04:45 Gidenleriň yzynda... / hekaýa | |
GIDENLERIÑ YZYNDA...
Hekaýalar
...Eýmenç Urşuň ilkinji ýylydy. Gyşyň iň soňky günleri bolandygy sebäpli günüň lowurdap durandygyna garamazdan howa sowukdy. Guşlukdy. Küren obanyň adamlary bu mahal meýdan işlerinden boşdular. Her kim pessejik kepbesiniň öňünde bir zada dümtünip ýördi. Şonuň üçinem kolhozyň oba garanyňda pesde ýerleşýän edara jaýyndan bärligine gaýdan eşegiň üstünde oturan adam hemmeleriň gözüne ildi. Kolhoz başlygynyň “elek getir soky getiri” Mülliniň gögelelikde elini enesiniň toşap gaýnaýan gazanyna sokup, golak galandygy sebäpli bir eli bilen eşeginiň jylawyndan tutup, elem-tas bolup gelşi hemmeleri haýykdyrdy. “Siziň…. gahrymanlarça wepat boldy” diýen ýeke jümle ýazylgy, gowşurylan öýünde ahyrzaman gopdurýan üçburçja kagyz böleklerini Akdasaýak obasynda eýýäm birlän-ikilän alyp görenler bardy. Ol kagyz bölejikleriniň hemmesini hem adamlar Mülliniň elinden alypdylar. Dogrusy çagalykda alan aýylganç şikesi zerarly akyl-huşy hem biraz üýtgän görgüliniň bu ýerde hiç-hili günäsi-de ýokdy. Onda-da näme adam adam bolýar-da. Mülli golagy görenlerinde oba adamlarynyň ini tikenekläp gidýärdi. Elbetde obanyň jarçysy hökmünde uly ile hyzmat edýän, ýüregi ýaňy ýagty ýalançynyň reňbe-reň öwşün atyşyny saýgarmaga başlan bäbejigiň gözleri dek päkize, ýarym däli görgüli obanyň toýuny-şatlygyny hem adamlara buşlap ýördi. Ýöne her öýüň diýen ýaly mähribanyny sogrup alyp giden nägehan uruş oba adamlaryny halys dagdy edipdi. Şonuň üçinem adamlar Müllini görenlerinde ýetip gelýän şum habaryň hut özüni gören ýaly düýrügip, näme edýändiklerine özleri-de düşünmän, ýetişibildiklerinden “howul bela, howul bela, başymyzdan sowul bela” diýip samraşdyryp, Gaýtarmyş Atanyň ýoluna bolanja azyk-owkatlaryndan hudaýýoly aýdyp başlaýardylar. Ýöne bu gün obanyň bulam-bujar syrgynlarynyň arasyndan, gyşyň gazap gelip, ot-iýmden horugandygy arryklygyndan bildirip duran eşeginiň bykynyna aýaklary bilen aýagaldygyna hürsekläp, şallaklap gelýän Mülliniň gelşi has hem gorkunçdy. Erte-birigün haşara gitmelidigi sebäpli sapy döwülen pilini saplap oturan, ýaşy altmyşy alyberen Batyr aga Mülliniň gelşini synlady-synlady-da, ahbetin ýüregi etmän, tersine dönäýdi. Iki uly ogluny nägehanyň holtumyna ugradan pahyryň halys ýüreginiň sary gidipdi. Ol Mülliniň nirä, näme üçin beýdip, “etek alty ýeň ýedi” bolup gelýändigini bilmese-de, ýeke pursat gözlerini ýumdy. “Berýänem Sen, alýanam Sen, Rehimdar Sen, Ýalkaýjy Sen, Yaradayjy Sen, Beýtme Hak-Hudaýym, iň bolmanda ikisi birden bolmasa bolýar, Haktagalam!” diýip sarnaşdyrdy-da, takdyryna ten berdi. Soňam dünýäden bizar bolup, şum habary kişilerçe garşy almak üçin gözlerini açdy. Onýança-da Mülli golak tozan turzup Batyr aganyň köneje kepbesiniň deňesinden geçip ötägitdi. Gojanyň aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ol içinden “Bize däl eken” diýip, uludan demini aldy. Soňam hol beýlesinde köne ýüň torbany silkip duran wagty Mülliniň gelşi gözüne kaklyşyp, saň-gaty bolup galan kempirine kalbynda gopan harasady syzdyrmazlyk üçin elindäki sapyny haýdap ýonup ugrady. Birdenem sakga durdy-da, gahar bilen elindäki pilini ýere taşlady. -Kibbi namaz, häý mysalaň gursun, diýmäýin diýsem! Bolup gelşi dagy näteňet!-diýip käýindi-de, öýüne girip gitdi. Mülli bolsa şol çapyp barşyna jomurlaryň syrgynyna ýetmän, gyzyllaryň syrgynyna tarap sowuldy. Soňra obanyň ortasyny kesip geçýän ýabyň boýuny yzarlap, garagollar bilen çonaklaryň uly syrgynlarynyň deňesinden badyny saklaman ötdi-de, ýüzbaşylaryň syrgynyna tarap eşeginiň başyny burdy. Kepbäniň öňündäki gumaşakda oýnap oturan üç-dört ýaşlaryndaky gyzjagaz bilen bir-iki ýaşlaryndaky tokarja oglanjyga bermek üçin iki sanyjak gurdy alyp çykan Annabagt eje öz gädiginde eşegini togtadan Müllüni görüp, heýýaty başyndan uçdy. Elindäki gurtlary almak üçin özüne garşy eljagazlaryny uzadýan agtyjaklaryny hem undup, Annabagt eje: -Waý, Taňrym!-diýdi-de lampa aşak çökdi. -Haý ýeteweri bahymrak, Annabagt gelneje!-diýip Mülli eşeginden düşmän hemişeki edähedine eýerip tenteksi haýkyryp ugrady:-Akmyrat dagy häzir otly bilen Büzmeýiniň demir ýol menzilçesinden geçýärler. Olary Daşkentden Günbatara, urşa alyp barýarlar. Hally Mansur başlyga ýaňy harbylar jaň edip aýdypdyrlar. Haý ýeteweri Annabagt eje, otly eýýäm Aşgabatdan ugrajak bolup durmuş, ýene-de ýarym sagatdan ol Büzmeýinden geçer. Müllini gören badyna ýalňyz dikraryny aýatda görmek umydy bilen hoşlaşan Annabagt eje onuň aýdýanlaryndan diňe bir zada, Mülliniň ogly Akmyrat barada şum habary getirmändigine düşündi. Göz açyp-ýumasy salymda ölüp-direlen garabagyr görgüli, “tüf-tüf” edip, ýakasyna tüýkürdi-de, näme edýändigine özi hem düşünmän: -Häý tentek işigaýdan, adamlaryň öň jany saçyň tarynda asyl-asyl dur, assa-ýuwaş geliberseň bolmadymy?-diýip kejir eşeginiň başyny tersine öwürmäge çytraşýan Müllüniň ýüzüni aldy. Kalby arassalykda tomus gününiň tämizligi gözüňi deşip gelýän asmany bilen bäşleşende hem üstün çykjak Mülli Annabagt ejäniň gaharly sözlerini ýüzüne almady. - Aý Annabagt gelnejem-ä, muny nädäýýäň-aýt! Hally Mansur başlyg-a ýörite: “Obadan diňe Akmyrat şol otluda barýar, Annabagt gelnejä bejit ýetir” diýip meni iberdi, senem walla, buşlugym-a derek, maňa käýinýärsiň-aýt, gaýta! Mülliniň sada sözleri Annabagt ejäni bada-bat akylyna aýlap, gaharyna suw sepdi. Haçan-da onuň aýdan habary aňyna ýetende bolsa Annabagt eje aljyrap başlady. - Waý janlarym, Akmyrat jan “Büzmeýinden geçýär” diýdiňmi? Wah başyňa-gözüňe döneýin, Mülli jan! Wah, sende näme ýazyk bar diýsene, başlyk eliňe hat tutduryp: “äkit” diýse getirersiň-dä! Sen mendenem, adamlardanam gaty görme Mülli janym, biz häli öte gorkaýýarys-da! Annabagt eje aljyraňňylykdan ýaňa agzyna gelen zady sarnaşdyryp durşuna näme edýändigine akyl ýetirmän, ýumlugyp Mülliniň ýanyna bardy-da: -Ine, me, şulary al oglum, söýünjiňe!-diýip elindäki gurtlary Mülliniň eline tutdurdy:- Oglum, öýleden soň bir Büzmeýine baryp geleli, onsoň ýene-de gel, Baýramgül gelnejeň söýünjiňi ýetirer! Biz bir Büzmeýine baryp geleli häli. Annabagt eje kellesindäki börügini eli bilen saklady-da, gartaşan göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen goňşularyna ýelk ýasady. -Aýuw, Baýramgül, guzym, nirede sen?! Ýör-hä Büzmeýine, Akmyrat jan Büzmeýinden otly bilen geçjekmiş!-diýip haýdaşlap barşyna gygyrýan Annabagt eje göýä syrgynlarynyň aýagujundaky goňşularyna tara dokaşmaga giden gelni özüni eşidäýjek ýaly öwran-öwran gaýtalaýardy. Annabagt ejäniň begenjinden ýaňa aňkasynyň aşandygyna şoh bolan Mülli bolsa göwnaçyk çaganyň ýylgyryşy bilen elindäki iki sanyjak gurt bölejigine seretdi-de, loh-loh güldi. -Aý, Annabagt gelnejem-ä, bulary agtyklaryňa ber ahbeti, olar üçin alyp çykdyň-a, olaryň nesibesini men alyp bilmerin-ä! Mülli şeýle diýdi-de toýun kepbäniň öňünde özlerini undan enesiniň bolşuna geň galyp hem-de bir eli gorkunç Mülliden heder edip, garaja gözjagazlaryny tegeläp oturan gyzjagaz bilen oglanjyga dikanlady. Hälden habary aýdan dessine yzyna dolanmak niýeti bilen gelýän Mülli pikirini üýtgetdi. Ol eşeginden syrylyp düşdi-de, çagalara tarap ýöneldi. Gyzjagaz onuň şikesli elinden çekinip, oglanjyga tarap gysmyljyrady-da, ony gujaklady. Müllini ilkinji gezek görmese-de ondan ýadyrgaýandygy hem üýşenýändigi mese-mälim bildirýän oglanjyk özüne ýakyn gelen Müllä tarap seretmäge gorkup, maňlaýjygyny tüňňertdi-de ýere seretdi. Birdenem uýasynyň aglamaga taýýarlanyp dodajyklaryny kemşerdýändigini gördi-de, onuň özüni gujaklaýan eljagazlaryny itiberip, ýerinden turdy. Mülli bilen uýasynyň arasynda örboýjugyna galyp dik durdy-da, oňa tarap ýumrujagyny salgady: -Geýme bäýik, git diýýäm saňa, Ejegüý senden goýkýam, git diýýäm, ýogsam uýýan, häziý!-diýip heniz “r, l” harplaryny diýip bilmeýän dogumlyja oglanjyk, öz gorkusyny undup, uýasyny gorap, Müllä haýbat atdy. Oglanjygyň bolşuna hem onuň bazzyk-buzzuk sözlerine Mülliniň köhi geldi. -Haýtjan-a, gör-ä munuň eden bolşuny! “Uraryn” diýýärmiň, ýerden ýeke garyş saýlanan welin, gör munuň edermenjedigini! Garakel batyryň tohumydygyna seredeňinde düşünäýmeli. Ol oglanjyga elindäki gurtlary uzatdy: -Al köşek! Oglanjyk Mülliniň elinden birbada gurtlary almady. Emma ol ikilenç hödürländen soň gurt bölejiklerini garbap aldy-da, birini gysymjygyna gysdy. Beýlekisini bolsa ýaşly gözlerini püre-pür edip, çyny bilen möňňürmezlige çytraşýan uýasyna uzatdy. Ol gurdy wagty bilen almanda bolsa, uýasyny tirsegi bilen hürsekläp goýberdi: -Al diýýäm saňa! Agýaýma özüňem, agýasaň uýaýyn! Oglanjygyň dogumy ýaşy kyrka golaýlan bolsa-da ýarym däliligi sebäpli oglantak Mülliniň göwnünden turdy. -Haý-haý saňa, ballym, garry ataň Garakel bol-a!-diýip Mülli keýpiçag güldi-de, oglanjygyň gür garaja galpagyny sypalaşdyryp, bulam-bujar edip goýberdi. Soňam ylgap baryp, “loňk” edip, eşeginiň üstüne böküp münen boldy. Oglanjyk bilen gyzjagaz onuň hereketlerine gorkularyny ýatdan çykaryp, “jykyr-jykyr” gülüşdiler. Olary güldürip bilendigine monça bolan Mülli yzyna gaňryldy-da, ýüzbaşylaryň syrgynynyň günbatar çetinden gelni Baýramgül bilen haýdaşlap öýüne tarap gaýdan Annabagt ejäni görüp, olar sesi ýeterden daşda bolsalar hem: -Aý Annabagt gelnejem-how, agtyklaryňa eýelik edeweri-how! Men gitdimle-how! Hally Mansur başlyk: “bejit yzyňa aýlan” diýdile-how! Akmyrady görseň salam aýtgynla-haw! “Mülli hem: “Aman-esen geleweri” diýdi” diýiňler-how!-diýip gygyrdy-da, tozan turzup gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy. Annabagt eje gelni bilen aňyrdan haýdaşlap gelşine: -Men häzir bolanja zatlardan ol-bi salyşdyryp düwünçek taýynlaýyn, Akmyrat jana berip goýbereris.-diýdi-de öýüne girip gitdi. Baýramgül hem onuň yzyna eýermekçi boldy welin, Annabagt eje içerden gygyrdy: -Baýramgül, guzym, çagalaryň üsti-başyna seredişdir, derrew! Olary hem alyp gideli, kakalary bilen didarlaşsynlar! Baýramgül gelin gaýnynyň bir aýdanyny ikilenç gaýtalatdyrmady. Ol haýdan-haý gyzjagazynyň eşiklerini düzedişdirdi. Oglanjygyň hem geýimlerine seretdi. Olaryň ikisi hem galyň geýindirilgidi. Onýança Annabagt eje içine kak-sök, gurt salyngy çaklaňça düwünçegini elinde saklap içerden çykdy. Gaýnynyň hor göwresine, bükülen biline seredip, Baýramgül oýurgandy. Ol aladaly äheňde: -Enesi bu ikisini nädip alyp gitsekkäk, aýagymyza eýgermezler ahyry! Menem…-diýdi-de Baýramgül gelin köpmanyly dymyp gäberen göwresine ümleýän terzde gabagyny aşak sallady. Annabagt eje ikirjiňlenip durmady. -Ejegül jan-a özi ýörär, Gurtmyrat jany bolsa gerşime hopba ederin. -Eýgermersiň, enesi! Gurtmyrat jan tüweleme indi ep-eslije bar ahyry!-diýip Baýramgül daşyndan garşylyk görkezmäge çalyşsa-da çagalaryň kakalaryny görmäge gidenini kem görmedi. -Eýgererin, guzym! Munuň kakasyny gyzyllar bilen aklaryň gowgasynyň jümmüşinden arkamda alyp çykyp, ulaltmagyň hötdesinden geldim, muny hem eýgererin! Olar üç tirkeşik bolup ýola düşdüler. Birsellem ýöränlerinden soňra Annabagt eje ýadap, “has-haslap” başlady. Emma şonda-da gelni: “Enesi bolmasa arasynda ýere düşürip ýöredäýeli, biraz dynjyňy alarsyň ýa-da getir men götereýin” diýip hernäçe haýyş etse-de per bermedi. Küren obadan saýlananlaryndan soň enesiniň “has-haslap” dem almasyna Gurtmyratjyk hem üns berip ugrady. Gurtmyratjygyň gep haltasynyň agzy çözüldi. -Ene sen näme üçin beýdýäýsiň-ä? -Ýadadym, oglum, şonuň üçin daljygýaryn. -Ene, sen näme üçin ýadadyň? -Seni göterip barýaryn, oglum, şonuň üçin hem ýadaýaryn-da! Ogly bilen gaýnynyň arasyndaky gürrüňe Baýramgül hem goşulman bilmedi. Ol enesiniň gerşinde parahat oturmaga karary ýetmän, at çapýan ýaly loňkuldap ugran bezzadyň söbügine assaja kakyp goýberdi: -Aý oglan, akyllyja bol! Ýene-de tükezzibanyňa tutup ugradyňmy? Loňkuldamaňy bes et, soragyň gutarmaz seniň, ýaşy uzamyş! Oglanjyk ejesine tarap howatyrly garady-da: -Tükeýýibany tutamok men-ä, enemiň aýkasynda otuýýan, ýöne!-diýdi. Gaýyn-gelin bezzadyň gürrüňine ädim urup baryşlaryny bozman gülüşdiler. -Aý guzym, garry gaýnyň Garakele beýle dözümli daraberme häli, edil ýöne Garakeliň ýüzi oturdylan ýaly ahyry bu, häsiýeti hem şonuňky ýaly, sähel gaňryşyna gaýtsaň “ber közi, gysymlaýyn” diýip dur! Näme etse tarhandyr munym!-diýip, Annabagt eje agtygynyň arkasyny aldy. Onýança ejesi bilen enesiniň aýagyna eýgermek üçin ylgaşlap barýan gyzjagaz ýadap, yňňyl-çyňňylyny köpeldip ugrady. Enesiniň arkasynda aýagy ýere degmän barýan oglanjyk hekemsiräp özünden uly bolsa-da uýasyna käýýemäge çalyşdy. -A gyz, näme yňňyýdaýaň? Ýadaw gyzjagazyň gahary geldi. Hemişe näme diýse diňleýän jigisine gaýtargy berdi: -Ýadadym, saňa näme? Oglanjyk uýasynyň sözüne oýurgandy. -Men-ä ýadamok, Ejegüý! Gaýyn bilen gelin bezzadyň bu gürrüňine ýene-de gülüşdiler. Annabagt eje arkasyndaky agtygynyň agramyna hyk-çoklap: -Aý balym-a, dagam eneň hopba edip barsa ýadamarsyň-da, saňa derek eneň ýadaýar ahyry!-diýdi. Soňam gyz agtygyna dözmän: -Bolmasa guzym, ikisini gezekleşdirip, indi Ejegül jany gerşime alaýaýyn!-diýip pahyr, garabagyrlygyny etdi. Baýramgül gelin ör-gökden geldi: -Goýaweri enesi, Ejegül jan seniň biliňi ýazdyrar ahyry! Özi ýörär-le, indi az galdy ahbetin. Olar şeýdip esli ýörediler. Demir ýol menzilçesiniň jaýlary hem baglary görnende bolsa olar demir ýoluň ýakasyna çykyp dem-dynç almak üçin azsalym sägindiler. Şol pille-de Baýramgül yzlaryndan bir aýal maşgalanyň haýdap gelýändigini gördi. Emma Baýramgül näçe siňe seretse-de ol zenany tanap bilmedi. Diňe birhaýukdan soň ol zenan golaýlanda Baýramgül onuň Miwegüldügini tanady. Ony tananyndan soň Baýramgül: “Häý bedibagt, bu nirä barýarka?” diýip içinden haýpygelilijilik bilen oýlandy-da, gaýnyna Miwegülüň yzlaryndan ýetip gelýändigini aýtdy. -Hany?-diýip agtyklary bilen gümra bolup oturan Annabagt eje oba tarap öwrüldi. Miwegüli görübem nebsiagryjylyk bilen başyny ýaýkady: -Be şu sowukda bu görgüli nirä ugradyka? Baýramgül egnini gysdy. Onýança Miwegül olaryň yzyndan ýetdi. -Salamälik, Annabagt gelneje!-diýip ol salamlaşdy. -Äliksalam, Miwe jan!-diýip Annabagt eje synçy gözlerini ýaşy ýaňy ýigrimiden geçen sarymeňiz gelniň solgun keşbine dikanlady. Görmegeý gelniň gözleriniň bir nokatda durman, azaşan uçgunjyk ýaly pelesaň kakýandygyny görüp, ýüregi gyýyldy. “Görgülijik, gaýyny Ogulsenem arada bir: “Indi biraz daş-töweregini saýgarýar, gijelerine hem ýüregine ýel düşüp, birden öýden çykyp gidibermesini hem kesdi. Aram-aram ymyzganýar hem” diýipdi welin, şu mahal gözleriniň alakjap durşy-ha huşy ýerindäki adama meňzemeýär! Haý nätsin-dä görgüli, berk bolup çydar ýalymy bu ýalançynyň külpetlerine, bular dagy heniz beýnisi bekemedik maşgalalar. Ýoldaşy Enwer jan meniň Akmyradymdan bolsa iki-üç ýaş kiçidir. Öýerenlerine heniz ýyl ýarym hem bolmady. Uruş başlamazynyň ýedi-sekiz aý öň ýanynda Enwer jany harby gulluga çagyrdylar, “uruş başlandy” diýenlerine iki aý geçip-geçmänke ogul bäbejigi boldy, şonuň iki hepde soňundanam gapylaryndan üçburçja kagyzjygy gysymyna gysyp Mülli bardy. Owf, Hudaý saklasyn! Çydar dagy eder ýaly däl! Özem ýalançyda bela gelse ýeke gelmeýär ekeni, Enwer janyň patasynda aglap-aglabam, suw ýaly çagany ünsden düşürdilermi ýa-da dünýä inende gowşajyk doguldumy nämemi, ojagazlaryny hem gara ýere duwlamaly boldular. Indem şondan bäri görgüli üýtgäp ýör. Şol ýöne: “Ine Enwer jandan hat geldi” diýip bolar-bolgusyz kagyz böleklerini goltugyna gysyp, görene görkezip ýör. Hudaý jan bu jahanyň görüner-görünmez belalaryndan Özüň goraweri, Özüň biz bendeleriňi penaňa alaweri, Özüň biz bendeleriňe rehim edeweri, Hak Biribar!” Ýeke pursatda kellesinde şu pikirleri aýlan Annabagt eje hemişeki süýji dilliligi bilen: -Miwe jan, guzym bu näme ýeke özüň bärligine gaýdyberipsiň-le?-diýdi. Ukusyzlykdan ýaňa gözleriniň aşagy gögerip, birmahal şeýlebir owadan bolan gözleriniň içindäki damarjyklar çylgym-çylgym dym-gyzyl bolup görünýän Miwegül ýüň oýlukçasynyň aşagyndan bir topbak bolar-bolgusyz kagyzlary çykaryp, Annabagt ejä görkezdi. -Annabagt gelneje, Enwer jandan ýene-de hat geldi, özem ol hatynda şu gün Büzmeýiniň demir ýol menzilçesinden otly bilen geçýändigini ýazypdyr. Şony bir göräýeýin diýip gaýtdym. Annabagt eje Miwegülden heder edip özüne gysmyljyraýan agtyklaryny gujagyna gysdy. Ol Miwegülüň aýdýan sözlerine geň galdy. -Wiý, guzym, Büzmeýinden otluda biziňkileriň geçjekdigini saňa Enwer jandan başga kim aýtdy? -Ýaňy Mülli golaga duşdum, şoňa Enwer jandan hat gelendigini aýtdym welin, ol maňa Enwer janyň hatynda ýazan zatlaryny habar berdi, ol aýtmyşlaýyn şol otluda Enwer jan bilen Akmyrat hem barmyş, Annabagt gelneje. Akly üýtgän ýaş gelne dözmedik Annabagt eje oňa näme diýjegini bilmedi. -Hä bolýar, guzym, biz hem demir ýol menzilçesine barýarys. Bilelikde gidäýeris.-diýip oňaýdy. Olar sussypes halda ýola düşdüler. Olar demiýol menzilçesine çenli galan ýoly has çalt geçdiler. Sebäbi Miwegül Baýramgül bilen Annabagt ejäniň garşylyk görkezmeklerine garamazdan Gurtmyratjygy eline alyp göterip gaýtdy. Miwegülden howy basylan Ejegüljik bilen Gurtmyratjyk hem tä demir ýol menzilçesine barýançalar jyňklaryny çykarmadylar. Olar demir ýol menzilçesine baryp garaşmaga başladylar. Emma üsti esgerli otly geler ýerde gelmedi. Dürli harby ýüklerden mas ýüklenen otlular hatar-hatar bolup şol geçip durdular. Birdenem Baýramgül Aşgabat tarapdan öňi baýdakly, depesinden çykýan tüsseden ýaňa ala-burugsy bolup gelýän otlynyň yzky wagonlarynyň açyk gapylaryndan boýunlaryny uzadyşýan adamlary saýgardy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. -Enesi, gelýärler!-diýdi-de ol bir eli bilen Ejegülüň, beýleki eli bilen Gurtmyradyň eljagazlaryndan mäkäm tutup, göýä şol uzakdan bat bilen myçyp barýan otluda wagonlary gabsan guruma-tüssä garamazdan öz mähribanynyň keşbini saýgaryp biläýjek ýaly doňňara-daşa öwrüldi. Annabagt eje bilen Miwegül hem otlynyň demir ýol menzilçesine gelerine garaşyp, doňup galdylar. Emma otly aňyrdan gelşine demirýol menzilçesinde säginmän, şol bady bilen geçip ugrady. Birbada bu oslagsyz ýagdaýa otla irikgä bolup garaşyp duranlar aljyradylar, birdenem ilki bilen Annabagt eje: -Akmyrat jan, balam!-diýip yzy üzülmän göwnübir ýaly öz deňelerinden geçip gidip duran wagonlaryň zynjyrynyň gohuny basjak bolýan ýaly sesinde baryny edip gygyrdy-da, iki ýana ylgaşlap başlady. -Enwer jan, Enwer jan!-diýip gygyrýan Miwegül hem Annabagt ejäniň hereketine eýerdi. Baýramgül bolsa perzentleriniň ellerini berk gysymlap durşuna wagonlaryň açyk gapylaryna çiňerilip-çiňerilip seredýärdi. Onuň bolşy misli wagonda duran esgerlere: “Beýtmäň doganlar, ýeke pursatlyk märibanymyzy görkezäýiň-dä!” diýýäne çalym edýärdi. Birdenem geçip barýan wagonlaryň birinde ýoldaşlaryna garanyňda has ýüregi ýukarak biriniň demir ýoluň ugrunda janserek bolşup kebelekleýän naçarlara nebsi agyrdymy nämemi, otlunyň ses-üýn alyşmaga mümkinçilik bermeýän galmagalyny basyp, ýogyn ses depelerinde ýaňlandy. -Ene, gynanma, sizem uýalarym gynanmaň! Arkadagyňyz dolanar! Hökman dolanar! Hökma-a-a-n-n!!! Bu göwünlik beriji owaz sähel salym olaryň depesinde ýaňlandy-da, göýä batly barýan otlynyň ýelgininiň girdabyna düşen ýaly, az salymdan soň sozan guýruk bolup, gözýetime siňip giden otlynyň yzy bilen howada eräp ýitip gitdi… Naçarlaryň mähribanlary bilen didarlaşyşlary hem şol boldy, hoşlaşyşlary hem. Akmyrat bolsa dolanyp gelmedi. Türkmen topragynyň mynasyp ogullarynyň müňlerçesi hem Akmyrat ýaly Ata Watany gara zulumdan gorap baş goýdular. Gidenleriň yzynda bolsa halk galdy. Halk şol dolanyp gelmedikleriň we dolanyp gelenleriň öçmejek-ýitmejek edermenlikleri hakynda mukaddes hakydany nesillerden-nesillere geçirmek üçin aýap saklaýar. Çünki ol hakyda atalardan ogullara, enelerden gyzlara miras geçmek bilen sözüň hakyky manysynda halky halk edýän mukaddeslikleriň undulmazlygyny üpjün edýär. “Watan” gazetiniň 2008-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky sany | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |