09:25 Gaty görme | |
GATY GÖRME
Goşgular
![]() Seniň balkyldaýan gara gözlerňe Kämahallar doýman seretsem uzak… Birden-birden gatyrganma, özgerme, Sen maňa raýdaş duýgy bilen bak. Başarsam, men saňa seretmekçi däl, Barmyň ýa ýokmuň hem diýmekçi däl hiç. Ýöne, alajym ýok, ýaňaklary al, Meni öz erkime goýanok bir güýç! Ol güýç elmydama menden rüstem, Oň elinde has kän mümkinçilik bar. Senden yraklarda ýörenimde hem Ol meni südürläp ýanyňa eltýär! Kämahallar seniň deňiz gözlerňe Seretmezden geçip gitsem ýanyňdan. Şübhelenme owal aýdan sözlerme, Ol sözleri syzdyrdym men janymdan! Ynansaň, kä öz-özüme zor salyp, Bilgeşleýin senden durýaryn gaça. Sen ondan özüňçe bir many alyp, Oňa birden düşünäýme başgaça. Gaça durýan, seň ýüzüňe özgäniň Ýylgyryp bakanny görmejek bolup. Çekilýäň, kimedir näz edip, janym, Gaşyňy kakanňy görmejek bolup. Kä içgin seretsem, Kese baksam kä, Ondan aýry many gözläp ýörme sen. Bu zatlar özüme bagly zatmy nä, Çytylma, Ynjama, Gaty görme sen… Tirkeş Sadykow. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |