15:29 Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty | |
GEÇMIŞDEN BIR AHWAL ÝA-DA SANJAR HEKAÝATY
Goşgular
...Şa gazap atyna atlandy ýene, Misli gara bulup ýapdy asmany. Durup bilseň dur-da onuň öňünde, Süýnüp barýar Horasanyň soltany. Bala-çagasyny, aýal-eptadyn, Oguz kowmun gylyjyndan geçirjek. Gana boýap mal-mülküni, ojagyn, Hakydadan oguz adyn öçürjek. Barybir paşmady soltan pirimi, Ýeňildi Göroglyň wellemşahyndan. Tilki sapalagyn etse-de näçe, Gorkut beg syrtmagy indi başyndan. Oguz ýesiridi indi hökümdar, Berkden –berkdi goragy oň tagtynda. Neneň ýürek tap getirer bu hala, Erkiň ýokka öz oturan tagtyňda. Gan üçin gan, jan üçin jan alyndy, Kepemedi Horasanyň gözýaşy. “Ar-namysym!” diýip, gaýrata galan Çarwadar oguzyň belentdi başy. Halkyň gazabyna hiç zat taý gelmez, Muny undan soltan boldy wejera. Demir penjesinde bolup oguzyň, Üç ýyllap ol ýer tapmady gaçara. Elbetde, bu taryh – geçmişi waka, “Sapak bolsun – diýdim - her bir döwürde!”. Ar-namysyn ýere çalmadyk oguz Baýdagy deý, adam, arşda şowurda. Kim bolsaň-da adam bolup ýaşa sen, Ojak ýykma, bolma pelek zalymy. Miýesser etmesin ýaşyň soňunda, Horasan gözýaşy, Sanjar ölümi... 28-21.03.2024. | |
|
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |