GAÝRAT ET, ÝÜREK!
Soňky wagtlarda şahyry ýürek heläk edip başlady. Birden-ä çalt-çalt, birdenem haýal, nämelim bir ýakymsyz ýaltalyk bilen urmany çykardy. Käwagt bolsa bir hili düýbünden urmaýan ýalam bolup dur. Ümsümlik. Geňler galaýmaly ümsümlik. Birdenem ýagyda galan ýaly pytyrdap, elem-tas bolup başlaýar. “Gürs... Gürs... Gürs... Gürs...”
Köpden bäri owadan setirlere suwsap ýören şahyr şu gün ýene-de stoluň başyna geçdi. Ýagdaýynyň birneme gowulaşanyndan peýdalanyp şygyr ýazasy geldi. Ýazdy. Ýene-de edil öňküleri ýaly ýürejiginden syka-syka syzdyryp, janyny orta goýup ýazdy. Syrkaw halyna beýle süteme çydamadyk ýürek şonda ilkinji gezek şahyryň ýüzüne geldi.
«Besdir! Birdem pursat ber. Gynama meni. Şunça çydajak boldum, bolmady. Halys ýadadym. Rowgatym ýok. “Ýürek heläk edýär” diýip meni günäleme. Men seni heläk edemok, sen meni heläk edýäň. Aslynda sen meni ömürboýy heläk edip geldiň. Meniň ählije ysgyn-mydarlarymy ho-onha, ho-ol görünýän kitaplaryň gatyna siňdirdiň. Meniň onsuzam ömürboýy ýagty jahany görmän, garaňky kapasda ýatyp geçýändigime bakman, maňa üznüksiz zor saldyň. Rehim etmedin. Bir zada begenseňem maňa zor saldyň, gynansaňam. Uzak-uzak gijeler özüňem ýatmadyň, maňa-da dynç bermedň. Men niçezar çydaýyn? Ine, häzirem eliňe galam alyp, ak kagyza çenenip otyrsyň. Indi beri maňa degme! Meni öz günüme goý. Hiç bolmanda bir dynçlyk ber! Özüňem dynjyňy al! Bolmasa-da “Ýürek heläk edýär” diýip menden gaty görme! Hemmesine özüň günäkär. Meni şu güne salan hut seniň özüň!”
Şahyr bu zatlary onsuzam bilýärdi. Ýüregine nebsem agyrýardy. Ýöne ömürboýy ýüreginiň gany bilen ýazyp gelen şahyr bu gezegem edähedini bozup bilmedi. Onuň ýarawsyzdygyny, gaty heläkdigini bilse-de, ýüregini öz erkine goýmaga, ýüreksiz goşgular ýazmaga ynsaby çatmady. Ýazdy. Ýene-de ýürek bilen ýazdy. Bu ullakan dünýäniň gohuny, galmagalyny, şatlygyny, gaýgysyny, çözülmesi möhüm, ýöne, arman özüne bagly bolmadyk, kyn-kyn aladalaryny kiçijik hassa ýüreginiň gözeneklerinden geçire-geçire sagdyn goşgular ýazdy.Daňdanaralar bolsa, sag elini çep gursagyna goýup, halys tapdan düşen ýüreginden gör, näçenji gezekdir, ötünç sorady.
“Sen meni bagyşla, eý, azaplar içinde göýdük bolan jigerim! Men başgaça ýaşap bilemok. Saňa kyn düşýäninem bilýän. Ýadanyňam bilýän. Sojaýanyňam bilýän. Ýöne senem maňa sensiz kyn bolýanyna düşün. Ýene birnemejik gaýrat et! Entek ýazylmadyk eserlerim bar, aýdyp ýetişmedik yşgu-heserlerim bar. Gaýrat et! Gaýrat et! Ýene-de azajyk gaýrat et!”
Özüniň bir pursat ejizlänine utanyp, ýürek şondan soň ähli güýjüni, kuwwatyny jemläp, täzeden, üýtgeşik bir hyjuw bilen gaýrata galdy. “Gürs, gürs, gürs, gürs, gürs, gürs, gürs...”
Juma HUDAÝGULY.
Hekaýalar