10:49 Gitleriñ dilewarlygy we maýyl edijilik ukyby | |
GITLERIÑ DILEWARLYGY WE MAÝYL EDIJILIK UKYBY
Syýasy taryhyñ sahypalaryna öz adyny hemişelik ýazdyran Adolf Gitleriñ pikirine görä ýer ýüzündäki her bir tutumly hereket öz ösüşini beýik ýazyjylara däl-de, beýik oratorlara borçludyr. Gitler öz çykyşlaryny özi ýazypdyr, çykyş etmäge taýýarlyk görende el we göwre hereketine üns berip, birnäçe sagatlap taýynlanypdyr. Amerikaly psiholog Henri Murraý faşist lideriñ münberdäki özüni alyp barşyna baryp-ha 1943-nji ýylda taýýarlan "Adolf Gitleriñ şahsyýeti" atly 229 sahypalyk habarnamasynda "gipnozlaýjy" diýip baha beripdi. XVIII asyryñ Germaniýasynda okkultizm we batyl ynançlara ynanmak giñden ýaýrapdyr. Hususanam obalylaryñ gündelik durmuşy diabolik düşünjeler bilen, al-arwahlar we şeýtanpisint güýçler bilen kesgitlenipdir. Nemes daýhanlaryna çuññur täsir eden bir batyl ynanç bolsa awtoteizm (Auto-Teism) diýlen akymdy. Bu ruhy näsaglygyñ bir görnüşinden başga zat däldi we adamyñ öz-özüni hudaý ýa-da keramatly din adamydygyna ynandyrmagyndan başlaýardy. Özüniñ hudaýdygyna ýa-da keramatly biridigine ynanan adam epilepsiki ahwallary başdan geçirmäge, isteriki (истеричный) hereketleri etmäge we geñ-tañsy sözleri aýtmaga başlaýardy. Nemes daýhanlary ekstaz diýilýän bu ahwallaryñ dowamynda adamyñ aýdýan sözlerini ýat tutmaga we näme diýse etmäge werziş bolupdylar. Olar ekstazy hudaýa ýa-da keramatly kişä öwrülmegiñ iñ ilkinji şerti hökmünde görýärdiler we ahwalatyñ dowamunda aýdylanlaryñam keramatdygyna ynanýardylar. Munuñ iñ bärki mysaly 1624-nji ýylda "30 ýyllyk uruşlaryñ" başlamasyndan dört ýyl öñ Ezeçýel Meth atly adamda gabat geldi. Meth özüni Hudaý we Onuñ perişdeleri bilen bir bitewi hasap edip, töweregine müñlerçe daýhany toplapdy. Meth özünden dört ýyl soñ başlanjak ýowuz urşy görmänkä öldürilipdi. Emma oña baglananlar bu nadan obaly "keramatlyny" hiç wagt unutmadylar. Hut Gitleriñem Meth ýaly sowady pesdi we olam gürlände tutgaýly kişilerde gabat gelnen ekstaz alamatlary peýda bolardy. Gitleriñ sowadyny doly almazlygy halk üçin kemçilik däl-de, gaýtam tersine, artykmaçlykdy. Eger Gitler ýokary bilimli bolan bolsa, halk oña hiç wagtam pitiwa etjek däldi. Halk köpçüliginiñ öñünde körzehin adamyñ "dogry" sözler aýtmagy onda awtoteizmiñ keramat güýjüniñ barlygyna güwä geçýärdi. Gitler bu ukybyny ölýänçä ulandy. Ol özüni ýitirip we gözýaş döküp eden çykyşlary arkaly millionlarça nemesi jadylap öz yzyna düşürmegi başardy. Çünki nemesler awtotezim dessuryna öñdenem öwrenişiklidiler. Olar Birinji jahan urşunyñ getiren agyr ýeñlişinden we kemsinmek duýgusyndan özlerini halas etjek hudaýa ýa-da keramatly adama sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Nemes halkynyñ gözünde uruşda ýeñlenleriñ ählisi ýokary gatlakdan bolan ýokary bilimli adamlardy, dogruçyl körzehinler däldi. Kolin Wilsonyñ pikirine görä Gitleriñ jadylaýjy güýji bolupdyr. Ol göze görünmeýän çeşmeden alýan güýji bilen birdenkä herekete geçýän eken. Ony ýakyndan tanaýan adamlaryñ aýtmagyna görä, Gitler hiç hili harizmatikasy bolmadyk ýönekeý adam bolupdyr. Emma güýjüni görkezmek gerek hasap eden ýerinde birden-birden orkestri herekete geçirýän maýestra ýaly jadyly güýjüni görkezip bilipdir. Onuñ ykdysadyýet boýunça geñeşdarlygyny eden Otto Wagner şeýle diýipdir: "Gepleýşi diýseñ täsindi. Birnäçe adam ondan gipnozlanandygyny açyk duýupdy. Gerekli hasap eden wagtynda düwmä basyp düşünje mehanizmini herekete girizerdi. Şular ýaly ýagdaýlarda adamlar näme diýlendigine düşünmän psihologiki aljyrama düşerdiler". Ýüz mimikasyny we yşaratly hereketleri ussatlyk bilen ulanan Gitler etjek çykyşlarynda haýsy hereketleri ulanjak bolsa öñünden birnäçe sagat taýynlanypdyr we her bir hereketini fotosurata aldyryp öz hereketlerine seljerme geçiripdir. Gitler hemmetaraplaýyn ukyply ýadawsyz göreşiji sypatynda görünjek bolup syna hereketlerini ýerlikli ulanýardy. Onuñ agras bakyşlary, duýdansyz hereketleri we uzyn-uzyn çykyşlary wagyz-nesihat maksatly alnyp barylýan işleriñ aýrylmaz bölegidi. Ol özüni hiç haçan ýalñyşmaýan adatdan daşary lider hökmünde görkezmäge jan edip, owallar öñe süren garaýyşlarynyñ arkasynda hemişe-de durýanlygyny ýañzydýardy. Belkäm, şonuñ üçindir Gebbels oña: "Fýurer hiç haçan üýtgemez. Ol çagaka nähili bolsa, häzirem şeýledir" diýipdi... Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||