21:57 Garyplyk bagtsyzlyk däl | |
GARYPLYK BAGTSYZLYK DÄL
Publisistika
Arap Bileleşiginiñ baş sekretary doktor Ahmet Ebu Gaýt maña jañ edip, iki meselede pikirimi beýan etmegi sorady. Birinjisi, ABŞ-nyñ Goranmak ministri Lloýd Ostiniñ Gazada şumada çenli 25 müñ çaganyñ we aýal-gyzyñ öldürilendigi hakdaky aýdan sözüdi. Ebu Gaýt: "Munuñ özi, Günbataryñ wagşyýanalygydyr. Iki jahan uruşynda uruşan toparyñ wagşyýanalygydyr. ABŞ bir eli bilen Gazä azyk kömegini ugradýar, beýleki eli bilenem Ysraýyla ýarag ugradýar" diýdi. Arap diplomatiýasynyñ baştutanynyñ sözüni kesip: "Şu aýdanlaryñyzy makalamda agzap bilerinmi?" diýdim. Baş sekretar Günbataryñ ýöredýän syýasaty we özüni alyp baryşy boýunça pikiriniñ öñdenem şeýledigini, ýöne herniçik-de bolsa jañ etmeginiñ bu däldigini aýtdy. Jañ etmeginiñ sebäbi Ryfat el-Mihiniñ "Awokado" çeper filmi barada ýazan başga makalam eken. Men Mihiniñ ajaýyp epizodlarynyñ gürrüñini edenimde "bagtsyz" müsür şäherini gussaly ajaýyplygy bilen suratlandyrandygyny aýdypdym. Ebu Gaýt "Bu gödek ýalñyşlyk" diýdi. Müsürde "bagtsyz şäher" diýen zat ýok. Hawa, garyp, pakyr-pukara şäher bar. Emma bagtsyz şähermi? Olar ýaly zat ýok. Baş sekretar Müsür hakda goýberen ýalñyşlygymy düzedip, şeýle diýdi: - Men obada önüp-ösdüm. Çagalygymyñ geçen ýerlerine baranymda obalarda bolýan toýlara gözüm düşýär. Şowgun-şagalañ, gutlaglar, goh-wagyrdy, aýdym-saz eşidýärin. Gelnaljylary görýärin. Energetika problemasyny başdan geçirýän ýurtda diñe akmaklaryñ ýakyp biljek çyralaryny görýärin. Müsürlileriñ garypdygyny aýtmaga hakyñyz bar bolsa bardyr, emma doktor Mustafa el-Feki siziñ Müsüri müsürileriñ özünden has gowy tanaýan ýazyjydygyñyzy aýdandygy üçin olaryñ "bagtsyzdygyny" aýtmaga hakyñyz ýok. Men baş sekretara bagtsyzlygyñ belli dir ýagdaýy düşündirmek üçin ulanylýan sözdügini düşündirmäge synanyşdym. Ol muny diýseñ gowy bilýändigini we munuñ müsürlilerden başga dünýädäki ähli halklara mahsusdygyny aýtdy. Müsür sosial, ykdysady, syýasy konfliktleriñ erñeginde, hatda uruş we göreş ýagdaýlarynda-da degişmäge, gülüşmäge, ýylgyrmaga bir zatlar tapdy. Garyplyk diñe garyplykdyr, emma bagtsyzlyk baş egmekdir, boýun sunmakdyr, durmuşyñ adalatsyzlygyna we gaýgy-hasratyna nähili döz gelmelidigini bilmezlikdir. Ýok, hojaýyn. Müsür aýdym aýdar, tans eder, güler-oýnar we koşari, falafel milli naharlary, ýaz paslyndaky "şam el-nesim" gutlaglary, Şokoko, Adyl Ynam we bulara goşmaça soñky henek, Şabulanyñ Amr Musany halamaýandygyny we Ysraýyly ýigrenýändigini aýdýan aýdymy bilen garyplygyñ hötdesinden gelýär. "Bagtsyzmy? Müsür bagtsyz?" diýip soran Arap Bileleşiginiñ baş sekretary iki nädogry pikiriñ üstünde durup geçdi: Birinjisi, Gazadaky Günbatar wagşyýanalygy, beýlekisi bolsa Müsürdäki garyplyk bilen bagtsyzlygy biri-birine garyşdyryp bilmerin. Müsüre köp babatda gözüm gidýär. Bularyñ birinjisi Müsür, Nil derýasy we kenarlarynyñ köpüsi, Ýusup Idris, Ahmet Bahaeddin, Tahiýa Jarioja, Maadi we "el-Mısri el-Ýewm" gazetiniñ žurnalistleri we redaktory, "Groppi" kafesi, Aleksandriýa we ajaýyp ynsan Muhammet el-Şarehiñ (Alla ona we onuñ ýaly öñbaşçylara rahmet eýlesin) meni ugrukdyran Feýýum şäheri. Arap Bileleşiginiñ baş sekretaryndan köplenç ýa bir zat ýazandan soñ, ýa-da ýazmanka çeşme hökmünde hemişe bir zatlar öwrenip galýaryn. Bu gezek öwreden zady, ýaşamak-bar bolmak bilen baglanyşyklydy: garyplygyñ we bagtsyzlygyñ arasyndaky tapawut - müsürlileriñ garyplyklaryndan has güýçli bolmagydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 08.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |