13:10 Gelmişekler (gumanoidler) hakda hyýallar | |
GELMIŞEKLER (GUMANOIDLER) HAKDA HYÝALLAR
Geň-taňsy wakalar
Bu faktlary getirmek bilen biz näme diýmekçi? Elbetde alymlaryñ pikiriniñ tersine NLO-lar hakykatda, bar zat diýip bilmeris. Emma olary doly inkär etmek üçin hem bizde ýeterlik esas ýok. Ýöne bir zady welin, anyk aýdyp bileris. Bolup geçýän hadysalar hakda her kimiñ öz pikiri bolup biler. Goý, ol örän fantaziýa baý çaklama ýa-da dini-mistiki pikir bolsun, diýeli ýapa degmeýän hyýal ýa-da tutuş bir ylmy iş bolsun, her halda her kimiñ öz pikiri bolup biler. Şeýle erkin dörän pikirleriñ ylma köp derejede itergi berendigini biz taryhdan oñat bilýäris. Şonuñ üçin, geliñ, biz hem abraýly alymlaryñ pikirini bir tarapa goýup, Wologda-da bolup geçen hadysa hakda öz garaýşymyzy aýdyp geçeliñ. Ilki bilen wologdaly çagalaryñ ''başga planetaly Ýere gondy'' diýýän gürrüñiniñ hakykat bolaýmagy mümkin diýesimiz gelýär. Eýsem, bize şeýle diýmäge, heý bir ylmy esas ýa-da tutaryk barmy? Bir tutaryk bar. Ol hem beýleki planetaly diýilýäniñ jandaryñ adamyñka meñzeş kellesiniñ bolmazlygy we göwresiniñ ýasylygy. Ine hut şu fakt olar başga planetadan gelenlerdir diýmäge esas berýär. Näme üçin we nähili diýýäñizmi?! Muny örän ýönekeýje düşündirmek bolar. Beýleki planetalylardan tapawutlylykda ýerliler üçin kelle örän zerur bolup durýar. Ol birnäçe hajaty bitirýär. Onuñ gurluşy hem şol bitirýän hajatyna laýyklaşandyr. Ýerdäki ähli zatlar biri-birinden ses, ys, ýylylyk çykaryş, gatylyk derejeleri we formasy bilen tapawutlanýar. Ýerdäki her bir jandar şu bäş şertlilikden ugur almak arkaly öz ýaşaýşyny üpjün edip bilýär. Sebäbi şu bäşburç ýyldyz ýer tebigatynyñ özenidir. Adamyñ kellesinde ýerleşen göz şekili kesgitlemek, burun ys almak, gulak sesi kabul etmek, agyz-dil ses çykarmak, ten ýylylyk kesgitlemek üçin hyzmat edýär. Bularyñ ählisi öz funksiýalaryny diñe beýniniñ kömegi bilen ýerine ýetirip bilýär. Bu organlaryñ hemmesiniñ kellede, beýniniñ töwereginde ýerleşmekleri şonuñ üçindir. Munuñ şeýle bolmagy birnäçe amatlyklar bilen hem şertlendirilendir. Olary sanamak bolardy, ýöne köp wagt aljakdygy sebäpli diñe biri hakda durup geçmek ýeterlikdir. Ady agzalyp geçen organlaryñ hersiniñ kabul eden informasiýasynyñ beýni tarapdan örän çalt işlenmegi zerur bolup durýar. Meselem, adam agzyna kislota alandan beýni onuñ adama zyýanly zatdygyny kesgitläp, derrew ''tüýkür'' diýip komanda bermelidir. Ýogsam kislota organizmi heläklär. Kabul edilen informasiýany beýniniñ şeýle çalt işläp ýetişmegi üçin ol ony çalt hem kabul etmelidir. Informasiýanyñ geçýän aralygy näçe uzak bolsa, ol şonça-da köp garşylygy ýeñip geçmeli bolýar. Uzak aralyk ㅡ garşylyk çalt informasiýanyñ duşmanydyr. Hut şonyñ üçin şol organlaryñ ählisiniñ beýni bilen gös-göni birleşdirilmegini iñ optimal wariant diýip kabul etmelidiris. Şeýle bolansoñ, olaryñ uzak ömürliligini kepillendirýän (süñk) kellegapagynda, öz funksiýalaryny ygtybarly ýerine ýetirer ýaly ýerleşmegi, kelläniñ şeýle formirlenmegi onuñ bahasyna ýetip bolmajak derejede kämildigini görkezýär. Şu ýerde adam kellesiniñ diñe ýer üstündäki şertlerde öz funksiýasyny dogry we doly ýerine ýetirip biljekdigini aýtmalydyrys. Başga sreda üçin, meselem suwda ýaşamak üçin beýle kelle düýbünden ýaramsyzdyr. Şonuñ üçin suwda ýaşaýan jandarlaryñ ýerdäki jandarlardan aýratyn tapawutlydygy düşnükli bolsa gerek. Asman şertlerinde ýaşamaga-uçmaga uýgunlaşan guşlaryñ hem kellesiniñ formasynyñ şol tebigy talaplara laýyk formirlenendigini ýagny aerodinamikanyñ talaplaryna laýykdygyny indi düşündirip oturmagyñ zerurlygy ýok. Bir planetadaky, ýagny Ýer ýüzündäki üç sredada: ýerde, suwda, asmanda ýaşamaga uýgunlaşan jandarlaryñ kelle şekilleriniñ tebigy şertleriñ talabyna laýyklykda dürli-dürli bolan halatynda näme üçin özge bir planetanyñ bize näbelli sredasyndan gelen jandarlar gury ýer şertlerine laýyklanan jandar-Adama meñzeş bolmalymyş? Biz olary islendik şekilde görenimizde-de geñ galmaga hakymyz ýokdur. Sebäbi olaryñ şekilini ýaşaýan sredasy kesgitleýär. Indi meseläniñ ikinji tarapyna geçeliñ. Gelmut Hefling diýen awtoryñ ''Wse çudesa w odnoý knige'' diýen kitaby bar. Ol kitap NLO-lar problemasyna bagyşlanan. Şonda (rastmy-ýalanmy, ol başga gürrüñ) ol başga planetadan gelenler bilen Ýerli adamlaryñ gepleşen faktlaryny mysal getirýär. ''Gelmişekler'' adamlar bilen ''gepleşende'' ses çykarman kelläñe pikir guýup we pikiriñi sessiz kabul edip bilýän eken. Özgäniñ pikirini kabul edip bilýän adamlar hem barka bu geñem däl. Şeýle ukyby bolan gelmişege gulak, agyz dil ne derkar. Adamyñ burnunyñ agzynyñ üstünde ýerleşmek zerurlygy, onuñ agzyna almakçy bolýan iýmitiniñ ysyndan organizme ýaramly ýa-da ýaramazdygyny duýdurmakdan dörändir. Burun elbetde, añkap duran kislotany, ýa-da çüýrän porsan, zäherli iýmitleri adam agzyna almaz ýaly etjek informasiýany beýnä geçirýär. Iýmitleniş tertibi Ýerlilere asla-da meñzemeýän gelmişege burnam zerur bolmasa gerek. Olaryñ döşündäki ýalpyldaýan zady göz hökmünde kabul edip, sözümizi jemlesek, gelmişeklere adamyñky ýaly kelle, dogrudanda, geregem däl bolup çykýar. Olaryñ göwresiniñ ýasylygyny näme bilen düşündirip bolar? Gaýtalap aýdýarys: diñe bir zat, olaryñ iýmitiniñ biziñ iýmitimize düýbünden meñzemeýänligi bilen düşündirmeli. Eýsem olar näme iýip oñýarkalar? Onçasyny bilemzok welin, şolaryñ biz ýaly çörekdir kolbasa iýip oññut etmeýändigi-hä köre hasa. Hut şonuñ üçinem olara uly aşgazan, garyn, uzyn-uzyn içege, bagyr öýken zerurlygy-da ýok bolup çykar. Adamyñ içindenem şol iç goşlaryny aýyryp, gapyrgasyny gyssañ ýap-ýasy görnüşe geçerdi. Häzirki aýdanlarymyz, elbetde hiç hili ylmy çaklama däldir. Emma şunda nähilidir bir hakykatyñ bardygyny doly inkär etmeseñiz gerek. Ýogsam-da garşy bolsañyzam belläp geçişimiz ýaly, bu hakda siziñem iliñkiden üýtgeşik bir pikiriñiziñ bolmaga doly haky bar ahyry! Arazbaý ÖRÄÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||