15:19 "Garry ezizim" / pýesanyñ dowamy | |
■ ÜÇÜNJI GÖRNÜŞ
Şol bir sahna. Howlynyň içi arassa. Tertipli. Aýjemal bili guşakly howlynyň içinde «uçganaklap» ýör. Şeýdaýy tahtanyň üstünde gyşaryp ýatan ýerinden onuň ähli hereketlerini synlaýar. Guwanýar, söýünýär. Arasynda «hasyr-husur» gapdalyndaky stoljagazyň üstünde duran kagyz-galamlaryna ýapyşyp bir zatlar ýazýar. Aşagynda galyň körpençe... Çep gapdalynda iki tarapam büzmekli ullakan han ýassyk. Howlynyň töründäki jaýjagazdan käte bir Amansoltanyň ýüzi görnüp gidýär. Onuň gabançdan ýaňa ejir çekýändigi bildirýär. ŞEÝDAÝY (dik oturýar-da, Aýjemala seredip goşgy okap başlaýar): ― Ýalan dünýäniň behişdi, Gyzyl gülden täze gelin, Ak ýüzleriň meňzär Aýa, Ýaýkanyşyň gaza gelin. (Aýjemalam işläp ýören ýerinden Şeýdaýa tarap käte gyýa-gyýa, käte aşaklyk bilen gözlerini güldürip bakýar, näz-kereşme bilen towlanjyraýar, göwsi bilen owsun atýar, onuň göwnüni hasam göterip biläýjek başga-da birnäçe ýakymly hereketler edýär. Şahyr muňa hasam göterilýär:) Tomaşaly toý bolanda, Gyz-gelinler ýygnananda, Gyzlara nazar salanda, Sen düşer sen ýada gelin. (Şeýdaýy öz ýelginine özi göterilip, ýerinden turanynam bilmän galýar we dik duran ýerinden goşgy okamagyny dowam etdirýär:) ― Şeýdaýy diýr, söz bolmasa, Bakjada gülüm solmasa, Zyýada guruç bolmasa, Bermen ýüz-müň gyza gelin. AÝJEMAL (bökejekläp onuň gaşyna gelýär). Ertir-agşam meniň şanyma goşgy goşup ýörmekden irmediňizmi? ŞEÝDAÝY (aşak oturýar). Hiý, seni taryplamakdanam bir irip bolarmy? Arap hatynyň harplary kemterräk kakýamy, nämemi, göwnüme bolmasa men entegem bärden gaýdýan ýaly bolup durun. Egerde men seni gadymy oguz-türkmen ýazuwynyň harplary bilen taryp etsedim... AÝJEMAL. Siz «Gözel ýigrim bäş» barada aýdýaňyzmy? ŞEÝDAÝY. Howwa, men hut şol barada aýdýan, Aýjemal. (Uly hyruç bilen özüniň şol köne ýazuw baradaky goşgusyny okaýar:) Ýedisinden owaz çykyp, On sekizin tartar çekip, Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp, Geçirdik gözel ýigrim bäş. AÝJEMAL. Ýogsa-da siz nämüçin şol ýazuwda ýazmaýarsyňyz? ŞEÝDAÝY (uludan demini alýar). Ol ýazuw indi ýok, Aýjemal. Öldi. Has takygy öldürdiler. Onuň ornuny gaýry halkyň gaýry ýazuwy eýeledi. Biz iliň göwnüni görjek bolup, öz mirasymyzdan aýra düşdük. Atyňy ýeke çapmak bolsa ýagşy däl. Barybir ony hiç kim okamaz. Okamaz däl-de, okaýyn diýse-de okap bilmez. AÝJEMAL (şol goşgynyň başga bir beýdini okaýar): Matam mersiýe, Şahandy, Ýazyp geçmiş niçe bendi. Okyp ýat ederler şindi, Seni yzlap gözel ýigrim bäş. ŞEÝDAÝY. Berekella, Aýjemal. (Dowam edýär): Şeýdaýy diýr, bar beterler, Seniň üçin ýas tutarlar, Bu wagt kem-käs tutarlar, Ýiter sen gözel ýigrim bäş. AÝJEMAL (gamlanýar). Şeýle bolaýarmyka şahyr aga? ŞEÝDAÝY. Bigüman. Ýöne, ýeke o-da däl, Aýjemal, biziň dilimizem şol güne düşdi. AÝJEMAL. Habarym bar, şahyr aga, habarym bar. Bu barada hezreti Magtymguly: «Araby zyban istemen, bal zybanym bar meniň...» diýen bolsa, siz: Hiç milletiň gulagyna ýokanok, Dogry diýsem zamanama ýakanok, Kemin ýazsam dogry many çykanok, Güň bolupdyr şindi saýran tillerim. diýip, bagryňyzy paraladyňyz... ŞEÝDAÝY. Köp sag bol, Aýjemal. Seniň görküň-görmegiň, adamkärçiligiň hakda-ha gürrüňem ýok welin, şeýdip, edebiýat, taryh, medeni miraslarymyz barada meň bilen aýakdaş gürrüň edip oturyşyň hasam hoşuma gelýä. Men hemişe-de özümiň özüň ýaly ýürekdeş maşgalamyň bolmagyny arzuw ederdim. Ine, indi şol maksadyma-da ýetdim. Munuň üçin men Barhudadanam, ykbalymdanam razy. (Gobsunýar-da, Aýjemala tarap gujagyny gerýär.) Indi bolsa ähli işiňem taşla-da, munda gel! Tahta çyk. Ýanymda otur! Dyzlaşypjyk çaý içeli. Gussaly gürrüňleri bir gyra goýaly-da, süýji-süýji sözleşeli. Gelejek barada ýagşy arzuwlar edeli. Men bolsam seni täzeden taryp edeýin... AÝJEMAL (bir gyrada duran owadan ak kündükden el-ýüzüni ýuwýar, öýe girip iş eşiklerini çalşyp çykýar we tahta münüp, äri bilen ýanaşyk oturýar. Käsesine çaý guýup berýar). ŞEÝDAÝY (onuň ýüzüne söýünç bilen garap oturyşyna goşgy okap başlaýar). Zülpleri garadyr, müşki-anbardan, Lebleri täzedir, gyrmyzy gülden, Owazy ýakymly toty-bilbilden, Tarypyny diýsem perizadymyň. Gözi bilen sorar aşyk halyny, Ima bilen bildir, kylu-kalyny, Akylda agsadar pelek zalyny, Tarypyny diýsem perizadymyň. Görýän welin, Aýjemal, men seni arap harplary bilenem ýeterlik derejede taryplap biläýjek ýaly-la?.. AÝJEMAL. Oňa-ha söz bolup bilmez şahyr, ýöne, dogryňyzy aýdyň, şu goşgyny maňa ýazdyňyzmy ýa hyýalyňyzdaky Aýjemala bagyşlap goşduňyzmy? ŞEÝDAÝY (hezil edip gülýär). Wa ― Alla-ah!.. Ol ikiňiziň düýbünden tapawudyňyz bolmasa näme? Ikiňizem bir-ä!.. AÝJEMAL. Bolýa. Ýene bir sowal: Baýak men sizden: hyýalyňyzdaky Aýjemal zemin gözelimi ýa perizatmy diýip soranymda: «Zemin gözeli» diýip, jogap berdiňiz... ŞEÝDAÝY. Howwa, şol sözümi men häzirem tassyklap biljek. AÝJEMAL. Eger şeýle bolsa, goşgam maňa bagyşlanan bolsa, onda nämüçin siz häzir bütin Hywany ýaňlandyryp, «perizadymyň» diýip otyrsyňyz? Muňa nähili düşünmeli? ŞEÝDAÝY (keýpi kök halda): Aý, kellämiň gyzgynyna onam diýsem diýäýendirin welin, meň diýýänim barybir şol bir gyzdyr, Aýjemal. Sensiň! Egerde, bardy-geldi şolaryň haýsam bolsa biri beýlekisinden zyýadarak bolsa, ol hem bigüman sensiň, Aýjemal. AÝJEMAL. Siz şeýle bir çeper gepleýäňiz welin, diňe goşgularyňyzy däl, sözleýşiňizem gapdalyňyzdan turman diňläp oturmaly. (Gozganjyraýar.) Ýöne eýýäm meniň çeşmä gidip, suw getirmeli wagtym bolupdyr. Egerde rugsat berseňiz... (Tahtadan düşýär.) Gün gyzmanka... ŞEÝDAÝY (Birdenkä böküp ýerinden turýar). Oh!.. Meniňem-ä atymy suwa ýakmaly wagtym golaýlapdyr. AÝJEMAL (hezil edip gülýar). «Atymy suwa ýakjak» bahanasy bilen, günüň-gününe çeşmä meniň bilen bile gidip, bile gaýdyp ýörmekdenem irmediňizmi şahyr? Ýadamadyňyzmy? ŞEÝDAÝY. Ýok! Iremogam, ýadamogam. Gaýtam lezzet alýan. Kuwwatlanýan. AÝJEMAL. Çekineňizogammy? ŞEÝDAÝY. Kimden çekineýin? Nämeden çekineýin? Nämüçin çekineýin? AÝJEMAL. Aý, indi il içinde her hili, dili parawuzsyz adamlaram bar-da... ŞEÝDAÝY. Bolsa bolubersin. Sen meniň hem aýalym, hem ylhamym. Şahyra bolsa öz ylhamyndan bir pursatlygam aýra düşmek bolmaýa. AÝJEMAL (näz bilen): Gabanýan-a dälsiňiz-dä, hern-ä?.. ŞEÝDAÝY. Aýdýanyň näme, Aýjemal? Aýalyňy gabanmaklyk ejizlikdir. Kimdir birinden özüňi kem saýmakdyr. Kimdir biriniň ýanynda özüňi kemsitmekdir... AÝJEMAL. Men aýtmasyz söz aýdyp, ýüregiňizi gozgaýdym öýdýän, şahyr... ŞEÝDAÝY. Zyýany ýok. Esasy zat, ikimiz islendik meselede düşünişip bilýäs... (Aýjemal öýe girip suw küýzesini alyp çykýar we çykalga tarap ýönelýär. Şeýdaýam dalbardan asylgy gamçysyny kakyp alýar-da, onuň yzyna düşýär. Entek howludan çykmankalar goşgy okap başlaýar:) ...Huraman kaddyňa hurşyt ýüzüňe, Men haýranam şirin dilli jenanym... (Howludan çykýarlar. Beýdiň soňky iki setiri daşardan eşidilýär): ...Arzym budur, intizaram özüňe, Ne gijäm bar, ne gündiz bar kararym... (Şeýdaýynyň atyny eýerleýändigi, münüp ugrandygy bildirýär. Edil eýesi dek atyham howalasy belent çykýar. Kişňände sesi dünýäni ýaňlandyrýar, toýnagynyň «dükürdisi» ýeri ýaraýjak bolýar. ■ DÖRDÜNJI GÖRNÜŞ Şäher gyrasy. Çeşmäniň boýy. Güzer. Gyrymsy agaçlar. Egni küýzeli Aýjemal güzere inýär. ŞEÝDAÝY. (sesi gelýär): Şeýdaýy yşkyňda bolup mahy-sal, Husnuň ile kamatyň nagyşdyr kemal, Gözeller içinde adyň Aýjemal, Seniň husnuň mahy-taben bolarmy?.. Goşgy tamam bolandan soň şahyryň atdan düşüşi, ony sykylyklap suwa ýakyşy, keýpihon halda atyna lak atyşy eşidilýär. Şol aralykda Aýjemal küýzesini suwdan doldurýar we güzerden çykmaklyga hyýallanýar. Şol wagt onuň öňüne «pat» edip kesek düşýär. Aýjemal tisginip, kesegiň gelen tarapyna bakýar. Kimdir biriniň öz adyny tutýandygyny eşidip aljyraýar. Töweregine garanjaklaýar. Howlukmaçlyk bilen ugramakçy bolýar. NÄTANYŞ ÝIGIT (gyrymsy agaçlaryň aňyrsyndan «alahasyrdy» bolup çykýar-da, Aýjemalyň öňüni gabaýar. Onuň ýüzi ýukajyk, öýme ýaglyk bilen örtülgi). Aýjemal dur... AÝJEMAL. Hi-ih!... Siz kim?.. (Haraýly nazar bilen şahyryň sesi gelýän tarapa garaýar.) Size näme gerek? NÄTANYŞ ÝIGIT. Tanamadyksyran bolma... (Şeýdaýy güzere gelýär. Nätanyş ýigidi görüp tisginýär. Bir agaja duwlanyp diň salýar). NÄTANYŞ ÝIGIT (Muny aňyp Aýjemalyň üstüne hasam sürünýär). Öten agşam çykmadygyňa-da içim ýanyp durandyr. Beýtjek bolsaň habar edip Hyratdan çagyrtmalam däl ekeniň... AÝJEMAL. Aýrylyň öňümden! Men sizi tanamogam, bilemogam. (Gitjek bolýar, emma nätanyş ýigit ony goýberenok.) Şahy-yr... (Şeýdaýy başyny silkip bukudan çykýar.) NÄTANYŞ ÝIGIT (oňa gözi düşenden gaçyp, gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda gizlenýär. Sesi gelýär). Äh-ä!.. Ertir çäş wagtlary çeşmäň güzerine geläý diýen bolup, garşylaýşyňam şumy? Üstesine ärsumagyňam alyp geldiňmi? Ah, sen biwepa! (Çöp-çalamlaryň aňyrsyndan birnäçe gezek eplenen kagyz oklaýar.) Me! Düýnki iberen hatyňam başyňa ýap! Gaýdybam habar ýollaýma, meň bar işim sen däl... ŞEÝDAÝY (bir pursat äm-säm bolup durandan soň ses gelýän tarapa okdurylýar). Dur! Dur diýýän men saňa!.. Namart bolmasaň dur-da, özüňi tanat! Meň bilen ýüzbe-ýüz gepleş! Gaýratyň bolsa gel, döşleşeli, gylyja gireli! (Dolanyp gelýär. Aýjemal galpyldap dur.) Aýjemal? Bu nä waka boldy bi? Kim ol, küpürsäp, üstüňe ernip duran? AÝJEMAL. Men ony tanamok, şahyr. ŞEÝDAÝY («has-has» edip durşuna demini zordan alýar) Ý-o-ok... Ol seni tanamaýana-ha meňzänok. Gaty belet gürleýä. AÝJEMAL. Megerem ol duşmandyr. Siziň meni görýändigiňizi görübilmän ýören rakyplaryň biridir. Şonuň üçinem siz muňa üns bermeseňiz gowy bolardy. ŞEÝDAÝY. Gözüniň görüp, gulagynyň eşiden zadyna üns bermez ýaly Şeýdaýy namysyny itiň guýrugyna taýlap ýören binamyslardan däldir. (Üstüne sürünýär). Bol aýt, ol kim? AÝJEMAL. Azajyk köşeşseňiz kimiň-kimdigine nämäniň-nämedigine özüňizem göz ýetirersiňiz. ŞEÝDAÝY (dälilik hetdine ýetýär). Ýap-ýaňyja-da oýunlyga salan bolup: «gabanýan-a dälsiňiz-dä» diýen bolup durduň welin, asyl ol sözüň aňyrsynda töňňelije bir syrjagaz ýatan ekeni-ow... Ol asyl seniň meň üstünden gülüp ýördügiň ekeni-ow... AÝJEMAL. Müýnüm bar bolan bolsa men sizi çagyrmazdym. ŞEÝDAÝY. Weý, men öňi-sany gapdalyňdakam, bar zady görüp durkam sen nädip çagyrmajak? O-da seň bir pirimiň, emeljagazyň bolmaly. AÝJEMAL. Bigünä halyma men özümi siziň öňüňizde mundan artyk oklap durup biljek däl. (Ugramak bilen bolýar.) Galanynam öýe baransoň gürleşibiris. Beýdip, ýedi ýoluň üstünde öz maşgalasyny masgaralap durmak siziň ýaly abraýly adama ýaraşmaz. (Gidýär.) ŞEÝDAÝY (ýykylyp-sürşüp yzyndan ylgaşlaýar). Dur! Saklan! Şol näkesiň kimdigini sen maňa şu ýerde aýt!.. Ýüregimde arman goýma!.. (Aýjemal yzyna garaman gidýär. Şeýdaýy dyzyna çöküp ýer ýumruklaýar.) Wa ― hasrat-a!.. Wa ― daryg-a!... Içim ýandy! Bagrym çürüşdi! Gül diýip, garbanym ýanar ot bolup çykdy! Ylhamym alahöwren turdy! (Aýjemalyň giden ugruna tarap dyzanaklap ugraýar.) Aýjema-al!.. Aý, Aýjemal. Aýjemal-a!.. Sen meni nä günlere saldyň? Ne belalarga giriftar eýlediň? Maňlaýyny ýere goýup aglaýar. Az wagtdan soň başyny galdyrýar. «Hyk-çok» edip ýerinden turýar. Birdenem hälki kagyza gözi düşýär. Entirekläp baryp ony ýerden galdyrýar. Okajak bolýar, emma tolgunmakdan ýaňa okap bilmän goltugyna salýar. Ent-bent bolup, atyny goýan ýerine tarap ugraýar. Onuň ýagdaýyna düşünen ýaly dor atyňam sesi indi öňkülerine görä sus çykýar. Toýnak kakyşam ýadaw. ■ BÄŞINJI GÖRNÜŞ Ýene-de Şeýdaýynyň howlusy. Aýjemal aldyrany bar ýaly bolup gelýär we öýe girip küýzesini goýup çykýar. Bir ýerde durup bilenok. At aýagynyň argyn «dükürdisinden» soň aýaklaryny zordan süýräp Şeýdaýy gelýär. Gahar-gazapdan ýaňa ysgyny galmandyr. Elleri bilen howany sermeläp Aýjemalyň gaşyna gelýär. Tutuş süňňi bilen sandyrap durşuna aýdara has degerli söz gözläp kösenýär. AÝJEMAL (aýasyny onuň agzyna goýýar). Duruň, şahyr, geplemäň. Gaharyňyz gaçyşýança saklanyň. Ýogsam gaharyňyza ýaňkydanam beter bir zat aýdarsyňyz-da, ol söz ikimizi ömürlik jyda düşürer. Puşeýmandan bolsa peýda bolmaz. ŞEÝDAÝY (onuň aýagyna ýykylyp ulyili bilen aglaýar). Hudaýyň haky üçin aýt, arym köýmesin, kim şol? AÝJEMAL. Ýene bir gezek aýdýan: hiç kim? Gören zadymam däl, sesinem birinji gezek eşidýän. ŞEÝDAÝY (zoraýakdan ýerinden galýar)... Eý Taňry-ym!.. Men-ä muny janymdan eziz görüp... başyma deňäp... gözlerimiň göreji, depämiň täji saýyp... tarypyny edere türkmende söz arapdan harp tapman janserek bolup ýörün, bu bolsa... Bu bolsa meni garry görüp, gör kimler bilen baş goşup ýör ekeni... AÝJEMAL. Meni ant içmäge mejbur etmäň, şahyr, egerde sizden özgä iň bolmanda hyýalymda dönüklik edenim bolsam goşa didämden tapaýyn... ŞEÝDAÝY (ýaraly ýolbars ýaly arlaýar). Bol aýt maňa, kim şol? Şol kim-m!!!.. (Aňyrdan Amansoltanyň ýüzi görnüp gidýär.) AÝJEMAL. Görýän welin, şahyr, ikimiz bu wagt düşünişip biljek däl, öýdýän. Siz häzir ýap-ýaňyja-da Aýjemaly taryplap duran şahyra meňzemeýärsiňiz. Gowusy men gideýin. Açylyşyp, ýalňyşyňyza düşüneniňizden soň baraýyň, men sizi bagyşlaryn. (Gitmäge hyýallanýar.) ŞEÝDAÝY (Onuň öňüni kesýär. Gazabyna bäs gelibilmän sesiniň ýetdiginden gygyrýar). E-eý, sen aždarhany gaçyran köpbilmiş aýýar heleý! Sen indi şu ýagdaýda-da meni günäkär etjek bolýaňmy? Janyňy menden diläp almaly halyňa gaýtam: «Men seni bagyşlaryn» diýen bolýaňmy? (Gollaryny galgadyp, iki-baka haýdaýar.) Ýo-ok, sen beýdip gidibilmersiň! Menden ujyz gutulybilmersiň! (Alkymyna dykylýar.) Hany aýt, men saňa nähili jeza bereýin? Şerigat boýunça kaza mähkeme etdirip, saňsar daşyndan öleriň ýaly edeýinmi ýa öz elim bilen öldüreýinmi? AÝJEMAL (parahat gürleýär). Elbetde, nähak ýere saňsar daşyna sezewar bolanymdan siziň eliňizden ölenim gowy. Ýöne, siz maňa ölümdenem beter, agyr sözler aýtdyňyz? Goramaly halyňyza gaýtam duşmanyň tarapyna geçip töhmet atdyňyz. Günä ýüklediňiz. Şeýtanyň haýryna gürlediňiz. (Bokurdagy dolup gözlerine ýaş aýlanýar.) Synasy arassa, bigünä naçar üçin şondan agyr jeza bolmaz. Ýöne, meniňem sabyr-takatym tükeniksiz däldir, öldürerin diýseňiz-ä ine, men. (Şeýdaýynyň bilindäki hanjaryny sogrup alyp, eline tutdurýar.) Ine-de hanjaryňyz... Öldüriň! Sokuň bagrymdan! Bolmasa-da sowluň ýolumdan! ŞEÝDAÝY (ýene-de onuň öňüni gabaýar). Ýo-ok... Men seni öldürip, ellerimi hapa ganyňa bulamaýyn. Mähkeme etdirip öz adymam garalamaýyn-da, kyýamat güni magşar meýdanyna üýşülen wagty Barhudanyň dergähinde derläp uýalmazym ýaly, talagyňy berip, boýnumdan garamatyňy bir aýyraýyn!.. (Aýjemalyň çat maňlaýyna geçýär-de, batly gygyrýar.) Sen menden bo-oş!.. Tala-al!.. AÝJEMAL (çirkin seslenýär). Şahy-yr!.. ŞEÝDAÝY Tala-ak!.. AÝJEMAL. Hälem bolsa bir pille, saklanyň!.. ŞEÝDAÝY. Takalyňy tüket, ýaramaz heleý!.. Tala-ak!.. (Ýer depip gygyrýar.) Talak, talak, talak!!!... AÝJEMAL (uzak wagtlap Şeýdaýynyň ýüzüne seredip, doňan ýaly bolup durýar). Häý, şahyr oňarmadyňyz, ýalňyşdyňyz? Indi bolmady. Indi men ymykly gitmeli boldum. Ýöne, mundan soň ýalňyşyňyza düşünäýeniňizde-de, ― munuň şeýle boljakdygyna bolsa men ynanýan ― yzymdan baryp oturmaň. Barybir bagyşlaman. Indi yza ýol ýok. (Öýe girip bir düwünçejik alyp çykýar.) Hoş, sag boluň, şahyr... Iň bolmanda bäş günjig-ä hoş ýaşaşdyk... Aýjemal ýüzüni tutup aglap gidýär. Şeýdaýy entirekläp baryp hantahtanyň bir gyrasyndan ýapyşýar. Syrylyp aşak çökýär. Ýüregini tutubam bir tarapa agyp gaýdýar. ■ ALTYNJY GÖRNÜŞ Ýene-de şol sahna. Şeýdaýy tahtanyň üstünde bimar halda ýatyr. Amansoltan öýden çykýar. Elinde kiçiräk demir taba, içinde ýüzärlik tüssäp dur. Ol ony äriniň öňürti başyndan, soň daşyndan aýlaýar we bir gyrada goýýar. Baryp, äriniň ýüzüne siňe-siňe seredýär. Şeýdaýy gorsanýar. Yňranjyrap gözüni açýar. AMANSOLTAN. Oýandyňmy şahyr? Şeýdeweri. Ýüregim-ä ýardyň bolsa-da... (Içginsireýär.) Näm boldy? Näbela gopdy? (Tahtanyň gyrasyna çykyp oturýar.) Hany bi, Aýjemalam-a görnenok? ŞEÝDAÝY (başyny galdyryp, alasarmyk halda daş-töweregine ser salýar). Aýjemal? Aýjemal diýdiňmi? Haýsy Aýjemal? Hä-ä.. Omy? O diýsene?.. (Amansoltanyň ýüzüne çiňerilýär.) Dogrudanam hany ol? AMANSOLTAN. Wüý, men näbileýin ony äri bolup özüň bilmeseň... Ýaňy daş çyksam ol-a ýok, senem demsiz-düýtsüz ýatyrsyň düňderilip. Imanym dagy göçdi, goňşy-golamlary çagyryp zordan şuň üstüne çykartdym. Olaram: «Seň bilenmi ýa Aýjemal bilenmi, bilemzok, biri bilen-hä gykylyklaşýady, ýaňyja» diýdiler. «Öň-ä seň bilen oňuşmady, indi oň bilenem oňuşmaýan bolsa nähili adamka bi...» diýen ýaly gümürtik gürrüňlerem etdiler. Menem: «Goýuň, meň ýanymda olar ýaly sözler aýtmaň, diýdim. (Şahyryň alkymyna dykylyp, osmakladan bolýar.) Ýa dogrudanam tersleşip dagy etdiňizmi?.. ŞEÝDAÝY (sorag bilen işi ýok, aýalynyň ýüzüne dikanlaýar): Amastan? Bu senmi?.. AMANSOLTAN (ýakasyny tutýar). Heý, toba! Öňem-ä bir sag zat däldi welin, ýa beterläp dagy edäýdimikä?.. (Alkymyna dykylyp:) Şahyr, aý şahyr, ýa jögüleriň tebiplerinden birini çagyraýaýynmy? Ýa molla getireýinmi? ŞEÝDAÝY. Jögi? Tebip? Molla? Ýok, ýok, hiç kimem çagyrma... Molla-da getirme... Men gowy... (Birazajyk böwrüni diňläp oturýar.) Meňkem «Dannan daza ýolugar» diýenleri bolaýdy öýdýän, Amastan... AMANSOLTAN (uludan sowuk demini alýar). Görýän welin, şahyr, diýmäýin diýsem, şol aýjyn seň göwnüňe degäýen şekilli... (Şeýdaýy bozulyp aşak bakýar. Amansoltan has içginsireýär.) Ýa ikilik dagy etdimi? ŞEÝDAÝY (çaga ýaly kemiş-kemiş edýär). Sen gowusy şo barada menden hiç zat sorama, Amastan. AMANSOLTAN. Häý, şeýlemikä-de diýdim-le... Şeýdermikä-de öýtdüm-le... Häý, ol-a bolmandyr-ow... Oňarmandyr-ow... Uly iliň sylap ýören adamynyň ýüzüni ýere salyp... Namysa goýup. (Ärine:) Ýeri, sen nire, olar ýaly masgaraçylyk nire... Tutuş Hywa ýaýrar indi bu gürrüň... (Ýanbaşyna urýar.) Wah, meni öldürmeli! Başda tapan, men şony! Şu ýere getirenem men!.. ŞEÝDAÝY (az-kem özüne gelýär. Dikelýär). Aý... neme-dä, Amastan. Boljak işe çäre bolmyýa-da... Herki zat takdyra tartýa-da... Menem... Nädeýin-dä... Çynmyka diýip... halys ýüregimi beräýipdirin-dä... Ýöne... «Zyýanyň ýaryndan gaýtmagam bir peýda» diýipdirler... Hälem bolsa... Beterinden-beteri bolmanka... AMANSOLTAN. Wah, «ýary» diýip, «bary» diýip agramyny ýa möçberini ölçär ýaly zat däl-ä, bu bolan iş, şahyr. Gaty agyr iş-ä bi... Agyr söwda-ça... Onsoňam şahyryň namysy uly-iliň namysy hasap edilýär-ä... Il-gün näme diýer indi... Waý-waý-waý... Waý-waý-waý... ŞEÝDAÝY (bir zat ýadyna düşen ýaly «oh» diýýär-de, elleri bilen eşiginiň daşyndan o ýerini, bu ýerini sermeläp başlaýar. Birdenem sag elini çep goltugyna sokup, hälki kagyzy çykarýar. Gatlaryny açýar. Dümtünibräk, haýaljakdan okap başlaýar). Men... men... den... Menden öýkeleme ezizim... Ag... agşam çykyp bilmedim... Er... ertir irden... çeşmäň boýuna baraý... (Ulyili bilen möňňürip aglaýar.) Wah... «günüň-gününe meň bilen çeşmä gatnap ýörmekden ýadamadyňmam» diýdi-le... Ol-a asyl maňa «gal» diýdigi ekeni... (Başyny tutup, iki ýana elenýär.) Eý-ho-o!.. Eý-ho-o!.. (Ýene-de okaýar.) M... men seniň... Men seniň şol... öňki... Aýjemalyňdyryn... (Bir salym demi içine düşüp, gepläp bilmän oturýar.) Şol bir maňa diýýän sözlerini oňa-da aýdýan eken-ä... (ýumrugy bilen kükregine urýar.) Wah, ömrüm!.. Köýen ömrüm... Wah, amanat janym!.. AMANSOLTAN (kagyza tarap baş atýar). O näme, şoň ödäkisine ýazan hatymy? (Şeýdaýy hiç zat eşidenok.) Şol bolsa indiden soň bir şoň üçin janyňy ýakyp oturmasana. Getir, maňa ber şony tamdyra taşlap içimi bir sowadaýyn-la... (Endigi boýunça ýene-de aýaklaryny hallanladyp başlaýar.) ŞEÝDAÝY (haty okamasyny bes edýär. Böwrüni diňleýär. Bir hata, birem Amansoltanyň ýüzüne seredýär. Şol hereketlerini gaýtaladygysaýam ýüzi üýtgeýär. Dodagyny dişläp başyny ýaýkaýar. Birdenem göwresini dikeldýär-de, sesiniň ýetdiginden gygyrýar). Hallanlatma aýaklaryňy!.. AMANSOLTAN. Heý-wüý!... Bor, bor... ine... ine goýdum... ŞEÝDAÝY. Düş, özüňem sekiden!.. AMANSOLTAN (tahtadan düşýär). Ana, ýene-de öňküje heňine başlady. (Şahyryň ýüzüne gyňraýlyp garaýar.) Ýene näme boldy? Indi näme edipdirin men?.. ŞEÝDAÝY. Bela edipdirsiň sen!.. Merez edipdirsiň sen!.. (Elindäki haty görkezýär.) Näme etjekdiň sen mundan beter?.. (Öz maňlaýyna, buduna, kükregine urýar.) Wah, görgüli şunça zeýrendem-le: «Men-de günä ýok» diýip. Näçe ýalbardam-la: «Gaharyňyz gaçyşýança geplemäň» diýip. Wah, men guraýyn! Däliligim mendenem beter gurasyn! Men asyl bir behişdi biçäräni öz elim bilen dowzaha ataýypdyryn-a!.. Waý-waý-waý... Wah-wah-wah... (Tahtadan düşýär-de, gorkudan ýaňa gözlerini tegeläp duran Amansoltanyň üstüne howala bolýar.) Aý, bedasyl!.. Bet-ha!.. Bet-hüý!.. (Elindäki kagyzy onuň gözlerine sokaýjak bolýar.) Asyl bu haty seň özüň ýazan ekeniň-ä oň adyndan... AMANSOLTAN. Heý-wüý, men ýazar ýaly o näme goşgumyşynmy? ŞEÝDAÝY. Häý, seniň bir goşgy janyňy alsyn, goşgy uran görjawhana!.. Kimiň ýazandygyny ine, seň çyrşan bisowat harplaryňam aýdyp dur-a, harp uran haramzada!.. (Tahtanyň bir gyrasynda duran stoluň aşagyndan bir bölek kagyz alýar-da, hatly kagyz bilen deňeşdirýär.) Ine, ikisiniň ýyrtylan ýerindäki kertüklerem gabat gelip dur-a biri-birine... (Bilindäki hanjaryny sogrup, dik ýokary göterýär.) Indi bolsa aýt, şol näkesiň kimdigini! Bolmasa-da ganyňy çotura derman ederin!.. AMANSOLTAN (hanjara gözi düşenden saýrap başlaýar). Bor-la bir bor, aýt diýseň aýdaýaryn. Kaza-da: zor bilen, gorkuzyp aýtdyrdy, diýäýerin. ŞEÝDAÝY. Çaltrak aýt, şu wagt seň kazyňam men, kelanyňam!... AMANSOLTAN. Gurt-la, bir, Gu-ut... ŞEÝDAÝY. Haýsy Gurt? AMANSOLTAN. Ho-ol, ýaz aýlary ýaýlada pul üçin guzy soýýan Gurt bar-a, ana şol... ŞEÝDAÝY. Wah, eliňi gana boýanyňa degjek doňuzam-a däl ekeni. (Täzeden bat alýar.) Nädip boýun edip ýörsüň sen ony bular ýaly bet işlere? AMANSOLTAN. Wüý, neşesi gutaran wagty bir gezek azardan çykarlyk pul berseň atasynam öldürip berýä o saňa... ŞEÝDAÝY (saňňyldap durşuna): Bolýa. Onyň-a adam hasabyna-da girenok. Ýöne ine, sen welin öňem-ä öňümden zordan sowuldyň... Ine, indem... Ýene-de... (Gygyrýar.) Nädip dözdüň sen şunça ýyl bir ýassykda başlanan başdaşyňy şular ýaly çykgynsyz ýagdaýa salmaga?.. Neneň dözdüň bir päk maşgalany Gurt neşe ýaly ýarym öli bir näkesiň nejasadyna bulamaga?.. AMANSOLTAN. Aý... Ýeme-dä... Gowusyny etjek boldum-da... ŞEÝDAÝY. Kime gowusyny etjek bolduň? Maňamy? Aýjemalamy? Ýa özüňemi?.. AMANSOLTAN. Özüme-le biri özüme. ŞEÝDAÝY. Seň näme bähbidiň bar bu ikortada, aýrylyşdym edilenden soň?.. AMANSOLTAN (ýaýdanýar). Nädip düşündirsemkäm men muny saňa... (Halys aljyraýar.) Wah, iki günjük heleý bolup görseň-ä bilerdiň welin, üstüňe heleý alnanda nähili bolýanyny... (Aglaýar.) Kemsinip bir ölübilmedim. Içimden dagy edil, gyryndy geçen ýaly boldy. (Başbogusynyň ujy bilen gözlerini süpürişdirýar.) Telek iş edendigimi bilýän, ýöne... Seni gowy göremsoň... Aýyrdym edeniňden soňam aýrylasym, seni başga birine beresim gelmedi-dä... (Şahyryň ýüzüne delmuryp bakýar.) Men nädeýin indi? Gidibereýinmi? ŞEÝDAÝY. Gidiber. Asyl eglenme. Bar-da Gurt neşä heleý bolaý... Talagyň taýyndyr. AMANSOLTAN (şumjarýar). Ýene bir gezek bagyşlaý-da... Meň bilen deň bolmaý-da... ŞEÝDAÝY. Öňki gezek bagyşlanyma-da näme etjegimi bilemok. Şol gezek şeýtmedik bolsam, şu zatlar bolmazdam. AMANSOLTAN. Onda öýe girip çalşyrgyçlarymy bir alyp çykaýyn. ŞEÝDAÝY. Tutuş öýi göter welin, başymdan bir sowul. (Amansoltan öýe girip, goltugy bukjaly çykýança aşak bakyp, oýa batyp oturýar. Onuň ýüzüni sallap çykalga tarap ugranyny görübem ýuwaş, ýöne hökümli seslenýär.) Hany, sen aýak çek-le... (Amansoltan saklanýar.) Näme diýsene, Amastan... (Hälki haty oňa uzadýar.) Me! Şuny al-da, şu ýerden göni Aýjemalyň ýanyna git. Bar-da, bar zady bolşy ýaly beýan et. Düşündir. Günäňi boýnuňa al. Öýkesini ýaz. Meniňem ötügimi sora. Başarsaň-a alyp gaýt. Egerde şu ýumşy bitirip bilseň, ýalňyşyňy düzetdigiň hasap edeýin we bu gezegem günäňi geçeýin... AMANSOLTAN. Çynyňmy? ŞEÝDAÝY. Şumat meň oýun edere ýagdaýym ýok, Amastan. Amansoltan haty alyp, «yrgyldap» gidýär. Şeýdaýy onuň yzyndan umyt bilen garap dur. Sahna garaňkyraýar. Saz. Kem-kemden güýçlenip, ýene-de pesendeleýär. Wagt geçýär. Sahna ýagtylýar. Şeýdaýynyň şol bir ýola garap durşy. Amansoltan gelýär. ŞEÝDAÝY (onuň bolup gelşinden iş bitirmändigini aňýar we soramaga ýürek edibilmän daşyndan aýlanyp ýör. Ahyram dil açýar). N... N... Nätdiň? B... Bardyňmy? (Amansoltan çalaja baş atýar.) G... Gördüňmi? (Amansoltan ýene-de baş atýar.) Gürleşdiňmi? (Ýene-de şol bir hereket.) N... Näme diýdi? (Amansoltandan ses-üýn ýok.) Töwellaňy aldymy? Bagyşladymy? Bararyn diýdimi? (Amansoltan başyny ýaýkaýar.) Onda näme diýdi? (Amansoltan sesini çykaranok.) Ýa hiç zat diýmedimi? AMANSOLTAN (onuň özündenem ýuwaş gepleýär). Diýdi... ŞEÝDAÝY. Näme diýdi? AMANSOLTAN. Bolmaz, diýdi. ŞEÝDAÝY. Näme bolmaz diýdi? AMANSOLTAN. Ýaraşyk bolmaz diýdi? ŞEÝDAÝY. Nämüçin bolmaz, diýdi? AMANSOLTAN. Sebäbi indi giç, diýdi. ŞEÝDAÝY. O nähili giç bolýa, sen günortandanam ir gitdiň ahyry... AMANSOLTAN. Giç diýip ol günüň tutumyna aýdanok, umuman giç diýýä. ŞEÝDAÝY. Sen näme, bar zady oňa bolşy ýaly edip aýtmadyňmy, düşündirmediňmi? AMANSOLTAN. Aýtdym. Düşündirdimem. Ýöne ol: maňa siziň düşündirişiňiz gerekgä, o zatlary men onsuzam bilýän, kimiň günäkärdiginem aňýan, ýöne, men sizden gaty göremok, sebäbi duşman ― duşman bor, ol iru-giç öz mekru-alyny bildirer, men şahyrdan gaty gördüm, ol hiç zadyň anygyna ýetmezden meniň talagymy berdi, agyr sözler aýtdy diýdi. ŞEÝDAÝY. Özi gelsin, ýa-da: özi gelmeli ekeni dagy diýmedimi? AMANSOLTAN. Aý ýok, olar ýaly zad-a diýmedi. ŞEÝDAÝY. Belki diýendir-de, sen aňan dälsiň? (Amansoltan başyny ýaýkaýar, şahyr birdenkä gyzyp başlaýar.) E-eý, aýjyn! Alahöwren! Sen ýene-de şol bir melgunlygyňy edip meni aldaýan bolaýma! Asla sen şol ýere gitmedik bolaýma! Howlynyň daş ýüzünde durup-durup gelen bolaýma!.. AMANSOLTAN. Ynanmasaň özüňem gitdejik göräý, şahyr... ŞEÝDAÝY (diňşirgenýär). Özüň? Gitdejik göräý?.. Sen şeý diýdiňmi? Şeý diýdiň gerek? Howwa, sen şeý diýdiň. Özüňem dogry diýdiň. Men şeýdeýin. Özümjik gideýin. Asyl başda nämüçin şeýtmändirin? Ol saňa däl-de, maňa gerek ahyry. Assa-ýuwaşdan ugraýar. Amansoltan sahnada dur. Garaňkyraýar. Saz. Köp wagt geçmänkä saz ýuwaşap, sahna ýagtylýar. Amansoltan öňki ýerinde dur. Şeýdaýy gelýär. Haly teň. AMANSOLTAN (ony tutaklap tahtanyň üstüne geçirýär). Bolmadymy? Gaýtmadymy? (Nädip ugruny tapjagyny bilemok.) Çaýjagaz demläp bereýinmi? ŞEÝDAÝY (äm-säm). Hä? Çaý? Çaýmy? Ýok, ýok... Hiý ýylyň şu günlerem bir çaý bormy? Sen ýöne maňa suw beräý, birhili içim gyzýa, edil ot alyp barýa... (Amansoltan agaç saplawda suw getirip berýär. Şahyr bir owurt içýär-de, gaýtaryp berýär.) Me, galanyny elt-de meň atyma görkez. O-da suwsandyr. Baý, suwsandyr-a... AMANSOLTAN (gözlerine ýaş aýlap durşuna): Men-ä gitdim onda şahyr... ŞEÝDAÝY. Nirä? AMANSOLTAN. Bilmedim-dä... Görerin-dä... Bu ýerd-ä durarlyk galmady. ŞEÝDAÝY. Nämüçin? Näm boldy... AMANSOLTAN. Öňüňde günäm uly. Soňky ýumşuňy bolsa bitirip bilmedim. ŞEÝDAÝY. Ol iş-ä Amastan menem bitirip bilmedim. Biterem öýdemok. Men ahyry öz däliligimiň pidasy boldum. Emma sen boluber şu ýerde. Menem ýeke galmaýyn. Şeýdaýynyň aýaly öýsüz-öwzarsyz entäp ýör, diýseler maňa-da gowy däl. (Oýlanýar.) Ýöne, ýaralarym bitişip, derdim az-kem könelişýänçä gözüme görünmejek bol... Gereklän çagym özüm çagyraryn... AMANSOLTAN (uzaklara bakyp oýa batyp durşuna): ...Göründe dik oturmyşlar etjeklerini edip gitdiler-de, indem özler-ä arkaýyn ýatyrlar görleriniň içinde gum ýassanyşyp, men bolsam henizem şolaryň ýakyp giden otlaryna ýanyp ýörün... ŞEÝDAÝY (entegem seri dumanly): Sen kim barada, näme barada aýdýaň, Amastan? AMANSOLTAN. Öz hossarlarym barada aýdýan, şahyr. Munça geçirimlilik edeňsoň men indi boýnuma alaýyn, seniň araky aýdanlaryň dogry. Şu çaka çenli seň garşyňa eden ters hereketlerimiň hemmesini men ejemiň sargydy boýunça etdim. Başda men bu zatlar beýle uzaga çekerem öýtmedim. Seni mugyra getirenimden soň ýene-de öňküjämiz ýaly äbede-jüýje bolup ýaşarys öýtdüm. Emma beýle bolmady. Gaýtam gitdigiçe bulaşdy. ŞEÝDAÝY. Hantama bolma welin, Amastan, men senden bir zat soraýyn-la... AMANSOLTAN. Sora... ŞEÝDAÝY. Egerde şol häsiýetleriňden el çekip, ho-ol, başkyň ýaly hyzmat edibilseň men seniň bilen aýrylyşmaýyn, diýsem öňki kaddyňa gelibilermiň? AMANSOLTAN. Ýok. Gelibilmen. Sebäbi, islendik zady köp gaýtalaberseň endige, endik bolsa häsiýete öwrülýän ekeni. Meňkem ana, şoňňaly boldy. Men indi üýtgäbilmen. Seň gelen netijäň dogry. Men saňa gowy aýal bolup bilmedim. Gowy görýändigim welin çyndy. Yza dönüp, bar zady gaýtadan başlara bolsa, wagtam ýok, ýolam ýok... Gaýratam ýok. ŞEÝDAÝY. Ahyrsoňy ýüregiňi açanyň üçin sag bol, Amastan. Maşgala gurmak, är-aýal bolup agzybir ýaşamak, çaga ýetişdirmek uly bir sungat. Ony her kes başarmaýa. Bu barada öz sahabalary bilen söhbet edip otyrka Muhammet aleýhassalam: «Durmuşa çykan gyz äre baran güni atasy öýüni ýadyndan çykarmasa, ol öý hiç haçan öýe meňzemez» diýipdir. AMANSOLTAN. Hak aýdypdyr. Başymdan geçiren adam hökmünde şoň şol aýdanlaryna men gaty gowy düşünýän. (Böwrüni diňläp durýar.) Munça bolanyna görä şahyr, garnymda galmasyn, men saňa ýene bir zat aýdaýyn. ŞEÝDAÝY. Aýt. AMANSOLTAN. Şol işe kakam pahyr-a goşulmady welin, ejemiň, özümden kiçi uýamyň hem-de agamyň tabşyrygy boýunça, men çagalarymam seniň garşyňa terbiýemelidim. Saňa duşman edip ýetişdirmelidim. ŞEÝDAÝY. Ana, hut şonuň üçinem Hudaý bize perzent beren däldir. Megerem, Ol atasyna duşman bolup ýetişjek çagalary Şeýdaýa rowa gören däl bolsa gerek. Ýöne, şol terbiýäniň öňi bilen öz çagalaryňy betbagt etjekdigi, maňa atan kesekleriň öňi bilen şolara degjekdigi barada oýlanyp gördüňmi? Maňa zyýan, hossarlaryňa peýda etjek bolup, öňi bilen öz ömrüňi ýakmaly boljakdygyň barada pikir etdiňmi? AMANSOLTAN. O zatlara akylym çatýan bolsa men şu güne düşermidim, şahyr... Ýöne, günälerini götermäýin welin, saňa ýamanlyk etjek bolup, şolar maňa «dogmaz derman» beräýdilermikänem diýip durun men-ä... ŞEÝDAÝY (ajy ýylgyrýar). Aý, ýok, onyňa-ha «hä» diýip biljek däl, Amastan. Adam hernäçe aýbygadym bolsa-da, edil öz perzendine beýle agyr sütem edip bilmez... AMANSOLTAN. Ýa şeýlemikä? ŞEÝDAÝY. Onsoňam o zatlar indi geçdi gitdi. Kim näme günä eden bolsa, kyýamat güni öz jezasyny çeker... Indi bolsa bar, öz tünegiňe gir-de, dynjyňy al. Menem dynç alaýyn. Gözlerime edil gurşun guýlan ýaly... Amansoltan gidýär. Şeýdaýy tahta çykyp, atynyň ýadaw sesine gulak asyp az-kem oturýar. Soň ýatýar. ■ ÝEDINJI GÖRNÜŞ Öňki sahna. Daňdanaralar. Güýz. Ondan-mundan horazlaryň sesleri eşidilýär. Howanyň kem-kemden ýagtylmagy bilen, onsuzam seýrek görünýän ýyldyzlar gezek-gezegine gaýyp bolýarlar. ŞEÝDAÝY (tahtanyň üstünde ýatan ýerinden eýläk-beýläk oýkanjyraýar-da, asgyryp oýanýar. Daş görnüşinden onuň soňky günlerde ejir gelendigi bildirýär. Saç-sakgaly ösgün. Bulaşyk. Düşeginiň üstünde dik oturyşyna dünýe-äleme göz aýlaýar). Hudaýa şükür, jahan ýagtyldy. Allahym öz bendelerine ýene-de bir gün bagyş etdi. Haýyrly gün bolsun... (Elini ýüzüne sylýar. Howlukman tahtadan düşýär. Kündügi alyp el-ýüzüni ýuwýar. Gelip, tahtanyň gyrasynda oturýar. Oýa batýar. Uzaga çekmedik ümsümlikden soň başyny galdyrýar-da, gamgyn bir owaz bilen goşgy okap başlaýar:) Säherler ir turup, boldum diwana, Yşk odundan apat ýetdi bu jana, Ähli dert bir ýana, şu dert bir ýana, Düşer näzli ýarym, ýada ýaranlar. Aşyk Şeýdaýy diýr, ýaryň elinden, Agtaryp tapmadym, gyzdan-gelinden, Säher wagty «Huw» diýp, galsam ýerimden, Düşer Aýjemalym ýada ýaranlar. (Ýene-de başyny aşak salyp, gamlanyp oturýar. Howlynyň gapysyndan şahyr gelin Nigär hanym we Myrat şahyr girýär. Şeýdaýy olary görüp begenýär. Tahtadan düşüp öňlerinden çykýar.) Oh-ow... Nigär hanym!.. Myrat şahyr!.. MYRAT ŞAHYR. Essalamu-aleýkum, hormatly halypa... ŞEÝDAÝY. Wa-aleýkum-essalam! (Iki elleri bilen gadyrly görüşýärler.) NIGÄR HANYM. Salam-äleýk... ŞEÝDAÝY. Gurgunmysyň Nigär hanym. (Goluny uzadyp görüşýär.) Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz... (Myrat şahyra:) Lebap illerem saglykmydyr Myrat şahyr? MYRAT ŞAHYR. Hudaýa şükür, saglyk. Sorana köp-köp dogaýy salam aýtdylar. ŞEÝDAÝY. Salamy iberenem, getirenem sag bolsun. (Nigär hanyma:) Balh ýurdunda nä sözler bar, Nigär hanym?.. Içiň-daşyň, malyň-başyň hemmesi gurgunçylykmy? NIGÄR HANYM. Şükür halypa saglyk. Edil görüp gaýdyşyňyz ýaly. ŞEÝDAÝY (gyssanyp başlaýar). Hany, öýe bir gireliň bakaly, galanynam şo ýerde, saçak başynda soraşybiris. MYRAT ŞAHYR. (hantahta tarap baş atýar). Gowusy şu ýerdejik dyz epäýeliň-le, halypa. ŞEÝDAÝY. Hiý, güýzüň günem bir daşarda dyz epmek bolarmy... NIÇÄR HANYM. Güýzem bolsa şu gün-ä edil ýaz ýaly. Şu ýerde oturyp azajyk «hähimizi» alaly, şondan soňunam görübiris. MYRAT ŞAHYR. Howwa, howwa, asyl bäri-bärde gitmekçem däl biz... ŞEÝDAÝY. Wah, käşgä. Bolanyňyz gowy. Hany onda, häzirlikçe şuň üstüne çykyň. Men özüm-ä dogrusy, öten agşam şu ýerde ýatdymam. MYRAT ŞAHYR. Adam pahyr birneme üşäbräk ýatsa ukusy süýjem bolaýýa... ŞEÝDAÝY. Wah, şony diýsene, Myrat jan. NIGÄR HANYM. Halypa hany gürrüň ber, ýagdaýlaryň nähili? Dogrusy halyňyzdan habarymyz-a ýogam däl, ýöne öňürti öz agzyňyzdanam bir eşideli diýdik. ŞEÝDAÝY. Eşitseňiz, Niçär hanym meniň ýagdaýymy çeken biler, diýäýmesem. MYRAT ŞAHYR. Bizem Aşyk Myrat adyny Güne ýatyb-a alan däldiris, halypa, aýdyberiň, düşüneris. ŞEÝDAÝY (aşak bakyp, az-kem oturandan soň): Däli göwnüm, döwranlyja serim ýok, Ýalan dünýä bilen hoşum gidipdir, Menzilim, mekanym, belli ýerim ýok, Abat öýüm, nanym-aşym gidipdir. Şum kysmatdyr, nesibäňe ýazyldy, Günäkär bende sen, bagryň ezildi, Esbaplaryň çaşyp, ordaň bozuldy, Tur, atlan Şeýdaýy, goşuň gidipdir. NIGÄR HANYM. Düşnükli. Siz halypa dogrudanam agyr derde sataşypsyňyz. Şygyrlaryňyza-da susluk, dünýeden göwnügeçginlilik aralaşypdyr. Muny eýýäm halkam duýýa. Akt şonuň üçinem, Aşyk Myrat ikimizi ol siziň ýanyňyza ýörite iberdi. Ol öz şahyrynyň şu hala düşenini ýokuş görýä. MYRAT ŞAHYR. Esasy zat biz siziň derdiňiziň dermanynyň kimdedigini bilýäs. Asyl ol Nigär hanymyň aşnasy bolsa nätjek... NIGÄR HANYM. Howwa, Aýjemaly men gowy tanaýan. Hyratdaka biz onuň bilen köp gabatlaşypdyk. Ol gepe-söze düşünýän, akylly maşgala bolmaly. Ikiňiziň rozygär bolanyňyzy eşidip, begenip ýördüm welin, elbetde, boljagydyr-da... MYRAT ŞAHYR. Howwa-da. Şödür-dä... Ýöne, rugsat berseňiz halypa, Nigär hanym ikimiz şu ýerden göni Aýjemalyň ýanyna töwella gitmekçi. ŞEÝDAÝY. Gideniňiz-ä ýagşy welin, ol size-de eýgertmäýmesem... MYRAT ŞAHYR. Beý diýmäň halypa. Näumyt bolmaň. ŞEÝDAÝY. Ine indi ençeme aýdyr, gün yrman gatnaýan, emma şoň öýkesini ýazyp bilemok. Baryp bosagasyny ýassanyp ýatýan, ýalbarýan, ýöne bolaýanok. Doňy çözüläýenok. MYRAT ŞAHYR. Nädýä? Näme diýýä? ŞEÝDAÝY. Hiç zadam diýenok. Diňe aglaýa. Baramda-da aglaýa, gaýdanymda-da aglap galýa. NIGÄR HANYM (begençli seslenýär). Onda seň bagtyň getirdi, halypa! Onuň ýüregi eräpdir. Sebäbi, doň ýürek aglap bilmez! Biparh gözden ýaş çykmaz. Galanynam ine, baramyzsoň görübiris. Ol biziň raýymyzy ýykmaz. Galyberse-de, aýal ýüregine aýal gowy düşüner. MYRAT ŞAHYR. Gaty ras gürrüň... NIGÄR HANYM. Onda biz eglenmäli Myrat şahyr. MYRAT ŞAHYR. Belki, halypanyň özünem alyp gideris? (Şeýdaýa:) Nähili görýäň halypa? ŞEÝDAÝY. Aý, maslahat... Siz näme diýseňiz şol bor. NIGÄR HANYM (Şeýdaýa): Ýöne, gaýrat ediň-de, halypa biz Aýjemal bilen gürrüňi çugdamlaýançak, daşarda garaşyň. Wagty bolanda özümiz yşarat ederis. ŞEÝDAÝY. Bor, hanym, bor... (Ýerinden turýar.) Ýa perwerdigär... (Ugraýar-da, birdenkä sakga saklanýar.) Wiý, meniň saç-sakgalymam-a... Ýüz-gözümem-ä... Üsti-başymam-a... MYRAT ŞAHYR. Ýör, ýör halypa, eglenme. Häzir o zatlaryň wagty däl. Ine, işimizi bitireris welin, derhal hammama düşmeli bolaýmagyňyzam ahmal. (Gidýärler.) ■ SEKIZINJI GÖRNÜŞ Aýjemalyň öýi. Ol ortarada tikin-çatyna güýmenip otyr. Ýuwaşjadan gamgyn bir aýdyma hiňlänýär. Gapy kakylýar. NIGÄR HANYM (daşardan sesi gelýär). Aýjema-al, öýdemisiň? (Girýär. Yzysüre Myrat şahyram girýär.) AÝJEMAL. Nigär hanym! (Ýerinden turýar-da, gujaklaşyp görüşýär). NIGÄR HANYM. Sag-salamatlykmydyr, Aýjemal? (Myrat şahyry görkezýär.) Ine, bu-da Myrat şahyr. Lebapdan. Aşyk Myradam diýýäler. Halypanyň şägirtlerinden. MYRAT ŞAHYR. Uýam, sag-gurgun oturanmysyň? (Aýjemala goşaryny uzadýar.) AÝJEMAL (görşüp durşuna): Şükür, şahyr dogan. Özüňizi görmesegem şygyrlaryňyz arkaly tanaýas. (Ikisine-de:) Geliň, geçiň, törden oturyň, men derrewjik biş-düşüň ugruna çykaýyn. NIGÄR HANYM. Ýok! Biş-düşüň ugruna-da çykma, asla daşarygam çykma. (Ýanyndan ýer görkezýär.) Ine, şu ýerdejik otur, seň bilen bir agyz gürrüň bar. AÝJEMAL (orta saçak goýýar). Alyň onda, duz bir dadyň. (Myhmanlar duz dadyp töwir galdyrýarlar.) Nädip düşäýdiňiz bu ýerlere? NIGÄR HANYM. Aý, öňem bir gelip-gidip ýören ýerimiz bolansoň... Onsoňam halypa birazrak ýarawsyzrakmyşyn, diýip eşitdik-de, görsek ol hakykatdanam şeýle ekeni. Bizem näme, Aýjemal jan, «däliden dogry habar» hut şo mesele bilen geldik, seň ýanyňa. Gürrüňiň näme hakda boljakdygyn-a eýýäm aňansyňam-la... MYRAT ŞAHYR. Howwa, uýam, bir düşünişmezlik bolupdyr. Halypa ganygyzgynlyk edipdir. Ýalňyşypdyr. Ýöne, şol günäsi üçin çekmeli jezasyny-ha ol çekiberipdirem. Ony mundan artyk gynama. Gaýrat et-de, biziň töwellamyzy al. NIGÄR HANYM. Şu ýerden bizem ýüzümizi sallap baraýsak, halypany ýitirýäs, Aýjemal. MYRAT ŞAHYR. Onsoňam biz tutuş halkyň adyndan geldik. NIÇÄR HANYM. Howwa, ýöne sen: siz azlyk edýäňiz, halka gerek bolsa halkyň özi gelsin diýseňem edil ertiriň özünde külli türkmeni öz gapyňda göräý... AÝJEMAL (şol bir ýygrylyp oturyşyna): Ýok, ýok, Nigär hanym, aýdýanyňyz näme... Hiý beýle-de bir zat bolarmy?.. Ýöne... Men... Öl... Maňa... Meni... Gal... Gal... MYRAT ŞAHYR. Ýok, ýok. O-ol, «talakly» gürrüň üçin-ä sen kelläňem agyrtma. Çünki, kazysyz-kelansyz, şaýatsyz-zatsyz günäsi boýnuna goýulmazdan sebäpsiz ýere, ýüzüniň ugruna gaharyna aýdylyp goýberilýän talagyň hökmi bolmyýa. Ony sen ýadyňdan çykaraý. Asyl agzama-da, gozgama-da... (Aýjemal tolgunýar, oturan ýerinde gorsanýar, gozganjyraýar, ýöne, sesini çykaranok.) NIGÄR HANYM. Biz-ä onda Aýjemal jan seň ýaňky sözüňi töwellamyzyň alyndygy hasap edäýjek... (Aýjemal entegem sesini çykarman, ýer dyrmalap otyr. Niçär hanym Myrat şahyra ýüzlenýär.) Aşyk Myrat, sen git-de bu hoş habary derhal halypa ýetir! Buşla!.. Buşlugyňa bir zatjagaz beräýmegem mümkin. MYRAT ŞAHYR. Ýa he-eý, Nigär hanym! Sen näme halypa bizden galyp öýünde arkaýyn oturandyr öýdýäňmi? Ýaňy gelýäkäk senden ogrynça yzyma seretdim welin, görsem ol haýatdan-haýata bukulyp yzymyzdan gelýän ekeni. Häzirem daş ýerde däldir ol, şu töwereklerde bir ýerde durandyr, gulaklaryny gerip. (Gapa golaý barýar.) Halypa-a!.. (Nigär hanymam şol tarapa diňşirgenýär. Aýjemalyň şol bir aşak bakyp, çugutdyryp oturyşy) ŞEÝDAÝY (sesi gelýär): Owalda aklymny haýran eýlediň, Hylwat ýerde sözleşeýli söwdügim, Agladyp göz ýaşym girýan eýlediň, Uzak döwran yzlaşaýly söwdügim. ― Bagda bilbil saýrar, çekdigi zardyr, Aşyga köýmeklik owalda bardyr, Gerdeniň durardyr, zülpleriň tardyr, Säher turup sazlaşaýly söwdügim. (Aýjemal kapasa düşen guş ýaly ganatlaryny kakyp, öýüň içinde pelesaň urup başlaýar.) ― Ýetim guzy kimin gezmegin mäläp, Gözeller içinde men seni halap, Ömrümi ötürdim näzli ýar aglap, Gelse döwran yzlaşaýly söwdügim. (Aýjemal şol tarapa topulýaram welin, gapy «jarka» açylýar-da, bosaga-da Şeýdaýynyň ýadaw göwresi peýda bolýar.) ― Şeýdaýy diýr gitmez synamyň dagy, Göwsüňde guralmyş eremniň bagy. Ol ala gözleriň ýagydyr-ýagy, Ogryn-ogryn gözleşeýli söwdügim. (Sözüni tamamlaýşy ýaly şahyr özüni Aýjemalyň aýaklarynyň aşagyna oklaýar). Aýjema-al!!!... AÝJEMAL. Wah, garry ezizim!.. (Baryp şahyryň üstüne howala bolýar. Iki egninden tutup galdyrýar. Gujaklaýar. Şeýdaýy ony yhlas bilen bagryna basýar. Ogşaýar.) MYRAT ŞAHYR. Ine, indi boldy! NIGÄR HANYM. Halkyň baýlygy hak eýesine gowuşdy. Sahna garaňkyraýar. Dutaryň owazy. Reproduktordan diktoryň güýçli sesi ýaňlanýar: Yşgyň owazasyn diňle daşyndan, Jan jebrin kyn görseň barma başyndan. Serişdäň az bolsa yşgyň işinden, Bar, habar al, gören mübtelalardam. MAGTYMGULY. Soñy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |