08:08 Gelmejek ýaly | |
GELMEJEK ÝALY
Goşgular
Ölmek hak, direlmek hak... Garrylar diýerdi diňlärdim, emma..., Ýaşdym men, garrylyk bolmajak ýaly. Ýyllaryň täsiri deň eken hemmä, Içinde menem bar, bilmejek ýaly. Ýaş çagtyň synalar sagdyn gerinýä, Yşkyňa höwesiň tämiz görünýä, Baky gelen ýaly göýä, bu dünýä, Kalbyňda hyjuw bar, ölmejek ýaly. Ençe ýyl görmedik dosta duşamda, Pälwan sypat, gujur galmandyr onda, Görkli-durkly galjak däl-ow jahanda, Gyzyl gül süllerip, solmajak ýaly. Aýna bakyp, synlap durdum keşbimi, Şol bada unutdym aýny yşkymy, Geň hyýalda tirdim köňül köşgümi, Ak girse-de aňym almajak ýaly. Gaýrat galmaz, gujur-gurbat gaçansoň, Ýüzüň şugla saçmaz nury öçensoň, Ökünmegin, ötüp wagty geçensoň, Ýaradan nazaryn salmajak ýaly. Göwün garramaýar, köpdür hyýaly, Göwre gartaşsa-da, arzuwdan doly, Gitjekdensiň eýýäm, salansyň ýoly, Ýaş gaýdansoň, oýnap gülmejek ýaly. Illi, munda mätäç galma dermana, Peýman dolsa, kaýyl bolgun permana, Ahmyr çekip, köýüp ýörme armana, Direlip bakyýa gelmejek ýaly. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |