02:20 Göresim gelýär | |
GÖRESIM GELÝÄR
Goşgular
Garasaý bagly ýol, baryp bilemok, Men intizar, seni göresim gelýär. Ýürek üzlüp barýar, men bir ölemok, Çekýän azar, seni göresim gelýär. Käkilikler jübütleşdi, bahar-ýaz, Serçeler jürkde-jürk, çalýan deýin saz, Tebigat oýandy, dumly-duş owaz, Ähli, owaz içre seň sesiň gelýär. Piňe däl galany, başga bir «Dünýä», Göz ýumsam, seretsem bir, sen görünýä, Eňkim agyp barýar, ýürek urunýa, Ymykly al meni, diýesim gelýär. Siz tarapdan bulut gelse göçüme, Durkum bilen sorýan howa içime, Demim saklap, sekunt sanap, nijeme, Ýel hoşboýlygyndan, seň ysyň gelýär. Gum-gukluk töwerek yns-jyns ýok özge, Togtapdyr hereket, görünmez gözge, «Huw-Hak» diýip, çyksam dag bilen düzge, Derwüşleň lybasyn, geýesim gelýär. Silkelenip, saňkyldaýan durşuma, Gel, gulak goý, ýüregimiň urşuna, Nogtadan boşan deý, ylgap barşyma, Seni ysgap-ogşap, söýesim gelýär. Lebe teşne, hem, mähriňe ajyma, Taýýar men gitmäge Ýeriň ujuna, Roýuň görsem, men tijene-tijene, Ezip-içip, dişläp, «iýesim», gelýär. Besdir indi, sabyr käse püre-pür, Göz-ýaşlarym senden özge kim süpir? Illi diýr, «jadyňdan» açar haýsy pir? Öz erkime ganat ýaýasym gelýär. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |