03:24 Gazäniñ soñy Suesiñ soñy ýaly | |
GAZäNIÑ SOÑY SUESIÑ SOÑY ÝALY
Publisistika
Fotosurat: Mohammed Salem / Reuters Adamlar häzirki wagt olary lapykeçlige uçradanda, taryha ýüzlenip, häzir indi birmeñzeş pozisiýada durmaýan we birmeñzeş rollary oýnamaýan ideal modelleri gözleýärler. 1956-njy ýylyñ prezidenti general Duaýt Eýzenhauer bilen häziriñ prezidenti Jo Baýdeniñ arasyndaky deñeşdirme täsindir. Ikinji jahan uruşynda ýaranlaryny ýeñişe alyp baran general uruşlaryñ nämäni añladýandygyny gowy bilýärdi we şonuñ üçinem uruşyñ has beter tutaşyp gidibermegini islemeýärdi. Eýzenhauer Sues konfliktinde Müsüre hüjüm eden üç güýje duýduryş bermek bilen çäklenmän, şol bir wagtyñ özünde uruşyñ dessine duruzylmagy üçin BMG-nyñ Baş Assambleýasyny-da aýaga galdyrypdy. Muña derek Jo Baýdeniñ Gazadaky genosidiñ we gandöküşlikleriñ, öldürmeleriñ, açlygyñ we ezmegiñ duruzylmagy üçin islenýän ýaraşyga garşy weto hukugyny ulanmagy, gazalylary dört aýlap Netanýahunyñ we Goranmak ministriliginiñ beýanatlarydyr bombaly hüjümleriniñ sesi astynda ýaşatmagy nähili masgaraçylyk! Gaza uruşy indi syýasy ýa-da harby mesele däl. Adamzadyñ şugünki ýagdaýynyñ kartinasyny şekillendirýän we olary Eýzenhaueriñ ABŞ-y bilen Baýdeniñ ABŞ-ynyñ arasynda bölýän ahlak meselesi. Üçlük soýuzyñ eden hüjüminiñ gahrymanlary Entoni Ideni, Gi Molläni, Dawid Ben-Guriony berk ýazgaran Eýzenhauer bilen ýakyp-ýumurmaga höwesek Netanýahuwa "Refaha hüjüm edip bilersiñ, emma raýatlar üçin howpsuz koridory-da ýatdan çykarma" diýen amerikan prezidenti Baýdeniñ arasyndaky tapawudy görkezýän ahlak meselesi. Prezident Baýden meşhur ysraýylly syýasatçylatyñ garşy çykan zadyny oñlaýar: adynyñ Netanýahunyñ ady bilen bilelikde tutulmagy. Eýzenhauer kolonizator Ýewropa garşy durupdy, Baýden bolsa Ysraýyl taryhyndaky iñ ýaramaz göçüp gelmeleriñ goldawçysynyñ arkasynda durýar. Ysraýyl iñ agyr ýaraglary we iñ ýaramaz söweşjeñ tilsimleri ulanýan bolsa, ABŞ içerki uruşdan ýaña iñ ýaramaz bölünmeler situasiýasy bilen señseleýär. Iki kandidat içerde we daşarda biynjalyk ediji we jedelli şertleri döredýärler. Ikisi-de fotosuratlarda Ysraýylyñ agressiw çozujylygynyñ ýanynda görünmek üçin ýaryşýarlar. Olaryñ ikisi-de meseläniñ indi ne ABŞ-da, ne-de Ysraýylda ahyrsoñunda soñlanmaly wagtlaýyn saýlaw meselesi däldigini bilenok. Netanýahu Gazä Hirosima atylan atom bombasynyñ iki essesiçe bomba ýagdyrdy we Hirosimanyñ gurbanlaryndan birnäçe esse köp adamyñ ganyna galdy, gorkuzdy, maýyp-müjrüp hala saldy, öý-öwzarlaryndan jyda düşürdi. Baýden bolsa ähli ýarag üpjünçiligi we aýratynam iñ ikirjiñlenmeli ýaragy bolan orta asyr görnüşli wetolary bilen bu ajal we gan deñiziniñ goragyny boýnuna aldy. Suesden soñ dünýä taryhynda düýbünden täze döwür başlady. Kolonial döwür hemme ýerde çagşamaga başlady. Fransiýanyñ we Angliýanyñ dünýä derejesinde oýnaýan rollary soñlandy. Aziýanyñ we Afrikanyñ yzy bilen Tunisde, Alžirden Adende we beýleki kenarýaka sebitlerde garaşsyzlyk ýañlary batlandy. Gazadan soñ iki zat üýtgär: Palestina we Ysraýyl. Ysraýyl döwlete ýolbaşçylyk etmegi Netanýahu ýaly adamlara ynanmagyñ hökümete däl-de, öz ömrüne garşy goýberilen ýalñyşlykdygyny biler. Palestina bolsa azatlyk ugrunda alnyp barylýan göreşleriñ Eýrana mätäçliginiñ ýokdugyna düşüner. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 17.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |