sowatly. Seň goşgulaň dagy barysyny ýatdan bilýä. ŞEÝDAÝY. Onda näme öňräk aýtmadyň sen muny? AMANSOLTAN. Heý-wüý, nädip aýdaýyn men ony? Şumadam nälaç aýdyp otyryn. Üstesine adam Aýjemal bolansoň... ŞEÝDAÝY. Aýjemal? AMANSOLTAN. Howwa, Aýjemal ekeni-dä hut. Adam Aýjemal, özem edil Aýyň jemaly ýaly owadan. Hoşsurat. Owazy ýakymly. Dogrymy aýtsam jan şahyr, aýalam bolsam birhili mährim gidäýdi şoňa. ŞEÝDAÝY. Seň mähriňi gozgap bilen bolsa-ha ol dogrudanam üýtgeşik maşgala bolmaly. AMANSOLTAN. Üýtgeşikligin-ä söz ýok, şoň şahyr. ŞEÝDAÝY. Onda sen nemet, Amastan. Git-de onuň bilen gürleş. Gowus-a alyp gel, men özümem gürleşip göreýin. Egerde seňki ýaly hyzmaty kem boljak bolsa, maňa onuň owadanlygam gerek-gä, okumyşlygam. AMANSOLTAN. Hiý, Hyradyň gelinlerinden görelde alan gelinem bir kemhyzmat bormy, şahyr. Aýjemalyň öz aýtmagyna görä, olar ir bilen çagalaryny, ärini naharlap bolduklary, ur-tut günortanlygyň ugruna çykýamyşynlar. Günortanlykdan soňam derhal agşamlyk naharyna başlaýamyşynlar. Howlularynyň içi-daşy dagy edil dil bilen ýalanan ýaly diýýä. ŞEÝDAÝY. Tüýs maňa gerek maşgalalar ekeni. Sen oňa aýt: işini oňarsa men onuň hakyny iki esse, ýok, üç esse tölemäge-de taýyn... AMANSOLTAN. Bor, bor, aýdyşyň ýaly ederin. (Şahyr gidýär. Amansoltan onuň yzyndan garap dur.) ■ IKINJI GÖRNÜŞ Öňki sahna. Amansoltan bilen Aýjemal hantahtanyň üstünde özara gürleşip otyrlar. AÝJEMAL. Şeýdaýy şahyryň öýünde şeýdip, onuň maşgalasy bilen arkaýyn gürleşip oturaryn diýip dagy Amansoltan gelneje ýadyma-oýuma-da düşenokdy-da... AMANSOLTAN. Aý, o zatlar Aýjemal jan, nesibä bagly. Galanam näme, meň gowulygymdandyr-da. başga bir yzgytsyz heleý bolanda seň ýaly garyp gelinleri dagy üç günlügindenem getirmiýädi. AÝJEMAL. Dogry aýdýaňyz, Amansoltan gelneje. Ýagşy adamyň ýanýoldaşam ýagşy bolsa gowy. AMANSOLTAN. Ana, şoňňaly adam men Aýjemal jan. Muň bagtyna sataşaýan bir zat men. (Aýjemala tarap ýapyrylýar.) Onsoňam... aýtmagam-a birhili welin, menem şahyr... AÝJEMAL. Şeýlemi-i?.. AMANSOLTAN. Hm-m... AÝJEMAL. Bir ýerde okadyňyzmy sizem? AMANSOLTAN. Ýok, Aýjemal jan, hiç ýerde-de okamok. Men Taňrydan tapan. AÝJEMAL (birhili bolýar). Wiý-ý... O näme diýdigiňiz boldy? AMANSOLTAN. O diýdigim Aýjemal jan, meň şahyrçylygym Allatarapyn diýdigim bolýa. Sebäbi, ozalebetde gursagyňa guýulmasa o zatlary okap alyp bolmyýa. (Agzyny Aýjemalyň gulagyna golaýladýar.) Sözüm gury bolmaz ýaly bir beýtjagaz okap beräýeýinmi ýa? (Okamaga hyýallanýar. Edil şol wagtam at aýagynyň «dükürdisi» kişňeýän sesi, Şeýdaýynyň «haýt-haýty» eşidilýär. Äriniň gelenini bilip, Amansoltan bütinleý üýtgeýär.) Ana, şahyr agaňam geldi. Ýöne, ýaňky aýdanlarym öz ýanymyzda galsyn. Bir setir çyrşanymy bildigi däliräp başlar. AÝJEMAL. Wiý, o nämüçin? AMANSOLTAN. Sebäbi ol meniň şahyrçylygymy gysganýa. Ýazanjalarymam elimden alyp ýa ýyrtýa, ýa-da oda ýakýa. (Şeýdaýy gelmänkä aýdyp ýetişmek üçin gyssanmaç gepleýär.) Özem durşy bilen iňirdi. Öýünde işläp başlasaň özüňem görersiň: suw getirseň «sadyr» diýer, nan getirseň «nadyr» diýer, garaz gulak etiňi guradar. ŞEÝDAÝY (gelýär. Ýüzi-gözi açyk. Hoşwagt. Aýjemal tahtadan düşýär-de, gol gowşuryp, baş egip salam berýär. Şahyryň hasam şähdi açylýa.) Gurgunmysyň, Aýjemal? (Horjunyny tahtanyň üstünde goýup, özem bir gyrasynda oturýar.) AÝJEMAL. Wiý, şahyr aga siz meniň adymy nireden bilýäňiz? ŞEÝDAÝY. Amastan aýtdy. Sen barada ol başga-da kän-kän gowy zatlar aýtdy. «Edebiýatyň muşdagy ekenem» diýdi. Örän gowy... Örän ýagşy... Ýöne, ol seniň bilen iş barada-da gürleşendir-le?.. AÝJEMAL. Howwa, şahyr aga, gürleşdi. Men razy. ŞEÝDAÝY (aýalyna): Onda sen git-de ýatyber, Amastan. Galanyny men Aýjemal bilen özüm gürleşerin. AMANSOLTAN. Heýlemi... Bolýa-da onda... (Göwünli-göwünsiz, yzyna garaý-garaý gidýär.) ŞEÝDAÝY (Aýjemala): Iş barada-da entek gürleşibiris welin Aýjemal, seniň şygryýet bilen gyzyklanýandygyň meni hasam begendirdi. Beýle adamlar örän seýrek duşýalar. Onda-da aýal-gyzlaryň arasynda. AÝJEMAL. Ýüzüňiz diýip aýtdygym däl, şahyr aga, men siziň goşgularyňyza has irräkden bäri muşdak. Entek Hyrada çykmankamam goşgularyňyzy il içine ýaýraýşy ýaly ýat tutýadym. Atam bilen enemiň siz barada, goşgularyňyz dogrusynda edýän gürrüňlerini ürç edip diňleýädim. Sebäbi, siziň goşgularyňyzyň içinde meniň öz adymam bar. «Şahyr şu goşgularyny men hakda ýazýamyka» diýip, oýlanyp oturýan gezeklerimem bolýady. Şonuň üçinem köpden bäri özüme ynjalyk bermän gelýän bir soragy dile getirsem aýyp bolmazmyka? ŞEÝDAÝY. Aýyp bolmaz, Aýjemal, arkaýyn aýdyber. AÝJEMAL. Eýsemde bolsa tas, ähli goşgularyňyzda diýen ýaly duş gelýän Aýjemal kim? ŞEÝDAÝY (uly dabara bilen): Ol meniň ylhamym! Ýürek joşgunym! Kalbymyň soltany! Hyýaly dünýämiň eýesi! Uçarda goşa ganatym, münerde altyn ýally ak atym!.. AÝJEMAL. Şygyr ýazýan wagtyňyz gözüňiziň öňünde onuň keşbem janlanýamy ýa diňe adyna sežde edip ýörmüsiňiz? ŞEÝDAÝY. Wah, şonuň keşbi-dä meni şeýda edip, otlara salyp ýören. Ýöne, men onuň bilen käte asmandaky ak bulutlaryň arasynda duşuşýanam, älemgoşaryň üstünde aýagymy sallap oturyp, ikiçäk gürleşýänem. Bahar aýlary Akýaýla çykyp, «Gülgapdy» oýnaýan gezeklerimizem bolýa... AÝJEMAL. Eýle bolsa, şahyr aga, onuň aslyýeti asman perilerinden dagydyr-da?.. ŞEÝDAÝY. Aý, ýok! Maňa-ha şol zemin gözelleriniň keşbinde görünýä, Aýjemal. AÝJEMAL. Munça bolanyna görä men size ýene bir sowal bereýin... ŞEÝDAÝY. «Käşgä myhman suw dilese» diýipdirler, Aýjemal, aýt. AÝJEMAL. Siziň gündelik durmuşda görüp ýören gyzlaryňyzyň içinde şoňa meňzeýäni bamy? ŞEÝDAÝY. Öň ýokdy, indi bar! AÝJEMAL. Kimkä ol bagtly gyz? ŞEÝDAÝY. Şol gyz sen, Aýjemal. AÝJEMAL. Wiý, o nähili beýle bolýarka, şahyr aga? ŞEÝDAÝY. Saňa gözüm düşeli bäri şuňa özümem haýran galyp, nädip aýtjagymy bilmän otyrdym, ylaýyk, söz açdyň, gowy bolaýdy: adyňyzyň meňzeş bolşy ýaly, özüňizem şeýle bir meňzeş welin, edil bir almany iki bölen ýaly. AÝJEMAL (uýaljyrap durşuna): Beýle geň zatlaram bolýan ekeni-ow, şahyr aga, durmuşda? ŞEÝDAÝY. Bu zatlar Barhudanyň eradasy bilen bolýandyr, Aýjemal. Belki seniň keşbiňi ylham edip meniň kalbyma owalebetde Onuň özi salandyr? Belki Ol meni seniň bilen düýşümde duşurandyr? Belki men seni entek oglanrak wagtlaryň şu ýerlerde bir ýerde görendirin-de, ýüregim imrinendir? Belki-de, düýbünden başga-başga ylahy sebäpleri bardyr? Ony men bilemok, ýöne bu zatlaryň şeýle bolup çykmagy gaty bir tötänligem-ä dälmikä diýýän. AÝJEMAL. O zatlardan-a başym çykanok welin, siziň Aýjemal baradaky goşgularyňyzy Hyratly bagşylaram ürç edip aýdýalar. ŞEÝDAÝY. Şol bagşylaryň janlary sag bolsun, ýöne, diňlän wgatyň ýa okan wagtyň, şol goşgularyň arasynda sen özüň, öz keşbiňi görýämidiň? AÝJEMAL. Ilki-ilkiler göremokdym, soň-soňlar görüp ugradym, ýöne, meni geň galdyran zat, ― köpçülik muny mendenem has aýdyň görýän ekeni. Çünki, olar hern-ä maňa: «Aýjemal baradaky goşgularyny Şeýdaýy edil seni gaşynda oturdyp ýazan ýaly, ýa tanyşlygyňyz dagy bamy?..» diýişýädiler. Ine, indi şony siziň özüňizem aýtdyňyz welin... ŞEÝDAÝY. Näme diýsene Aýjemal... Ikimiziň gepimiz gitdigiçe alşyp gidip barýa. Biri-birimizi edil, dogup-dörälimiz bäri tanap ýören ýaly. (Iki elini arkasyna tutup, o ýan, bu ýan gezmeleýär.) Şonuň üçinem... men seni özüme hyzmatkär edib-ä alyp biljek däl... AÝJEMAL (boz-ýaz bolýar). Wiý, o nämüçin? ŞEÝDAÝY. Sebäbi sen Aýjemal. Meniň ylhamym. Döredijilik çeşmämiň gözbaşy. Ýagdaý şeýlekä, seni gapymda hyzmatkät edip saklamaga meniň ynsabym çatmaz. Ýöne ine, şol işleri şu öýüň hyzmatkäri däl-de, bikesi hökmünde etmeklige razy bolsaň welin... AÝJEMAL. Wiý-ý, şahyr aga, bu öýüň öz bikesi bar ahyry. Bikeli öýüň bikesi bolan bolup oturmak biz ýaly bigänä ýaraşmaz. ŞEÝDAÝY (hyruç bilen): Şu gün Gün guşluga galaly bäri şu öýüň bikesi ýok, Aýjemal. O meseläni biz Amastan ikimiz ýap-ýaňyja, çöp döwlen ýaly etdik. Çözdük. Ýörite iberilen ýaly, senem şuňa şeýle bir ras geldiň welin, men-ä şu-da ýöne ýere dälmikä diýýän. Galanam näme saňa bagly, Aýjemal. Söz senden... AÝJEMAL (aljyraýar). Waý, garaşylmadyk bu soraga men näme diýip jogap bersemkäm janlarym... Maslahatlaşaýyn diýsem hossarymam ýok. ŞEÝDAÝY. Sen öz göwnüňe geňeş, Aýjemal. Adamyň iň ýakyn hossary şoldur. AÝJEMAL. Göwnüme geňeşsem-ä şahyr aga, siziň ýaly adamyň öýünde bike bolmag-a däl, tä ömrüm ötýänçä golumy kesew, saçymy sübse edip hyzmatkär bolmaga-da kaýyl. ŞEÝDAÝY (Aýjemalyň golundan tutýar). Hiý, bular ýaly näzik hem akja gollaram bir kesew edinip bolarmy? (Saçlaryny sypalaýar.) Tüm deýin gara, ýüpekden-de ýumşak bu sünbül saçralam bir sübse edip bolarmy? O gürrüňiňi goý, Aýjemal. (Howlynyň içine gollaryny gerýär.) Ine, şu howly seňki. (Duýgusyna bäs gelibilmän sesiniň ýetdiginden gygyrýar.) Öň gaýybana keşbiň bilen goşgularymy bezän bolsaň, indi hakyky keşbiň bilen törümi beze! Öň kalbymyň soltany bolan bolsaň, indi hojalygymyň hany bol! Maly-mülküme, täji-tagtyma eýelik et! AMANSOLTAN (aňyrdan tasap çykýar). Heý-wüý, şahyr? Näm boldy? Gykylygyň näme?.. ŞEÝDAÝY (şol bir bady bilen): Ýap-ýaňyja-da asmanda uçup ýören bagt guşumyň hut özi gelip başyma gondy! Erem bagynyň elýetmez nygmaty saýyp ýören miwäm gelip agzyma düşdi! Düýşümdäki hyýalym huşumda hasyl boldy! Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy! (Amansoltanyň iki egninden tutup ony gujaklaýjak bolýar.) Ine, maňa näme boldy, Amastan! AMANSOLTAN. Men-ä hiç zada düşünýän däldirin. «Miwe» diýdiň «guş» diýdiň, «düýş» diýdiň, «huş» diýdiň. ŞEÝDAÝY. Düşünmersiňem sen bu zatlara, Amastan! Bar, sen gowusy şähere çyk-da, hemmelere habar ber! Goý, Hywanyň ähli halky, uly-kiçi tamam meniň howlyma üýşsinler!.. AMANSOLTAN. Nämüçin? Näm barmyşyn seň howlyňda? ŞEÝDAÝY. Toý bar, Amastan, toý bar!.. Meniň howlymda toý bar!.. AMANSOLTAN. Wüý, nämäň toýy? Kimiň toýy? ŞEÝDAÝY. Aýjemal ikimiziň toýumyz!... Durmuş toýumyz!.. AMANSOLTAN (birhili bolýar). Wüý, rugsat berenime ýarym günem bolanok welin... bi görgül eýýäm öz göbegini özi kesip ýören ýaly-la... ŞEÝDAÝY (Aýjemala): Indi bolsa men seni dor atyma mündürip öýüňe äkideýinde, begleriň münýän janly arabalaryndan onusyny, türkmeniň iň bir aýgyr hem ýüwrük atlaryndan kyrkysyny, sarç inerlerinden ýüzüsini bezäp-besläýin-de, gelnalyjylar, Hywanyň iň uly, bazarly hem adamly köçeleri bilen aýlap, dost-duşmana göz edip, şu ýere getireýin! Goluňdan tutup, umytly ojagyma salaýyn!.. (Şatlykdan ýaňa halys özüni ýitirýär.) Howwa, howwa, şeýdeýin! Şeýdeýin-ow men!.. (Amansoltana:) Oňa çenli senem toýa taýýarlyk gör! Ömrüňde etmedigiňi et-de, howlyny süpür! Içe-daşa serenjam ber! Öýüň tekjelerinde ysly almalardan, narlardan goý! Gül suwuny sep! (Aýjemaly garbap gujagyna alýar-da, çykalga tarap ugraýar. Ol howludan çykyşy ýaly, dor at dünýäni ýaňlandyryp kişňeýär. AMANSOLTAN (onuň yzyndan garap durşuna): Toba, toba! Tüýs: «Garry oýnasa gaý turar» diýenleri boldy-ow, muňk-a. (Gurak-gurak ýuwdunýar.) Hany, göreli bakaly, kimiň bazygärligi rüstem çykarka... «Goýun ölse it begener, garry öýlense ýigit» diýibem-ä... köneler ýöne ýere aýdan däl bolsalar gerek... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |