14:47 Geñ galdym, gynandym | |
GEÑ GALDYM, GYNANDYM
Publisistika
Ýurdy ullakan türmä öwrüp taşlan ýeke-täk faktor - gorkudyr. Birnäçe ýyl öñ bile işleşdik, soñ žurnalistikadan daşlaşyp, senaristlige geçdi. Egeýli söwdagär maşgalanyñ taryhyny kitaplaşdyrdy. Kitaby ýazyp ýörkä bu barada gürleşipdik. Iñ soñky gezek "kitaby nirede çap etdirip" boljagyny sorapdy. "Kırmızı Kedi" neşirýatynyñ amatly bolubiljegini, hatda neşirýatyñ kitabyñ satuwyny-da öz boýnuna alybiljegini aýtdym. Aradan ep-esli wagt geçdi... Geçen hepde ol ýazan kitabyny alup geldi. “Kırmızı Kedi” neşirýatyna näme boldy?" diýip soradym. - Maşgala gorkdy, "indem maliýe inspektorlary bilen gidişesimiz gelenok" diýdiler, barybir kitaby-da dost-ýarlaryna ýeter ýaly az mukdarda çap etdirdiler! Gynandym. Iki sebäpden: Birinjisi - tanşymyñ birnäçe ýylyny sarp edip ýazan saldamly kitabynyñ giñ okyjylar köpçüligine ýetmän galjagyna... Ikinjisi - şeýle kitaplar taryhyñ gözli çeşmeleridir. Egeýli türküñ önümçilikde we söwda işlerinde haýsy päsgelçilikleri aşandygy, maşgalasynyñ geçen ýoly we başgalar geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti we öwredijilik gymmaty bar. Aslynda bu göreş gorkusyzlygyñ hekaýatydyr. Çünki gorkup üstünlik gazanyp bolmaýar… * * * Serwet Topaloglynyñ ady köpüñize tanyş däldir diýip çaklaýaryn. Onuñ adyny menem 2010-njy ýylda "Doğan Gazetecilik" žurnalistler şereketiniñ adminstrasiýasynyñ başlygy bolanda eşdipdim... Şereketleriñ sagdyn ösüşini üpjün etmek, hilini ýokarlandyrmak üçin "Türk Siemens", "Yaşar Holding" ýaly Türkiýäniñ öñdebaryjy kompaniýalarynda ýolbaşçy wezipelerde işlerdi. "TÜSİAD"-yñ Ösüş we bäsdeşlik boýunça iş toparynyñ başlygy boldy... Dört aý mundan öñ geçen ýoluny, bilýänlerini, tejribesini gürrüñ berýän "Ýurt dolandyryşy" (“Ülke Yönetimi”) atly kitabyny çap etdirdi. Sag bolsun, awtograf ýazyp maña-da bir nusgasyny ugradypdyr. Sözümiñ şu ýerine çenli "bäh" diýdirýän zat ýok. Emma... Kitaby çap etdirmek añsat düşmedi. Öz sözlerine salgylanaýyn: "- Maşgala dostum we aragatnaşyk ulgamynyñ öñbaşçylaryndan Ali Saýdam bu kitaba turuwbaşdan garşy çykdy. Tutarygy-da, şereketiñ dolandyryşynda şumada çenli gazanan at-abraýymyñ ýurt dolandyryşy ýaly tapawutly we çylşyrymly meselede durjak pozisiýam sebäpli bir gijede bozulma howpunyñ ýokary bolmagydy. Onuñ bu tankydy belligi sebäpli kitabyñ başky nusgalaryny boýdan-başa gözden geçirmäge mejbur boldum. Munuñ özi dokuz aýa çekdi…” * * * Diñe munuñ bilenem gutaranok. Kitaba awtoryñ maşgalasyndanam nägilelik bildirenler bolupdyr: "- Gyzym Rana-da kitabyñ mazmunynyñ saldamlydygynh we gündelik syýasy konstrukturasy bilen epeý ilteşiklidigini ýañzytdy. Gündelik syýasatdan daş durmagymy ündäp, problema döredip biljek proseduralara taýýarlykly däldigini açyk aýtdy. Menem oña "Bu ýurt biz türkleriñ watany dälmi näme, başga gidere ýerimiz ýok, ýurdumyz üçin öz derejämizde güýjümiziñ ýetdiginden döredip bilenlerimizi we dogry saýýanlarymyzy batyrgaýlylyk bilen dogry şekilde paýlaşyp, jogapkärçilik duýmalydyrys" diýdim..." Bu setirleri okap geñ galdym. Adamlaryñ üstündäki syýasy-psihologiki basyş nähili derejä gelipdir? Serwet Topaloglynyñ kitabyny okadym, men-ä gorkar ýaly zat tapmadym. Tersine, ýokary okuw jaýlarynda okuw gollanmasy hökmünde ulanylmagynyñ gerekdigini pikir etdim… * * * Gorkynyñ döreden psihologiki ünjüsi - birahatlyk diñe şahsyñ özi bilen baglanyşykly faktor däl. Awtoritar hökümetlerde gorky ýokanç formada kollektiwleýin görnüşe öwrülýär. Hem gorky režimi iñ esasynda jemgyýetdäki adamlaryñ biri-birlerinden üzñeleşmegine, ynamsyzlygyñ artmagyna, jemgyýetdäki taraplaryñ biri-birlerini büdretjek bolmagyna we hyzmatdaşlyga esaslanýan işleriñ azalmagyna, söz azatlygynyñ çäklendirilmegine, ideallaryñ derñelmegine getirýär… Sebastýan Hafneriñ ýazan "Bir nemesiñ başdan geçirmeleri. Ýatlamalarym (1914-1933)" («История одного немца — не роман и не мемуары» / “Bir Alman'ın Hikâyesi- Hatırlamalarım (1914-1933)”) atly kitaby munuñ deñsiz-taýsyz beýanydyr. Aýratynam Rananyñ kakasyna bildiren nägileligi bu kitaby ýadyma saldy. Hafneriñ aýrmagyna görä üznüksiz syýasy çarkandaklyga sezewar bolan ýaş nemes nesli şahsy durmuşyñ beýik, ajaýyp we ýaşamaga mynasyp ýagdaýa getirip boljagyny hiç mahal öwrenmändi... Gorkmaly ýeke zat bar, olam gorkynyñ özi... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |