15:53 Gonambaşy -4/ romanyñ dowamy | |
12.
Romanlar
Jahan töweregine mata baryny üýşürip, gara başyna gaý tikin-çatyn edip oturan ekeni. Bu gapa ömür ýüzi düşmeýän Suraýyň zoraýakdan ýylgyrjaklap gelmesi ony biraz geň galdyrdy, ýöne geňirgenmesi duýulmady. -Suraý gyz, tüweleme, gel-ä, näme gapyda dursuň? – diýip, ozaldan garaşyp oturan ýaly, oňa mylaýym habar gatdy. Suraý geçip oturdy. Jahanyň öňündäki mataň bir gyrasyny elläp görüp: -Köýnek tikinýäňmi? Özüňemi? – diýip sorady. Jahan başyny atyp: -Hawa – diýdi. – Men-ä Ogulbibä biçdirýän-de, özüm tikinäýýän. Şu gezeg-ä haram tula ýaman dar edip biçdi öýdýän. Geýip görmeseň, biljek gümanyň ýok. -Gelşigi üçin dar bolsa gowy dämi gaýtyp? -Hm, şuny Seýitmyradyň ýanynda-da aýdyp gör. Al-petiňden alýar kime görünjek bolýaň diýip. Är diýeniň, dar geýiberseň, hökman birine görünjek bolýandyr diýip düşünýä. Suraý: -Nesip etsin! Gül-ä owadan ekeni. Toýa geý! – diýip, derrew turmak bilen boldy. Şalar barada gürrüň açmaga ejap etdi. “Jahan bihabar ekeni. Şalar muňa aýdyp ýetişen däldir. Habarly bolanlygynda hökman nem syzdyrardy” diýdi. Jahanam onuň obaň o çetinden bu çetine ýörite aýagynyň ýelini almak üçin gelmändigine şunça güman etse-de, “Keýpinemi?” diýip sorap durmady. Ertesi Jahan ikindinara ýene-de tikin maşynyny öňüne alyp, şyrladyp otyrka gapyň agzynda gany gaçan ýüzüni ýerden galdyryp bilmän, sadylla bolup duran Suraýy görüp, çynlakaý bir gepiň bardygyny aňdy. Işini goýup, öňüne çaýly çäýnegini çekdi. -Al, çaý içip otur – diýdi-de, Suraýyň özüni gepletmekçi bolýan ýaly esli dymdy. Suraý ahyry aýgyt etdi, ýüregini bire baglap, gyzaryp: -Şalaryň yzyndan gidip-gelýäňizmi? – diýip sorady. “Ine, gördüňmi? Mundan çykd-ow! Asyl bi gyz Şalaryň köýünde oda-köze düşüp ýören bolsa nätjek?” diýip, Jahan içini gepletdi. Daşyndan bolsa: -Şageldi gidip geldi. Menem basym gitmekçi öz-ä – diýdi. “Şageldiň ýanynda dagy men barada hiç zat agzamadymyka? Aý, ýok, agzan däldir. Maňa degişli bir zat aýdan bolsa, bu çaka eglenmezdiler, maňa eşitdirerdiler. Ýa men onuň ýadyna-da düşemokmykam?” diýip Suraý öz ýanyndan oýlandy. Daşyndan bolsa: -Ýagdaýy gowy diýýärmi? – diýip sorady. -Oňat. Erbet däl-ä diýdiler – diýip, Jahan uludan demini aldy. – Ah-heý, oturan ýeriň türme bolsa, ýagdaýyň gowy bormy? Kän gudurady-da. Ýeri, seň myhman bilen ne işiň bar? Iý, iç, gaýt öýüňe. Dek gezen – dok gezer diýýä. -Maňlaýynda bardyr – diýip, Suraý Şalary aklamaga çalyşdy. -Hawa-la, iki barmak maňlaýyňa türme ýazylan bolsa, gaçyp sypjak gümanyň ýok. Ýöne biraz towşantüýräk bolmaly. Uranyňdan urlanyň gowy dämi?! -O myhman oglanyň özi ilki başlapdyram diýýärler. -Başlanda näme, urup, özünden gidiren biziň sähnämiz. Gerek ýerinde binamyslyga salaýmasaň, hökümet türmede çüýredäýýär. Bir ýumruk üçin üç ýyl! -Wagtyndan öň boşadarlarmyka? -Hawa, boşadarlar. Hany, indi doly oturýan barmy? Suraýyň bolan-goýan işler barada jikme-jik gürrüň edesi gelmedi. Aýyp saýdy. Onsoňam Jahanyň näme diýjegini kim bilýär? Esasy zat, Şalar bilen habarlaşyp bilse! -Şalaryň yzyndan gitjek wagtyňyz bir hatjagaz ýazyp ugratsam... -Eltip bererin... Esasy gürrüňe ýol arçaldy. Suraý ýaýdanmady. Aýgyt etdi. -Jahan, meň basga düşüp ýören bolmagymam mümkin... Näme diýjegimem bilemok. Çöňürdäki daýylarymyz meni sorap gelipdirler. Guda bolaýsak diýýärler... Jahan, elbetde, şular ýaly bir gürrüňe garaşyp otyrdy. Ol ýasama açyklyk bilen: -Hm, ana, gördüňmi? Ejeň dagy näme diýýä? Göwnejeklermi? – diýdi. -Heniz-ä belli jogap bermedik ýaly. Ýöne daýym ýene geleris diýip gidipdir. -Çatak bolupdyr-ow – diýip, Jahan gaýga gitdi. Onsoň, meger, göwünlik bermek üçin: -Men Şalara oňatja düşündirip aýdaryn, sen alada etme! – diýdi. Diýse-de, diýdi welin, bu ýerdäki gudaçylyga tussaghanada oturan adamyň neneňsi täsir edip biljekdigine Jahanyň akly kesmedi. Ýaman ýeri, Suraýyň ejesi türmede oturyp gelene, belli zat, gyzyny bermez. Eger Suraý “Şalardan başga hiç kime barjak däl” diýip, aýagyny depip dursa, başga mesele! -Men näme etsemkäm? – diýip, Suraý aljyraňňy sowal berdi. -Näme etmekden Hudaý saklasyn! Şalary halaýanyň çynyň bolsa, garaş diýjek men-ä. Ejeňe-de halaşýanym bar diý. Ýa özüm duýduraýynmy? Suraý elini daldalap, howlukmaç gürledi: -Ýok, ýok! Ejemiň ýanynda bir agzamaweri! Juda galagoply ýagdaýda boz-ýaz ýygrylyp oturan Suraýyň Şalara bolan söýgüsiniň näderejededigini anyklamakçy bolýan deý Jahan: -Ýok, eger göwnüň bölek bolsa, Şalar bolmasa, ýene biri ekeni-dä diýseňem, özüň bil – diýip, gelşiksiz gürrüň etdi. “Bar, göwnüm bölek ekeni-dä, indi bi ýagdaýda näme edeýin men?” diýip, Suraý içinden zarynlady. -Wah, özümizdenem bar-la. Kellejigi kesilmedigi başyna goýberdik-dä. Edenine telek diýmedik. Ýetimligi duýmasyn-la diýip, gaty eljiretdik – diýip, Jahan kemiş-kemiş edip duran dodagyny gizlemek üçin aňyrsyna bakdy. Bokurdagy dolup duranlygy sebäpli gürläp bilmän, bialaç dymdy. Barybir uzak saklanyp bilmedi, burnuny çekdi-de, aglap goýberdi. Suraýyňam soňky günler çygjarmaga halys werziş bolan owasyna ýaş aýlandy. -Wa-ah, ene mährin görmedik doganjygym-a! Ne günlere düşdüň, ja-an jigi! Maňlaýy ýatan Şalar-a! – diýip, Jahan agy arasy bilen eňredi. “Muňam derdini gozgadym oturyberdim. Ýeri, bi görgüli näme diýsin?!” diýip, Suraý müýnürgedi. Edil häzir sesine ses goşup, bile aglaşyp oturmaly däl-de, nädibem bolsa, Jahany köşeşdirmelidigini on iki süňňi bilen syzdy. Ýöne hiç ebeteýini tapmady. “Munuň bi sesine goňşy-golamam üýşewersin! Masgara!” diýip tebil tapyndy. Howsala düşdi. Onsoň öz derdiniňem Jahanyňkydan çökder bolmasa, egsik däldigini ýene bir gaýra ýanjamak üçin hamsygyp oturyşyna birhaýukdan pessaý hem aýyl-saýyl ses bilen: -Meňem maňlaýym ýatdy. Şalara garaşmasam, indi başga çäräm ýok – diýdi. Jahan tapba sesini kesdi. Eliniň tersi bilen gözýaşyny syldy-da: -O nähili? – diýip sorady. Suraý üzlem-saplam, ýöne gysgajyk: -Men ýüzügara boldum – diýip, sessiz silkinip, aglady. Ör-gökden gelmese-de, Jahan geňirgenmesini ýaşyryp bilmedi: -Wi-iý, masgara-a! Waý-ý, işigaýda-an! Goý, gyýw, hany dur entek. -Men indi başga biriniň ýüzüne nädip seredeýin, ä, nädip? Şalaram gelmese, näme etmeli men? – diýip, Suraý içki hesretini daşyna çykardy. Jahan başyny tutup, iňkise gitdi. Dogrudanam näme etmeli? Şalar-a türmede ýatyr. Suraýyňam, öz aýdyşyndan, boljagy bolup, boýasy synypdyr. Şalardan gaýry birewe garamatyny atara çaky ýok. Munuň bu ýagdaýyndan ejesi-kakasy hem bihabar. Üstesine-de sawçy gelýän bolsa, o-da garyndaş ugry boljak bolsa, şakyr-şukur saçagyny açyp, göwneşseler, ýarym-ýaş aglap oturan Suraý näme etmeli? Ine, masgaraçylyk! “Ýeri, bi Şalar-a erkek tana diýjeksiň, sen bir ulugyz halyňa etegiňe gaýym bolmaly dälmi?” diýip, Jahan içinden Suraýa igendi. Eýsem-de bolsa, bi igenç çykalga däl. -Jan jigim, Şalara garaşmasaň, başga näme edip biljek sen?! Men-ä garaş diýjek saňa. Başga ýol ýok – diýip, Jahan öz pikirini aýtdy. -Garaşjak-la, wah, garaşjak, garaşman nirä gideýin? Ýöne onça wagtlap... Jahan onuň sözüni böldi: -Onça wagt diýip, näme, sen doly oturar öýdýärmiň? Ynha, öňümizdäki Gadyr gijede günä geçilşige düşjegini biläý. -Daýym dagy ýene geler. -Sen ejeňe aýt, halaşýanym bar diý. Kim diýip sorasa-da, aýtma. Ynha, basym gudaçylyga geler welin, özüňiz görersiňiz diý – diýip, Jahan dilinde aňsat edip goýdy. Suraý ony başararmyka? Ejesiniň ýüzüne dogry garap: “Halaşýanym bar, men diňe şoňa barjak” diýip bilermikä? Suraý: “Başarman” diýdi. Yz ýanyndanam özüni kötekledi: “Bökersiňem! Guýrugyňy bulamany başardyň, yzynda durmany hem başarasyň!” Jahan dowam etdi: -Eger Şalar bilen halaşýan diýseň... -Ýog-eý, diýmen, ony diýip bilmen. -Diýseň, bulaşdyrmagyň mümkin. Gyzymy türmede oturana rowa göremok diýäge-de, zor bilen daýylaryňa berip goýberse, nätjek?! – diýip, Jahan gorkuly gürrüň etdi. Suraý ejesine näbelet däl. Ogulgül gyzynyň raýyny ýykmaz. Perzendiniň ykbalyny bigeňeş çözesi ýok. Suraýyň etmeli zady: “Azajyk howlukmaň. Kimiň saçagyny açmalydygyny özüm aýdaryn” diýmeli! -Birden daýylaryňa hoş söz berjek bolsalar, göni gel-de, maňa duýdur. Iş gyzza-gyzza gelende ejeň bilen özüm gepleşerin – diýip, Jahan dogumlandy. Suraýyň ýuka dodaklary kemşerdi-de, ýaňy kepän gözlerine täzeden ýaş indi. Bu gezek ol kyn güne düşüp, ugur-utgasyny ýitiren adamyň hossar çykan wagty başdan geçirýän duýgulary bilen aglady. Biraz wagtdan Suraý ýellenen gabaklaryny we çişen ýüzüni gizlemek üçin başyny aşak salyp, öýlerine gaýtdy. Jahan bolsa, gijara işden gelen Seýitmyrada ähli zady gylyny gymyldatman, bolşy ýaly gürrüň berdi. Iň soňunda-da: -Aýdyp ýörmeli zat däl welin, halys ýüregime sygmady. Şoň üçin aýdýan saňa-da. Onda-munda lakgyldaýmagyn, gyýw! – diýip tabşyrdy. Seýitmyrat: -Onda-munda lakgyldaýanlar heleýlerdir. Sen muny özüň ýaly uzyn eteklilere gürrüň bereňde sargyt et. Gep ýaýradyp ýörer ýaly men işini tükeden däl – diýip, hem gatyrgandy, hem birazajyk öwündi. Jahan muňa ähmiýet bermedi. -Kakama aýtsammykam? – diýip, ýaýdançly dillendi. -Aýtma! Näme etjek ýüregini agyrdyp. Wagty gelende aýdarsyň. Gaýa ýok, gopuz ýok... – diýip, Seýitmyrat öwretdi. 13. Täze gonamçylyk üçin berlen ýeriň çäkleri belli edilensoň, oňa mal-gara girmez ýaly her ýerden-her ýerden agaç-ugaç dikip, daşyna urgan aýladylar, tikenli sim çekdiler. Güýzmyrat aganyň başda durmagynda “Ýylgynlydaky” uly bolmadyk köne bassyrmany aşagyndaky kerpiçleri bilen bile göçürip getirdiler-de, täze gonamçylygyň girelgesiniň agzynda dikeltdiler. Bassyrma esasan kerpiçleri ýagyş-ýagmyrdan goramak üçin gerekdi. Kerpiji bolsa gabryň içki jaýynyň agzyny petiklänlerinde ulanýarlar. Girelgäniň açyk durmazlygy üçin syrdam tal agajyndan bolgusyzja derweze hem ýasadylar. Onsoň heniz hiç hili mazaryň ýokdugyna garamazdan, bu ýer adamlaryň köpüsi üçin howatyrly ýere öwrülip, gonamçylyga meňzedi duruberdi. Ähtimal, şol sebäplidir, bitirilmeli işler dynan dessine adamlar eglenmän, öýli-öýüne dargady. Täze gonamçylykda Güýzmyrat aganyň täk özi galdy. Bu ýerde ýeke oturmaga hiç kimiň islegi ýok. Gonamçylyk dirileriň mekany däl, ol ölenleriň ýurdy. Ölenleriň ýurduna diriler hemişe gorky bilen seredýär. Bu gorky çagalygyň aga-gara düşünmäge çytraşýan günlerinde peýda bolýar-da, soňky demine çenli adamy terk etmeýär. Iru-giç bialaç göç etmeli boljakdygyna her kimiňem akly çatýar. Emma geljekde özüne nämeleriň garaşýandygyny takyk bilmeýänligi üçin, üstesine-de darlygy, garaňkylygy hem ýeke ýatmalydygy sebäpli, kä adam bu mekany görende elheder alýar. Teniniň bozulyp, çüýräp, topraga garylyp gidýändiginden misil tutup, ölümden soňky ömür baradaky gürrüňlere toslamadyr öýdýär, öz-özüňi aldawa salmak, göwünlik bermek diýip düşünýär. “Ölüm adam ykbalynyň iň soňky nokadydyr, ölümden aňyrda pylan zeýilli ýaşaýyşyň bolmaga haky ýok, çünki gabra gireniňden soň toprak seniň teniňi özüne öwrüp başlaýar, az müddetiň içinde ýer bilen ýegsan bolýaň” diýen ynanç adama ömürboýy endişe bolup gezýär. Şoň üçinem görüstany onuň ini söýmeýär. Güýzmyrat aga asty kerpiçli bassyrmanyň kölegesinde oturyp, üstünde şemal şuwlaýan boz meýdana höwessiz seretdi. “Ynha, şu ýer indiden beýläk araçäk bolar. Şu ýerde bu dünýäň ähli oýny gutarýar. O dünýä diýýänleri, ýurt aşyp barar ýaly, alys ýer däl, o dünýä, ynha şu ýerden başlanýar. Eňegiňi daňyp, başam barmaklaryňy çatansoňlar, ýuwup, kepene çolap, şu ýere getirensoňlar, seňki gutardy bil, sen eýýäm bu dünýäň adamsy däl, sen eýýäm o dünýäň gapysyny kakyp duran jansyz göwresiň, porsap barýan meýitsiň. Bu ýer iki dünýäniň serhedi! Ähli kişiň ümzügi şu serhede tarap. Isle-isleme, her kim şu serhetden geçmeli, serhetden geçeňsoň, yza dönmek ýok” diýen pikire bendi boldy. Töweregine göz aýlap, häzirlikçe bu meýdanyň tukatlygyndan, çolalygyndan gaýry iki dünýäň serhedini ýatladýan alamat tapmady. Gara ýer ses-selemsiz, imisala dymyp ýatyr. Dymsa, dymybersin, nobaty gelende munuňam etjegi bardyr. Häzir ol “Ynha, indi näçe öliň bolsa, getiriber, goýnumdan ýer tapylar, maňa tapawudy ýok, ýagşy bolsun, ýaman bolsun, demi sogruldygy bes, demime bir dartaryn welin, dünýä gelip-gideni ýalan ýaly bolar durar. Barça ynsany holtumyma dykýançam men doýmany-dolmany bilmeýän. Maňa ölini ýuwutmak emr edildi. Diriliginde dodak çöwrüp, jort atanlar, sahysy, jomardy, husydy, hannasy, mal-döwleti dünýä sygmadyklar... hemmesi sopbaş gelip, maňa lukma boljakdyr. Adam oglunyň mal-döwletiniň maňa derkary ýok, maňa olaryň läşi gerek, läşi!” diýip, heşelle kakýan bolsa bildiňmi? Äý, ýok, beýle däldir-le. Gara ýer pespäl ahyryn. Pespällik nire, heşelle kakmak küje? Baýak Amanýaz saňsar bir tymsal gürrüň beripdi. Iki sany goňşy elleri pilli çil üstünde durup, ýer dawasyny edýärmişler. Paýlaşyp bilmeýänlerem, bolubilse, bir daban ýermiş. “Goňşy, meň ýerime geçme, ynha, şu ýerden beýlesi meňki” diýip, biri pilini ýere urup görkezýär diýýär. Beýlekisem: “Galat aýdýaň, goňşy, bu ýer-ä meňki. Ine, şu çiliň orruk-ortasy araçägimiz, şoň üçin gylla ýary maňa degişli” diýip pilini somlaýarmyş. Bular şeýdip, ýer meňki-de, ýer meňki bolşup, bir-birine pilli topulyp ugranlarynda Ýer: “Biderek dawa edýäňiz, aslynda ikiňizem meňki. Biraz sabyr ediň, basym gözüňize gumumdan guýup, läşiňize guwanaryn” diýip, piçjiň atanmyş. Elbetde, Ýer rastyny aýdýar, iru-giç gözüň gumdan doljagy belli zat. Emma Amanýaz saňsar tymsaly özüçe üýtgedipdir öýdýän. Sebäbi Ýeriň adamlara piçjiň atmaga, heşelle kakmaga haky ýok. Men-menlik, tekepbirlik Ýere mahsus däl. Gara Ýer ýalam bir pespäl zat bolarmy? Ýogsa, bina bolaly bäri Ýer adamy ekläp otyr. Eklänok-da, eklenmegine sebäp bolýar. Sebäbi rysgy berýän – Alla! Allatagalanyň eradasy bilen toprak adamyň iýjegini, geýjegini biminnet eçilip dur. Adamyň aslam toprakdan. Näçe ýaşasa-da, ahyrynda muňa ýene toprak eýe çykýar. Ýene bir gowy zady, Ýer adam dannap duranok. Perişde ýaly päk adam bolsa-da, aňrybaş zannyýaman deýýus bolsa-da, ümsüm teýine sokup ýatyr. Özüne kast eden pyglyýamanlar bilenem Ýer deň bolup duranok. Ýogsa, Güýzmyrat aganyň pikiriçe, şolar ýalylary Ýer kabul etmän, zyňaýjak ýaly. Belki, zyňýandyram? Bir mahallar Aktakyrda Oraz aga diýip bir ýaşuly bardy. Aýyn bolmasa, gahary gelen pillesi aýalyna “Seni görem almaz!” diýip käýinerdi. O pahyryň başga käýinji ýokdy, şo sözler onuň diliniň endigine öwrülip gidipdir. Oraz aganyň özem, aýalam bireýýäm ölüp gitdi. Aýalyny gör çykaryp zyňaýmandyr. Eýsem-de bolsa, şo sözler agzy jäheksiziň tapan zady däldir. Görüň kabul etmedik meýdini gören adamlar tapandyr. Ugrunda bardyr, diýilýändir. Her näme-de bolsa, Ýeriňem çydamynyň çägi bolmaly. Aýtmaklaryna görä, üstünde edilýän pyssy-pyjurlyklara çydap bilmän, käte-käte Ýer Hudaýa nalyş edermiş. “Ýa, Alla, maňa bir agyz açmaga ygtyýar ber, agyz açyp, bu adamlary bir ýuwudaýyn!” diýermiş. Emma Allatagalanyň rehim-şepagatynyň bimöçber bolşy ýaly, sabrynyň hem çägi ýok. Sabyr – Allatagalanyň iň gözel sypatlarynyň biri! Eýsem-de bolsa, Allanyň sabryna bil baglap, ymmata sygmajak wejeralyga ýüz urmak hebesdir. Hasapsyz zat barmy nä? Allatagalanyň Adyl diýibem bir ady bar ahbetin. Ine, bir gün hasap-hesip edilende Ol adyllyk bilen ähli zady ýerbe-ýer goýar. Şol gün gutulgysyz Güýzmyrat aganyň hem başynda bardyr. Eý, toba! Gonamçylyk bilen obanyň aralygyndan geçýän takyr ýoldan mallaryny örä sürüp barýan Şükür gyzyl göründi. Ol esli aralykdan gygyryp salam berdi-de, sowulman, ýoluny dowam etmekçi boldy. Soň pikirini üýtgetdi, gelip, Güýzmyrat aganyň ýanynda çommalyp oturdy. -Şu wagt üns bilen seredip gelýän welin, ho-ol tirsekden bärik boýdan-başa tikenli sim çekilipdir. Bir görsem, öwlüýäň bassyrmasynam göçürip getiripdirler. Kerpijem äkelipdirler. Onsoň pikir etdim, hä, ynha, indi hakyky öwlüýä meňzäpdir diýdim... Çaky, Güýzmyrat aga, indi şu ýeriň täze öwlüýä boljagy çyn-da? – diýip, ol, güman etmeýän-de bolsa, garaz, soranyny kem görmedi. -Çyn, çyn – diýip, Güýzmyrat aga gysga jogap gaýtardy. -Indi “Ýylgynly” ýapyldymy? Jaýlamak bolanokmy? -Bolanok. Şükür gyzyl garjaşyk sowallara gümra bolup, az salym dymansoň: -Indi muň ady näme bolmaly, Güýzmyrat aga? – diýip, başga sowal berdi. Güýzmyrat aga başyny galdyryp: -Bilmedim. Entek ady ýok – diýdi. -Hol gün Amanýaz saňsar aýdýar, kim ilki ölse, täze öwlüýä şoň adyny dakýas diýýä. Men aýdýan oňa, öwlüýä adyny dakdyrmak üçin ýöriteläp öljek ýok diýýän... Güýzmyrat aganyň gahary geldi: -Öwlüýäden başga oýunjak tapmadyňyzmy? – diýip gatyrgandy. -He-he, ýok, oýun edişýäs-le. Ýöne oňat at saýlap dakmaly bolar. Atsyz öwlüýä ýog-a. Güýzmyrat aga pikirlenmezden: -Muňa biz at tapyp bilmeris. Laýyk ady özi tapar – diýip, diline geleni aýdyp goýberdi. -Janly-jansyz hemme zadyň ady bar diýjek bolýan – diýip, Şükür gyzyl bu gürrüňi wagty bilen tüketmedi. -Hawa, sygyr-düýä-de at dakýarlar – diýip, Güýzmyrat aga kakdyrdy. Şükür gyzylyň muňa düşünjek gümany barmy? -Şony aýdýan-da. Meň atsyz malym ýok. Hersiniň özüne kybap ady bar. Ikisem şo bir zadyň pikirini edip, dymdylar. -Sen birine garaşyp otyrmyň, Güýzmyrat aga? – diýip, ahyry Şükür gyzyl bilesigelijilikden däl-de, juda dymyp oturmazlyk üçin dillendi. -Hiç kime-de garaşamok. Hähimi alaýyn diýip çökäýdim. Häzir turjak – diýdi-de, Güýzmyrat aga garasöýmezlik etdi: -Şükür! Sen bu ýerde arkaýyn otyrsyň welin, mallaň gaçyp-tezip ýören bolmasyn. Habardar bol! – diýdi. “Beh, gepleşesem gelenok. Bir zad-a gahary gelipdir. Kowan bolşumyka şü? Özi gidýänçä menem-ä turman” diýip, Şükür gyzyl içini gepletdi. Soň: -Gaçyp-tezip görsün hany! Mende olar ýaly mal ýok. Malym gaçyp-teziberse, şo gün bazardan çykarýan. Ýa-da jöwher saply pyçagyma ýapyşaýýan – diýip, öwündi. Şüküri ýanyndan kowup goýberer ýaly, Güýzmyrat aganyň üýşüp ýatan gahary barmy nä?! -Hm, heýlemi? Bor onda. Men-ä ýöredim – diýip, ol haýal gozganjyrap, ýerinden turdy. Ýempäp, öýüne garşy ugrady. Güýzmyrat agany nazary bilen ýola salyp otyrka Şükür gyzyl: “Ilki öleniň ady dakyljak bolsa... Kim bilýär, kimiň ilki öljegini bilip bolaýanok. Ölüm hemmäň başynda bardyr-la welin, ynha, birden men öldüm-dä, şonda näme? Şükür öwlüýä diýerler öýdýärmiň?” diýen pikire maýyl boldy. Pikirleri çuňlaşdygyça oňa iniňi düýrükdiriji wehim ýetişdi. Güýzmyrat aga-da pikire çümüp barýardy. O-da edil Şükür gyzyl ýaly kimiň ilki öljegi barada oýlanýardy. “Gonambaşy kim bolarka? Ilki jaýlanan adamy gonambaşy edib-ä bolmaz. Kim ölse, şo ölsün, ýöne gonambaşy laýyk biri bolsun!” diýýärdi. 14. Hersi bir çüňkde oturyp, ýüzlerini kese sowuşyp, birsellem dymansoňlar Ýazbibi Polada garap: -Nahar guýaýynmy? Iýjekmi? – diýdi. -Juk. Işdäm ýok. -Ajygansyň. Iýäý. -Ajygamok. Bar zatdan doýdum. Doýurdyň. Ýazbibiniň wawwaly gürrüňe dolanasy gelmedi. Dagy näme diýerini bilmän: -Nahar-a taýyn – diýip mydyrdady. -Men ynjalyp bilemok. Düşünýäňmi sen? Poladyň bikararlygyny görüp-bilip oturansoň, Ýazbibi başyny atdy. Müýnli görnüşde ýuwaş ses bilen: -Hawa, düşünýän – diýdi. -Düşünýän bolsaň, aýt hany, näme etmeli men? -Sen biraz rahatlan, Polat. -Nädip rahatlanmaly şuň ýaly ýagdaýda? Rahatlanar ýaly etdiňmi meni? Ýazbibä bir ýerden dogum ýetişdi. -Sen maňa ynan! -Nädip? Ä, nädip ynanmaly? Sen ynandyr meni! Nädip ynandyrsaň, şeýdip ynandyr, men ynanaýyn. Poladyň Ýazbibä ynanasynyň gelýäni görnüp dur. Ýöne nämüçin ynanmaýarka? Nämüçin kimdir biriniň ýürekbulanç myjabatyna gulak asyp, Ýazbibi hudaýlygyny sözlände müňkürlik edýärkä? -Sen meni ynjalar ýaly et, Ýazbibi! Eşidýäňmi? -Eşidip otyryn. -Eşitseň, ynjalyp bilemok men. Düşünýäňmi, ynjalyp bilemo-ok. Ýazbibi: “Häzir bi işigaýdan aglar” diýdi. Poladyň janyýangynly, bialaç gep urşundan heder etdi. Edil şu wagt kimem bolsa biriniň ardynjyrap gelerini, özlerini ýakymsyz ahwalatdan çykararyny isledi. Poladyň äheňi az-kem ýumşady. -Agyzdan galan nahary iýesiň gelermi? – diýip, ol garaşylmadyk sowaly berdi. -Agyzdan galan nahary? -Hawa, agyzdan galan nahar? Şony iýesiň gelermi? Ýazbibi sowala göni manysynda düşündi-de, pikirlenmän, zat etmän: -Hawa – diýdi. – Adam ajyksa her zat eder. Ajyň aňy bolýarmy näme? Poladyň haýýaty göçdi. Ol şübhesiz özüni öňünden çykan zady ýuwundy-beýleki diýmän ýuwudyp ýören, aňy giden aç-ýalaňaja deňelen hasaplady. Ýüzi gara-ört boldy. Gany depesine urdy. Gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl etdi. Ol nädip böküp turanynam, ylgap baryp Ýazbibiniň ýakasyndan ebşitläp tutanynam, ony ýerinden nähili galdyranynam bilmedi. Ýazbibiniň ýüzi bir erbet agardy. Gözüne gorky indi. Boýdan-başa galpyldy basdy. Ol eýýämhaçan ysgyny gidip, titreýän elleri bilen Poladyň goşaryndan ýapyşdy. Ýakasyny sypdyrjak boldy. Arasynda: -Polat, dur! Polat, beýtme! Polat!.. – diýip, naýynjar ýalbardy. Polat agzyndan ak köpük saçyp, dübledi: -Aý, akmak heleý! Men onda agyzdan galany iýip ýören ekenim-dä?! Men onda aňy giden aç ekenim-dä?! Şu başagaýlykda Ýazbibi sesini gataldyp: -Men näme agyzdan galan naharmy? – diýip, dili bilen garşylyk görkezdi. -Ýuwundy sen! Siňekläp ýatan ýuwundy! Ýuwundyny bilýäňmi? – diýip, Polat dişlerini gyjyrdatdy. Onuň gazaby egsilmedi. Göwnüne bolmasa, gelniň ýüzünde “Özüň ýuwundy. Ölýänem bolsaň, ýuwundy sen. Agyzdan galan nahar iýýäniňem çyn” diýen pikir bar ýaly bolup göründi. Ol Ýazbibini dözüm bilen siltedi. Bat bilen yzly-yzyna üç gezek hütledip, onuň arkasyny diwara urdy. Jaýdar urdy. Bilinde dörän agyrynyň yzasyna çydaman, Ýazbibi hyklap, özüni aşak goýberdi. Bir eli bilen ýanbaşyny, beýleki eli bilen garnyny tutup, iňledi. Polat “Jögülik edýär” diýdi. Ýöne soň el götermedi. Haşlady. Özüni gowuşgynsyz duýdy. “Nädibem bolsa, muny gepden doýrany tapmaly. Ýogsa, bu goham tükenmez, Poladam köşeşmez” diýip Ýazbibi aglap otyrka pikir etdi. Polat bolsa: “Şojagaz gelni getirip ýüzleşdirmesem bolmaz. Gerek bolsa, oň ärinem getirmeli bor. Meseläni Aý dogan ýaly etmeli” diýip oýlandy. Şondan bärde ynjalmajagyny boýnuna aldy. Ertesi Ýazbibini bäbekhana äkitmeli boldy. Dört günden soň ol wagtyndan öň dünýä inen, agramy iki kilo töweregi tirsek ýalyjak gyz bäbejigi gundaga dolap, gujagyna alyp geldi. Ejesini ýatlap, Polat gyzjagaza Enejan diýip at goýdy. Agalarynyň maslahaty bilen Güýzmyrat agany çagyryp getirdi-de, gyzjagazyň sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat aýtdyrdy, gulaklaryny açdyrdy. 15. Gün guşluga galyp, bazar mazaly gyzyşan çagy Sähediň üstüne bir gara abanyp: -Ýaşuly! Tur ýeriňden! – diýip, höküm etdi. Sähet başyny galdyryp görse, ine, syratly ýaş polisiýa işgäri gözlerini alardyp, gahar bilen dodagyny çeýnäp dur. Onuň bazaryň gözegçi polisiýasydygyny Sähet şo bada aňdy. -Aýak üstüne galybilýäňmi ýa senem ysmaz açdyňmy? -Turubilýän... Häzir... Ine, turdum – diýip, Sähet ýasama hyk-çok bilen ýerinden galdy. -Telpegiňem al... Yzyma düş! – diýip, gözegçi papagynyň gaşyny basyp, ýöräp ugrady. Dogumy kesesinden mälim bolup duran bazarçylaryň biri: -Gedaý bilen näme işiňiz bar-aý? Degmäň-dä. Otursyn-da. Azary ýok, bizary ýok – diýdi. Onuň äheňinde nebsiagyryjylyk hem nägilelik duýuldy. -Söwdaňy et, söwdaňy! – diýip, polisiýa gözegçisi oňa gaharly jogap berdi. Ol Sähedi yzyna düşürip, şäher polisiýasynyň bazardaky bölümçesiniň jaýyna girdi. Kabinetde hiç kim ýok ekeni. Gözegçi papagyny çykardy, boýunbagyny bir gapdala süýşürip, köýneginiň ýokarky iligini ýazdyrdy. Sähede oturara ýer görkezdi: -Geç, otur şu ýerde. Sähet geçip oturdy. -Nähili dokumendiň bar ýanyňda? Pasport-beýleki?.. Sähet eli bilen penjeginiň gapdal jübülerini kakyşdyryp görkezdi-de: -Dokument ýok. Hiç zat ýok – diýdi. -Hm, bolýa ýok bolsa. Zeleli ýok, dokument esasy zat däl. Gözegçi, mydyrdap, ähtimal, haýbat üçin bolsa gerek, eline kagyz-galam alyp, bir zatlar ýazyp oturyşyna başyny galdyrman soraga tutdy: -Adyň? -Sähet... Sähetmyrat. -Tä-äk, Sä-het-my-rat... Familiýaň? -Hakgyýew. -Hak-gy-ýew... Ýaşaýan ýeriň? Jogap bolmady. Gözegçi başyny galdyryp: -Ýaşuly! Ýaşaýan ýeriň? Nirede ýaşaýaň? – diýip sorady. Sähet sakynyp: -Hiç ýerde – diýdi. – Hiç ýerde-de ýaşamok. Belli bir nemäm ýok. Gabat gelen ýerde, onda-munda ýatyp-turup ýörün. Gözegçi ony boýdan başa ünsli synlap: -Hemişelik ýaşaýan ýeriň nire? Pasportyňda ýazgy edilendir-ä? -Obşit. -Haýsy obşit? Salgysy? -Gurluşykçylaň obşidi. Ýöne ol obşitden derek galmandyr. Ýykylypdyr. -Aslyň nireli? Obşit diýilýän ýerde göbegiň kesilen däldir-ä? Obşide gelmänkäň ýaşan ýeriň? -Aktakyr. -Ak-ta-kyr... Gözegçi ýeterlik maglumatlary edinen ýaly, galamyny taşlap, kagyzy gapdala süýşürdi. Haýbat bilen: -Meni diňle, ýaşuly! – diýdi. -Diňleýän. -Diňleseň, uly bazaryň ortasynda ýaňky bolup oturyşyň bolanok. Bazar gedaýçylyk edilýän ýer däl, bazar – söwda merkezi. Sähet bilýän diýýän manyda baş atdy. Polisiýa gözegçisi beýle bir gaharjaňam däl eken. -Haçandan bäri oturýaň? – diýip, ol äheňini ýumşadyp, gyzyklandy. -Iki gün bäri. -Hany, bi ogul, gyz, çaga-çuga ýokmy sende? Eklänoklarmy? Ýa sen olary ekleýäňmi? -Ýok. -Näme ýok? -Çaga-çuga ýok, heleýem ýok. Gözegçi asla geňirgenmedi, şübheli seretdi. Sähet ony haýran galdyrjak bolýan deý: -Aga-ini, dogan-garyndaş, hossar... hiç kim ýok. Sopbaş – diýdi. -Onda nirden çykdyň, how, sen? Asmandan indiňmi, ýerden ýeke çykdyňmy? – diýip, polisiýa gözegçisi bilesigelijilik bilen sorady. Sähet gysgajyk gürrüň berdi. Ähli zady jikme-jik aýdyp, gepi uzaltsa, gözegçiň ýüregine düşerin öýtdi. Ýalan sözlemedi, dogrusyny aýtdy. Gürrüň berýän wagty naýynjar görünmäge çalyşdy, gyryljak sesi zaryn çykdy. Sähediň pikiriçe, diňläp bolansoň, polisiýa gözegçisiniň ýüregine rehim inmelidi. Bazardan kowulany bilen Sähede hossar çykjak ýok. Onsoň ol dilegçilik etmän, gününi görmek üçin ogurlyga ýüz ursa, ýagşymy? Hudaý saklasyn welin, ajyň aňy ýok, aljyrasa ogurlygam küýüne gelmegi mümkin. Çola ýerde özünden ejiz birini urup talamag-a muňa başartjak zat däl. Uraýyn, talaýyn diýende hany Sähetde gurbat barmy, gaýrat galdymy? O-ol öňki Sähet ýok indi. Bolaýanda-da talaňçylykdan mydar bolmaz. Onuň yzy ýene tussaglyga ýazar. Sähet türmeden halys ýadady. -Ýaşuly, geçmişiň ýaman garaňky seň. Ýigrimi üç ýylam bir türme bormy? Wagtynda birneme gudurapsyň-da? Ömür boýy polisiýa iş bolupsyň. Ynha, indem syrtyňy ýere goýaňsoň, ýene bize dert-alada! – diýip, gözegçi igendi. -Maňlaýda bardyr-da. Gowy görüb-ä girmedik şo ýere. Gözegçi Sähediň bu äheňinden özüni aklajak bolýar diýen manyny çykardy. -Ýaşuly-y! – diýip, ol ýerinden galdy. Iki baka gezmelemäge başlady. – Dek gezmeli, ýaşuly! Mesirgäp, gaňňaňy garnyňa alsaň, mundan enaýy bolmaz. Päl azman, başa gelmez diýipdirler. Pälazan bolupsyň... Indi men näme etmeli seni? Sen şony aýt! -Jan agam, hiç zadam etme, gaýrat et, görmedik bolaý – diýip, Sähet özünden çen bilen otuz ýaş dagy kiçi oglana “agam” diýip özelenip ýalbardy. -Ynha, indi özüň kädiňi işledip gör. Häzir men saňa bar-da, oturyber diýsem, senem baraga-da, hiç zat bolmadyk ýaly gedaýçylyk edip ugrasaň, şo ýerde oturan bazarçylar men barada näme pikir eder? Ýonmalyjasyny ýonup, goýberipdir-ow diýmezlermi? Diýerler... Ýaşuly, men gedaýdan pul alamok. Aýdan-diýenim bolsa berýän, ýöne alamok. Almanam. Pikir etme, gedaýyň puluna galan günüm ýok. Düşünýäňmi? -Düşünýän, düşünýän. -Düşünýän bolsaň... – diýip, gözegçi biraz dymdy-da, Sähediň ömürboýy oýuna gelmedik gürrüňini tapdy. – Sen garrylar öýüne git. Gara gaýgyň bokurdagyň dämi? Şo ýerde gül ýaly serederler. Haçana çen bärde beýdip oturjak? -Wah, jan agam, oň üçin hat-petek, birgiden dokument-sokument düzetmelidir. Biri öňüňe düşmese, hat-petegiňi oňarmasa, golaýyna barar ýaly däl. -Onyň-a bahana. Hat-petegiňem, dokumendiňem düzedip-düzetmez ýaly kyn zady ýok. Nä men düzedip berer öýdýäňmi? -Jan agam, meni şu ýerden gozgamasana! Gaýrat et. Gözegçi dergazap bolup, janykdy: -Gelip-gelip, meň seredýän ýerimde oturmalym-aý sen? Özem soňky döwür ýaman köpeldiňiz. Baran ýeriň itiň täreti ýaly, gedaýmy, dilegçimi, ýene görmi? Biri-biriňizden beter. Üflis birgiden... Gid-ow başga ýere. Şundan başga bazar ýokmy? -O taýda-da özüň ýaly biri kowsa, nädeýin? Ogurlyk edemog-a, oturybereýin! -Dogrulygam edeňok, ýaşuly! -Men onda nemedäýeýin, size görünmänjik oturybereýin. -O nähili görünmänjik? Nirede oturjak? -Ine, siziň gelýäniňizi görsem, ümsüm ýerimden turaga-da, adamlara goşulyp gidiberjek. Gözegçiň muňa gülküsi tutdy. -Onsoň bolýarmy şol? Ýagdaý düzelýämi şoň bilen? Sähet gara çyny bilen: -Hawa, bolýar, düzelýär – diýdi. -Hany, nädip düşünişjek şuň bilen?! Mal bilen gepleşeniň aňsad-a bulara gep düşündireniňden – diýip, gözegçi öz-özi bilen gepleşdi. Gaşlary çytyldy. Gaharyna birsellem sesini çykarman oturdy. -Dogrymy aýdaýynmy, ýaşuly? Şu wagt men saňa dözmezçilik edip otyryn. Berdiň eline düşseň, seni nätjegini bilýäňmi? Berdiň kimdigini, onuň nätjegini bilmese-de, Sähet gowulyk bolmajagyny çaklap: -Bilýän, bilýän – diýdi. -Bilýän bolsaň, dawaý, ugra! Şuňa mähetdel Sähet ýerinden turdy. -Ugrajak, ynha, ugradym – diýdi. -Dur entek! – diýip, gözegçi ony saklady-da, elini uzadyp görkezdi. – Ho-ol, derwezäni bilýäňmi? Ana, şoň agzynda dur. Dik dur, oturma. Özem ýa ir bilen ýa-da ahyrbazar gel, başga wagt görünme! Düşdüňmi? -Hawa, düşdüm, dogry... – diýip, Sähet mydyrdady. -Saňa edip biljek zadym şol. Nämüçin şeýdýänimi bilýäňmi? Sähet: “Dözmezçilik edýäniň üçin” diýjek boldy. “Birden dözüp oturybermesin şü. Gahar edip, kowaýmasyn” diýen pikir kellesine geldi-de, dymdy. Mysapyr garaýyş bilen gözegçä soragly seretdi. -Häzir seni kowaýsam, gidersiň-de, hökman ogurlyk edersiň. Dogrumy? Däl diýip gör! Men belet size. Gyssag güne düşeňde birinji pişäň ogurlykdyr! A bärde bolsa, biminnet pul-püçek berlip durka kişiň zadyna gözüňi dikmersiň. Ýa dikermiň? -Eger-eger... Alla gorasyn! -Birem mesirgäp, içip, urşup-sögüşeniňi görmäýin. Sähet: -Bolar, urşup-sögüşmen – diýdi. Şo bada golak gedaýyň aýagyndan çalyp tutup, ýere ýykanyna ökündi. “Häk, beýleräk süýşüp, oturybermelidim” diýdi. -Dawaý, ugra! Berdi gelmänkä ýitirim bol! – diýip, gözegçi ony gyssap, çykaryp goýberdi. “Gowy oglan ekeni. Egni pogonlylaň içinde henize çenli şundan gowusy gabat gelmändi – diýip, Sähet pikir etdi. – Pullansam muňa bir zatjagaz alyp bersemem boljak. Gadyryny bildigim bolar. Ýöne alarmyka? Almasa gerek”. 16. Içki dünýäsinde gopýan harasat Suraýy ber-başagaý etdi. Ol öňki alçaklygyny ýitirdi. Gaşlary çytyldy, gözleri gubarlandy, gülüp duran ýüzüne gam indi. Saralyp, soldy. Iň ýaman ýeri-de, bularyň bary kesesinden äşgär boldy. Her näçe jan etse-de, ony görer gözden ýaşyrmaga Suraýyň güýji ýetmedi. “Gyran degen, gözüme seredip, içimdäkini okabermeli bolupdyr. Hemmesi ýüzümde ýazylgy dur” diýip, ol aýasyny eňegine diräp, aýna seredip otyrka özüne gargyndy. Ýanyndan örüp, özi bilen bir gapydan girip-çykýan gyzynyň goýanyny-göterenini bilmän, entirekläp ýörmesi Ogulgülüň derrew gözüne ildi. Ilse-de, howsala düşmedi. Suraýy yşk heseri urandyr diýip güman etdi. “Ýetişenligi görnüp dur gyrnagyň. Söýgiň humary kellesini aýlaýandyr. Kime göwün berjek bolýarka?” diýip, utançly pikirlendi. Onuň aýal synçylygy, ene syzgyrlygy gyzynyň şindiki çekýän derdine, waý halyna göz ýetirmäge ejiz geldi. “Indiki ýaşlaň kellesini söýgi aldy. Hudaýym, söýgi gursun!” diýdi. Eýsem-de bolsa, Suraýyň haýsydyr bir oglana bolan yşgy üçin Ogulgül äri Amanýazdan gypynç etdi. Gyzynyň söýgi diýip heläk açyp ýörmesini Amanýaz halar öýdýärmiň? Halamaz. Amanýazyň kän gaýtalaýan sözi bar. “Bir-ä bergiňi bermäge, birem ölini jaýlamaga, ýene-de ýetişen gyzyňy durmuşa çykarmaga gyssanmalymyş” diýýär. Onsoň, gyssanmaçlygyny edip, alaga-da, daşyny dolap, Suraýy araky gudaçylyga gelen garyndaşlaryna berip goýbermekdenem gaýtmaz. Toba! Daş edewrsin! Garyndaşam bolsa, Ogulgül Suraýy olara rowa görenok. Birinjiden-ä, olar kemyrsgal, guraýak. Uly ogullaryny öýerenlerine üç ýyl boldy. Onuň toýunda eden bergi-çekgilerini ýaňy üzdüler. Ikinjidenem, giýew bolmaly oglan gara iş bilen onda-munda hakynatutma gezip ýören hünärsiz bir yşarat. Belli bir sübsäň başyny bogjaga meňzänok. Sada, türkana. Ne-hä syçrap duran akyl bar, ne-de basan ýerinden ot çykýan dogum bar. Ýaş oglan diýer ýaly däl. Özem garsak ýaly kelte. Ony gören galyň dili uzyn heleýiň: “Şümi körekeniň?” diýip, dodak çöwrüp, pitjiň atjagy görnetin. Onsoň Ogulgül olara neneňsi geliberiň diýsin?! Bar, küdümiň teýine gitsin, Ogulgül bolýa diýäýende Suraýy nätjek? Suraý göwnemez-ä! Giýew diýeniň syratly-sypatly, ýaraşykly bolaýsa! Ertirki gün maşgalasynyň gününi gök esgä düwmez ýaly, hor-har saklamaz ýaly, aýlykly-günlükli hünäri ele alsa, guda boljak ýerem güni özünden aýlanyp duran rysgally, döwletli ýerler bolsa, eýse, erbetmi? Ogulgül kän pikirlenip, soňky günler gyzyna ne döw çalanyny, garasaý, anyklamak üçin Suraý bilen ikiçäk otyrka şu wawwaly meseläni gozgady. -Suraý jan, Ilmyrady öýermänkäk, asyl entek hiç kime söz aýdyp ýetişmänkäk seň üçin eli saçakly gelýän bar. Akmyrat daýyň soraýa seni. Näme nemäň bolsa, ilki özüňi bir diňläýin diýdim. Ölçemän-biçmän, bigeňeş edilýän zat däl-dä bi – diýip, gürrüňi aňyrdan aýlap başlady. Iru-giç öňüňde keserjek mesele şü! Zorluk edýän ýok. Seniň ykbalyňy özüňden bidin çözenoklar. Saňa sala salýarlar. Ejeň iki gulagy sende. Diňläp otyr. Aýdyber! Ýöne nädip aýtsyn? “Şalary halaýan” diýib-ä bilmez. Diýse, Ogulgülüň ör-gökden gelip, ýakasyny tutjagy köre hasa. “Türmede oturan galtamanyň nämesini haladyň? Şondan başga erkek göbekli tohumy tükendimi?” diýip, düblejeginiň ujy iki däl. Ejesi entek Suraýyň goýberen säwliginden bihabar, onuň buýsanjyna Şalaryň talaň salyp gidendigini bilenok. Şoň üçin gyzynyň içki hesretine häzir Ogulgülüň düşünjek gümany ýok. -Aýt-da bir zat. Näme etmeli? – diýip, Ogulgül gyssady. Suraý gyzaryp, gysgajyk: -Akmyrat daýymlara göwnämok – diýdi. -Menem göwnämok. Göwnär ýaly ýermi olar? Itseň ýykyljak bolup duran tüneklerinde düşenere ibaly düşekleri ýok. Haçan görseň, ite bir süýek bergili. Başga gapydan ýüz tapmansoň, bärik garyndaşsyrap gelýändigini bilipjik durun welin... Düşünseler, indi köwlenmez ýaly edip goýberdim. Heý, köwlenmän oňar öýdýäňmi? Ynha, seret-de dur, ertir ýa birigün it ýylgyryşyny edip, gelmese, meň zat bilmedigim. Kakaň-a parhyna-da däl, erteki gün gyzy aglap-eňrejekmi, kösenjekmi, göwni bir ýaly. Ikarada ýigrenji görünmelem men. Ýeri, men indi näme diýeýin olara? Suraý sesini çykarmady, egnini gysdy. Ogulgül çak edýän zadyny her hal gyzynyň öz agzyndan eşitmek niýeti bilen: -Halaşýany bar ekeni diýäýeýinmi? – diýip, ýeser sorag berdi. -Ilmyrady bahana edäý – diýip, Suraý utanjyrap, pessaý ses bilen özüçe çykalga salgy berdi. -On-a men şo günem diýdim. Diýeniňi diňleýän eşekmi olar?! Oýkanjyraşyp otyrlar-a. Ýa neme diýsem, näder, sypaýyçylyk bilen başga birine garaşýas diýäýsem, ä? -Bilmedim men-ä – diýip, Suraý anyk jogap bermedi. “Sen bilmeseň, men bilýän. Kimem bolsa bir-ä seň göwnüňi awlapdyr” diýip, Ogulgül oýa batdy. Birazdan gyzyna köpmanyly garap: -Halaşýany bar diýsem, bu-uww, kakaň-a guduz açar. Gowusy, olar ýaly zady agzamaýyn. Ä-äý, juda bolmasa, ýene Ilmyrady tutaryk edinerin-dä – diýdi. “Şeýt, eje, gaýrat et. Şalar boşap gelýänçä hiç kimiň saçagyny açma!” diýip, Suraý içinden özelendi. Indi şü Şalar basymrak boşap geläýse! Gelip, Suraýy başa düşen musallatdan dyndaraýsa! Suraý görgüli dilden-agyzdan galdy, huk boldy. Bu surnukdyryjy jebri-jepalardan gutaryp biljek diňe Şalar! Elbetde, Şalaryňam derdi egsik däldir, emma ol Suraýy bir pursat hem unudyp bilmez. Şalar gaýgy edýändir, hasrat çekýändir, Suraýa ýetäýsem diýip ýüregi atygsaýandyr. Ýöne nätjek, ozalebetinde şum täleýiň türmä baglanan bolsa, etjek alajyň ýok, çekmeli-dä. Biraz sabyr et, Şalar! Ynha, öňümizdäki Gadyr gijesinde tussaglaryň günäsi geçiljekmiş, seňem günäň geçiler. Gaýrat et, Şalar! Ine, Suraýam gaýrat edip otyr-a! Suraý aýňalyp, başyny göterdi. -Eje! – diýdi. Ogulgülem çuňňur hyýala çümen eken. Ol juda ähmiýetli bir gürrüňe garaşyp, dikeldi. Bilesigeliji garaýyş bilen sessiz sorag berdi: “Näme?” -Oraza haçan başlanýar-a? -Orazamy? – diýip, Ogulgül garaşylmadyk sowala jogap gözläp, hakydasyny dörüşdirdi, derrew ýadyna saldy. – Oraza çenli bäş-alty aý dagy bardyr. “Azam däl – diýip, Suraý gussa bilen içini gepletdi. – Sawçy gelmän dursa, känem däl.” Daýylarynyň hokgasy öňüne oklanany bilen bu gapa sawçy gelmän oňmaz. Suraý kimleriň eli saçakly gelip biljekdiklerini garasöýmezlik bilen hyýalyna getirjek boldy. Göz öňünde anyk adamlaryň keşbi janlanmady. “Kim gelse-de, şo bir jogaby bermeli” diýdi. Gyzyna Oraza aýynyň nämüçin derkardygyna Ogulgül teý düşünip bilmedi. “Agzyny beklejekmikä bi gyrnak?” diýip, pikir etdi. 17. Amanýaz saňsar oragyny dişetmek üçin Çary ussanyň ýanyna gitdi. Ol Çary ussa bilen “Ussa ber-de, eliňi çek...” diýen sözüň üstünde bimany jedel edip otyrka aňyrdan salam berip, egni pilli Öwezberdi gabyrman geldi. Gabyrmanyň piliniň gumhanasynda bir lykyrdyjyk peýda bolupdyr-da, ol şony bejertmek üçin ussanyň ýanyna sowlan ekeni. -Gorkup oturma, how, ussa aga, bi mellek işlämde ulanýan pilim. Gör gazýan pilimi diňe biri ölen wagty işledýän. Ol gurat. Hudaýa şükür, bu günler ölüm-ýitim ýok – diýip, ol gelşine pilinden gözüni aýyrman oturan Çary ussa ýarym degişme bilen gep atdy. -Ölüm-ýitim bolmawersin! Ölüm-ýitim bolmasa gowy-da – diýip, ussa ýürek islegini daşyna çykardy. Amanýaz bada-bat: -Ölüm-ýitim bolmasa gowy ýalydyr. Ýöne hiç kim ölmese, bilýäňmi, soňunyň nähili boljagyny? Meselem, ylym-bilim ösüp, adam ölmän, baky ýaşar ýaly derejä ýetse... Göz öňüňe gelýämi, ýene otuz-kyrk ýyldan adam çagasy dünýäň ýüzüne sygmaz. Ekin ekmäge-de, mal bakmaga-da ýer galmaz. Suwam ýetmez, iýmitem. Adam köpeldigiçe dünýäň bujurygy artar. Otuz-kyrk ýylda diňe Aktakyrdan ölen adamlary göz öňüne getirip gör. Dünýäde näçe milliard adam bar, bilýäňmi? Bular ölmän, köpelip gidip otursa, Ýer şary ekläp biler öýdýäňmi? Ekläp bilmez! – diýip, pelsepe otaryp ugrady. Onsoň ussa bilen gabyrmandan garşylyklaýyn bir gürrüňe garaşyp, taýly gezek olaryň ýüzüne seretdi. Çary ussanyň bular ýaly meselede Amanýaz saňsar bilen döwdeş bolardan ylmy pes. Onsoň ol bialaç “Hym-m” edip dymdy. Öwezberdi gabyrman üçin bolsa bular ýaly pelsepeli gürrüňleriň bary bir aşyk. Ýer şarynyň adamlary ekläp biljeginiň ýa bilmejeginiň aladasyny etmegi özüne asla borç saýmaýandygy üçin ol: -Dagy-dugyň-a bilemok welin, inim Amanýaz, täze öwlüýäde bir gabyr gazanyňdan “Ýylgynlyda” ikini gazanyň aňsat eken – diýip, gürrüňi başga meselä syrykdyrdy. -O nämüçin? – diýip Amanýaz sorady. Çary ussa bolsa eýýämhaçan kimdir biri ölüp, özi-de ondan bihabar galan ýaly, gözlerini tegeläp geňirgendi. -Sen eýýäm gazyp gördüňmi? Kim öldi? – diýip, ol gyzyklandy. Öwezberdi: -Hiç kimem ölenok – diýip parahat jogap berdi-de, pilini dözüm bilen ýere urup görkezdi. – Men barlap gördüm. Ýer gaty. Edil demir ýaly. Kerki uraýmasaň, pile eýgertjek gümany ýok. -Beh, ýer ala, ýurt ala... – diýip, ussa pikire çümdi. Şol wagt ol Amanýazyň gözüne Öwezberdi üçin çyny bilen bir çykalga agtarýan dertdeş adam ýaly bolup göründi. -Esasanam aýal-ebtadyň görüni gazmak hunaba ýuwutdyr. Sebäbi olaň görüni erkek adamyňkydan bir gez çuň gazmaly – diýip, gabyrman dowam etdi. -Şoň sebäbi nämekä? Aýal-erkek diýip tapawut goýman, deň gazylsa näme bolýar? – diýip, Amanýaz gyzyklandy. Gabyr gazyp ýörenem bolsa, Öwezberdi bu barada pikirlenmedik bolarly. -Öňden gelýän düzgün-dä, Hudaý bilsin! – diýip ol umumy jogap berdi. -Diňe Hudaý däl, bizem bilmeli ony. Öňden gelýänem bolsa, hökman aňyrsynda bir sebäp ýatandyr. Alaga-da, sebäpsiz beýdäýen däldirler. -Wah, Amanýaz jan, inim, o zatlary ilik-düwme eder ýaly, hany, seňki ýaly boş el barmy bu adamlarda?! -Bilip goýsaň, gowy-da. Men pikir edýän, aýalyň erkek adamdan süňňi pes diýýärler. Şondan görýän. -Adamyň Jennetden kowulmagyna sebäp bolan How ene! Şoň üçin aýallara berlen jeza! – diýip, Çary ussa öz pikirini aýtdy. Gürrüňiň ugry üýtgär öýdüp, Amanýaz gyssandy, derrew garşylyklaýyn hüjüme geçdi: -Sen ony anyk bilýäňmi ýa çaklap urýaň? – diýip ol ussadan sorady. -Çaklap urýan. -Çaklap ursaň, ýalňyş şo. Sebäbimi? Sebäbi Adam ataň Jennetden kowulmagyna soňky aýallar günäkär däl. Eýse, ata-babaň eden işi üçin saňa temmi berseler, adalatlymy? Çary ussa pikirlenip jogap berdi: -Edil kakam pahyryň etmişi üçin-ä temmi berseler, men kaýyl, eger bir etmişi bar bolsa. -Ussam, gara gözüňe döneýin, sen düşün-ä, men mysal üçin aýdýan. How enäň iýen bugdaýy üçin galyň uzyn etekliň ählisini biraýakdan pesde gömseň, dogry däl-ä. -Başga sebäbi bardyr – diýip, Öwezberdi geçmişi ýatlady. – Maňa jaý gazmagy Kömek aga pahyr öwretdi. Aýallaň bir gez çuňda jaýlanmalydygynam şol aýtdy. Anyk ýadyma düşenok welin, aýallar gybat tapsa, nan iýmesinem goýýar diýdi öýdýän. Ýene-de heleý halky pitneçi bolýa diýen ýaly bir zad-a diýipdi. Amanýaz oýlanmazdan-zat etmezden garşy çykdy: -Aýallaň gybat etmeýänlerem bardyr. Onsoňam hemmesi pitneçi däldir-ä. Heleýçe ýok erkeklerem-ä bar. Nämüçin olary aşakda gömäýenoklar? Öwezberdi bu kyn sowala näme jogap berjegini bilmän, ýaýdanyp durka Çary ussa: -Aslynda şü heleýleň bir depik aşakda gömülmegi nämäni aňladýar? Olaň erbetliginimi ýa gowulygyny? Şony bir anyk aýgyt edip bilýäňizmi? – diýip garaşylmadyk gürrüň tapdy. -Äý, özi manysyz zatlar. Biz-ä öňden gelýän düzgün ýitmesin diýip parh goýýas. Häzire çenl-ä bir depik-ýarym depik artyk gazanymyz bildirip duranokdy. “Ýylgynly” zeýli-suwly bolmasa-da, topragy ýumşak. Ýüzüniň gaty gatlagyny alybilseň, aşagy oňuşmazça däl, çägesöw. Ýöne, ynha indi täze öwlüýäden jaý gazjak bolamyzda birneme iş berer. Bir gez çuň bolsa-da, aýal-ebtadyň gabrynyň kösejegi görnüp duran zat. Gazýanyň gabyr bolsa, toýunsow ýer bilek bilen bil saýlaýandyr öz-ä. Şon-a magat bilýän – diýip, Öwezberdi aýlap-dolap, ýene-de hälki ýaýdanjyny ýanjady. -Doňuz gezen ýerdir öz-ä. Ders gatyşan toprak ýumşak bolmaly ahyryn – diýip, Çary ussa ýatlatdy. -Seň o diýýäniň ýokarky gatlak. Iş aşakda bar. Men entek doly gazyp göremok. Ýöne bir gulaç aşakda gemre ýaly gaty topragyň bardygyny bilýän. -Onda-da gaýrat ediň, Öwezberdi, gaýrat ediň, sogaby gaty uludyr – diýip, Çary ussa çalarak mydyrdady. Amanýazyň öňki gürrüňi dowam etdiresi geldi. -Diýmek, sen onda aýal-erkek diýmän, hemmesini bir çuňlukda gazmagyň tarapdary-da? Şeýlemi? – diýip ol gabyrmana sorag berdi. Öwezberdiniň bu barada öz pikiri ýok ekeni. Şoň üçin ol sowala kesgitli jogap bermekden boýun gaçyrdy. -Maňa tapawudy ýok, gaz diýseler gazýan, göm diýseler gömýän. Adamyň nämeden ýalkanjygy belli dälmiş. Dagy başga-da bir opuryp-ýapyryp edip ýören ugurly işimiz bolmansoň, görmançylygy elimiziň-gözümiziň haýyr-sogaby diýip edýäs. Belki, bizem ýalkanlarynyň içinde etsin-dä! – diýip, ol ýene-de gürrüňi üýtgetjek boldy. Amanýaz: -Könekileň eden işiniň çig ýeri ýok. Şü heleýleň gabryndaky tapawudyň ýöne ýere däldigini bilipjik durun. Ýöne sebäbini bilemzok – diýip, ol bir zatlary ýadyna salmak üçin ýeňsesini gaşady. Bularyň bu gürrüňlerini Çary ussanyň biş-düş edip ýören aýaly hem eşidip duran eken. Ol gap-gaçlaryny şakyrdadyp: -Işini tükeden diýerler size. Indi buýanky işleriň hemmesi düzelip, aýal pahyrlaň göri galdymy? – diýip, igendi. Amanýaz bilen Öwezberdi üşerilişip, göz gytagy bilen ses gelen tarapa äňetdiler. Şonda olar ussanyň siltenjiräp, jaýa ýumlugyp barýan aýalyny çalarak görüp ýetişdiler. -Hany, hany, aşhanaň bilen bol! – diýip, Çary ussa bogazyna bat berip gatyrgandy. Ussanyň juda ýasama sese öwrülip çykan haýbatyny aýalynyň eşidenligine şübhesi ýetik bolup, Amanýaz dile getiräýmeli sözleri bialaç ýuwutdy. Hiç kimden ses çykmady. Ýakymsyz ümsümligi bozmak üçin Çary ussa çekijini eline alyp, sandalyň üstüne egildi-de, oragyň ýüzüni taplap ugrady. Amanýaz bilen Öwezberdem dagy edere iş, geplemäge gep tapman, dymyşyp, gözleri bilen ussaň elini yzarlap başladylar. Wagtyň şular ýaly oňaýsyz ötüp duran pursatlarynyň birinde köçe tarapdan: -Gelneje-e! – diýen oglan sesi eşidildi. -Gelnejeňi nädersiň? – diýip, aňyrdan ussanyň aýaly entek köşeşmedik gaharyny azm bilen köçä garşy gönükdirdi. -Gelneje! Amanýaz barmy? – diýip, oglan şo duran ýerinden gygyryp sorady. Ussanyň aýaly gatyrgandy: -Amanýazyň göbegini kesipmidiň? Ýa deň-duşuňmy ol? Amanýaz kaka diýäýeňde diliňe gurt düşýärmi? -Amanýaz kakamyň gölesi boşanypdyr. Derrewjik gelsin diýýärler. -Kim diýýän bolsa, bar-da, aýt, Amanýazyň işi kän diý. Şu wagt gaty zerur maslahat edýärler, aýallaň görüni birýaňalak etmän baryp bilenok diý – diýip, ussanyň aýaly gyşaryldy. Elbetde, bular ýaly kinaýa-teýenä oglanyň düşünjek gümany ýok. Şoň üçin ol şo bir gürrüňi ikilenç gaýtalady: -Gölesi boşanypdyr. Ýaman çalt gelsin diýýärler. Amanýaz ýaltalyk bilen ýerinden turdy-da, esasan Çary ussanyň ýüzüne seredip: -Göle däldir – diýdi. – Göle nämüçin boşansyn?! Sygyrdyr ol. Düýnden bäri sesinden durar ýaly däl, buka gelýär. Şükür gyzylyň öküzine äkitmeli welin... Äkitmelem, ine, men-dä... Ussa aga, sen oragy dişäp goýuber, men soňrak oglan iberäýerin. Çary ussa müýnürgäp: -Häk, şü heleýiň dilini gömeýinden sogrup taşlasaň-da! – diýip, gaharly käýinjiredi. Amanýaz gidensoň, Öwezberdi, ähtimal, başga edere gürrüň tapman, belki-de, ussanyň gaharyny ýatyrmak üçin ýuwaş ses bilen burnuna salyp: -Ýaňky saňsaram ýaman kän gepleýär. Gitdigiçe köpbilmişligi artýar – diýdi. Şu ýerde Çary ussa dikelip: “Adamyň ýeňsesinden gürrüňini etme, başarsaň, patladyp ýüzüne diý. Munyň gybat bolýar, Öwezberdi!” diýip bilmedi. Gaýtam gabyrmanyň ugrundan gopdy, gürrüňine at goşdy. -Özem, geçiň öň aýagy ýaly bolup, hemme zadyň arasynda. Başyny sokmaýan gürrüňi ýok – diýdi. -Irräk döwür ýokary okuwa girip, onam bitiribilmän, gaýtdy welin, men-ä şony kowulandyr diýibem güman edýän. Çary ussa başyny atyp, muny sessiz tassyklady. -Özüni gepletseň-ä: “Okuwy özüm taşlap gaýtdym” diýen bolýa. Ýöne o diýýäni erteki. Ertekä ynanýan barmy indi – diýip, Öwezberdi dowam etdi. Şeýdip, gabyrman Amanýaz saňsaryň öz ýanynda ömrylla agzap bilmejek gürrüňlerini edip, gürrüňdeşini güýmedi. Ussa bolsa gabyrmanyň pilini tark-turk edip bejerip oturyşyna onuň häsini ýetirdi. | |
|
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |