22:03 Göldäki guşlar | |
"Kökler"
Edebi makalalar
GÖLDÄKI GUŞLAR Biziň gürrüňimiz göldäki guşlardan biraz giň bolar. Ilki bilen türkmeniň haly hem zergärlik sungatyny öwrenmekde meniň gözüme ilen bir ýagdaý barada pikirimi aýtmakçy, Dogrusyny diýmeli, türkmenleriň özi ajaýyp sungatyny golaýda öwrenip başladylar. Öňki ylmy işleriň köpüsi başga milletleriň wekillerine degişli. Biz olara minnetdar bolmalydyrys. Soňky ýyllarda adamzat siwilizasiýasynyň has irki döwürlerine degişli taryhy, medeni, dini ynançlary öwrenýän alymlaryň düýpli işleriniň peýda bolmagy, halydaky syrly nagyşlaryň asyl manysyny açmaga uly itergi berip biljek. Bu çaka alymlaryň işlerinde, jahankeşdeleriň ýazgylarynda nätanyş ýurduň täsin senetine geň galmak, ekzotiki nukdaý nazardan seretmek endigi agdyklyk eden ýaly görünýär. Köp halatda özlerini gyzyklandyrýan sowallara çaltrak jogap tapmak höwesi, munuň üçinem esasan gözüniň görýänine, gulagynyň eşidýänine, höwesjeňlik duýgularyna gol ýapylmagy, elbetde, ýüzleý netijelere, ylmy taýdan çuňňur derňewiň bolmazlygyna, bärden gaýtmalara getirip biljekdi. Türkmeniň her iliniň öz ady bilen halysy bar. Olaryň reňkinde, nagyşlaryň käbir detalynda tapawut görse bolýar. Emma haly sungatymyzy öwrenmekde uly işler bitiren W.Moşkowanyň her iliň halysyna salynýan göli şol iliň özboluşly emblemasy hökmünde kabul etmeli diýen pikiri, köki juda gadym zamalardan gaýdýan sungatymyzy, belli bir derejede, halkyň etniki gurluşyndaky aýratynlyklara tabyn etmek meýlini aňladýan bolmasyn? Göllerdäki nagyşlaryň asyl köki olaryň degişli edilen taýpalarynyň döreýiş taryhyndan has gadymydyr. Biziň halylarymyzyň syry-da şu ýerden döreýär. Moşkowanyň pikirine ynanmaga höwesli türkmen öz iline degişli göldäki nagyşlardan diňe şol ile mahsus oýlap tapyjylagy gözlemegiň ýoluna düşäýmez-dä? Soňra Moşkowa: “Lokal hem taýpa tapawutlylygyna garamazdan, türkmenleriň hala salýan nagyşlary bütewi bir stilistik topara degişlidir” diýip dogry hem netijeli pikiri salgy berýär. Emma işeňňir türkmen etnografy A. Jykyýew Moşkowanyň hygtan bütewiligini juda golaýdaky taryhy hadysany kepillendirmegiň faktyna öwürmäge howlugýar we ony, taýpalaryň birleşmesinden “türkmen” atly etniki birligiň döremegi bilen gabatlaşdyrjak bolýar Ýöne, halydaky nagyşlar halkyň taryhynda bolup geçýän döwürleýin üýtgeşmeleriň tempine bil bermeýär. Ýa-da bolmasa, halydan her taýpa degişli bolan tagmanyň, ongonyň şekilini gözlemezden öňünçä, olaryň döreýşine, ilkidurmuş manysyna ýetjek bolmaly. Aýry-aýry nagyşlaryň köküni bileniň bilenem iş gutarmaýar. Munuň üçin iň gymmatly, iň ýeser ýeri, şol jadyly nagyşlardan döredilen ansamlyň bütewiligi. Şol ansamblyň arhitekturasy nähili emele gelipdir, nähili manyny aňlatmaga gulluk edýär? Men şu sowalyň goýulyp, oňa jogap bermäge nähilidir bir synanşygyň edilen ýerine duş gelmedim. Munuň sebäbini entek türkmen nagyşlarynyň aýry-aýrylykdaky manylarynyň açylmandygy bilen düşündirse bolar. Halyşynas G. Saurowa ornamentleriň (“ornament” grek sözünden, bezeg, nagyş diýen manyny aňladýar) monumentallygyny, ýokary äheňini olaryň süňňündäki birlikde, epikilikde görýär. Her ornamentiň äheňini aýratynlykda alanyňda oňa aýra- tyn bir sadalyk mahsus ýaly, emma olar umumy ansambla goşulyp, örän çylşyrymly bir dünýäni emele getirýärler. Gynansagam, entek biz jadyly dünýä aralaşyp bilemzok. Türkmen halylaryndaky ansamblyň gaýymlygyny deňeşdirmäge ahemenileriň daş ýonup ýazan hatlaram bärden gaýdýar. Türkmen sungatynyň hakyky aşygy, jahankeşde W.Zaletaýew esengulyly zenanlaryň elinden çykan ajaýyp halydaky nagyşlara haýran galyp oturşyna guşa meňzeýän geometrik şekillerden ýerli faunanyň wekillerini gözlemegiň ýoluna düşýär. Gadymy sungaty ýerli alamatlar bilen baglajak bolmak höwesi onuň düýpli öwrenilmegine getirer öýdemok. Hawa, halylardaky nagyşlaryň haýwan, ösümlik atlary bilen aňladylyşyna köp duş gelinýär. Nesilleriň dowamynda olar hem üýtgeşmelere sezewar bolýar. Muny türkmen nagyşlaryny öwrenen alym Ponomarýew hem belläpdir. Teke gölüniň ortasyndaky “gowaça göl” diýilýän nagyşyň beýle ada eýe bolmagyny häzirki zamana mahsus alamat bilen düşündirse bolar, sebäbi onuň öň “eşek göz” diýen adynyň bolandygyny, henizem köne adyň saklanan ýerleriniň bardygyny ýazýar. Gadymy nagyşlaryň geometrik şekillerini olaryň daşky meňzeşligine garap, “aşyk”, “erik gül”, “hantoz”, “soldat”, “byçgy”, “doňuz burun”, “gapyrga”, “düýe diş” diýen ýaly sözler bilen atlandyrylmagy, olaryň asyl manysynyň ýitirlendiginden soňky dörän hadysadyr. “Mif we simwol” diýen kitabyň awtory Ariel Golanyň pikirine salgylansak, adamzat medeniýetiniň ösüş prosesiniň dowamynda hatyň dürli görnüşleri döredilipdir, olar informasiýany grafikada tes wirlemekden başlanypdyr. Munuň ilkinji basgançagy-da suratlaryň kömegi bilen pikiriň grafik beýanynyň tapylmagydyr. Suratlaryň, şekilleriň umumy pikire baglylykda bir hatara düzülmegi arkaly habarlar, hekaýatlar beýan edilipdir. Bu piktogrammany düzýän şekiller habarlary söz üsti bilen bermän, olary illýustrasiýa arkaly beýan edýär. Mundan daşary-da habar beriş serişdesi hökmünde ulanylman, başga käbir umumy ideýalary göz öňüne getirýän belgiler, simwollar hem bolupdyr. Şol simwollaryň logiki taýdan analiz edilmegi ola- ryň keramatly kultlara ýüzlenmekde, sejde etmekde ulanylan alamatlardgyny aýdyň etdi. Biziň halylarymyzdaky, şaý-seplerimizdäki şekiller hem köplenç şol alamatlary düzýär. Ýylan, dagdan, ýagyş bilen baglylykda aýdanlarymyz, eýse, şuny subut edenokmy näme!? Geliň, söhbetimizi guşuň şekili bilen baglylykda dowam etdireliň. *** Türkmen halylaryna, şaýlaryna salnan şekillerde tötänlik bolmaýar. Eger ansamblyň tutuş bütewiligine many taýdan gabat gelmeýän şekil salynaýsa, ol ýama kimin gözeilginç bolup dur. Sowet häkimiýeti ýyllarynda haly ansamblynyň ortasyndaky gölleriň ýerine serdarlaryň portretleriniň, ideologiýanyň mazmunyna laýyk gaýry wagyz-nesihat äheňli sýužetleriň çitilip başlanmagyny näme bilen deňeşdirip bolar? Pariždäki Bibimerýemiň ybadathanasyny ýa-da Hindistandaky Täçmahaly göz öňüne getir. Indem hyýalyňyzda olaryň fasadyny aýryp, beton-aýna konstruksiýasy bilen çalşyryp görüň Murtar, betgelşik bolar gerek? Halylara giriziljek bolunýan soňky oýlap tapyşlyklar mende edil şolar ýaly ýakymsyz duýgular döredýär W. Zaletaýew “Türkmenistanyň gadymy hem täze ýollary” diýen kitabynda hudožnik Mämmet Mämmedowyň kolleksiýasyndaky kümüş dagdana ünsi çekýär. Dagdanyň depesinde biri-birine bakyp oturan iki kepderiniň şekili bar. Bu nämäniň alamaty, nyşany? Biz dagdanyň asyl manysy hakynda aýtdyk, aýal şekiliniň, haýwan şekilleriniň iňňän gadymyýetde dörän simwollardygyny-da, olaryň adam lary gözden-dilden gorap saklaýan dogadygyny-da aýdypdyk. Onda bu iki guş nämäniň alamaty? Ýa-da, zergär ony parahatlygyň simwoly hökmünde häzirki zamanyň manysyny bereýin diýip goýaýdymyka? Ýok! Guşlar stil taýdan dagdanyň tutuş ansamblyna şeýle bir sepleşýär welin, olar bada-bat göze-de ilenoklar. Iň ýeser ýeri-de, guşlaryň arkasynda eýeri ýa-da salýan goşa tümmi bar. Bu ýönelige goýlan zat däldir. Tötänleýin zat bolmaýar diýdik ahyry ! “Mif we simwol” kitabynda üsti-üstüne çekilen ýarym aýlawyň depesinde oturan guşuň şekili bar. Bu gadymy müsürlilere degişli belgi. Guşuň garlawaçdygy aýdylýar. Garlawaç gadymy gündogar hudaýlarynyň biri Isidanyň simwoly, onuň aňyrsy neolit zamanynyň Beýik Aýal hudaýyndan gaýdýar. Ýarym aýlaw asmanyň, onuň eýesi Aýal hudaýyň nyşany. Bu hudaýyň emri bilen asmandan ýagyş ýagýandygyny eýýäm bilýäris. Onda guş nämäni aňladýar? Guş asmany aňladýar. Türkmen zergärleri kümüş şaýlaryň ýüzüne dürli geometrik nagyşlary salýarlar, olara umumylykda islimler diýip at berýärler. Olaryň asyl manysynyň nämedigini anyk bilmeýärler. Emma irki döwürlerde dörän kultlaryň aňlatmasy şol islimlere degişli, S ýa-da Z şekilli islime gabat gelersiňiz. Elbetde, bu belgiler latyn harplaryny aňladanok. Ariel Golanyň düşündirişine salgylanyp aýtsak, neolit, ýagny, täze daş eýýäminiň (biziň eramyzdan 8-4 müň ýyl ozal) şekillerinde ýokarky islimler adamlaryň, haýwanlaryň, daglaryň depesindäki, asmandaky guşy aňladýan belgi hökmünde goýlupdyr. Bu kompozisiýa Müsürden tä Türkmenistana çenli ýurt tutunan dürli halkda gabat gelýär. Onuň düýbünde Asman hudaýy bilen Zemin hudaýynyň arasyndaky baglanyşyk ýatyr, bu irki çomrularyň dini ynançlarynyň hamyrmaýasy. Indi ýarym aýlawyň depesindäki garlawajyň manysy düşnükli boldy gerek? Şundan soň türkmen ha- lylaryndaky, şaýlaryndaky guş şekillerine üns bereliň. Olar gölleriň içinde has-da köp. Olar dürli döwürde dürli mana eýe bolupdyrlar. Günorta yssy ýurtlarda guşlar suwuň simwolyna öwrülýärler. Onda kümüş dagdanyň depesindäki kepderi nämäni aňladýarka? Döwürleriň dolanmagy, ynançlaryň üýtgemegi bilen kultlaryň, olary şekillendirýän grafemalaryň manysy-da üýtgäpdir diýdik. Şuňa laýyklykda soňra guşuň şekili Güni aňladypdyr. Guşuň stilleşdirilen görnüşinden haç (krest) belgisi döreýär, bu belgi-de Güni aňladýar. (Bu hakda haç hakyndaky bölümde giňräk aýdarys). Gadymy hindi eposy “ Rigwedada” Gün guşa meňzedilýär. Güni guş hökmün- de göz öňüne getirmek gadymy germanlara, slawýanlara, amerikaly indeýlere-de mahsus. Ýakyn Gündogaryň gadymy miflerinde Gün feniks guşy bilen alamatlandyrylypdyr. W. Zaletaýewiň kitabynda dagdanyň depesindäki guşa beril- ýän düşündirişem Gün bilen ot bilen bagly. Biziň eramyzdan öňki birinji müňýyllykda Parfiýa imperiasynda kepderi mukaddes guş hasap edilipdir. Şol mahalda imperiýanyň resmi dini zoroastrizmdi.Bu diniň esasy rituallary Gün hem ot bilen bagly. Zopoastrizmiň dessu- ryna görä, merhumyň jesedi bada-bat topraga duwlanmaýar, eti ereýänçä ýörite jaýda saklanýar. Muňa türkmenlerde göraman, sardaba, sagana diýilýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, türkmenlerdäki “ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýen sözüň asyl manysy hem şu ýerden gelip çykýar. A. Öräýewiň “Adat” kitabynda Gurbangylyç ozanyň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen sözi getirilýär: “Has ir- ki zamanlarda oguz-türkmen il-ulusy ölen adamlaryny bada-bat ýere gömmän, göramana eltip goýupdyrlar. Göraman-dört burçly, üs- ti gümmezli, penjiresiz, kiçijik gapyly, berk gabsaly tam (hüjre)... je- set salnyp göramana (sardaba) eltilýän gaplara göraman gaby ýa-da sardaba gaplary diýip at beripdirler. Şol zamanda il-ulusymyz bu ýeri mukaddes aslymyz hasaplapdyrlar. Şonuň üçin ony adamyň jesedi bilen hapalamak islemändirler. Şeýle bolansoň, merhumyň meýdini sardaba nowasynda ýatyryp goýupdyrlar... Sardaba nowa- syna salnan, göramana eltilen merhumyň başujynda, aýagujunda şütür çyra ýakypdyrlar. Şu däp-dessur bolsa “ölenlere” ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýen dilegi emele getiripdir. Parfiýalylarda merhumlaryň jesedi goýlan jaýda mukaddes haýwanlaryň, jandarlaryň kiçijik heýkelleri şemdan hyzmatyny bitiripdir. Dagdandaky mukaddes kepderiniň arkasyndaky iki tümmüje ýer oduň ýakylýan ýeri. Şeýlelik bilen keramatly Güni şekillendirýän guş bilen onuň arkasynda ýanýan keramatly Ot birleşip, merhumyň ruhuny goraýan gudratly güýji döredýär diýse bolar. *** Türkmen halylarynyň gözelliginiň esasy bolan göllere üns bereliň. Munuň gülli-gülzarly, lälezar meýdanyň haýran galmaly syrly nagyşlardaky beýanydygyna şübhe etmese bolar. Göl tükeniksiz hyýalyň, fantaziýanyň badalgasy. Bu ajaýyp nusgany dokaýan Zyba atly çeper gyzyň hyýalyndaky duýgulary “Gara ýyldyrym” atly romanymda beýan etmäge synanşypdym: “Zyba takyrda köl döreden kak suwunyň gyrasynda oturan topar durnany gördi. Guşlaryň rahatlygy, näzikligi haýran etdi. Olaryň durkunda hala çitilýän guşlaryň nepisligi bar. Olaryň oturşyny, ýörişini synlady, uçaryna garaşdy. Gün ikindi bolýança köle garap oturdy. Günüň gyzgylt şöhlesi kölüň bilinden täsin ýol ýasady. Durnalar altyn çaýylan ýoldan bihabardylar. Bah, olar uzyn , näzik aýaklaryny kümüş reňk suwa batyryp, şol altyn ýodadan Zyba tarap ýöräp gaýtsadylar!.. Etmediler. Inçe boýunlaryna bat berip, uzyn aýaklaryny sallap uçup gitdiler, bir bada suwuň, çölüň, baharyň görki asmana göterlen ýaly bolaýdy. Olar bo- guk ses bilen gurruldaşyp kölüň gyrasynda galan Zyba habar gatdylar. Zyba: “Gölüň içindäki guşlar, asyl, siz ekeniňiz” diýdi. Durnalar äwmän, hatar tutup, açyk asmana garylyp gitdiler. Göldäki ganat ýaýyp uçup barýan durnalar kölden göterlen dur- nalaryň şekilidi. Zyba indi başga guşy göz öňüne-de getirip bilenok- dy. Topragyny kakyp, älem goşdum, gyra syryp gölçä düşdüm... “Göle düşdüm ýola düşdüm”. Entek hala çitilmedik göl Gün kimin tegelenip göründi. Ol lälezar, sapaly mesgene guwandy. Pynhan mesgeniň bardygyna şükür etdi. Şol bolmasa, ýaşaman diýdi. Arga- jyny, dakymyny taýýarlady. Ak çitimde ak suw gördi, naryç reňkli çi- tim- suwa düşýän gyzgylt gün şöhlesi. Hatar durna köle gonýar. Ola- ryň ýetim guşdan habary ýok. Ýetim guşjagaz çilçybygyň aňyrsynda otyr. Ýetim guş, seniň derdiň näme? Ganatyňy gyrdylarmy, aýagyňy döwdülermi, sen haýsy sürüden galan ýalňyz guş?! Ýaryndan jyda düşen naçaryň ýürek nalasyny ýat ülkede goly bagly oturan aşygyna ýetirmäge barýan guş-a dälsiň-dä sen? Dem-dynjyňy alyp, nepesiňi durlamak üçin gonduňmy? Kölüň ýaraşygy guş, asmanyň gelşigi guş baharyň buşlukçysy guş, çen gapdalyňdaky hatar guşlardan haçan azaşdyň? Ýekelik hudaýa ýagşy diýseler-de, asmana galan bürgüt ýekedir, uzak ýola ugradylan çapar ýekedir, söýgüniň derdinden düwläp çöle çykan Mejnun ýekedir. Seniň ýekeligiň il haýryna bol- sun, guş! Meniň ýekedigimi Eşrete ýetir. Gül mesgeniň taýýar diý, Zybanyň gözi ýolda diý. Dolanmasaň, gül mekanyňa hazan ýeli ça- lar diý. Ýetimje guşum, düşbüje guşum, sen dolanyp gelýänçäň, ha- tar guşlary uçurman, olar meniň kölümde saňa garaşarlar”... Okan setirleriňiz döredijilik fantaziýasyna ukyply adamyň hyýa- lynda göldäki şekilleriň janly görnüşe girip bilýändiginden bir mysal Bu ýerde şekilleriň atlandyrylyşy, olaryň manysyna düşünmekdäki gönümellik türkmenlere, şol sanda halyçy aýal-gyzlarymyza-da hä- siýetlidir. Hakykatda welin, şekilleriň arasynda adamzat siwilizasiýa- synyň dürli döwrüniň ruhy, medeni gymmatlyklaryny döreden filo- sofik garaýyşlarynyň, dini ynançlaryň giden bir toplumy ýatyr. W. Zaletaýew türkmen göllerinde gadymy simwollaryň çemeni- ni görýär. W. Moşkowa her taýpanyň gölündäki guş şekillerinden şol taýpanyň totemlerini gözleýär. Elbetde, beýle synanyşyk barada ýokarda öz pikirimi aýdypdym. Emma awtor nurata türkmenleriniň halysyndaky galkan atlandyrylýan göldäki şekilleriň düýp manysyny düşündirende, onuň pikiriniň taryhy çuňluga aralaşýandygyna ynan- ýarsyň. Sekiz burçly galkany ýatladýan gölüň ýüzüne atyň hem gu- şuň stilleşdirilen şekili salnypdyr. Atyň nämäni aňladýandygyny ýaz- gymyzyň dowamynda aýdarys, häzir guşuň gürrüňi gidýär. Gölüň ortasyndaky kwadrat dört bölege bölünip, her böleginde peýkamyň şekili ýerleşdirilipdir. Eger göl “galkan” diýip atlandyrlan bolsa, onuň ýüzüne peýkamyň çekilmegi geň däl diýersiňiz. Hakykatda welin, munuň manysy başga. “Mif we simwol” diýen kitapda neolit döw-rüne degişli Kiçi Aziýadan tapylan suratda egrem-bugram zolagyň içinde peýkamyň şekiliniň bardygy aýdylýar. Bu ýerde peýkamyň şe- kili guşy, egrem-bugram zolak derýany aňladýar. Diýmek, suwda ýüzýän guş barada aýdylýar. Gadymy sungatda şekiller bir zady gör- kezmek üçin däl-de, şol zady habar bermek üçin ulanylypdyr. Teke halysyndaky uly gölüň ortasynda-da kwadrat bar, onuň dört böleginiň hersinde “ýetim” ýa-da ýeke guşuň şekili ýerleşdiri- len. Bu ýerde-de guşlaryň stilleşdirilen şekili peýkamyň görnüşine meňzeşdir. Bu gölde-de sekizburçlugyň içindäki egrem-bugram çy- zykly altyburçluk suwy ýatladýar. Suwda ýüzýän guşlar sowuk de- mirgazykda ýazyň buşlukçysy bolan bolsalar, yssy ýurtlarda olar ja- na ýakymly suwuň simwolyna öwrülýärler. Gadymy şekilleri, simwollary öwrenen arheolog W. Gorodsowyň gelen netijesine görä, guşlar ýaz gününiň simwolydyr, bagtly durmuşyň, rowaçlygyň, şat- lygyň alamatydyr. Gölleriň ortasynda kwadrat bar diýdik. Gadymy Hytaýda dörtburçluk Zeminiň belgisi. Hindileriň grafemalarynda ýeri aňladýan şekil gözenekli kwadratyň üstünde şahaly daragtyň stilleşdirilen görnüşini çekmek bilen berilýär. Agajyň şahalary biziň göllerimizdäki guşlaryň şekiline juda meňzeş. Gün, syw, daragt, guş diňe sapaly kölleri däl, ajaýyp göllere-de bezeg berýän ekeni. *** Magtymguly: “Zöhre, Näzperi, Humaý, Dursuti haýran sözlere” diýýär. Eýse şahyryň Humaý diýýäni kim? Zehinli türkmen alymy Ahmet Bekmyradow “Göroglynyň yzlary” diýen kitabynda: “Gadymy türki halklarda Umaý aýal şekilindäki Ýer ylahysy hasap edilipdir, oňa bereketiň, hasyllylygyň, nesilliliginiň simwoly berlipdir... Gadymy oguz türkmenlerde: “Kim Umaýa hyzmat etse, şonuň ogly bolar” diýen düşünje bolupdyr. Halk köpçüligi Umaýy guşuň obrazyn- da göz öňüne getiripdir” diýip ýazýar. Soňra Mahmyt Kaşgarla salgylanyp, bu guş adynyň soň-soňlar türkmenlerde “humaý” görnüşine geçendigi, humaý-gadymy düşünjä görä, kimiň üstüne kölegesi düşse, şol adam şa bolýarmyş diýilýän fantastik guşdugy, häzirem bu ady türkmen zenanlarynyň göterýändigi aýdylýar. Alymyň pikirine salgylanyp dowam etsek, guşlary kultlaşdyrmak däbi soňky döwürdäki oguzlarda-da saklanypdyr. Reşudeddiniň oguznama hekaýatlarynda Oguz hanyň alty oglunyň hersine laçyn, bürgüt, tugun, çakyr (şuňkar), ütege, garçygaý ýaly guşlaryň ongon hökmünde berlendigi ýazylýar. Ongon sözi türki dilden bolup, ol “ön” işliginden ýasalypdyr, soňky çeşmelerde “öngen” görnüşinde berilýär. Hat-da Oguz han guş ýagyrnyly edilip görkezilipdir. Onuň ogullarynyň ongontotemleriniň ählisi guşlaryň bürgüt maşgalasyna girýär. Bu guşlaryň hemmesi eldekileşdirilip, aw üçin ulanylypdyr. Bürgüt türkmen folklýorynda ýitigözlüligiň, batyrlygyň simwolyna öwrülipdir. Ýene bir bellemeli zat, ady tutulan guşlaryň etiniň iýilmeýänligidir. Munuň sebäbini-de ilkidurmuş adamynyň ynançlaryndan gözlemeli. “Altyn şaha” kitabynda tiräni düzýän adamlaryň özlerini haýsydyr bir haýwanyň ady bilen atlandyryp, özlerine “dogan” tutunanlaryn- dan soň ony öldürmeýändikleri hakynda ýazylýar. Şol haýwan ola- ryň ongonyna-totemine öwrülýär. Toteme öwrülen haýwanyň ýa-da daragtyň ýok edilmegi tirä degişli adamyň başyna ölüm salyp biler diýip howatyr edipdirler. E.Taýloryň kitabynda Braziliýada ýaşaýan indeýleriň ynançlary hakynda ýazylýar. Olar batyr, edermen adamlaryň ruhy owadan guşlara öwrülýär diýýärler. Ol guşlaryň iýmiti diňe datly miweler. Namartlaryň, gorkaklaryň ruhy süýrenjilere geçýärmiş. Indi söhbetimizi “Mif we simwol” kitabyna görä dowam etdirsek, bürgüt ga- dymy Mesopotamiýada depä galan Günüň simwolydyr. Neolit hem bürünç zamanlarynyň ýadygärlik sungatynda guşuň şekiline köp duş gelinýär. Dünýäniň ähli halkynda guşuň hudaýlyk keramatyna eýedigine ynanç bolupdyr. Ony asmany aňladýan tegelegiň, ýa-da dişli diskiň ortasynda goýmak bilen, onuň asmanyň simwolydygyny nygtapdyrlar. Grekleriň, rimlileriň asman hudaýlary Zewsiň, Ýupiteriň simwoly-da guşdur. Neolit zamanyna mahsus bolan şekillendirmelerde ýarymaýal-ýarymguş şekili Ýewropadan Hindistana çenli ýaýrapdyr. Gadymy Gündogarda tutuş asmanyň ygtyýarynyň guş görnüşli hudaýa degişlidigine ynanypdyrlar. Şuňa görä- de dünýäniň dürli ýerinde erkekleriň, aýallaryň kellelerini guş ýelekleri bilen bezemek kada öwrülipdir. Türkmenler oňa otaga diýýärler. Türki halklaryň, şolaryň hatarynda türkmen gyzlarynyňam başyna bezeg bolupdyr. Şahyrlaryň zenanlary owadan guşa meňzedip wasp etmekleriniň düýp sebäbi, görşüňiz ýaly, gadymdan gelýär Gündelik durmuşymyzda “guşuň süýdi” diýen aňlatmany hälişindi eşidýäris. Saçagyň üstüne goýlan naz-nygmatlaryň boldugyny mahabatlandyrlanda: “Guşuň süýdünden başga zat bar” diýilýär. Elbetde, guşuň süýdüni gören ýok, emma ýok zadyň aňlatmasy gepleşikden galanok, hatda “guşuň süýdi” diýen tort hem bar, ol näzik- ligi, tagamynyň üýtgeşikligi bilen has parhly. On dokuzynjy asyrda rus mifini öwrenen A. Afanasýew: ary taýpalarynyň ata-babalary ýagyşa asmanyň süýdi hökmünde ga- rap, bulutlary çekenlerinde olara eneleriň göwsüniň, sygyrlaryň ýelniniň şekilini beripdirler diýýär. Şu diýleniň üstüni ýetirse bolar: eger asmana erk edýän Aýal hudaý enäniň hyzmatyny bitirýän bol- sa, özi-de guş şekilinde görkezilýän bolsa, onda “guş süýdüniň” nä- medigi düşnükli bolýar duruberýär. Tirkiş JUMAGELDI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |