GEÇIRIMLI BAŞLYK
Redaktoryñ öñküligi ýokdy. Ol meniñ bilen gaty agras gürleşdi.
- Ýoldaş Jenjelow, häziriñ özünde raýispolkomyñ başlygynyñ ýanyna bar, ol seni çagyrýar...
O-ho-how, depämden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Ol meniñ derime saman dykaýmasa ýagşydyr. Hemme zat düşnükli. Gylyç Meredowiç menden aryny aljakdyr. Görýän welin, öz redaktorymyzdan-a maña çörek ýok. Hiç goldajaga meñzänok. Ýogsam başda meçew berip, meni oñ üstüne küşgürenem şunuñ özi ahyryn.
...Ol wagtlar Gylyç Meredowiç brigadirdi. Onuñ brigadasy raýon boýunça orta gürpräklerde barýan brigadady. Bolanda näme, men görkezmä görä hereket edýän.
- Git-de ýaz, mazalyja ýepbekle. Goý, ol tankydyñ bal däldigini bilsin. Biz, žurnalistler ýalkasak ýazdyr, gargasak gyşdyr. Arada şopyrumy ibersem dört oýnam pamadoryny gysganypdyr, haram nejis.
Başlygyñ maslahatlaryndan mas ýüklenip gitdim, ýañkyñ brigadasyna. Kemçiliksiz ýer barmy. Ýazdym, bolşundanam beter edip. Raýon gazetiniñ birinji sahypasynda çykdy ýalpyldap. Şondan soñ men hil bir iş bitiren ýaly döşümi gaýşardyp, gezdim raýonyñ içinde. Goý, beýleki brigadirlerem menden birnemejik eýmensinler-le.
Doly hakydamda däl, gazetiñ çykyşyndan soñ geçse birki aý geçendir-dä, ýañky tankytlanan brigadiri goñşy kolhozlaryñ birine baş agronom etdiler oturyberdiler.
Redaktor meni ýene-de ýanyna çagyrdy.
- Bu näme boldugy, how, biz-ä tankytlaýas, olaram ony ulaldýalar-la. Ýaz oblast gazetine, şatyrdat-da.
Başlyk bilen añsat düşünişdik. Ara birazrak maý salmaly, ýörite yzarlaýan ýaly bolaýmaly. Onsoñam goý, ol baran kolhozynam mazalyja maýyrsyn.
Wagt diýeniñem näme, geçip dur. Dogry, o diýen dilegimiz-ä bolmady, kolhoz maýrylmady. Aý, gözleýäniñ kemçilik bolsa ony ätlän ýeriñden tapsa bolýar ahyryn, oba hojalygynda-ha hasam. Yrsaramany bolsa başarýas. Gidäge-de, gowja öwrendim ýagdaýlary. Öñki bolan wakalaram üstüne goşuşdyryp, ýazdym bir felýetony oblast gazetine. Baý, oñarybam çykardylar-aý, redaksiýañam gözläp ýöreni şolar ýaly zat eken. Hudožnik surat-purat bilenem bezeşdiripdir ony.
Öz redaktorymyz menden beter begendi. Elimi berk gysyp, çyn ýürekden gutlady. Gonorar bilen birneme höweslendirjekdigini aýtdy.
- Ind-ä oñ külüni çykarsalar gerek - diýip, ol hatda şokoladly çaýam hödürledi.
Oblast gazetiniñ tankydy çykyşynyñ degerli netijesine göz dikip garaşdyk. Şol obada her hili hyşy-wyşy gürrüńlerem ýaýrady.
- Agronomymyz-a ýere sokupdyrlar. Aý, indi ony uzak işletmezler.
- Elinden diplomynam aljakmyşlar.
Hawa, bu gürrüñleriñ yzy näme bilen gutarandyr öýdýäñiz?! Redaktor ikimiziñ-ä tamamyz çykmady. Ýylyñ ahyry boldy welin, hakyt alaga-da, ony başga bir kolhoza başlyk edip goýaýdylar.
Redaktor egnini gysyp maña seretdi. Menem hiç zada düşünmedim. Edil ýyldyza ýörän ýaly bolduk.
- Oñ ýokarrakda bir ýerde tanşy bar öýdýän. Bir-ä süýreýä ony - diýip, men indi özümiñ oýundan çykýandygymy redaktora aýtdym.
- Ýok, atylan ok yzyna gaýdýan däldir. Hakyky žurnalist prinsipial bolmalydyr. Bir işi başlap taşlamaly däl. Ýapyşan işiñi goparmaly. Ýaz, özüm barkam hiç zatdan gorkma, arkañda duraryn. Serçeden gorkup dary ekip bolmaz. Onsoñam üçden soñ puç diýipdirler, ýene-de bir synanyp gör. Özem respublikan gazetine ýaz. Şo ýerde çykardyp bolsa, oñ topuny atarlar...
Redaktor ahyry meni yrdy. Gylyç Meredowiçiñ başlyk bolup işläp başlanyna ýarym ýyl gowrak bolupdy. Bardym onuñ kolhozyna. Kolhozçylaryñ käbiri bilen gürleşip gördüm. Olaryñ täze başlyk baradaky pikirini añdym. Elbetde, olaryñ arasynda öwýänem bar, döwýänem. Ýöne soñkusy azrak eken. Men ol gürrüñlerden diñe özüme gerek ýerini aldym. Şatyr-şutur ýazdym-da, iberdim respublikan gazetleriniñ birine. Ýöne, näme üçindir, ol köp wagtlap çykmady. Redaktor ikimiz pikir alyşdyk.
- Başlyk adamdyr, para-peşgeş bilen ýatyrdandyr.
- Ýok, paýtagtdaky žurnalistler oñ ýaly zat etmezler. Resmi materiallardan ýaña gazetde ýer bolýan däldir. Çykar.
Garaşdyk. Dogrusyny aýtjak, men özüm-ä her gün irden gulagymy pakgardyp, respublikan radiodan gazetleriñ mazmunyny diñledim. Ine, bir gün syçrap ýerimden turdum. Çagalarymyñ ýüregi ýaryldy. Ylgawymy ýazdyrman geldim redaksiýa. Gele-gelmäne, kürsäp girdim başlygyñ ýanyna. Ol eýýäm ähli zatdan habarly eken. Elimi gysdy, gutlady.
Günortana golaý gelip gowşan gazet elden-ele geçip okaldy. Men özümi hakyky ýeñiji hasap etdim. Göwnüme bolmasa, köçeden ýörämde-de hemmeler uly buýsanç bilen maña seredýän ýalydylar. Näçe günläp donuma sygman gezdim.
Ýöne meniñ begenjim uzaga çekmedi. Şondan sanlyja gün geçenden soñ ýañky başlygy hasam ulaltdylar oturyberdiler. Hawa, raýispolkoma başlyk saýladylar. Ine, indem gaýratyñ çatsa, şonuñ ýanyna barmaly. Çagyrypdyr.
- Redaktor jan, nememi onsoñ, bi Gylyç Meredowiç o ýazan zatlam hakynda hasabat soraýsa, men-a saña salgylanaýjakdyryn...
Redaktoryñ ýüregi ýaryldy, ör-gökden geldi.
- Näme, o zatlary men señ eliñden tutup ýazdyrdymmy?! Ýa men git-de birini tüpeñläp gel diýsem, gidip ataýjakmy. Ýo-ýok, bular ýaly pyrryldagyñ ýol almaz, han ogul. Öz başyñy özüñ çara. Men zat boýun alman, bizem çaga eklemeli...
Jedelleşip oturandan peýda ýok. Ýüregi bire baglap bardym raýispolkomyñ başlygynyñ ýanyna.
- Gylyç Meredowiç, salawmaleýkim. Täze wezipäñizem gutly bolsun!
Sesimiñ sandyrap çykýandygymy özümem duýýardym. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Ötünç soramakçy boldum. Ol menden öñürtdi.
- Salam! Oturyñ. Nähili, iş-güýç ýagşymy?!
Gylyç Meredowiç başlyklara mahsus bolan agraslyk bilen gürleýärdi. Men häzir ähli zada kaýyldym, işden kowuljagymyñ-a ujy iki däldi. Gynap oturman, çaltrak aýtjak zadyny aýdyp dynsa. Gör, bi zaññaryn mekirdigini. Çaý hödürlän bolup, meniñ üstümden gülýär.
- Sag boluñ, çaý ýüregim alanok.
- Men seni bir zat üçin çagyrdym, ýoldaş žurnalist.
Şu raýonyñ territoriýasyndan goşuñy arkaña al-da, çaltrajyk göteril diýjek bolýamyka?! Hany näme diýse öz dilinden eşideli.
- Aýdyberiñ, Gylyç Meredowiç!
- Meniñ şu derejä ýetmegime diñe sen sebäp bolduñ, gardaş. "Baran ýerinde tankytlanýan bolsa diýmek işleýändir" diýdiler. Meni az wagtyñ içinde tanymal adam edip goýduñ. Köp-köp sag bol, minnetdar. Indem neme, bir arzajyk ýazsañ, binobat maşyn kömegin-ä edip biljek...
Bäý-bä-ä, dogrudan hem, başlyklar akylly bolýalar-aý. Görýäñmi, daş bilen urany aş bilen uruşlaryny. Gaty geçirimli eken. Hoşlaşyp çykyp gaýtdym.
Wiý, ýogsa-da, ýañky redaktorymyzyñ ýerini almaga kömek et diýsem, näderkän-aý, oñarmazmyka?! Öz-ä gaty düşbi adam eken.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar