07:43 Geçdigi bolsun, Aýasofýa! | |
GEÇDIGI BOLSUN, AÝASOFÝA!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, gezek ahyrsoñunda Aýasofýa hem geldi... Stambuluñ orra-ortasynda ýakyn wagtda täze metjidiñ açylmagyna garaşylýar! Ýagny, gardaşym, bu waka akla-huşa sygjak zat däl. Ýeri, şeýle metjidiñ zerurlygy barmydy? Elbetde ýokdy. Gidiñ Aýasofýanyñ töweregine, edil birküç ädim beýlesinde Soltanahmet metjidini görersiñiz. Soltanahmet metjidi diñe Stambuluñ däl, alty minarasy bilen dünýäniñ iñ uly, iñ owadan metjitleriniñ biridir. Öñräk bir gezek... Rejep beý partiýasynyñ mitinginde çykyş edýärdi. Märekeden käbirleri oña münberiñ aşagyndan arzuwlaryny ýetirdiler: - Aýasofýany metjit et! Şonda Rejep beý olara şeý diýipdi: - Siz ilki Soltanahmet metjidini bir dolduryñ, Aýasofýany metjit etmelimi diýen meselä şondan soñ seredäýeris. Aýasofýa Atatürküñ döwründe 1934-nji ýylda Ministrler Kabinetiniñ karary esasynda muzeýe öwrülipdi. Munuñ nähili ýerlikli karardygyna indi-indi has gowy düşünýäris. Günümüzde ony metjide öwürme kararyny orta oklap, dady-perýat etmäge başladylar! “Ýok, gadyrdan, ol kararnamanyñ kanuny güýji öñem ýokdy!” Näme üçin ýokmuş?.. “Çünki kararnamanyñ astyndaky Atatürküñ goly galpmyş. Şonuñ üçinem gürrüñi gidýän kararnamanyñ kanuny güýji ýokdur!” Belli bir wagtlap halky şeýlekin geñsi çypdyrma bilen güýmemäge synanyşdylar. Emma taryhçylar şol döwrüñ metbugatyndan birnäçe mysallary getirip, bu ýalany püçege çykardylar. Aýasofýa muzeýe öwrülensoñ, kän wagt geçmänkä oña Atatürk gelip gidipdi. Diýmek, Atatürk "Resmi gazetde" çykan golunyñ galpdygyndan hem habary ýokmuş! Gördüler, bu ýalançylyklary (!) derege ýaranok, soñ tapgyrlaýyn ýagdaýda 1934-nji ýylyñ Ministrler Kabinetiniñ Kararnamasy güýjüni ýitirsin diýip, Döwlet sowetine şikaýat etdiler. Sud organlary olaryñ öz elinde, elbetde, kanuny güýjüni ýitirmek talaby kabul ediläýmelidi. Başgaça bolubam bilmezdi. (Şu ýerde sözüme goşmaça bir bellik goşaýyn: Tejribeli žurnalist dostum bilen birnäçe gün öñ gürrüñdeş bolamda, sözümiz aýlanyp-dolanyp şuna diredi. Dostum ýagşy niýetde bolmagy gowy görýän biridi… Ol: - Göreli bakaly, sud prosesiniñ netijesi nähili bolarka. Belkäm, Döwlet soweti muny ret eder- diýdi. Menem: - Şek-şübhäñ bolmasyn, kararnamany ýatyrarlar - diýdim. - Özem biragyzdan. Munuñ başga ýoly ýok. Olar şunça goh-galmagaly boş ýere turuzmadylar, eger ylalaşsañ, señ bilen jedele taýyn!!.. Ol öz pikirinden dänerli däldi. Jedel edip durmadyk, emma netije diýşim ýaly boldy. Kararnamanyñ kanuny güýji biragyzdan ýatyryldy! Belligimi ýapýaryn.) Söýgüli okyjylarym, bar, şol Aýasofýa täzeden metjit bolanmyşam-da… Eýse biz Türkiýe hökmünde mundan näme bähbit gazanýaryska? Hiç kim töwerekde başga metjidiñ ýokdugy üçin adamlaryñ namaza gidip bilmeýändigini aýdyp bilmez. Eýse başga näme? Gadyrdanlar, Fatih Soltan Mämmet Stambuly eýelände bu ajaýyp wizantiýa buthanasyny metjit edipdir, fond ýazgysynda şeýle diýilenmiş. Başga? Bize metjit gerekmiş! Bular musulman, biz dälmişik!.. Ýeke maksatlary bar: AKP-ä ses beren köpçüligi täzeden gylawlandyryp, olara "Aperin!" diýdirmek, saýlawlarda ses gazanmak. ABŞ, Russiýa, Ýewropa bileleşigi, UNESCO, başga-da biziñ üçin möhüm birnäçe ýurtlar we abraýly guramalar bu karara nägileliklerini bildirýär. (Bärde adam hasaplanmaga mynasyp däl patriarhlary, ýepiskoplary, poplary, monahlary agzamogam. Olar meniñ gözümde hiç kim!) Häzire çenli dünýäniñ haýsam bolsa bir künjünden “Aperin size, bizem goldaýarys şu edýän işiñizi” diýip, seslenme gelmedi. Üstesine, bärde aýratyn nygtap geçilmeli başga bir husus bar… Biziñ dostlarymyz we gardaşlarymyz (!), dindeşlerimiz bolan at-owazaly we patarrakyçy yslam döwletlerindenem şeýle goldaw almadyk. Mysal üçin, niräñ niresinde adyna Katar diýilýän ogrular ýurdy, niräñ niresinde "bir millet - iki döwlet" diýilýän Azerbaýjan! Käbirleri üçin söweşlere girenimiz, nijeme şehitleri berenimiz beýleki yslam ýurtlary nirede?! Hiç birinden ses-üýn ýok, hiç biri "Aýasofýa metjit bolsun" diýip bilenok! Söýgüli okyjylarym, Aýasofýa metjide öwrülensoñ, üns beriñ, nämeler bolar: - Müñ ýarym ýyllyk mermer plitalaryñ üstüne namaz okalsyn diýip, fabrik halylary düşeler; - Muzeýi görmäge gelen ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryñ üst-başyny gapynyñ agzynda barlarlar; - “Bäri metjit, şortili girmek gadagan… Etegiñ kelte, saña uzyn etek bereli, şony geý… Göwüsleriñi gowja ýap!.. Namaz okaýanlara golaýlaşma..." Soñam içerik köwüşli girmek gadagançylygy girizilse, bolaýýaram… Aýasofýa muzeýi Türkiýäniñ pul çykarýan stanogy ýaly. Ol ýurdumyza Topgapydan soñ iñ köp girdeji getirýän ikinji muzeý. Bütindünýä medeni mirasynyñ nusgalyk eserleriniñ biri. Kim bilýär, şunça aýak diräp duruşlaryna görä Aýasofýa metjit bolansoñ, belkäm, işsizlik azalar, hemme zat arzanlar, ildeşlerimiziñ ýüzi güler! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |