13:32 Garwardyñ leýdisi | |
GARWARDYÑ LEÝDISI
Publisistika
Käte Oksfordyñ howlusyndan geçip gitmegem hiç zat öwretmeýän ýokary okuw jaýynda geçirilen ýyllardan has çuñ we manylydyr. Garward uniwersitetiniñ rektory Klodin Geý antisemitizmde we plagiatlykda aýyplanandan soñ öz arzasy bilen işden gitdi / Fotosurat: Boston Globe Ilkinji afrikan gelip çykyşly amerikan rektory Klodin Geýiñ Garward uniwersitetiniñ rektory wezipesinden gitmegi onuñ bu wezipä gelşi ýaly möhüm waka boldy. Ylym dünýäsinde Garwardyñ rektory bolmak - ylmyñ iñ uly ojaklarynyñ arasyndaky iñ ýokary ylmy derejä deñ hasaplanýar. Fransiýanyñ iki prezidenti Waleri Žiskar d'Esten we Žak Şirak Sorbonn bilen däl-de, ABŞ-nyñ iñ abraýly ýokary okuw jaýlarynyñ birinde birnäçe ýyllap okandygy bilen öwünerdi. Munuñ özi bize Garward, Oksford, Kembriž ýaly ýokary okuw jaýlary bolmadyk halklardygymyzy ýatladýar. Eger El-Ezher bolmadyk bolsa, Mamundan bäri bize ýeke ylym mirasy-da galjak däl eken. Elbetde, munuñ iñ esasy sebäplerinden biri kolonializm we aýratynam ylym-bilimi häkimiýetiñ, progresi bolsa dolandyryşyñ duşmany saýan osmanly döwrüdi. Iñlislerdir fransuzlaryñ alyp baran syýasatlary-da şundan gowy bolmady. Şonuñ üçinem şol döwürleriñ kemçiliginiñ hasabyny bizden sorap bolmaz. Asyl tragediýa garaşsyzlygymyzy alandan soñ başymyzdan geçen zatlardyr. Geçen döwürde ylym-bilim tanyş-bilişligiñ mesgenine öwrüldi, diplom söwdasy ösdi, professorlar üçinem, talyplar üçinem ylmy dereje hökmany şert bolmakdan çykdy. Hatda käbir ýurtlarda ylym-bilim Gündogar Ýewropalylaryñ we okuw programmasyny Leniniñ sözleri bilen başlaýan Patrik Lumumba adyndaky uniwersitetiñ erk-ygtyýaryna geçdi. Serwet Okaşa ýaly käbir progressiw harbylar baram bolasa, harbylaryñ köpýsi ýokary okuw jaýlaryna garnizon sistemasyny girizdiler. Medisina okaýanlar üçin indi sapaklaryny däl-de, partiýanyñ ündeýän zatlaryny ýat tutýanlaryñ ýerine öwrüldi. Şonuñ üçinem käbir siriýaly lukmanlar ilki prezident, soñra tussag boldular. Liwiýada bir leýtenant häkimiýet başyna gekdi we az wagtdan soñ pikirlerini global metod hökmünde impozirlemegi makul bildi we ýokary okuw jaýlarynyñ howlusynda dar agaçlaryny dikdi. Ylym-bilimiñ wajyplygy ähli ugurlardan daşlaşdyryldy we medeniýet köplenç gizlin gulluklarynyñ garamagyna berildi. Ýoldaşlara diñe arap edebiýatynda we poeziýasynda däl, eýsem medisina ýa-da inženerçilik ugrunda-da diplom berilmegi, bu barada açyk aýdyp bolmaýan ýörgünli däbe öwrüldi. Adam öz bilýäninden köp zady berip bilmeýär. Arap ofiserleri-de bilimiñ iñ soñky sepgidini bileleşigi, sosializmi we Palestinanynyñ azatlygyny durmuşa geçirmek hökmünde görýärdiler. Bularyñ hemmesi iñ gowy formada amala aşdy we yzda diñe Palestinanyñ azatlygy galdy. Iñlis, amerikan, nemes, fransuz, italýan, rus halklaryny azatlyga çykaran we ýer ýüzündäki iñ belent mertebä çykaran zat ýokary okuw jaýlarydy. Oksfordy okap gutarandan soñ hiç bir ýerde ekzamene girmegiñ geregi ýok. Ýa-da adyñyzyñ yzynda "pylan ylymlaryñ doktory" diýen adyñ bolmagynyñam zerre agramy ýok. Käte Oksfordyñ howlusyndan geçip gitmegem hiç zat öwretmeýän ýokary okuw jaýynda geçirilen ýyllardan has çuñ we manylydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 08.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |