GAZNADAKY POSLY DEMIR
O ýok, bu ýok, hiç zadam ýok... Aý, garaz, nuh eýýamlarynda bir ýurtda hiç zadam ýok eken. Ana, şol ýurtda bir patyşa bar eken. Patyşanyñ bir gaznasy bar eken. Şol gaznada-da, rowaýata görä, ýalñyz, şol ýurtda iñ gymmatly hazyna saklanýar eken. Adamlar ata-babalaryndan miras galan bu ýeke-täk baýlyga gaty guwanýan ekenler. "Hiç zadymyz ýok hem bolsa, eždatlarymyz şu genji-hazynany ýadygärlik goýup gidipdirler" diýip, olar hor-homsy günlerini ýatlaryndan çykarypdyrlar.
Bu baýlygyñ bir ýa iki adama dahylly däldigi, onuñ tutuş halkyñ baýlygy bolup durýanlygy sebäpli, her kim munda meniñem paýym bar diýip hasap edýär eken, şoña görä-de ony gözüniñ göreji ýaly saklamaga çalyşýar eken.
Bu genji-hazyna tutuş halkyñky hem bolsa, ony patyşañ gaznasynda saklandan gowy ýer ýokdy. Gaznany ýaragly garawullar gaty berk gorap saklaýardylar. Olar ukyny-beýlekini bilmeýärdiler. Gaznanyñ üstünden guşam uçup geçip bilmeýärdi.
Patyşa, baş wezir, wezirler - köşgüñ özüne göwni ýetýän emeldarlarynyñ barysy her ýylyñ belli bir gününde bu ata-babalardan galan mukaddes genji-hazyna wepalydygy hakda kasam içýärdi.
Günlerde bir gün patyşanyñ halkyñ bu gözüniñ göreji ýaly saýyp ýören mukaddes baýlygynyñ nähili zatlygyny bilesi geldi. Onuñ arzyly sandyjagyñ içindäki gudratly hazynany göresi gelip, halys ýüregi eräp-akyp barýardy. Ahyry ol durup bilmän, şol hazynanyñ saklanýan ýerine baka ýola düşdi. Garawullar patyşany şo jaýa goýberdiler, näme, patyşa patyşa bolar-da. Şol täsin sandyjagy görmek üçin ilki birinji otaga girmelidi, ondan çykyp, indiki otag, soñ beýlekisine, şeýde-şeýde kyrk jaýyñ içinden geçmelidi, kyrk birinjisinde-de gatbar-gatbar sandyjaklar saklanýardy. Şolaryñ kyrk birinjisiniñ içinde-de şol genji-hazyna saklanýardy.
Patyşa kyrk gapyny açdy. Kyrk birinji otagyñ içine girdi. Kyrk sany sandyk açdy, kyrk birinjini açjak bolanda şeýle bir ýüregi jigledi welin, tas özünden gidipdi. Onda-da ýüregini bire baglap açdy. "Eý Alla, biziñ şunça ýyllap apalap gorap ýören zadymyz nähili mugjyzaka?" diýip, ol öz-özüne sowal berdi.
Sandygyñ gapagyny açandan heniz ýer ýüzünde görülmedik-eşdilmedik bir üýtgeşik owadan zat jaýyñ içine ýagty saçdy. Edil Aý ýaly ýanyp dur. Altyn diýseñ, altyn däl, göwher diýseñ - göwher däl, merjen diýseñ - merjen däl. Mis-beýlekiñ-ä gürrüñinem etme! Patyşanyñ göwni bölündi. "Ata-babalaryñ bize miras goýan bu mukaddes genji-hazynasyny özüm alaýyn. Bu diñe meniñki bolmaly. Barybir hiç kimiñ biljek gümany ýok!" diýip, içinden çürt-kesik karara geldi.
Ol sandygyñ içinde Gün dek lowurdap ýatan bu mukaddes hazynany garbap aldy-da, jübüsine saldy. Emma derrew gorku basdy: "Birden-de biri ogurlyk edenimi biläýse nähili bor?!" Onsoñ ol öz ýanyndan: "Alaýyn-da, ýerine bir bölek göwher goýaýyn. Göwheriñ ýalpyldysam şunuñkydan peslär ýaly däl ahyryn. Bu gudratly daşy öñ hiç kim görenok, şonuñ üçinem haçandyr bir wagt bu sandygy açyp göräýselerem ogurlyk edilenini bilip bilmezler" diýen karaa geldi. Aýdyşy ýaly hem etdi. Sandyklary edil öñki durşy ýaly, ýerli-ýerinde goýdy, ähli jaýlary yzly-yzyna gulplaşdyrdy-da, jaýdan çykdy.
Jaýdan çykmasyna çykdy welin, kim onuñ bu eden gabahatlygy bilinmän galar diýip güwä geçip biler? Ine, şonuñ üçinem patyşa bu mukaddes ýadygärligi özüniñ ogurlandygyny hiç kime bildirmezlik niýeti bilen şol günden beýläk bu mukaddes baýlyga wepalydygyny bildirmek üçin öñki ýaly ýylda bir gezek däl-de, iki sapar kasam içmeli diýip buýruk berdi. Şeýlelik bilen tutuş ilat şäheriñ meýdançasyna ýygnanyp, ata-babalardan miras galan bu mukaddes ýadygärligi gözüniñ göreji ýaly gorap saklajakdygyna kasam içdi.
Baş wezirem kellesi ýerindäki adam bolanmyş diýip gürrüñ edýärler. Ol oturyp-turup, patyşanyñ ýylda bir gezek içilýşn kasamy iki sapara geçirmegine hiç düşünip bilmedi. "Näçe ýyldan bäri aýap, gorap ýören gymmatbaha zadymyz nähili üýtgeşik zatka?" diýip, öz ýanyndan özi iñkise gitdi. Ahyrt hem çydap bilmän, ata-babalardan miras galan ýadygärligiñ saklanýan ýerine ugrady. Baryp, kyrk gapyny açyp, kyrk birinjisiniñ gapagyny galdyryp, hazynany gördi. Patyşanyñ mukaddes ýadygärligiñ deregine goýan owadan göwherini görüp, baş weziriñ tas begenjinden ýüregi ýarylypdy. Ol haýran bolup, göwheriñ ýylpyldysyny synlady. "Aý, bu göwheri özümjik alaýyn-da, ýerine-de şu bölek altyny goýaýyn. Ata-babalardan galam mirasyñ nähili zatlygyny bilýän adam barmy näme? Kimdir biri, bardy-geldi, sandygy açyp göräýende-de çalşyrylanyny nädip bilsin" diýip, göwheriñ ýerine zergäriñ elinden çykan bir owadan gyzyl ýüzügi taşlady-da, göwheri jübüsine salyp, sandygy edil öñküsi ýaly edip gulplady.
Baş wezir baş wezir bolar-da. Zaññar gymmatbaha göwheri kisesine urup, döşüni gaýşardyp gezip ýör. Emma bilinerin öýdüp gorkmanam duranokdy. Şonuñ üçinem patyşadan kasam içmegi ýygjamlaşdyraly diýip towakga etmegi ýüregine düwdi. Şeýlelik bilen güýzem, gyşam, ýazam, tomsam kasam içip başladylar.
Wezirleriñem biri gaty ýeser adam bolanmyş diýýärler. Ol hem öz ýanyndan: "Be, ýañy-ýañylaram ýylda iki gezek kasam içilýärdi welin, ýylda dört kasama geçäýdiler-le" diýip, biynjalyk bolmaga başlady. Ol hem ahyr öz wezipesinden peýdalanyp, hiç kime aýtman-diýmän, ata-babalardan miras galan hazynanyñ saklanýan gaznasyna bardy. Kyrk jaýdan geçip, kyrk birinji jaýdaky kyrk birinji sandygyñ agzyny açdy welin, üýtgeşik bir zat ýalpyldap ýatyr. Bu ýagta weziriñ ýüzem ýagtylyp gitdi. "Eý Tañrym, beýle gudraty öñde-soñda görmändim. Bu nä bagt! Hökman meniñ nesibäm bolmaly. Eger muny kümüş bilen çalşyraýsam näderkä? Kim görjek, kim biljek diýsene".
Hut şeýle-de etdi.
Ogurlygynyñ üsti açylar öýdüp ätiýaç edip, adamlary her aý kasam içmäge mejbur etmeli diýen karara geldi. Şeýdip ol özüniñ mukaddes ýadygärlige wepalydygyny subut etmekçi bolýardy.
Şundan soñ halk her aýda şäher meýdançasyna üýşüp, kasam içmäge başlanmyş diýýärler. Hemmeler iñ soñky damja ganyna çenli ata-babalardan galan bu ýadygärligi gorap saklajakdygyna ant içýärdi.
Köşk ministri hem, aýdyşyna görä, agy-garany saýgarýan adam bolupdyr. "Bu ýöneligiñ alamaty-ha bolmaly däl, munuñ soñunyñ bir çöpi bolmaly. Beýle nähili üýtgeşok zatka" diýip pikir edýär. Kyrk birinji jaýa girip, kyrk bir sandygy açyp, hazynany görýär. Ata babalardan miras galan sowgat onuñ ýüreginden turýar, şo bada-da onuñ: "Gal, bujagazy özümjik kisäme uraýyn-da, ýerine-de bu bölek misi goýaýyn. Kim biler öýdýäñ..." diýen pikir kellesine gelýär. Şeýle pikirem etdi, şeýle-de etdi. Etmesine etdem welin, gorkdam. Ýöne, näme, bu işler aýan bolaýsa nätjek ahyryn. Şonuñ üçinem her hepde kasam içmegi ýola goýmaly diýen karara geldi.
Niýetine düwen zadynam etdi, ýöne bütinleý ynjalykdan hem gaçdy. Özüne ýer tapmady. Her ädimde "häh!" diýiljek ýaly bolup durdy. Onsoñ ol bu mukaddes hazynany gorap saklamak üçin özünem, janynam gaýgyrmajakdygyny görkezmäge çalşyp, her gün kasam içip başlady.
Birnäçe gün geçenden soñ halkyñ arasynda bir adam peýda boldy. Ol:
- Eý adamlar; ata-babalarymyzyñ bize gözüñiziñ göreji dek gorap saklañ diýip miras goýup giden ýadygärligini çirk ýetirmän saklamak üçin janymyzy gaýgyrmajakdygymyza kän-kän ýyllardan bäri kasam içip gelýäris. Hakykatdanam bu hazynany gaznada şeýle aýap saklap gelýäris. Emma onuñ nähili zatdygyny haýsy birimiz gördük. Şonuñ üçinem şo ýerik baryp, sandyklary açalyñ-da, o mukaddes ýadygärligi göreliñ. Ýüzümize sylalyñ! - diýdi.
Bu sözler oslagsyz atylan top okundan enaýy bolmady. Patyşanyñ baştutanlygynda gadymkylaryñ miras goýup giden ýadygärligine el garanlaryñ ählisi bu haýasyz gepi aýdan adamyñ üstüne eñdiler. Hazynany çalşyranlaryñ her haýsy özüne men näkeslik etdim diýdi. Olar biri-birinden bihabar, haçan masgara bolarkam diýip, gorkuşyp, sandyraşyp otyrdylar.
Şonuñ üçinem patyşa, onuñ wezir-wekilleri hazynany göreliñ diýip ilata ýüz tutan adamy ýadygärligi masgaralajak bolýar diýip aýypladylar. Oña dowulçy diýdiler.
- Haramzada diýerler saña! Ata-babalardan galan mukaddes ýadygärligi, şeýle gymmat lagly-merjeni görmäge seniñ nä hakyñ bar?! - diýip, ol görgülini masgara etdiler.
Halka bu adamyñ jenaýatçydygyny ynandyrdylar, onsiñ jemlenip bu betbagtyñ üstüne çozdular. Ýene birazajyk wagt geçäýen bolsa, işler ýamana ulaşjakdy. Ýöne hernä patyşa ara düşäýdi:
- Eger gürrüñ bu näkesi öldürmäge direse, oña berk, kanun esasynda jeza bereris - diýip, ol aýtdy.
Şeýdip ýörite perman çykardylar. Ine şundan soñ bolsa jenaýatçyny öldürdiler.
Emma onuñ aýdan sözlerini ýatdan çykartmak welin añsat düşmedi. Bu sözler agyzdan-agza, dilden-dile geçip, külli ýurda ýaýrady.
Ine onsoñ ýene biri bu döş gerip goralýan hazynany görmegi niýet etdi. Emma munuñ nähiki howply işdigini bilip, bu hakda hiç kime dilini ýarmady. Ol minneti öz dogumlylygyndan çekýärdi, şeýdip gijäniñ bir wagty patyşanyń gaznasyna aralaşdy. Ýöne patyşa, baş wezir we beýlekiler öz etmişleriniñ üsti açylar gorkusy bilen bu mukaddes ýadygärligi, has dogrusy, özleriniñ çalşyran zatlaryny gaty pugta goraýardylar. Şonuñ üçinem gazna giren ýañky adamy derrew alyp, indi-hä ile görkezerin diýip hyýallanan badyna ele saldylar. Wah, ýöne onun elindäki zat hiç zadyñ alnyna alynmajak posly bir demirdi! Muny iñ soñky ogry hazynañ ýerine goýan bolmaly.
- Emma mukaddes ýadygärlik beýle bolmaly däl! - diýip, garawullaryñ baştutany demre gözi düşenden gygyryp ugrady.
- Ýok, bu däl! - diýip, köşk weziri uludan demini aldy.
- Düýbünden bu däl! Ýok! - diýip, wezir däli ýaly kellesini çaýkady. - Ýok! O däl! O däl!
- Bu dä-ä-ä-äl! - diýip, olaryñ bary patyşa goşulyp gygyrdylar.
Eli posly demirli adam hem ýer depip gygyrdy:
- Munuñ şol mukaddes ýadygärlik däldigini inda nädip bilýäñiz? Onda siz hakyky ýadygärligiñ nähilidigini öñ görüpsiñiz-dä, şeýlemi?
Hiç kim sesini çykarmaga het edip bilmedi. Her kim ýadygärligiñ ýerine goýan zadymy menden soñky ogry çalşyrypdyr diýip pikir etdi. Tutulan adamy bahym tüýt-müýt edip, arzyly sandyga-da şol posly demri salyp goýdular. Soñ sandyklary münnerläp goýup, kyrk bir jaýyñ kyrk biriniñem daşyndan pugta gulp urup, çykyp gaýtdylar. Emma ynjalyklary bolmandan soñ, bu mukaddes ýadygärligi gaty berk gorap saklamak maksady bilen bu hakda täze bir kanun çykardylar. Bu kanuna görä, wepalylyk kasamyny ähli halk günde üç gezek içmeli - irden, günortan, agşam!
Halk bu kanuny pugtadan-pugta berjaý edip geldi. Özleriniñ şeýle yhlasly gorap saklaýan mukaddes zadynyñ posly bir demirdigini welin olaryñ hiç birem bilenok.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Satiriki hekaýalar