22:20 Gije | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular
▶ GIJE Sag bol gündiz, Ýene gijä ýer berdiñ, Ýene parlap dogdy eziz ýyldyrym. Aýyñ gyzgylt ýañagyny ýassanan Ömürleriñ ölçeginde ýyldyrym. Onuñ gujagynda mahmal ýumşaklyk, Yhlasyndan bagtly etdi gör, kimi. Akmaýanyñ ak ýolundan barýaryn, Ýelmaýama ganat edip täk tümi. Ümsümlik. Dogulýar kümüş damjalar, Pyşyrdap gül açýar ýaşylja peçek. Gögüñ ýüreginde yşkyñ hudaýy, Zemine sallady mähirden seçek. Bir ýyldyz çalaja ogşady meni, Bu erteki däl ýa-da bir hyýal. Mende bir söýgi bar göge ýetiren, Bir Hudaýa, birem kalbyma aýan. Zemine çagyryp dolandy säher, Bir ýumşak ýorgany ýazypdyr gündiz Men uklamak üçin ýassygy aldym, Düşegmiñ çetinde otyrdy ýyldyz... | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |