13:40 Gonambaşy / roman | |
GONAMBAŞY
Romanlar
1. Adamlar ölüp, ölüp, ölüp, geriş-geriş tümmeklere duwlanyp, gugaryp ýatan gabrystanlygy mazardan doldurdylar. Ýogsa, “Ýylgynly” kiçi-girim gonamçylykmy, atgaýtarym meýdanyň astynda adamlaryň nijeme tapgyry çygly topragy bagyrtlap, ýer ýassanyp ýatyr. Eýse, Aktakyram abyrsyz uly oba däl. Günde-günaşa öli çykyp duranok. Emma heňňam aýlanyp, wagt diýeniň rehimsizlik bilen geçip dur, adam diýeniňem dürli hili sebäb-u bahana bilen ölüp gidip otyr. “Ýylgynly” gonamçylygy-da ähli beýleki mazarystanlyklar ýaly teni sowan adamlary ýaş-garry, aýal-erkek, ýagşy-ýaman diýip dannaman, hemmesine öz goýnyndan ýer berip, iňläp ýatyr. Şeýde-şeýde doldy. Ynha, indi bir-ýarym çaga mazary üçin bolaýmasa, munda uly adamy düýnäre ýer galmady. Onsoň Aktakyr obasyna täze gonamçylyk üçin ýer gerek boldy. Indiki jan berjege jaý tapmalydy. Öwlüýäde ýer galmady diýip, adamlaryň ölmän gezmejekdikleri belli. Birgeňsi reje bilen hatar tutup, süýşüp gelýän birmeňzeş mazarlaryň ýuwaş-ýuwaş gonamçylygyň girelgesine golaýlaýanyny gölegçi gidenleriň hemmesi-de esli wagt bäri göre-bile gelýär. Adamlar ölen obadaşlaryny haçanam bolsa bir gün nirededigi häzirlikçe näbelli bolan täze gabrystanlyga äkidip, depin etmeli boljakdyklary barada pikir edýärdiler, oýa çümýärdiler, iňkise gidýärdiler. Ölenden soň özüniň ýer astyna girmelidigini, garaňky hem sowuk gabyrda ýeke ýatmalydygyny ýatlap, reňkini agardyp, gorka ýesir düşýänem bardy. Güýzmyrat aga-da ölüm pillesini unudarly däl, gitdigiçe kän ýatlaýar. Ýaşuly ýetmişe ser urup ýördi. Onsoň ol agzy-burny bilen dolup barýan gonamçylyga seredip, başyny ýaýkap, şum ajal sebäpli başyndan haçan inse, inäýmeli heýhat gününiň endişesiniň üstüne başga bir alada edindi. Täze gonamçylygyň agyrysyny edip ugrady. Baryp iki ýyl mundan ozal ol Öwezberdi gabyrmandan: -Ýene näçe wagtdan dolar öýdýäň? Ýerimiz azalýa gerek, Öwezberdi? Azalýamy, ä? – diýip sorapdy. Şol gezek Öwezberdi gabyrmanam gör gazýan piline söýenip durşuna degişme bilen: -Adamlar azyrak ölse, esli wagta ýeter – diýip jogap beripdi. -Şu gidişine gitse, meselem, näçe wagt gerek bor? -Otuz-kyrk adama jaý tapylarmyka diýýän. Alkymlaýar öz-ä. Güýzmyrat aga soňam her gezek gabat gelende “Ýylgynlyň” mazardan dolmaly wagtyny gabyrman kesgitleýän ýaly, Öwezberdiden: -Nädýä? Hany, çak ur, näçeräk wagty galdy? – diýip soraýar. O-da adamlaryň wagtyny-näwagtyny bilmän ölüp gidiberýändikleri, şol sebäpli hem aýyny-gününi takyk aýdyp bilmejekdigi üçin her gezek: -Pylança mazarlyk ýer-ä bar entek – diýip, gonamçylygyň galanja boş ýerini wagta däl-de, takmynan mazarlaryň ýerleşäýjek sanyna öwrüp, jogap berýär. Güýzmyrat aga-da her gezek “hümm” edip dymýar. Dymýan, pikir edýän kän. Ajalyň indi gaty bir uzakda däldigini çen edýän ýaşy gaýdyşan adamlar şindiki gonamçylygyň dolup barýandygy, täzesiniň zerurdygy barada belli-külli bir zat diýmeseler-de, öz ýanlaryndan alada basyrynýardylar. Olara esasan jan tabşyrmagyň muşakgatly gorkusy ezýet berýärdi. Gözi-gulagy mydar etmezçe bolmadyk, ýöne soňky döwürde huşy gelip-gitmeliräk bolan, Aktakyryň ýaşy boýunça iň ulusy, togsan töweregi ýaşan Numat aga bu habary eşidende kes-kelläm ynanmady. -Kim tapdy şü gepi? Heý, “Ýylgynlyda” ýer bolmazmy? Bi gaýra tarapdaky ýandakly ýer asmana uçdumy? Boş durmanmy näme? Tutuş obany gömseňem, sygjak. Şo ýere suw çykmadygyny bilýän – diýip, ol mundan alty-ýedi ýyl ozal mazardan doldurylan ýeriň gürrüňini etdi. Onuň salgy berýän ýeriniň bireýýäm dolandygyny, Numat aganyň öz aýalynyňam şol ýerde jaýlananyny ýatlatjak bolanlara-da sesini endiredip, gahar bilen garry adamy oýnajak bolup ýörmeli däldigini duýdurdy, indiki gezek öwlüýä baranlarynda gözlerini giňiräk açyp seretmeklerini tabşyrdy. Birde aýalynyň, birde-de ejesiniň mazaryny salgy berip: -Ana, şo ýeriň ileri tarapy tä toraňňa çenli boş ýatyr – diýdi. “Ýylgynly” küje, toraňňy küje?! Gözlerini ymykly ýumanlaryndan soň kepene çolap, köçä zyňylmajakdyklaryny bilýänem bolsalar: “Öldüň – gutardy! Nirede jaýlanlarynda näme? Äkidip, ýurduň o çetinde bir çukura süsdüräge-de, üstüňe gum sürenlerinde-de, talh suwly derya oklap, läşiňi bayklara şam edenlerinde-de, käbir ýurtlardaky ýaly, meýdiňi otlap, külüňi göge sowranlarynda-da bildirjek ýeri ýok. Ölseň, öldügiň bor-da” diýip, biperwaý pikir edýänem bar. Ýöne jesediniň suwa oklananyny ýa-da oda ýakylanyny islemeýäni bes-belli. Her hal, il ýaly, beýleki ölüler ýaly topraga duwlanaýsa kem görenok. “Bir başa – bir ölüm! Biz-ä boýnumyza aldyk. Haçan ýör diýse, taýyn, gidibermeli. Özümiziňkileň ýanynda jaýlaşar ýaly, öwlüýä dolmanka ölseg-ä, ata-babalarymyza bir daban ýakyn ýatardyk” diýip, ýer astynda ýatanda-da kowum-garyndaşlarynyň golaýynda bolmagy isleýänler hem ýok däl. Ýöne jan datly bolansoň, bularyň bujagaz isleglerinden rüstem gelýär öýdýän, ýörite “Ýylgynlyda” ýatmak üçin ölüberýän ýok. Bir gezek ysmaza ýolugan Nazar aga uwnup çydap bilmän: -Öwlüýäde öli gömmäge ýer ýokmuş. Biz bolsa, ne ölenden bolduk, ne-de ölmedikden. Aýak üstünde gezip ýörkäm ýygnanan bolsam, şo ýerden maňa-da bir tüm tam tapylardy. Hälem bolsa bir pille, hälem bolsa giç däl – diýip zeýrendi. Şonda onuň halyny soramaga baran Amanýaz saňsar: -Ýa-he-eý, Nazar aga, jan süýjüdir. Ezraýyl mekgäňe münen wagty ýene biraz pursat berse, ýene ýekeje gün demiňe degmese, jaýyňy ho-ol ýokardaky Aýyň üstünde gazjak diýselerem kaýyl gelersiň – diýip, oýunlyga salyp, çynyny aýtdy. Amanýaz saňsaryň özem gonamçylyk barada az pikir edenok. Beýleki aktakyrlylaryň köpüsi ýaly, o-da: “Bu öwlüýäden bize ýer ýetjek gümany ýok. Biz ölýänçäk dolup, täze gonamçylyga-da Aktakyryň şu görnüp ýören adamlarynyň iň azyndan ýarpysy dagyn jaýlanar. Biz näme, biz ýaňy kyrk ýaşadyg-a” diýip oýlanýar. Ölüm müddetiniň islendik pursatda gelip biljekdigine Amanýaz saňsaryň ýa-ha akly çatanok, ýa-da ynananok. Ajalyň oslagsyz ýerden duýdansyz gelip, garpykdyraýmasy-da bar. Gepiň tümmek ýeri, her jüre aladalara, oý-pikirlere sebäp bolup, degre-daşy saýyrdyň ýylgynlara, çalymtyk çygar gyzganlara, gyrymsy çetilere bürelen “Ýylgynly” gonamçylygy mazardan doldy. Indiki öljekler üçin öňünden ýer peýlemelidi. Aladasyny etmelidi. Muny Güýzmyrat aga öz boýnuna aldy. Ol Şirli agany yzyna tirkäp, ilki bilen oba geňeşligine bardy. Habaryny berdi. Geňeşligiň başlygy Aky bu ýagdaýdan özüniňem habarlydygyny, etrap häkimligindäki degişli adamlara bireýýäm duýdurandygyny, meseläni bu-gün erte täzeden gozgap, mümkin boldugyça tiz hereket etjekdigini aýdyp, ýaşululara hoş söz berip goýberdi. Aradan bir hepdäni geçirip, arçynam ýanyna alyp geldi-de, Güýzmyrat aga bilen Şirli agany öz ulagyna mündürip, etrap merkezine alyp gitdi. Ýolda ýaşulularyň diýmeli sözlerini agyzlaryna salyp berdi, özlerini nähili alyp barmalydygyna çenli öwretdi. Etrap merkezinde ýaşululary pikir edişlerindenem gowy garşyladylar. Diňlediler. “Bolýa. Hökman çözeris. Alada etmäň!” diýip jogap berdiler. Aktakyra baryp, meseläni şol ýerde çözjekdiklerini aýtdylar. Aktakyra geldilerem. Akynyň öwredişi ýaly, ýaşulularam öz gezeginde bulary diňledi. Gelen adamlar ilki bilen “Ýylgynly” gonamçylygyna baryp gördüler. “Ýylgynly” obanyň ýokary çetinde ýerleşýär. Gonamçylyk bilen obanyň arasynda giň ekerançylyk meýdany ýatyr. Ileri tarapdan ýata suwly, ýalta akymly derýa geçýär. “Ýylgynly” bilen ekerançylygyň aralygyndan şor suwuny derýa guýýan zeýkeş çekilipdir. Derýa bolsa obanyň kybla tarapyndan öwrüm berýär-de, göni gaýralygyna tutdurýar. Durnalaryň uçýan belentliginden garasaň, bu derýa garry toraňňylaryň arasyndan ýol salyp, obanyň daşyna ýarym gezek aýlanan göm-gök ýogyn ýüpe-de çalym edýär. Gaýrada şähere gidýän gara ýol bar. Ol bolgusyzja köne geçit arkaly deryany kesýär. Aktakyryň kyblasynda, derýänyň öwrüm berýän ýeriniň golaýynda ot-çöp basan otuz tanap çemesi boz meýdan gugaryp ýatyr. Ir mahallar bu ýerde doňuzdarçylyk fermasynyň çygyrýan hem hork-hork edýän sesler bilen dem alan uzyn-uzyn ýataklary bardy. Fermanyň oba iň golaý künjünde, öňi darajyk eýwanly kerpiç tamda Boris atly çypar sary, örän içegen doňuz çopany ýaşaýardy. Özem, gürrüň edişlerine görä, Borisiň bir özi jyňkytman, hemişe erkekleriňkä meňzeş balak geýýän, gök gözli, inçejik aýaly bilen bile günde pylança çüýşäni boşadýar diýýärdiler. Kimiň kime aw bolany-ha belli däl welin, şo döwürler ýüňi ýeten jalaýlar doňuz çopanyň aýalynyň göwnüni dagam awlaýarmyş, ärini içirip, serreldensoňlar, ýüzi menek-menek aýjyn heleýiň hakyt ýorganyna giräýýärmişler diýen gürrüňlerem ýaýrapdy. Soň, wagty gelip, döwür üýtgäp, bu fermanyň döwrany sowuldy. Doňuzlaram, doňuz çopanam, onuň jalbar geýýän gök göz aýalam nirädir ýitirim boldy. Borisiň öňi eýwanly tamyny doňuz ýataklary bilen bir wagtda ýykyp-söküp, dagytdylar. Ýumurtga togalabermeli tem-tekiz etdiler. Indi çendan ýarym ol ýerden çüýrän doňuz dersiniň ysy töwerege ýaýraýar diýäýmeseň, birmahalky göçgünli, ýabany durmuşy ýada salýan alamat ýok. Gyşyna, şatlama aýazda, kesekler doňup, bütin dünýäni ak gar örten mahaly bu meýdan birgeňsi bugarýar, ýagan gar bolsa uzak ýatman ereýär. Çaky, ýer astynda ýatan çüýrük ders tebigy howry bilen aňzaga garşy göreşýär. Ynha, etrap merkezinden gelen adamlar, meger, ozaldan peýläp goýan bolsalar gerek, aýlanyp-aýlanyp, iň soňunda şu meýdanyň bir gyrasynda ulagdan düşdüler. Ölçegini aljak bolýan ýaly, aňyrsyna-bärsine ýiti-ýiti seretdiler. Ähmiýeti juda ýokary bolan möhüm meseläni çözýändiklerini bütin aktakyrlylara duýdurmakçy bolýan dek dymyşyp, tykyraşyp, esli eglendiler. Ahyrynda-da ellerini salgaşyp: -Şu ýeri bijaý däl. Bijaý däl. Öwlüýä üçin şundan oňat ýer ýok – diýip, höwessiz yglan etdiler. Oba geňeşliginiň başlygy bilen arçyna täze gonamçylygyň çäklerini görkezdiler. It-guş, mal-gara girmezligi üçin, daş-töweregine germew etmeklerini ýa-da urgan aýlamaklaryny tabşyryp, güw gitdiler. Güýzmyrat aga nesibe çekse, uzak bolmadyk geljekde özüni gara guma garjak boz meýdana seredip, kanagat tapdy, ýeňil dem aldy. Häliden bäri sesini çykarman, başyny aşak salyp duran Şirli aga seýrek endigine eýerip, sakalynyň ujuny dişledi, ýaýdanjyny äşgär etdi: -Doňuz gezen ýerde bolýamyka onsoň bi zatlar? Şerigat näme diýýä muňa? Güýzmyrat, sen näme diýýäň muňa? Güýzmyrat aga bu barada pikir etmänligi üçin biraz oýa batdy, böwrüne doňuz diňini salyp: -Weý, doňuz gezende näme? Hudaýyň ýaradan ýeriniň erbedi bolmaz. Esasy zat, şor däl, zeý ýok. Suw çykyp duran ýer bolsa nätjek? – diýip, jogap berdi. Täze gonamçylyk üçin ýer berilenini eşiden dessine Öwezberdi gabyrman käbir adamlaryň geňirgenmesine pitiwa etmän, gör gazýan pilini egnine atyp, obanyň kybla tarapyna garşy ugrady. Baryp, täze gonamçylygyň ýerini öň görmedik ýaly, siňe-siňe seredip, gözden geçirdi. Bäri çetinden girişine her ýerde-her ýerde aýak çekip, nijeme ýyllardan bäri çaňap ýatan boş meýdanyň toýunsow topragyna käte pilini urup, käte bir gez, ýarym gez gazyp görüp, aýagujyndan çykdy. Ýeriň juda gatydygyny pili bilen barlap, gözi bilen görensoň: -Pu-uw, biý-ä ýaman gaty ekeni. Pile hezil bermeýä, piliň hezilini alaýar, hm. Kerki uraýmasaň, aldyrmaýa, aldyrmajagy görnüp dur – diýip, ýanynda hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, içinden pikir edip oňaýmaly zady nämüçindir daşyndan aýtdy. Oturyp çilim çekdi. Takmynan näçeräk mazaryň ýerleşjegini biljek bolýan ýaly ýeriň eýlesini-beýlesini mazaly synlady. Onuň arka tarapynda çygşyldy eşdilen ýaly boldy. Öwezberdi gabyrman seredip görse, ine, derýanyň etegindäki gamyşly oýda Şükür gyzyl çommalypdyr-da, gara başyna gaý bolup, sary sygry emip oturan eken. Gabyrman ilki-hä wahahaýlap güläýsem diýdi. Soňam gülküsine böwet basyp, ýerinden turdy-da, bogazyna agram salyp, gaty sesi bilen: -Hä-hä-äýt! Gyzyl, hä-äýt! – diýip gygyrdy. Şükür gyzyl tisginip, ziňk etdi, ses çykan tarapa öwrülip: “Bu nireden çykd-aý?” diýýän ýaly, geňirgenip, nägile nazar bilen Öwezberdä seretdi. Şonda onuň erninde syrygýan ak süýdüň yzy aýyl-saýyl göründi. Gabyrman ýalan haýbat bilen degişmäni garyp: -Utanaňokmy? Göläň paýyny goýmasaň, öňümden çykanyň ýanynda aýdyp, oba wejera ederin – diýdi. Şüküriň wejera boljak gümany barmy? Öwezberdi aýdanda-da, aýtmanda-da, barybir bütin Aktakyr onuň bu gylygyndan bireýýämden bäri habarly ahyryn. Baýak, eňňere mahallary edere iş tapman ýören alasamsygyň biri alaga-da, Şükür gyzylyň sygyr emip oturan suratyny telefona düşüräýse, nätjek?! Ýeri, düşüripdir, taň edipdir. Kelesaňlygyny edip, hil bir iş bitirýän ýaly, tutuş ymmata ýaýradybermeli däl-ä. Şol gezek Şüküriň gaty gahary geldi. Ol iş edinip, assyrynlyk bilen surata düşüreni aňtap başlady. Emma ebşitläp ýakasyndan tutara bir gara-da tapyp bilmedi. Dura-bara onuň gahary ýatyşdy. Oba bolsa, Şükür gyzylyň bu gylygyny unutmasa-da, tiz öwrenişdi. Indi muny wahahaýlap geňlejek ýok. Onsoň Öwezberdiniň wejera etmek baradaky ýylan haýbatyndan Şükür gyzyl çekiner öýdýärmiň? Çekinmez. Öň eşdilen, görlen zady gürrüň berip, ili güldürip bilmersiň. Ýöne “Emjek wagty sygyr Şüküriň ýazzy maňlaýyndan depipdir” diýip, ýalan habar ýaýratsaň, heşelle kakjagam köp bolar, gülenem. Emma, Hudaýa şükür, bu sary sygryň depmek-gapmak ýaly ýaramaz gylygy ýok. Janawer juda häsiýetli, tohum gurnaty. Garnyny doýursaň bolany, emjeginden aslyşýan Şükür gyzylmy, gölesimi, parh edip duranok. Şoň üçin Şükür gyzyl muny elden çykarmakçy däl, şoň üçin muny gaty arkaýyn emýär, şoň üçinem ol häzir gaty arkaýyn jogap berdi: -Näme? Ememde näme? Öz sygrym. Hakym ýokmy? Sagyp içdim näme, emip içdim näme? Tapawudy näme? Saňa näme? -Oýun etdim how! Emiber. Ýelni boşaýança em! Noş bolsun! Ýöne gölä-de nebsiň agyrsyn – diýip, Öwezberdi gabyrman gelen ugry bilen yzyna gaýtdy. -Göle bilenem işiň bolmasyn, sygyr bilenem. Meň bilenem işiň bolmasyn! – diýip, Şükür gyzyl onuň yzyndan hüňürdäp galdy. Öwezberdi gabyrman bolsa kän gabyr gazan, boýy bilen boýdaş pilini selçeň, ýöne dözüm bilen ýere urup gelşine sygyr emip oturan Şükür gyzyly derrew ýadyndan çykardy. 2. Ir bilen kärhananyň demir kesilýän bölümine kebşirleýji ussalaryň biri gelip: -Polat barmy, Polat? – diýip gygyrdy. -Hawa, bar. Hanha, işläp ýör – diýip jogap berdiler. Gelen adam: -Çagyrýarlar – diýip, kärhanaň baş derwezesine tarap ümledi. Howlyň daş ýüzünde orta boýly, garagözelek ýaş gelin Polada garaşyp duran ekeni. Dar biçüwde bezemen geýnen inçemik, syrdam gelniň dogumdan doly goýun gözlerine, giň maňlaýyna, ýuka dodaklaryna, bugdaýreňk ýüzüne seredip, Polat ondan haýsydyr bir tanyş zenanynyň keşbini gözledi. Tanabilmedi. Baş atyp salamlaşylan dessine gelin ara salym salman: -Polatmy sen? – diýdi. -Hawa. -Aktakyrdanmyň? -Hawa. -Ýazbibiň ärimi sen? Soragyň gömelteý äheňi äşgär duýulyp duran-da bolsa, Polat ähmiýet bermedi. Onuň ýüregine nämälim gorky aralaşdy. -Hawa. Näme boldy? -Bolan zat kän – diýip, gelin düşnüksiz gürledi. – Heleýiňden habaryň ýok öýdýän? -Düşünmedim. -Düşünmeýändigiň görnüp dur. Piliň gulagynda uklap ýörene meňzeýäň. -Ýazbibä bir zat bolmalymy? Sen kim? -Meni tanamarsyň. Men Jumadurdyň gelni. -Jumadurdy kim? -Jumadurdyny heleýiň gowy tanaýar. Gyssasaň, aýdar – diýip, gelin içýakgyç gürrüň etdi. Polat gödek bir zat diýip goýbermezligi üçin sabryna suw sepip, özüni parahat saklamaga çalyşdy. -Hany, dur entek. Başyndan düşnükliräk edip aýt. Nätanyş gelin edil çaga düşündirýän ýaly, süýem barmagyny gezedi-de, her sözüni aýratyn heçjikläp: -Jumadurdy seň gaýyn obaňdan! Ýazbibileň goňşusy! Menem oň gelni! – diýdi. -Onsoň? -Sen entek Ýazbibä öýlenmänkäň, menem Jumadurda çykyp gelmänkäm ol ikisi ile wejera bolup, söýüşipdir – diýip, gelin iki agyz sözde ýasama dabara bilen jar etdi. Bu ýürekýargynç jümle Polady sarsdyrdy, ysgyn-mydaryny aldy. Mejalsyz göwresi şalkyldap gaýdaýmaz ýaly, elini haýata diredi. Ol beýniden gaýdýan ganyň sarsgynyny açyk eşitdi, ýüzüniň gyzanyny, meňziniň gyzaranyny duýdy. Gelniň ýüzünde nähak ynjydylan çaga mahsus namys gatyşykly gahar göründi. Ol, ähtimal, bilesigelijilikden däl-de, gürrüňdeşini odukdyrmak niýeti bilen: -Seň şu zatlardan habaryň barmy? – diýip sorady. Bihabar bolanlygy üçin Polat: -Ýo-ok – diýdi. Gelin Poladyň häzirki ýagdaýyna biperwaý garady, dogum bilen dowam etdi: -Söýüşipdir, taň edipdir, söýüşmeýän ýok. Menden öň kim bilen näme eden bolsa, gabyr bolsun, işim ýok. Ýöne men heleý bolup gelemsoň, başga ganjyga günümi bulatman! Nätanyş gelniň mojukdan mojuk gürrüňleri Poladyň dünýesini gapyşdyrdy. Aljyratdy. Aljyraýanyny gizlemek üçin giňlige saldy: -Onsoň? -Bolany şol. Men şony aýdaýyn diýip geldim. Ýörite gaýtdym. Polat halys ugur-utgasyny ýitiren adamyň gürrüňini etdi: -Indi men näme etmeli? Yz ýanyndan bu sowaly berenine ökündi. “Ýeri, sen öz çözmeli ýüpüň uşlybyny nämüçin nätanyş birinden sorap dursuň” diýip özüne igendi. Bu meselede näme etmelidigini keseki birinden sorap duran ýaş oglanyň bolşuna gelniň gaşlary çytyldy. Gaharyny basmaga çalyşýandygy onuň soňky sözlerinde aýyl-saýyl duýuldy. -Seň etmeli zadyň, şo heleýe biriniň gül ýaly maşgalasyny bozma diý. Biriniň hojalygyny ýykma diý. Öýi ýykmak aňsat, dikeltmek kyn. Heleý edip saklajak bolsaň, düşündir şo zatlary. -Näme, häzirem aralary bar diýjek bolýaňmy? Güman edýäňmi? -Güman edemok. Anyk bilýän. Heleýiňi gyssaberseň, özi aýdar. Düýn kim bilen gaýtdyň diýip gör, ugry bolmaz. Hakykatdan hem Ýazbibi düýn günin atasy öýüne gidip geldi. Onuň kim bilen gidip, kim bilen gaýdanyny Polat, dogrusy, bilenok. Biljegem bolmandy. Ähtimal, Ýazbibiniň goýnunda bäbek göterip, gün-günden gabaryp barýanlygy sebäpli beýle gara oý-pikirler ýadyna-oýuna gelmändi. Ynha indem, ýerden çykdymy, asmandan indimi, bir bigäne gelin ala gozlerini göni Poladyň bäbenegine dikip, “wäh” diýdi. Ýüregiň ýarylyp ölýänem bolsaň, heleýiň-ä şeýle diýip patlatdy, hiç zatdan gypynç etmän, diýesi geleni diýdi. Polat onuň huşa sygmaz düýş gürrüňlerini ýalana çykaryp biljek bir delil gözledi. Şol bir wagtyň özünde-de bu aýdylýanlar çyndyr, ymmata sygmajak wejeralykdan täk özüm bihabardyryn, eýýäm uly-il bilýändir, ähli kişi gürrüňimi edýändir diýen pikire bendi boldy, ezýet çekdi. Gelin dowam etdi. -Sen oňa aýt, aljak awyňy tana diý, kelte guýrugyňy oňa-muňa bulama diý, guýruksyz galmasyn! – diýip, adaty zenan haýbatyny atdy. -Näme diýmelidigini özüm bilerin – diýip, teýahyr Polat özüni ele alyp, ekezlendi. – Sen onsoň bu diýen zatlaryň yzynda durup bilermiň? Gelin asla ýaýdanar ýaly däl. -Hawa, duraryn. Näme durman?! Ýör, görkez şo heleýi, bazladyp, ýüzüne basaýyn – diýip, bat aldy. Polat bu gelniň Ýazbibi bilen ýüzleşip, onuň aýbyny ýüzüne gelip aýdyp duran halatyny hyýalynda janlandyrdy. Nämüçindir iki gelniň ýüzlerini dyrnaçaklap, saçýoldy oýnaýyşlary göz öňüne gelmedi, tersine, bu gelniň-ä saçlaryny hüwjerdip, hekemsiräp durşy, Ýazbibiniňem bir gyzaryp, bir agaryp, ýüzüni aşak salyp duran keşbi janlandy. Hopukdy. Gyssandy. -Entek howlukma! Wagtynda ýüzüne durubilseň bolýar – diýdi. -Men seň ýanyňa gelmän, heleýiň bilenem bellisini edibilýän. Ýöne ilki duýduraýyn diýdim, goh ula gitmesin diýdim. Eger diýeniňi etdirip bilmeýän bolsaň aýt... Polat bu nätanyş gelin bilen ýedi ýoluň üstünde, iş ýerinde gaty-gaýrym diýişäýmekden çekinip: -Başga aýtjak zadyň barmy? – diýdi. -Başga aýtjak zadym ýok. Heleýiňe buýr! Meň günümi bulamasyn! Men oň gününi bulasam, yzyny tapmaz ýaly ederin. Poladyň: “Senem öz äriňe buýr! Seňkem akja jüýje däl ýaly-la. Kim kimiň gününi bulaýar, belli däl entek” diýesi geldi. Diýmedi. Ejap etdi. Namys saýdy. “Ýeri, sen erkek bolýan bolsaň, ilki özüňi oňar! Muň ärine buýrany bilen seň heleýiň düzelýämi?” diýip özüne pent etdi. Gelin Poladyň diline getirip bilmedik sözlerini okan ýaly, jibrinip gepledi: -Öýdäki ýeleksiz ýerýuwdany bir edişime seret entek. Iliň heleýini görende edil ýöne ýüregi bulanyp duran etmesem, hasabam däl. Onuň äri bilen nähili darkaş gurajakdygy Polat üçin asla gyzyksyzdy. Häzir ol agyr ýüküň astynda galdy. Uludan demini aldy-da, zordan bir agyz: -Bor – diýdi. Yzyna döndi. Gelin nägile nazar bilen özünden daşlaşyp barýan Poladyň yzyndan garap durşuna, eşitdirip: -Ärsumak haýran! – diýip hüňürdedi. Hamana, Polat yzyna öwrülip geläýjek ýaly, gelip bir zatlar soraýjak ýaly birsellem garaşdy. Eger yzyna öwrülip gelse, pert-pert jogabyny berip, entegem aýdyp bilmedik sözlerini içikdirip-içikdirip, suňşuraýarly göründi. Polat dolanmady. Gelin siltenjiräp, tozan turzup, gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy. Işdeşi Akmämmet gözlerini ýeser güldürip, Polatdan: -Kim-aý o gelin? Özüňkimi? – diýip, gyzyklanyp sorady. -Ýok, özümiňki däl. -Onda kim? Nämüçin gelipdir? Polat gahar bilen: -Başy boş gelin. Mes baýtal. Är gözleýär. Gerek bolsa, aýt, tanyş edeýin – diýdi. Akmämmet oňa ynanjagyny-ynanmajagyny bilip bilmän birsellem sadylla bolup durdy-da, Poladyň yzyndan gygyrdy: -M-bahh! Çynyňm-eý? Öz-ä ýaman gowy zat ekeni. Ýaşulurak işçileriň biri: -Goý-how, goý, ilde-günde gowy zat kän. Haýsy birine göz gyzdyrjak? Tanaman-bilmän, beýdip ýörşüňe bir gün bir zadyň üstünden barasyň. Utanaňogam-aý! – diýip, Akmämmede gatyrgandy. * * * Poladyň iş bilen seri bolmady. Özüni şunça arkaýynlyga saljak bolsa-da, başarmady. Karary ýetmän, günortana golaý rugsat soramak üçin başlygyň ýanyna bardy. Ýalandan içini tutup bardy. -Başlyk, iç-ä ýaman heläk edýär. Bu gün mensiz gaýrat edäýmeseňiz, boljak däl – diýip, ol iki bükülip durşuna ýalan sözledi. Gürlände sesini derde uçran hassalaryň sesine meňzetmäge çalyşdy. -Beh, ýakar-ýakmaz bir zat iýdiňmi? Ýüregiňem bulanýarmy? Kelläň nähili? Agyrýarmy? – diýip, galdawlygy daşyndan bildirip duran çal saç başlyk ýüregi bilen ynjalyksyzlanýandygyny duýdurdy. -Kelläm-ä agyranok. Ýüregem oňat. Iç heläk edýär, iç. Bar hezilimi aldy. -Köriçege-zatmyka ýa? -Bilmedim-dä, başlyk. -Köriçege bols-a keserler... Bar onda, durma! -Sag bol, başlyk! Çykyp barýarka ýeňseden başlygyň sesi eşidildi: -Turbanam-a ýalňyş kesipsiňiz. Bir segsen bäş bolmaly, a siz bir togsan bäş edipsiňiz. -Bilýän, başlyk. Ilki ölçegimiz bir togsan bäşdi. Soň üýtgedi-dä. Arkaýyn bol, başlyk, düzederis, ilki içi düzedeýin. -Içiň agyrýan bolsa, ýüzärligiň dänesini iç. Birinji emi şodur. Edil tapbat edäýer – diýip, işçi oglanlaryň biri Poladyň yzyndan gygyryp galdy. 3. Bazarda täze gedaý peýda boldy. Ol gowur berip duran uly bazaryň iň bir gelim-gidimli ýerinde, adamlaryň eýläk-beýläk dyngysyz geçýän ýolaýrydynda dilegçilik edip başlady. Birbada dilini ýarmady, töweregine sowuk hem mysapyr garaýyş bilen göz aýlap, sessiz elini serdi. Biraz duransoň, garrap, tapdan düşen bedenini aýak üstünde uzak saklap bilmän, gedaý derrew çöküne düşüp, aşak oturdy. Ol ir säher bazarçylar bilen bir wagtda deň örüşine tä mähelle sabaýança şol çöken ýerinde gurşan aýaklaryny ýazmak üçin käte bir gozganjyrady diýäýmeseň, ýerinden turmady. Kimdir biriniň özüni tanap utandyraýmagyndan ätiýaç edýän ýaly gedaý sakgal-murt basan ýüzüni uzakly gün ýerden galdyrmady. Telpegini öňünde goýup, çöküne düşüp, küýkerlibräk oturyberdi. Eýesi gedaý bolany üçin, ebetde, telpek syrdam bitin däl, bireýýäm göwşülläpdir. Egnindäki penjegi ýaly sary gidip, garantga geýdiribermeli hala düşüpdir. Emma telpegiň garantga geýdirerden has möhüm işi bar. Bu telpek dilegçiligiň baş alamatyna öwrülip, edil beýleki adamlar ýaly, gedaýy ýaşaýyşa imrindirýän esasy zady – pul-püçegi ýygnap berýär. Onsoň gedaý telpeginiň üstüne abanybrak agzyny çala gymyldadyp, eşdiler-eşdilmez mydyrdap otyr. Onuň sesi bazar güwwüldisiniň içinde aýyl-saýyl eşdilmän ýitip gidýär. Ýöne telpeginiň içine pul oklamak üçin aşak eglen wagtyň onuň dileg edýändigini eşitmek mümkin: “Aýdan-diýeniňiz kabul bolsun!” “Hudaýym beren sadakaňyzy kabul etsin!” “Aljagyňyz alkyş, ýüküňiz abraý bolsun!” “Görjegiňiz Hydyr bolsun!” Gedaý aýat-süreden habarly adamlaryň hilinden däl. Gara başlaryna gaý geçip duran ötegçilere gedaýyň okajak aýat-süresiniň derkary-da ýok ýaly. Käte olaryň biri telpegiň içine biraz ownuk pul oklaýar-da, şobada hem gözden ýitip gidýär. Beren pulunyň Hudaý ýoluna sadakadygy barada, onuň kabul bolup-bolmazlygy hakda pikir edýäne meňzänok. Olaryň näme pikir edýändigi hem gedaý üçin ähmiýetsiz. Ol pul berene çalarak nazar aýlar, agzynam çalarak gymyldadar. Şonda onuň ýüzünde minnetdar bir garaýyşy görersiň, dodagynyň gymyldysyndan bolsa “Kabul bolsun!” diýýänini aňşyrarsyň. Bu ýere aýagyny sekip, şindi maksadyny göz-görtele äşgär edip ýetişmänkä munuň kimdigini hemmeler tanady duruberdi. Bazarçylaryň islendigini saklap: “Hol oturan kim?” diýip, sorasaň, säginmezden, bir agyz: “Gedaý” diýip jogap berjegi ikuçsyz. Başga zat aýdyp biljek gümany bolmaz. Bu ýere bazar diýilýär. Her kim galarak satjag-u, amatlyrak aljak. Onsoň asmandan inenem bolsa, ýerden çykanam bolsa, gedaýdygy kesesinden mälim bolup duransoň, üstesine-de söwda üçin asla ähmiýeti bolmadyk bu adamyň kimdigi barada hiç kim gyzyklanyp duranok. Gedaýmy, gedaý! Hemmeleriň tanaýan gedaýy! Ähli kişi üçin nätanyş adam! Bazarçylaryň içinde gedaýyň özüniňem belli-külli tanaýany ýok öýdýän. Ol ötüp-geçip duran adamlaryň arasyndan kimdir birini tanajak bolup içginsiräberenok. Ýogsa, ir bilen bazara gelen gaba telpekli, sakgally-sarmykly, özi bilen ýaşytdaşrak ýaşulyň ýüz keşbi oňa kimdir birini ýatlatjak boldy. Gedaý hakydasyny oňatja dörüp, ýaşulyny siňe-siňe synlan bolsa, ähtimal, tanasa, tanardam. Ýöne döwtalap bolmady. Ony Aktakyr obasyndandyr diýip güman etdi. Geçip barýan ötegçiniň uzadan kagyz puluna ünsi bölünip, ol dileg edip başlady. Gaba telpekli ýaşulynyň ýüz keşbi bolsa onuň huşunda uzak durmady. * * * Onuň ene-atasynyň ezizläp, söýgüläp dakan ady Sähet bolmaly. Sähet atadan ir galdy. Bagyrda dörän nägehan kesel üç-dört ýaşlaryndaky Sähedi ýetim goýdy, ejesini dul galdyrdy. Sähetjige kaka, ejesine är bolmak üçin Aktakyr obasyndan Hakgy diýilýän telpegi agan biri irginsiz gatnap, ahyry arzuwyna ýetdi. Ýörite ataraba tutup, bulary Aktakyra göçürip äkitdi. Sähet mekdebe gatnap başlan uçurlary çaga üstünden ejesi ýogaldy. Kakalygy Sähedi daýylaryna alyp gitdi. “Ejes-ä şeýle boldy welin, ynha, indi muny näderis? Ýegenjigiňize eýe çykarmysyňyz?” diýip ýaýdana-ýaýdana habar berdi. Daýy-daýzalarynyň ählisi dil birikdiren ýaly, ýüzlerini kürşerdip, tykyraşdylar, ýüksündiler. Hakgy olara ýalbaryp durmady. Sähedi Aktakyra alyp gaýtdy. Aradan ýoňsuz salym geçmänkä-de, Ajap atly yzgytsyz bir aýala öýlendi. Sähet soň görüp otursa, Ajap Hakgynyň önelgesizligi üçin kowan başdaş aýaly eken. Ajaba ikinji gezek öýlenenden soň iki ýyly geçirip, bir keseljik tapyndy-da, Hakgynyň özem arman bilen gözüni açyp gitdi. Ajabyň welin Sähet bilen mäşi bişişmedi. Jyny jyňkyryşmady. Hamana, önelgesizligine, Hakgynyň özi bilen aýrylyşmagyna, Sähediň ejesine öýlenmegine, ahyrynda-da ähli zat gülala-güllük bolaýmaly wagtynda Hakgynyň ölüp gidibermesine, şowlamadyk maşgala durmuşyna, hemmesine, ine, şu boýnuny sallap, egnini gysyp, sust oturan oglan günäkär ýaly, ýüzüni ajatdy. Torsaryldy. Siltenjiräp, girse-çyksa, azar ýamanyny berdi. Hunaba baryny ýuwutdyrdy. Sähet çydamady. Assyryn daýylarynyň gözlegine çykdy. Salgy bilen tapdy. Ýöne daýylary muňa gujak açmadylar. Ýüz bermediler. Seňriklerini ýygryşyp, aýal doganlarynyň ozalbaşda ölen äriniň ojagyny saklap oturaýman, äre turup gitmesine Sähet sebäp bolan ýaly gaharly seretdiler. Ol ýene Ajabyň ýanyna dolandy. Her näçe muşakgatly bolsa-da, gaýrat etdi. Ýuwudar ýaly zatlary ýuwutdy. Mädesi iri adamyňam ýuwutmasy kyn zatlary bolýar. Sähet, başarsa, şolary hem ýuwutmaga çalyşdy. Bir gün Ajap: “Seň ejeň düzüw däldir, ýurtýykan loly bolmasa, meň gül ýaly günümi bulamazdy” diýip, ölüp giden ejesini tisgindirdi. Şol gezek Sähet saňňyl-saňňyl etse-de, sesini çykarmady. Gaýtawul bermedi. Içinden welin öldürip dynmaly diýip pikir etdi. “Palta bilen göni bir uramda alaryn. Ahmalyna garap alaýyn” diýen hyýala mündi. Edil şu niýeti aňan ýaly, goňşulary Ýemşik aga bir gün Sähedi ýanyna çagyryp: -Hä-äýt, seresap bolgun! Albassydyr, seň el götereriňe garaşýandyr. El göterdigiň – işiň gaýtdygy. Göni türmä gidersiň, çüýrärsiň, ömrüň kül bolar, oglanlyk edäýmegin! – diýip tabşyrdy. “Wah, Ýemşik aga, jan agam, el göterjek däl, öldürip dynjak, palta bilen çapym-çapym etjek, her bölegini tike-tike edip, ýedi ýoluň birigýän ýerinde gömjek. Şonda-da içim sowar öýdemok” diýip, şol gezek Sähet tasdanam içindäki pikirini daşyna çykarypdy. Ýöne hykga damagy dolup, gözüne ýaş aýlandy-da, hiç zat diýip bilmedi. Başyny atyp, turup gitdi. Näçe hyýala münse-de, Sähet eline palta alyp bilmedi. Hyrçyny dişläp, Ajabyň buýran ýumşuny bitirmek üçin ýüwürdi ýördi. Aý-gün geçip, Sähet mekdebi gutardy. Gulluga gidip geldi. Gelşine-de obada uzak eglenmän, talap gözläp, şähere siňdi. Soň oba dolanmady. Ajabam muny idäp durmady. Sähet gurluşykçylaryň brigadasynda işe durdy. Oňa umumy ýaşaýyş jaýyndan otag berdiler. Brigadada Zeýnep atly suwagçy gyz işleýärdi. Sözleri bal bilen ýag ýaly alyşdy-da, Sähet muňa öýlendi. Durmuş birsydyrgyn akymy bilen bulary hüwdüläp ugrady. Basym iki otagly jaý berildi. Ýuwaş-ýuwaş goş-golam edindiler. Zeýnep yzly-yzyna iki ogul dogurdy. Ikisem durmady. Hersi bir kesel tapyndy-da, iki-üç gün ýaşap, eräp gitdiler. Soň Sähet azaşdy. Ýol urdurdy. Jalataý ýigitlere ýaran boldy. Ýaşaýyşyň lezzetini içgiden gözledi. Gijäniň birmahalaryna çenli dowam edýän göçgünli meýlisler ömrüniň bezegi bolmalydyr öýtdi. Keýpi-sapany gündelik adata öwürdi. Meslekdeşleriniň köpüsi ýaly, kellesiniň dumanlap, gözüniň gyzaran wagty ýekeje gyşyk söz üçin gyzyl ýumruga girişmekdenem gaýtmady. Bir günem özi ýaly tüýsi bozuk bilen serini sämedip, anjaýyn geýnen nätanyş gelne lak atdy. Gelin şer tapsa, toý küýsemez ekeni. Agzyna gelenini aýdyp, paýyş-paýyş sögüberdi. Hiç tüketmedi. Sähedem ýanyndaky ülpedi bilen süzübermeli welin, etmedi. Gaýta topulyp, gatnawly köçäň ugrunda gelniň özüni ýençdiler. “Bu bizi äridir öýdýä. Ärinden görmedigini görkezeli!” diýşip gülüşdiler. Gelin görgüli kimlere sataşyp ýörenini bilen dessine derrew mugyra geldi. “Waý, göwrämde çaga bar. Waý öldürýärler!” diýip jowranyberdi. Ýöne giç. Bularyň diňlejek gümany barmy? Ülpedi-hä saklap durdy, Sähedem kemeri bilen gelni essinden gidýänçä saýgylady. Munuň bilenem oňman, gelniň ýantorbasyny silkişdirip, puluny-da aldylar. Bu işiň soňy gelniň göwresindäki çaganyň aýrylmagy, Sähediň we ülpediniň on ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen tamamlandy. Sähet möhletini doly oturyp, boşap geldi. Gelse, Zeýnebem yzynda muň geljek ýoluna gözüni dikip ýeke oturmandyr. Alaga-da, birine äre çykypdyr. Öýüne salypdyr. Sähet: -Wah, Zeýnepjik! Wah, senjagazmy?! Wah, sen-ä... – diýip, yzyny aýdyp bilmän, aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkap, çykyp gitdi. Soň ol ozalky işlän ýerine bardy. Ýene umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdi. Gaýtadan içgä imrikdi. Boş wagtlary dul aýallaryňkydan çykmady. Olaryň biri bilen goşuny birikdirdi. Dogrusy, birikdirer ýaly üýşüp ýatan goşy-ha ýokdy welin, garaz, bolanja goşuny alyp, bir ýassyga baş goýmak üçin täze aýalynyňka göçüp bardy. Ömrüniň üç ýylyny şol ýerde geçirdi. Onsoň aýrylyşdy. Aýrylyşmady-da, has takygy, bipeýan ülpeti köpelip, güzeran aýlamak weji bolmany üçin kowuldy. “Hojalyga nepiň degmejek bolsa, sen tetelli äri başyma ýapaýynmy? Araga aňyny aldyran alkaş meýdiýanan! Göteril! Sen ýaly ärsumagy basan ýerimden tapýan. Ýüz ýyldanam gerek zadyň ýok” diýip, aýaly onuň gülberini arkasyna daňdy. Sähet ýene umumy ýaşaýyş jaýyna bardy. Ýene dul aýallar bilen baş goşdy. Içgi bilen ýabany ýaşaýyşdan hözir gözläp başlady. Bisähet günleriň birinde-de diline dygy etdirip bilmeýän ärsiz heleýleriň birini suwasalma ýençdi. Ýenjilen aýal ozaldanam keselbent ekeni. Sähediň bijaý urgulary zerarly huşundan gidensoň ony keselhana alyp gitdiler. Ol ýerde özüni bilmän dört gün ýatansoň aýal öldi. Sähet bolsa ýene köpýyllyk türmä gitdi. Ikinji tussaglyk möhleti uzaga çekdi. Türmäň içinde urşup, ýyl üstüne ýyl aldy. Bu gezek ol gojalyp, tapdan düşüp, boşap geldi. Gelip, Sähet barara gapy tapmady. Umumy ýaşaýyş jaýy ýykylypdyr. Ol ozalky meslekdeşlerini idedi, olar dereksiz bolup çykdy, kyn gününde Sähede birem ýüz bermedi. Tanyş dul aýallary bolsa ýa-ha äre çykyp ýitirim bolupdyrlar, ýa-da ölüpdirler, hiç bir tanyş galmandyr. Onsoň ykbal tüweleýi aýlap-aýlap, Sähedi bazar gedaýynyň – dilegçiniň ornunda goýdy. Ýaşaýyş ugrundaky göreş sergezdan durmuşyň täze sahypasyny açdy. Ömrüň henize çenli görülmedik, garaşylmadyk we biraz elpe-şelpeligi wada berýän sepgidi başlandy. 4. Güýzmyrat aganyň aýaly ir ýogaldy. Käte şeýle bolýar: Adam alňasaman, uly jebirlere duçar gelmän, agyr kynçylyklaryň we şowsuzlyklaryň tütünsiz ýakýan odundan nähilidir bir ýol bilen sowa geçip, öz öýünden arkaýyn girip-çykyp ýörendir. Özüni aňrybaş bagty gelen hasaplamasa-da, nadyl däldir. Hiç mahalam kellesini tutup, içgussa bolup, uly hossa edinip ýören zady ýokdur. Şonda, syn edip görseň, durmuşynda onuň rahatlygyny goraýan bir daýanç nokady bardyr. Ol şoňa arkasyny direýändir. Şondan ugur alýandyr. Köp ýerde ony çelgi edinýändir. Alys ýola düşüp, menzil söküp barýan ömür kerwenine onuň birsyhly, bilniksiz tekge berýändigini adam aňşyrsa, aňşyrýandyr, ýöne önjeýli düşünýän däldir. Niçikmi, ýazgydy şeýle bolup, şol daýanç nokady syndymy, adamyň dünýesi gapyşybiýr. Ol soňraky ätjek ädimini bilmez. Ýörejek ýolunyň hanjakdygyny saýgarmaz. Kesesinden göz-görtele mälim bolup duran aljyraňňylygyny, dagynyklygyny ýaşyrmaga gurby ýetmez. Aýaly ýogalanda Güýzmyrat aga-da aljyrady. Orta ýolda atyň büdrese, elbetde, gowy däl. Ýöne orta ýaşda aýalyňy ajala aldyrsaň, has-da keçje bolýar. Höwrüňden aýrylmak hem edil ýetim galmak ýaly bir zat. Başdaşy bakyýa göç edensoň, ýaşuly hakykaty boýnuna aldy. Sakgal goýberip, Şerigata uýdy. Höwürsiz durmuşyň hözirsizligi Güýzmyrat agany tiz kejikdirdi. “Ýekelik – Hudaýa ýagşy” diýip, ol önelgesiz, sary diş bir aýala öýlendi. Iki ýyldan uly ogly Şageldini öýerdi-de, dessine rysgyny aýrylady, täze mellekden jaý salyp berip, göçürdi. Yzýany bilen ýetişen gyzlaryny durmuşa çykardy. Oňa çenlem ortanjy ogly Şahan ýokary okuwy bitirip geldi. Güýzmyrat aga gyzgyny bilen ony-da öýli-işikli etmegiň aladasyny etdi. Sorap-idäp, belet bolansoň, goňşy obadan bir okuwly maşgala üçin guda boldy. Obany çagyryp, toý berdi. Bir gün Şahan gelip, kakasynyň ýanynda oýkanjyrap esli oturansoň, ýaýdanmaç gürrüň etdi: -Kaka, bir maslahat bar... -Ýeri! -Göwneseň, men-ä şähere göçäýsem diýýän. Güýzmyrat aga keçäň gülüni dyrmalap, eline ilenini tüýdüşdirip, gara dere batyp, ber-başagaý aljyrap oturan ogluny ilkinji gezek görýän ýaly, ýiti-ýiti synlap: -Beh-beh, näme, başbütin şäherli bolaýsam diýýäňmi? – diýdi. Şahan gümürtik jogap berdi: -Bilmedim-dä, kaka. Görmeli-dä. -Diýmek, obada ýerläp bilmänsiň-dä? -Ýerläp bilmedim, kaka. Birhili oba sygmajak bolýan... Güýzmyrat aga birmeýdan dymdy, ynjalygy gaçan ýüz keşbini, gam ýetişen garaklaryny gizlemek üçin kesä bakyp: -Sygyp-sygmaz ýaly oba-ha dar ýer däldir, ogul. Gör-dä özüň – diýdi. Şahan ýaş gelni bilen şähere göçdi-de, mekdepleriň birinde mugallymçylyk edip başlady. Güýzmyrat aga Şalary öýermäge ýetişmedi. Körpe ogul oglanlyk etdi, ýerliksiz batyrlyk satyp, türmä düşdi. Wa-ah, bi döremän geçen Şalarmy? Kakasyny wagtyndan öň garradan, bilini büken, dilini gysga eden şo dälmi? Güýzmyrat aganyň käte-käte başyny ýerden galdyrman, “hümm”, “hümm” edip içini gepledip ýörmesi-de Şalar üçin-dä. Ojagaz “hümmüldileriň” aňyrsynda kän zat ýatandyr. Şalar gursun! * * * Amanýaz saňsaryň uly gyzy Suraýyň bagty pes ekeni. Agras görünmese-de, asylly saýylmasa-da, owadanlykda Aktakyryň iň naýbaşy gyzlarynyň biri hasap edilýän bu gyzy Güýzmyrat aganyň körpe ogly Şalar galmaz güne salyp gitdi. Baýak bir meýlisde keýpi çag orramsynyň biri: -Iş oňarmaýan köpek kändir, emma yrylmajak ganjyk ýokdur. Ynha, özümiz ýalyň eline düşse, kim bolanda-da süňňi gowşabiýr – diýip, hiç kime gezek bermän öwündi. Şo meselede onuň nähak magtanmaýandygyna hem atan okunyň pys geçmeýändigine belet bolansoňlar, müňkürlik etmek hiç kesiň ýadyna düşmedi. Meýlishalar kişiler sabyr-takady elden berip, bilesigelijilik bilen: -Syry nämede, syry? Şony aýt! – diýşip, ilgezik boluşdylar. Orramsy: -Üýtgeşik syry ýok. Diňe öwgi bilen alyp ýatmaly! Aýagaldygyna ýüzüne öwübermeli. Degse, bäş, degmese, ýigrimi bäş, ýalan-ýaşryk söz bilen pyrlanyber daşynda. Asyl bäri-bärde goýma, göge göter, asmanyň Aýyna deňe. Ýaş görünýäň diýip öw. Yşnaksyz bedroýam bolsa, senden owadan hiç kim ýok diýip öw. Häsiýetini öw, gözüni-gaşyny tarypla. Işiň öwmek bolsun! Öwgüň öňünde uzyn etekliň durary bolmaz. Edil ýöne pagyş-para eräbiýr. Muňa öwgi bilen yrmak usuly diýýärler – diýip, welilik satdy. Muny öz gulagy bilen diňläp oturan Şalar orramsyň okuwyny şol günüň özünde özleşdirip başlady. Niçeme aý bäri ýüzüni sowup ýören Suraýyň daşyna geçdi. Birnäçe günden soň gözi-başy aýlanan hem oý-pikirlerini aldawçy hyýallara gurban beren Suraýyň ýumşajyk ak ellerini öz penjesinde saklap duran Şalar orramsy deýýusyň juda tap bilerligine haýran galdy. Ol awuny hatasyz urýan tekepbir mergeniň göçgünliligine bendi bolup, gyzyň galdyrap, galpyldap, lowlap duran gyzgyn bedeninden erjellik bilen myrat tapmaga dyrjaşýardy. Suraý bolsa, akyl-huşuny aldyrdy, erkini elden giderdi. Soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam bolmady. Onsoň iş işden geçdi-de, serhet bozuldy. Ol ganat-perden aýrylyp, al-asmanda gaýyp ýören ýerinden patlap, ýere gaçdy. Ýüzüni tutup, silkinip, sessiz gözýaş döküp duran Suraýyň bulaşan saçlaryny eli bilen daraklap durka Şalar ýaramsaklyk edip, boguk sesde üzlem-saplam: -Goý, aglama! Taşlap gider öýdýäňmi? Ömür taşlarynmy? Meň aldamajagymy bilýäň-ä! Ynha, basym toý ederis. Men seni bagtly ederin. Goý, aglama, aglasaň gözüň çişýär, ana, eýýäm ýüzüň gyzaryp ugrady – diýdi. Soň bir gün Suraý onuň utanjy-uýady unudan ellerinden zor bilen sypyp, döşünden itdi-de: -Hany, ejeňi ugratjak dälmi bize? – diýip, dözümli sorady. -Ugratjak. Ynha, basym ugratjak. -Ölüp-öçüp barma onda. Toýa çenli sabyr et! -Ýüregim ýarylyp barýar, Suraý. Sensiz ölýän men. Sen bolmasaň, howam ýetenok. Sen... Men... – diýip, Şalar gyzy gola salmak üçin öňe omzady. -Ejeňi iber diýýän-ä. Iber-dä! Şalar biraz gowşap: -Ejem barmaz – diýdi. -Nämüçin? -Kakamy ibererin. Birem Jahan barmagy mümkin. Ejemi iberjek däl, o heleýi hi-iç jynym alanok. Şu günem eşiklerimi ýuwmandyr. Özüm ýuwup, özüm ütükledim. Soňam agzymdan gelenini diýdim. -Men ýuwup bererdim welin, bilinmegi mümkin-dä. Bi eşikler kimiňki diýseler, näme diýerin?! -Sen toýdan soň ýuwup beräý – diýip, Şalar gahar bilen dowam etdi. – Kakama gaharym gelýär. Bizi masgara etdi, bi ýaşdan soň heleý nämä gerek?! Şahan şähere keýpine göçendir öýdýäňmi? Şo heleýiň ýüzüni görmejek bolup gitdi. Ýöne men beýtmen. -Näme etjek? -Men oň özüni gider ýaly etjek. Nädäýersiň, ulukjyn alyp, yzyna garaman, gaçyp gidäýse! Sen kakama gowja seretseň bolýar, Suraý! Ojagaz heleýe dagy ýüz beräýmegin! Eşitdiňmi?! Entek birazajyk howlukma, tomaşa görkezişime bak. Gan agladyp, aýdym aýtdyrmasam, hasabam däl – diýip, Şalar dişini gyjady. Güýzmyrat aga Suraý üçin gudaçylyga gelse, gelerdem welin, Şalaryň özi oňarmady. Ol Hojanyýaz saňsarlaň bir toýunda gümbaşlyk etdi, toýa gelen myhman oglan bilen sözi azaşdy, uruşdy. Has dogrusy, urdy, suwasalma ýençdi. Ýenjilen oglan bolsa, öňdenem keselbent ekeni. Bijaý degen ýumruklar tas onuň ölümine sebäp bolupdy. Güýzmyrat aga keselhana bilen sülçiniň arasynda jöwlan urup, şunça gatnasa-da, nepi degmedi. “Bir ýazykdan är ölmez! Öýlenmedik gögele oglanyň ömrüni puç etmäň! Gaýrat ediň!” diýip ýalbardy. Oňa “Ýaşuly, giç äwýäň. Wagtyragynda ogluň temegine kakan bolsaň, bizem dynç bolardyk, senem beýdip elewräp ýörmeli bolmazdyň” diýdiler. Ahyrynda Şalary üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdiler. Suraý içini tutup, aglady. | |
|
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |