20:37 Gazyk girýär! / satiriki hekaýa | |
GAZYK GIRÝÄR!
Satiriki hekaýalar
Emma rawyýany-ahbar we nakylany-asar we muhaddysany rozygär, o günden bu güne dilden-dile geçip gelen bir hekaýat bar. Gadym-gadym zamanlarda, bol suwly we ýedi ýoluñ kesişýän ýerinde, adamlary asylly, topragy hasylly, halky merdana we ýazyjysy erkana bir ýurt bolupdyr. Ol ýurtda ýaşaýan her bir raýat öz şahsy bähbidiniñ ugrunda hallan atyp ýörensoñ, "ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym..." diýlenini edip, adam adamdan bigänedi. Goýny-da öz aýagyndan asýarlar, eşegem öz aýagyndan duşaklaýarlar, "sen mañä nämä gerek, özüm iýýäkäm etlije börek" diýlişi ýaly, käbir pulmesiler öz garynlary dok, syrtlary bek bolansoñ, illeri-de özi ýalydyr öýdüpdirler. Günlerde bir gün biri orta çykyp: - Waý, dat, ýetişiñ, maña gazyk girýär, gazyk!.. diýip, özi bir ýerde, sözi bir ýerde elemtas halda gygyrmaga başlapdyr. Ilkibaşda "Ile giren gazykdan maña näme?" diýip, oña gulak asanam bolmandyr. "Hudaýa şükür, bize-hä girýän zat ýok!.." diýşip, adamlar öz işleri bilen boluberipdir. Ýöne ol adamyñ: - Gelip bir göräýiñ-ä, adamlar, gazyk girýää-ä-rr!. - diýip, gygyrýan ahy-nalasy şeýle bir asmana galypdyr welin, onuñ sesinden ýaña ýurtda ýaşaýanlar aljyraññylyga düşüpdir. Şäheriñ tertip-düzgünine esewan edýän gözegçiler we harby gullukçylar haýdan-haý ol adamy ele salyp, boýdan-başa gözden geçirseler-de, girip barýan gazyk görmändirler. Şonuñ üçinem "Bu ýalançy kezzap, bagyryp-çygyryp adamlary alada goýýa" diýip, ony şäherden daş ýere sürgün edip, gowaga gabap goýupdyrlar. Ynha, bir gün, "gazyk girýär!" diýip gygyran kişini tutda-bas edip tutan gözegçilerdir harby gullukçylar hem "Gazyk girýär!" diýip gygyrmaga başlapdyr. Olaryñ gohundan ýaña asman-u zemin lerzana gelipdir. Gözegçileri derhal ele salyp, sud edipdirler. Kazy hem olary gowja gözden geçirip: - Gazygam ýok, zadam. Gazyk girse görünerdi. Siz biderek ýere şäheri aýaga galdyrdyñyz! - diýip, görgülileriñ aýagyna gandal bagladyp, zyndana okladypdyr. Aý geçýär, gün geçýär. Bir gün kazy hem donunyñ syýyny galgadyp köçä çykypdyr we: - Ýetiñ, gazyk gir-ýä-ärr! - diýip gygyrmaga başlapdyr. Kazy durar ýerde durmansoñ, onuñ sesini patyşa eşitse näme! Patyşa bolýan zatlara haýran galyp: - Bu nämäniñ alamaty, how? Kaza çenli gazyk girdi. Gowja serediñ bakaly. Hakykatdanam kaza gazyk girýämikä? Girýän bolsa niresinden girýä? - diýip, ýurduñ baş hekimine görkezme berdi. Baş hekim kazyny bir saga-bir çepe öwrüp, niresinden seretse-de, onuñ bir ýerinden giren gazyk görmedi. Ahyrynda "Kaza gazyk girmändir, ol özüne gazyk girýändir öýdüp, hemmämizi artykmaç alada goýdy, şäheri örüzdi. Ony akyl taýdan näsag hökmünde dälihana salmak dogry bolar..." diýip kesgitleme çykardy. Kazy görgülini dälihana dykdylar. Biraz wagt geçensoñ kaza giren gazygy görmedik hekim hem: - Bagtym ýatdy, maña-da gazyk girdi! - diýip, ir säher bilen ýerinden turan badyna köçä okduryldy. Baş hekimi bu halda görenler, ellerini dyzlaryna urup, gülmeden ýaña iki bükülip: - Görsene muny, baş hekimem däliräýdimi? Epeý hekim özüne gazyk girendir öýdýä - diýip, ýañsylapdyrlar. Şäheriñ bezzat çagalary sykylyk çalsa, ulular çapak çarpyp heşelle kakypdyr. Baş hekim: - Eziz ildeşlerim, heý, arañyzda meñ derdime çäre tapyp biljegiñiz ýokmy? Maña giren tiken däl, gazyk. Men bu derde çydamok, ölüp barýan! - diýip, ikiýana urunýardy. Patyşanyñam gahary gelip: - Işigaýdanlara näme bolýar-aý? "Gazyk girýär" diýen bolýalar, ýöne, girýän gazygy görýän ýok. Bilermenler gelsin-de seretsinler. Näme-de bolsa, olaryñ bu ugurdan ýörite hünäri bar, biziñ görmeýän zadymyzy olar görer - diýdi. Iñ abraýly medreseden iki müderris*, bir bilermen** gelip, baş hekimi boýdan-aşak gözden geçirdiler. - Ne giren, ne çykan gazyk bar. Ullakan hekim utanman-uýalman bizi aldamaga çalyşýar -diýensoñlar, hekim görgüliniñ el-aýagyny baglap, alys bir ýere sürgün etdiler. Aradan kän wagt geçmänkä, ýañky üç müderris: - Wa weýla, din doganlarym, gazyk girýär! - diýip, bogazlaryna sygdygyndan gygyrmaga başlady. Şeýhulyslam*** diýjekmi, reýsül küttap**** diýjekmi, baş wezir diýjekmi, hemmesi toplanyp müderrislere seretdiler we: - Biderek ýere gopgun turuzýarsyñyz, girip duran gazyk-mazyk ýok! - diýdiler. Müderrisler-de: - Arañyzda gözi görýän Hudaýyñ bendesi ýokmy, eý din doganlarym! Ynha, gazyk girýär! - diýip, goýar ýerde goýmansoñlar, olary-da zyndana atdylar. Gün geçdi, wagt geldi. Şeýhulyslamdyr ähli wezir-wekiller, reýsülküttap, baş wezir hem: - Waý, dat, ýetişiñ, bu neneñsi gazyk boldy? Indi bize girdi! - diýip perýat-pygan çekdiler welin, söz bilen beýan eder ýaly bolmady. Patyşa: - Ortada gazyk ýok. Bar bolsa görünerdi. Siz ýalan sözleýärsiñiz! - diýdi. Emma, görseñizläñ bolýan zatlary, soñabaka ýurtdaky ýediden ýetmiş ýaşa çenli uly-kiçi hemmesi: - Gazyk girýär! - diýip, gygyrmaga başladylar. Patyşa hem: - Kime gazyk girmedik bolsa gazyk girýär diýip gygyrýana seretsin. Göreli bakaly, aýdylýanlar dogrumyka? - diýipdir. Özüne gazyk girmedikler "gazyk girenleri" hernäçe gözden geçirseler-de, gören zatlary bolmandyr. Onsoñ: - Patyşamyzyñ ömri uzak bolsun! Siziñ saýañyzda hiç kime gazyk girenok. Bular bozgakçylyk edýärler - diýdiler. Şeýdip wagt geçiberdi. Soñabaka ýurduñ hemme raýaty gygyrmaga, özüne gazyk girýändigini aýtmaga başlady. Patyşa hem: - Ähliñiz biri-biriñize serediñ, hakykatdanam gazyk girýärmi? - diýdi. Hemmeler jem bolup biri-birine seretdi. Emma hiç kim garşysynda durana girýän gazyk görmedi. Onsoñ bir-birlerine: - Aldawçy, girýän gazyk ýog-a saña. Gazyk diñe maña girýär. Seniñ gohuñdan ýaña meñ sesime gulak salýan ýok! - diýip gygyrşyp başladylar. Aý geçdi, gün geçdi. Soñabaka hiç kimden "Gazyk girýär" diýip ses çykmady. Dura-bara adamlar gazyga öwrenşip gitdiler. Ses ýok, selem ýok. Boldy boldy, bar zat gygyranlara boldy. Bir gije köşkden çirkin ses çykdy. Bu sesden ýer-gök lerzana gelip, ýatanyñ üstüne turan gelmesin boldy. Patyşa köýnek-balagynam geýmegi unudyp özüni köçä atdy: - Eý, wäkk, eý meniñ söýgüli raýatlarym, ýetişiñ! Maña-da gazyk gir-di-ii! - diýibem, şäheri ýañlandyryp gygyrmaga başlady. Şäheriñ ýaşaýjylary: - Patyşa ýalan sözlemez. Gazyk girýänligi çyn bolmaly. Bizden has beter gygyrmasy-da, wezipesiniñ hemmelerden ýokarda bolanlygy üçin has ýogyn gazygyñ girýänligindendir. Hökümdara giren gazyk iñ ulusy bolsa gerek - diýdiler. Patyşa arşy-kürsi elendirip ýalbarmaga durdy: - Nämä sömelip dursuñyz? Üýşüp, çykaryñ-da gazygy!.. Patyşanyñ töweregini gurşap duranlar: - Patyşahy älem, biz nädip çykaraly ony? Bu gazyk hemişeki gazyklardan üýtgeşik. Göze görnenok, ele tutduranok. Agyrysyny-da gazygyñ awusyny iýýänden başga hiç kim bilenok. Bir salym dişiñi gys, biraz wagt geçensoñ, senem biziñ ýaly gazyga öwrenşibiýrsiñ, kem-kemden janym aram tapar! - diýdiler. _________________________________ *Müderris - yslam bilimini berýän ýokary okuw jaýlarynda (medreselerde) professor. **Bilermen - ekspert. ***Şeýhulyslam - döwletiñ baş müftisi. ****Reýisülküttap - Osmanly türkmen imperiýasynda "Tanzimat" (Reformalar) kanunyndan öñki döwürde daşary işler ministri (t.b.) Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |