10:30 Genri diýip tanalan "Haýns" | |
GENRI DIÝIP TANALAN "HAÝNS"
Publisistika
Käte, Genriniñ özüniñ ölmegine nädip ýol berendigine geñ galýarsyñ Genri Kissinžer ýa-da Enwer Sedatyñ aýdyşy ýaly "Gadyrly Genri" arman-ýadaman işleýän we irmän-ýadaman baýrak alan nusgalyk ABŞ-ly migrantdy. Germaniýadaky faşistik diktaturanyñ zulmundan gaçyp, maşgalasy bilen bile ABŞ-na gelen Haýns ähli migrantlar ýaly amerikan adyny aldy we Genri boldy. Genri agşamlaryna gijeki okuwda okady, gündizlerine-de dellekçi çotgasyny çykarýan zawodda işledi. 1950-nji ýylda Garward uniwersutetinde filosofiýa ugrundan tapawutlanan doktorlyk derejesini aldy. Garwardda professor bolan nemes jöhidi öz daşyna haýat aýlamagyñ ussadydy. Geçen asyrda bu "öz-özüne senagat" sungatynda ondan öñ Uinston Çerçill, Şarl de Goll, Mahatma Gandi ýaly beýleki läheñler geldi. Birküç gün öñ soñlanan ýüzýyllyk ömür "gadyrly Genriniñ ýaşan formasy nilen diplomatiýanyñ ýüzünji ýylydy. Hytaýa açyklykdan Ýakyn Gündogaryñ "torçusyna", Wýetnamdaky ylalaşdyryja, Kambodjadaky ýok edijä, Latyn Amerikadaky komplimasiýaça, Ýewropadaky terk edijä, aglaýan Golda Meýre... Jedelli adamlaryñ topbagy dünýäde bolup geçýän hadysalara hamana atalaryndan galan mülke giren ýaly giripdiler. Käte, Genriniñ özüniñ ölmegine nädip ýol berendigine geñ galýarsyñ. Ol megerem özüni dünýäde özünden bidin çöp başynyñ gymyldamagyna ýol bermeýän we bu babatda agzyny açyp bilmeýän palçylaryñ tilsimlerine meñzeş ýazgylar, bellikler, çaklamalar bilen özüni indiki ýüzýyllyga taýýarlap ýördi. Kissinžer aktiw diplomatiýadan çykansoñ "maslahat beriji firma" gurdy. Wagtyny kesgitlenen pullara satdy: Genri bilen ertirlik, günortanlyk edinmegiñ nyrhy, şamlyk ýörite arzanlaşyk... Men myhmanlarynyñ oña onuñ öz bereninden has köp zat berendigine ynanýaryn. Kissinžeriñ hereketlerinde juda köp akrobatiýa bardy. Eger öte geçmeýän bolsam, geçen asyryñ diplomatiýasynda beýleki käbir amerikan diplomatlaryñ has täsirli, has pähimli we gerekli bolandygyna ynanýaryn. Öñki hatarlarda Jorj Kennan, Awerell Harriman, Jorj Marşall dagy bar. Kissinžeriñ ähmiýetiniñ aglaba böleginiñ wekilçilik edýän ýurduna baglydygyny ýatdan çykarmalyñ. Eger ol doglan ýurdunyñ Daşary işler ministri bolan bolsa, bular ýaly ähmiýetli biri bolup bilmezdi. Adam näce köp iş bitirse, bitiren işleri adamy şonça beýgeldýär. Bir hepdäniñ içinde "diplomatik asyryñ eýesi" Kissinžer we "borsa asyrynyñ eýesi" Çarlz Manger aradan çykdy. "Wall Street"-däkileriñ muny añşyrmasy kyn boldy. Birinjisiniñ durmuşy uruşlardan we realistik ýa-da "praktiki" syýasatlardan ybaratdy. Ikinjisi bolsa ömrüni pul gazanmak bilen geçirdi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 03.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||