08:43 Geçmişde ýaşamak | |
GEÇMIŞDE ÝAŞAMAK
Publisistika
Palestina-Ysraýyl problemasynyñ jedelleri hemişe "geçmişiñ" üstünden edilýär: Käbiri taryhy Osmanla, käbiri 1948-nji ýyldaky Arap-Ysraýyl urşunyñ yzyndan gurlan Ysraýyla, kåbiri 1967-nji, 1973-nji ýyllaryñ uruşlaryna, ýa-da käbirleri has öñki döwürlere - biziñ eýýamymyzdan öñki öñki döwürlere çenli baglanyşdyrýar. Taryhy ýatdan çykarmaly diýjek bolamok, ýöne häzir taryhy yzygiderliligiñ ýoýulyşynyñ üstünde durup geçmekçi. Geçmişi diñe ýatlap oñmak bilen geçmişe ýapyşyp ýatmagyñ arasyndaky uly uçurymdan söz açmakçy. Şuny gözleýärin: Zol geçmişe seredip, elmydama geçmişde ýaşap şu günüñ problemalaryny çözüp bolarmy? Geçmiş geljegiñ elden giderilmegine sebäp bolanokmy? Bu sowallar meni nemes filosofy Walter Benýaminiñ nemes gizlin polisiýasy Gestapodan gizlenende ýazan "Gündeligine" äkitdi: "Taryh düşünjesi boýunça tezisler". Dokuzynjy tezisde ýüzüni geçmişe öwren perişdeden söz açýar. Taryhyñ perişdesi hasaplanýan bu magnawy barlyk tragediýanyñ we bibatçylyk şekilleriniñ arasynda bir heläkçilige gözi düşýär we ol ýerde galyp parçalananlary bir ýere jemlemek üçin jan edýär. Gaýta-gaýta parçalananlara gidýär. Perişde gözüni geçmişden aýryp bilmeýär we geljege syrtyny öwürýär... Walter Benýamin taryh pelsepesinde "häzirki zamany" taryhyñ esasy hanasynda akymyñ ugruna yñdarylyp giden passiw ulanyşdan çykaryp, täze syýasy we ahlak düzgüniniñ başlangyjy hökmünde baha berýär... Diñe Palestina-Ysraýyl çaknyşyklary babatda däl, türk syýasat çekişmelerinde-de geçmiş elmydama esasy tema bolup gelmedimi? Eýse nämüçin şeýle bolýar? Bir sebäbi bolmaly dälmi? * * * Uruşlar, gandöküşlikler, ýitgiler, islenmeýän düýpli üýtgeşmeler şahslarda we jemgyýetde çuññur yz galdyrýar. Bh trawmatiki hakyda diñe bolup geçen döwrüne däl, geljekki nesillere-de ýiti täsirini ýetirýär. Trawmatiki ýitgilere uçran şahslar, jemgyýetler eger başdan geçiren matamlaryna garşy döz gelmegiñ emellerini öwrenmese, durmuşyñ maksady geçmişde aslyşyp galýar! Matamyny ýeñip bilmedikler ne-hä häzir, ne-de geljek zamanda ýaşaýar, ikijahan owarrasy bolup ýaşaýar! Özem şu aýdýanym psihologiýanyñ çözmeli meselesidir: Hemişe geçmişe aslyşyp ýatmak, yzygiderli geçmişi agzap durmak we yzygiderli geçmişi küýsemek, şumatky özüñizi, häzirki duran ýeriñizi, häzirki wagtyñyzy elden sypdyrmagyñyza we şeýdibem gekjegi sagdyn binýadyñ üstünde gurmagyñyza päsgel berýän oñaýsyz çemeleşmä öwrülýär... Psihologiýa adamy "geçmişe baglylyk trawmasyndan" halas bolmagyñ ýollaryny görkezýär. Eýse, jemgyýet näme? Eýse, ýurt näme? Toparyñ identiçnostyny kemala getirmek, gahar-gazaby täzeläp durmak, ar almak üçin syýasatyñam obýektine öwrülen geçmişi ulanmak baknalygyndan nädip halas bolunarka? "Gurban-hüjüm ediji" ikilemesinden nädip çykylmaly? Gözden sypan bu hakykat köp sanly syýasy problemanyñ gözbaşy dälmi? Jemgyýetçilik abatlanşygy nädip etmeli? "Keseki" bilen ýaraşylmaly? Adamlar ala tutulmazdan nähili gowy görülmeli? * * * Gürrüñsiz, agyr weýrançylyklary ýatdan çykarmak kyn. Gürrüñsiz, zuluma uçranlaryñ çeken jebri-jepalaryny ýatdan çykarmak kyn. Gürrüñsiz, hak-hukuk bozulmalaryny unutmak kyn. Emma, geçmiş geçmişde galdyrylmasa, nädip parahatçylyk bolmaly? Howpsuz atmosferany nädip üpjün etmeli? Jemgyýetçilik baglanyşyklary ýa-da ýurtlaryñ arasyndaky gatnaşyklar nädip ýola goýulmaly? Şumatky ýürek paralaýjy günlerde bu sowallary orta atmak juda kyn. Haýsy birimiziñ jany ýananok? Ýönekeý raýatlaryñ ölümlerini sessizje synlap oñaýmak juda kyn... Emma... Ýaraşyk bolmasa bu gan akmagyny dowam etdirer. "Mäti" ýa-da "Isa Mesih" gelmezdenem adamzat parahatçylyga ýetip bilmezmi? Ýa beter utopiki pikirleri ýöredýärinmi? Ýok-la. Hem bir zady bilýärin, ýaraşmak hiç añsat däl. Radikal toparlaryñ ýa-da döwletleriñ yzygiderli ýagdaýda geçip giden trawmalaryñ üstünden emele getiren syýasat diline garşy göreş munuñ ilkinji ädimi bolup biler. Ilki bilen şu meselede bir pikirde bolmaly: Uruşyñ gowusy, ýaraşygyñ erbedi bolmaz. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |