04:32 Gazadaky tümlügiñ eýesi | |
GAZADAKY TÜMLÜGIÑ EÝESI
Publisistika
Altmyşynjy ýyllardaky Afrika degişli bu dramatiki kartina Gazada her gün bolup geçýär Altmyşynjy ýyllaryñ başynda polşaly korrespondent Ryşard Kapuşinskiý Kongo gelýär. Ondan öñ bu ýere dünýä edebiýatynda iñ meşhur ýazyjylaryñ biri we "Tümlügiñ ýüregi" atly ajaýyp eseriñ awtory Josef Konrad gelip gidipdi. Ryşard Kapuşinskiý Birinjisi, ýagny Kapuşinskiý ýañy garaşsyzlygyna gowşan Afrikanyñ tokaýlarynda syýahat eden resmi habarlar agentliginiñ korrespondentidi. Jozef Konrad Jozef Konrad bolsa, gorkunç tokaýy gylyç ýaly kesip geçýän Kongo derýasynda aýlanýan gäminiñ kapitanydy. Ýurdy beter harap edip taşlan graždanlyk uruşyndan soñ Kongo kolonializmiñ goýup giden az sanly gara ýoluny, telefon we beýleki liniýalary-da elden gideripdi. Materik ululygynda, transport pudagy bolmadyk ýurtdy we şonuñ üçinem Kapuşinskiý şeýle diýipdi: "Iş ýa-da garyndaş-dogan tapmak ýa-da haýsydyr bir tarapa gitmek üçin başyboş ýagdaýda özlerini nirädir bir ýere äkitmesi üçin awtoulagdyr ýük maşynyna garaşyp duran jemendelere gözüñiz düşer. Hepdeläp ýa-da aýlap ýollarda galan adamlar bar. Ellerinde ugur görkezýän karta-da ýok. Emma karta tapsalaram, uly ähtimallyk nilen gitmek islän obasynyñ ýa-da posýologynyñ adyny ol ýerden tapyp bilmeýärler. Nirä barýandyklaryny özleri-de doly bilmän barýarlar ýa-da gaýdyp gelýärler. Köpüsi barja goş-golamyny kellesiniñ üstünde göterio barýar. Deñagramlylygy sazlamak, siñeklerdir çybynlary kowmak ýa-da ýüzlerindäki deri sylmak ýçin elleri hemişe boş bolmaly bolýar". Altmyşynjy ýyllardaky Afrika degişli bu dramatiki kartina Gazada her gün bolup geçýär. Maşgalalar goş-golamlaryny kelleleriniñ üstünde daşaýar, bir ýerlerik gidip-bir ýerlerdenem gelýärler. Aradaky tapawut, elbetde Gazada bombalaýjy istrebitelleriñ, raketalaryñ we toplaryñ ýer-ýurdundan jyda düşürilen adamlaryñ yzyndan galmaýandygy. Jozef Konrad, "Tümlügiñ ýüreginde" wagşylar bilen siwilizasiýalaryñ bir zatdygyny aýtmak isleýärdi. XX asyryñ syýahatçysy Ryşard Kapuşniskiý bolsa, asyl wagşylaryñ siwilizasiýanyñ öñbaşçylarydygyny aýdýanlardygyny subut etmek isläpdi. Frensis Koppola "Tümlügiñ ýüregi" kitabyny adamzadyñ ýagdaýyny Konradyñ suratlandyrmasyndan has täsirli drama biken bize açyp görkezen "Kyýamat" kinofilmine geçiripdi. Konrad palestin dawasyna ylham bermekde täsirli rol oýnary we iñ meşhur arap asylly amerikanlardan ikisi, ýagny Edward Said we Fuat Ajeminiñ (Fouad Ajami) arasynda Konrad we palestin dawasyndaky roly babatda düşünişmezligi bardy. Emma bu "Muallakat" şygyrlaryna meñzeýän gözel edebi düşünişmezlikdi. Dawanyñ özüne zyýan bermekden zyýada her biri oñlan pozisiýasy bilen oña peýda getiripdi. Asyl zyýan bu iki şahsyñ arap dünýäsindäki iki tarapdar toparynda emele geldi. Tarapdarlary we oppozisiýasy iki ýokary okuw jaýynyñ professorynyñ ýazanda ulanan siwilizlenen dili ulanmagyñ ýerine sözleriniñ özüneçekijiligini dowamly gaýtalamakdan ýaña leji çykan tanyş paýyş we düşünje miweleri bilen hapaladylar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 29.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |