09:37 Gelin gelýär | |
GELIN GELÝÄR
Goşgular
Gelin gelýär. Bar zat undulýar, diňe Şowhun turýar, buýrup goýulan ýaly. Gelin gelýär. Ilat ýol berýär oňa, Aýagnyň astyna ýazylýar haly. Gelin gelýär, Çaýçy çaýyn demleýär, Wäşi aşpez gülüp, guşaýar bili. Arman oňa hiç kim üns bermeýär, Biri nogul seçýär, Pul seçýär biri. Gelin gelýär. Her kim görmekçi bolýar, Süýnýär, gysgalary salman ýadyna. Birlige topulan bir açgöz, hernä Ýetýär boýy kelteleňem dadyna. Gelin gelýär, Ýigit kämahal ýola Ogryn garap, sanap otyr munduny. Sallahlar gülüşýär: «Erkinlik bile Hoşlaşmaly günüň ýyla döndümi?!..» Gelin gelýär, Diýmän dynjym alaýyn, Gaýyn ene iki ýana ylgaýar. Begenjiň, Buýsanjyň baýdagy deýin Başbogusy al-asmanda galgaýar. Gelin gelýär, Saýlanyp bar dost-ýardan Näler çekjek welin toýuň şatysyn, Otyr öýde, düşüp bilmän diwardan Söweşde jan beren gaýyn atasam. Otyr öýde, Ýok, pelsepe gerek däl, Toýda şagalaňa ýer bolsun diňe. Seret, bütin oba aýdym-saz paýlap, Gelin gelýär, Ilat ýol berýär oňa. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |