13:26 Gazä başgaça seretmek | |
GAZÄ BAŞGAÇA SERETMEK
Publisistika
Gazada uly adamzat tragediýasy bolup geçýär... Eýse parahatçylygy nädip getirmeli? Çözgüdiñ näderejede kyndygyny bir mysal bilen aýdyp bereýin: Jimmi Karter 1977-nji ýylda ABŞ-nyñ prezidenti bolup işe başlady. Demokratik partiýadan saýlanan prezidentiñ birinji maksady Palestina-Ysraýyl konfliktini doly çözmekdi. Onuñ meselä garaýşy özünden öñkülerden tapawutlanýardy. ABŞ-nyñ meselesi çözgüdiñ merkezinde - Daşary işler ministri Genri Kissinžeriñ täsirindäki "korabl diplomatiýasy" bardy. Bu çemeleşme Palestinany hasaba goşmazdan diñe Ysraýylyñ we onuñ goñşularynyñ arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklara üns berip çözgüde gelmekdi! Karter bu perswektiwanyñ tersine palestinalylar üçin ýurt ideýasyny öñe süren ilkinji prezident boldy. Konfliktiñ esasy sebäplerinden hasaplanýan Balfur deklarasiýasyndaky "jöhit ýurdy" (home) üçin ulanylan adalganyñ birmeñzeşini palestinalylar üçinem ulandy... Karteriñ bu çemeleşmesi ABŞ-nyñ jöhit gatlaklarynda we Ysraýylda sensassiýa señseleme döretdi. Kartere goldaw SSSR-iñ döwlet ýolbaşçysy Leonid Brežnewden geldi. Iki ýolbaşçy bilelikde jarnama gol çekdi: "- Ysraýyl 1967-nji ýylda basyp alan ýerlerinden çekilmelidir... - Palestin halkynyñ kanuny hak-hukuklary kepillik astyna alynmalydyr". Dowamy-da boldy: * * * Müsüriñ döwlet ýolbaşçysy Enwer Sedat ynanyp bolmajak işi etdi: Zol urşup ýören Ysraýyla gitdi-de, 1977-nji ýylda ysraýyl mejlisi Knessetde çykyş etdi. Ysraýylam bu oýlanyşyklylyga gyzgyn sereden Işçi partiýasynyñ häkimiýetine garşy ilkinji gezek sag koalisiýa "Likud" 1977-nji ýylda Menahem Beginiñ töwereginde birleşip, häkimiýet başyna geldi. Şeýle-de bolsa "Likud" ekstremistleri ABŞ-na we Sowet Soýuzyna garşy gidip bilmedi. Karter Enwer Sedat bilen Menahem Begini 1978-nji ýylda amerikan prezidentleriniñ dynç alýan "Camp David" rezidensiýasynda duşuşdyrdy. Şol ýyl bu iki ýolbaşça Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi. (Beginiñ 91 adamyñ wepat bolan "King David" otelini bombaladandygyna we 107 palestinalynyñ wepat bolan "Deýr Ýasin" gyrgynçylygyna gatnaşandygyna garamazdan Nobel baýragyny almagy dürli çekişmeleri döredenem bolsa, parahatçylygyñ ýola goýulmagy islenýärdi). Ýaraşyk hiç wagtam bular ýaly ýakynlamandy. Fransuz çepçi intellektuallary Žan-Pol Sartr we Simon de Bowuar Gazä geldi. Günbatar mediýasy "iki döwletli" çözgüdiñ tarapdarydy. Gaza Gongong ýaly bolmalydy! "Işiñ" reñki 1979-njy ýylda üýtgemäge başlady. Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek uly öwrülişik bolup geçdi: Eýran Yslam rewolýusiýasy... Rewolýusioner şaýy kadrlaryñ köpüsi Liwandaky Palestinany Azat ediş guramasynyñ (PAEG) lagerlerinde taýýarlanypdy. Tähran köçeleri "Bir rewolýusiýa bilen iki rewolýusiýa" şygarlaryny ýokaryk galdyrýardy. Ikinji rewolýisiýa Palestinada bolup geçmelidi. Şol sebäpli Ysraýylyñ Tährandaky ilçihanasy boşadylyp, Palestinanyñ ilçihanasy edildi. Homeýni bilen birinji duşuşanam PAEG-iñ başlygy Ýaser Arafat boldy. Geleliñ işiñ soñuna: * * * 1979-njy ýylyñ 4-nji noýabry. ABŞ-nyñ Tährandaky ilçihanasyna çozuldy, 444 ABŞ-ly ýesir alyndy! Bu waka Ýakyn Gündogardaky parahatçylygy ýola goýmak babatdaky alnyp barylýan gepleşikleri bökdemek bilenem çäklenmedi, Karteri wezipesinden pyzdyrdy! Täze prezident Ronald Reýgan SSSR bilen gatnaşyklary dartgynlylaşdyrdy we Palestina-Ysraýyl konfliktine Karterden tapawutly garady. Yzyndan Enwer Sedat öldürildi. Beginiñ ýaraşyga gol çekmek babatdaky haýal-ýagallygy Daşary işler ministri Moşe Daýan, Ezer Weýsman ýaly "bürgütleri-de" ýadatdy. Oslo ylalaşygyna gol çeken premýer-ministr Izak Rabiniñ janyna kast edilip, Arafata awy berlip öldürildi. Detallart ýagdyryp oturmaýyn, bu topraklara hiç parahatçylyk geläýmedi. Çaknyşyklar bolsa şol dowam edip gitdi durdy... Diñe soñky ýüz ýyl däl... Diñe musulman-jöhit çaknyşygy däl... B.e.öñki XVIII asyrdan bäri Gaza bilen bir hatarda tutuş sebitde uruş bar. Munuñ birinji sebäbi - Gündogar Ortaýer deñzindäki ýerleriñ geosyýasy ähmiýeti! Iki gadymy doganlyk halk el-ele bermese, sebite parahatçylygyñ gelmegi mümkin däl. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |