17:06 Gojalygyñ guwanjy | |
GOJALYGYÑ GUWANJY
Goşgular
Dürli ýyllarda ýazan goşgularynyň awtory Geldimyrat Seýidow aslynda şahyr-da däl, ýazyjy-da. Şahyr ýa ýazyjy boljak bolup ýören adamam däl. Dürli döwürlerde öz hususy gündeligine ýazan ýa-da gazet-žurnallar üçin ýazylan goşgudyr, hem beýleki ýazgylary, bir tarapdan, onuň boş wagtlaryndaky esasy güýmenjesi bolan bolsa, ikinjiden, edebiýata, sungata, medeniýete muşdaklygy we ýaşlyk ýyllaryndan taryha, filosofiýa bolan höwesinden gelip çykan bolsa gerek. Ol goşgularyny we beýleki ýazgylaryny ýakyn-ýaranlaryna, dost-doganlaryna we özi bilen ýürekdeş tanyşlaryna ýadygärlik sowgatlyk üçin niýetläpdir. Awtoryň gysgajyk terjimehaly bilen tanyşlyk artykmaçlyk etmese gerek: Geldimyrat Gurbanmyradowiç Seýidow 1952-nji ýylda Bäherden etrabynyň Garrynohur obasynda eneden bolup, şol obadaky orta mekdebi okap gutarýar. Soňra goşun gullugyny tamamlap, ömrüniň 35 ýylyny Aşgabat şäher polisiýa Müdirliginde dürli wezipelerde işledi. 1989-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Milisiýanyň ýörite orta mekdebini (häzirki Polisiýä akademiýasy) gaýybana okap gutaran. 2010-njy ýylda podpolkownik harby derejesi bilen, Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany hökmünde hormatly dynç alşa çykýar. Pensiýada dynç alyşda bolmak bilen bir wagtda, birnäçe edara-kärhanalarda hukukçy (ýurist) wezipesinde hem başga wezipelerde işläp gelýär. Geldimyradyñ goşgulary okyjylarda ýakymly täsir galdyrar we azda-kände göwünlerinden turar diýen umyt bilen hem-de okyjylara oňatlyklary arzuw etmek bilen, goşgularyñ çapa taýýarlamak işleriniň ugrukdyryjysy we redaktory, Baýrammyrat ORAZGYLYJOW, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, žurnalist. * * * Käte goşgy ýazaýmam bar keýpine, Şahyr bolmak niýetem ýok, aslynda. Ýazýaň welin, çekinmänem duraňok, Galaýmaýyn öýdüp gülkiň astynda. Okap berýäň ýakynyňa, ýadyňa, Şygyr hakda pikrin bilmek hyýaly. Agy ak, garasy gara keşbinde Okana, diňläne biliner ýaly. Gör, nähili gowy duýmak, dogrusy, Ýazanňa özgäniň “gülmeýänligin”. ...Bolmaýanlygyny bolmaýan zadyň, Iň ýamany özüň bilmeýänligiň. • WATAN Arkadagyň “Öňe, jan Watan - Türkmenistan” atly şygrynyň täsirinden. Gymmatym sen, kuwwatym sen, sen, güýjüm, Guwanjym, söýenjim, jan-tenden süýjim. Ýaşyl tug galgadyp älem çäginde, Garaşsyzlyk bilen öz ornun tapan, Ata mekan - Türkmenistan, jan Watan! Belent binalarna ak mermer örtüp, Barýar öňe batly, tümlükler ýyrtyp. Gülle däldir, goly dutar - ýaragly, Bitaraplyk bilen ykbalyn çatan, Ata mekan - Türkmenistan, jan Watan! Söýýän dag-düzüni, degre-daşyny, Derli tomusyny, ýelli gyşyny. Haly gölli toprak düşäp çar ýana, Asuda asmanyn üstüme ýapan, Ata mekan - Türkmenistan, jan Watan! Arkadag dek belli milli Liderli, Myhman-mediwanly, sorag-idegli. Bar jahanda, öz ýüz - gözi, öz sözü, Düňýäň rahatlygna goşandyn gatan, Ata mekan - Türkmenistan, jan Watan! 2020 ý. | |
|
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |