19:00 "Gepleýär Aşgabat!" | |
«GEPLEÝÄR AŞGABAT!»
Edebi makalalar
1927-nji ýylyň noýabrynda güneşli respublikamyzyň paýtagty Aşgabatdan diktoryň ilkinji gezek «Gepleýär Aşgabat!» diýen sesi ýaňlanypdy. Emma muňa çenli gör, näçe uly we çylşyrymly işleri amala aşyrmaly bolupdy. ... «Turkmenskaýa iskra» gazetiniň 20-nji martyndaky sanynda ine, şeýle bildiriş ýerleşdirilipdir: «Radio bilen gyzyklanýanlaryň ählisine! Radiosöýüjileriň kružogyna gatnaşmaga höwes bildirýän ýoldaşlar şu adrese ýüz tutup bilerler: TK(b)P MK, agitprop, sagat 10-dan 4-e çenli. Radiostansiýanyň kabul ediş wagty sagat 1-den 5-e çenli, inisiatiwa gruppasy, Alekseýew, Matusow, Sähedow». Şondan bir aý geçip-geçmänkä-de, TK(b)P MK-nyň plenumy geçirilýär. Plenumda W.Gorodeskiý partiýa syýasy nagaryfy hakdaky dokladynda radio barada aýratyn durup geçýär. Ýaňy döredilen respublikanyň okruglarynda radio kružoklary döredilýärdi. Şeýle kružoklaryň biri Maryda döredilýär. Şol gün şäherdäki «Apoll» atly tomusky kinoteatrynda radisöýüjileriň birinji guramaçylyk ýygnagy geçirilýär. Radionyň ähmiýeti hakdaky dokladdan soň, ýygnananlar radionyň gurluşy bilen tanyşdyrylýar. Asyryň jadyly senedine hemme ýerde sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Onuň aýratynam oba daýhanlaryny täze durmuşa çekmeklikde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardy. Radio şol döwrüň gazet işgärlerini hem az gyzyklandyrmandy. Ine-de meniň öňümde W.Karpiçiň «Allo! Allo! Gepleýär TSSR-iň radiostansiýasy» atly çaklaňja ýazgysy ýatyr. Ol ine, şeýle ýazýar: «Paýtagtymyzda radiostansiýanyň düýbi tutuldy. Onuň işläp başlamagy bolsa obalara medeniýeti ýaýratmaklygyň aýgytly hüjümine öwrüler. Eýsm-de bolsa, instruktoryň janly sesi bilen bütin Türkmenistana nädip aýlanyp çykjak. Nädip poçtasyz, telegrafsyz gazet daşajak. Radio welin, islendik ýere baryp biler. Muny biziň hemmämiz bilýäris. Eýsem-de bolsa, stansiýanyň açylmagyna ähli görülmeli taýýarlyk işleri ýerine ýetirildimikän? Ýa-da ol diňe şäher adamlaryny oýarmak bilen oňaýarmykan? Çünki henize çenli obalarda ýekeje-de priýomnik ýok ahyryn! Şäher, sen obany öz şefligiňe al. Goý, işçi edarasynyň hersi uzakdaky obalaryň birini reproduktor bilen üpjün etsin. Ine, şonda klublaryňam, okalgalaryňam, daýhanlar öýüniňem işi janlanar. Ine, şäher, şonda saňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildiriler. Şäher, sen obanyňam radio derýajygynyň akymyna goşulmagyna hemaýat ber!». Türkmenistanyň ýaş hökümeti örän uly wezipäni çözmelidi. Bütin Garagumy radiofikasiýalaşdyrmalydy. Şonuň üçinem respublikamyzyň partiýa we hökümet ýolbaşçylary bu wezipäniň oňyn çözülmegi üçin çynlakaý alada edýärdiler. Täze durmuşyň duşmanlary «Garagumy radiofikasiýalaşdyrmagyň özi baryp ýatan fantastika ahyry» diýip, kinaýa bilen aýdýardylar. Radiostansiýanyň işläp başlamagyna az wagt galypdy. 1927-nji ýylyň noýabry. Türkmen radiosy ilkinji gezek öz gepleşiklerine başlapdy. Şol gün türkmen daýhany ýene-de bir gezek sowet hakykatynyň şaýady bolupdy. Radio türkmen daýhanynyň aklyny haýran edipdi. Wagt geçýärdi. Öňki sowatsyz türkmen daýhany indi täsin-täsin wakalaryň şaýady bolýardy. Şol wakalaryň biri-de 1935-nji ýylyň 5-nji oktýabr güni bolupdy. Şol günüň ertesi «Turkmenskaýa iskra» gazeti bu wakany öz okyjylaryna buşlady. Gowsy, şol gün – 5-nji oktýabrda 10 sagat 30 minutda Aşgabat–Moskwa aralygynda bolan gürrüňe gulak asalyň: «... Moskwa: – Starşiý inžener Şostakowiç diňleýär. Aşgabat: – Bir woltly gysga tolkunly radioperedatçigiň ulanylmaga taýýardygyny bahar berýärin. Moskwa: – Gutlaýaryn. Eşidilýär. Dogrudanam gaty gowy eşidilýär. On kilowatlyk peredatçik nähili ýagdaýda? Aşgabat: – Ýedisine transformatyny synagdan geçirmekdi, şondan soň ony sazlap başlarys. Kabul ediş komissiýasyna gatnaşmak üçin narkomatyň wekilini ibermegiňizi soraýarys. Moskwa: – Bolýa. Aşgabat: – Şeýle hem siziň bilen gepleşmek üçin bölünip berlen wagty köpeltmegiňizi soraýarys. Munuň üçin bir sagat az bolar. Iki sagat dagy gerek bor. Moskwa: – Wagty hasaplap görüň, habar ederis... Aşgabat: Bir kilowatlyk peredatçik bilen, Daşkendiň üsti bilen däl-de, gös-göni Moskwa bilen habarlaşar ýaly synag geçirip bolmazmyka? Muny öz stansiýaňyza habar beräýseňiz! Moskwa: – Tabşyryk berler...». 5-nji oktýabrda, 11 sagat 45 minutda Aragatnaşyk halk komissariatynyň ygtyýarly wekili şeýle buýruga gol çekýär: «7-nji oktýabrda Moskwa bilen radio-telefon aragatnaşygyny ulanylmaga bermeli. Şeýle hem, muny edaralaryň, guramalaryň dykgatyna ýetirmeli». 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |