08:02 Gör, bak, nämeler boldy! | |
GÖR, BAK, NÄMELER BOLDY!
Publisistika
Gorkuzyp bilmedi, ýumduryp bilmedi. Goşuny köçä prostestçileriñ garşysyna dikdi, tüpeñ gundagyny görkezdi. Şonda-da eýgerip bilmedi. Nämeler bolup geçýär? Gowja syn et! Ol ýerdäki gazetler dessine Prezident Trampyñ megafony, mikrofony, tarapdary, ýallakçysy boljak bolmadylar. Demonstrasiýa üçin köçä çykanlary "Watan dönükleri, satlyk haýynlar, Amerikanyñ duşmanlary bilen dil birikdirenler, Mukaddes kitabymyz Injile dil uzadanlar, dine şek ýetirenler, buthana ýakanlar" diýip günäkärlemediler. Hawa, ol ýerdäki gazetleriñ žurnalistleti demonstrasiýa wagtynda işi ýykan-ýumranlyya öwren huliganlary, dükanlary talaýanlary ýazgardylar. Hawa, olary oñlamadylar, enma "ABŞ-nyñ Prezidentine parahatçylykly ýoldan garşy çykanlara" dogry düşünýändiklerini welin ýazdylar. ★★★ Bir ýerde ünsüñ bolsa jemle. Bolup geçýänlere intipis et. Garaşylýanyñ tersi boldy. Žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar, ruhanylar, häkimler şäher polisiýa bölüminiñ başlyklary, işewürler, şereket eýeleri, bank müdirleri, goşun generallary, senatorlar, kongresiñ agzalary "köçä çykanlary däl-de", hut Prezident Trampyñ awuly dilini, agzalalyk döredýän tutumyny, ýurtda bölünşik döredýän işlerini ýazgardylar, tankyt etdiler, aýypladylar. Aklyñy-da topla! Gör, bak, nämeler boldy! Polisiýanyñ bir komissary Trampa seslenip: “Köçä dökülen gahar-gazaby köşeşdirýän söz aýdyp bilmeýän bolsañ, agzyñy ýum!” diýip gygyrdy. Trampyñ herekete girizen Döwlet howpsuzlygy gwardiýasy diwara ýaplanyp gol gowşuryp durmagyñ ýerine, demonstrasiýalary goldaýandyklaryny görkezmek üçin dyza çökme pozisiýasynda durup, sowukganlylyk bilen halka hoşniýetli elini uzatdylar. Niçiksi sahnalar bolup geçdi! Senem şundan sapak al! Demonstrasiýaçylaryñ içinde ýykgynçylyga meýilliler bir gün buthanany oda berdiler. Mekir we hilegär, amatly pursaty peýleýän Tramp muny duşmançylyga öwürmek üçin eline Injil alyp buthana tarap ylgady we surata düşdi. Emma näme boldy? Buthananyñ baş ýepiskopy Maýkl Kerri Trampa göni dikanlap: "Buthanany syýasy maksatlaryñ üçin ulanma!" diýip gygyrdy. Katolik buthananyñ baş ýepiskopy Wilton Gregori hem “Dinimizi eksplutatirleme!” diýip, Trampy eşekden gaçan garpyza dönderdi. Amerikanyñ kinomatografiýa we intelligensiýa işgärleriniñ köp sanly tanymal wekilleri demonstrasiýaçylaryñ parahatçylykly protestlerine goldaw bermek üçin köçä çykdylar. Gymmaty 183 ýurduñ ýyllyk girdejisinden köp bolan "Apple" şereketiniñ hojaýyny demonstrasiýa ABŞ-ny gurşap alansoñ, işgärlerine beýannama bilen çykyş edip: "Maksadymyz deñlik we adalat bolmalydyr" diýdi. ★★★ Gazetler häkimiýetiñ oýnawajyna öwrülmedi. Teleýaýlymlar monopoliýa gurmady. Surnaý-kernaýa öwrülmediler. Tersine! Şulary ýazdylar, şulary aýtdylar: "Prezident Tramp! Zyýan berýänem özüñ. Erbetlik edýänem özüñ. Eksplutatoram özüñ. Ýalançam özüñ. Agzalalyk döredýänem özüñ." Ýurdumyzyñ žurnalistleri, ruhanylary, häkimleri, arçynlary, ýolbaşçylary, professorlary, işewürleri, goşun serkerdleri, generallary, serediñ we sapak ediniñ: Demokratiýa bir daragtdyr. Ýokary wezipeli ýolbaşçylar ol daragtyñ şahalarydyr. Saýlawlarda ses bersin-bermesin, goldasyn ýa garşy çyksyn, hemme adamlar (ildeşlerimiz) şol daragtyñ synasydyr we kökleridir. Nejati DOGRU. "Sözcü" gazeti, 04.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |