14:31 Görkezmesin | |
GÖRKEZMESIN
Goşgular
Şowly bolaýsa durmuşyň, Gaşyn çytyp, ýatar bady. Daşy jäjek, içem möjek, Bahyl, gö:rip, ýakyn, ýady, Görenler bar, görkezmesin! Gardaşyň gardaş-dogana, Mylakaty, rehmi gerek. Ýüzünden gar ýagdyrýany, Mähir, şepagata derek, Görenler bar, görkezmesin! Hormatlap ata-enäni. Taňry salam bermeýäni, Tumşugyny göge tutup, Maslahaty almaýany, Görenler bar, görkezmesin! Paýhassyz, aň-düşünjesiz, Daş asyrdan galan ýaly. Äriniň bagryny ýakýan, Gepe düşünmez aýaly, Görenler bar, görkezmesin! Begenýändir ogly bolan, Ýeten dek başy ýyldyza. Ulalansoň şol dogmanyň, Degmeýänin bir mert gyza, Görenler bar, görkezmesin! 2021 ý. *** Ýaglyga towusýan ýaş-ýeleňlere, Tomaşa edýärdi goja bir çetden. “Bök senem” diýp oň üstünden güldüler, Geçip hormat, sylag diýlen serhetden. Ýaglyklaň gowusyn biz ir ýolupdyk, Diýdi ýuwaş, ajy ýylgyryp goja, Gülkünç ýerin kelpeňlere goýupdyk! 2021 ý. *** Özünden göwni hoş, kelle weli boş, Gahary burnunyň ujunda diýlen. Içine awuly sözler gapgarlan, Kellesem göçgünli, ýumrugy düwlen. Jedelleşer, öýkeleder, ökünmez, Günäkärdir, ýöne öldür ýaraşmaz. Ula salamy ýok, kiçä aleýki, Öwüt-pendi almaz, ahwal soraşmaz. Ýüreklere çümýär tikenli sözi, Aglabam bilýändir, bilýär aldabam. Keçeňeklik edip tersleşse dagy, Gepleşmän gezýändir ençe aýlabam. Özi deýin aň-paýhasly, edenli, Doglan däldir öýdýär, bärlerde heniz. Gaýrat-a ýok, hyjuwlyja bu kişi Nirden döredi-kä?! Gopbam hem ejiz! 2021 ý. *** Öwäýdigiň gyzyňy, Mähir bilen garaýar. Taryp etseň ogluňy, Gülüp işe ýöreýär. Öwgi ýalanam bolsa, Göwün gary ereýär. Kemçiligin diýdigiň, Ne ogula ýaraýar, Ne-de gyza ýaraýar. 2022 ý. *** Biribar bar eden barlyk-da, bular! Geňlik kän, deňli- deňsizem... Gör-ä, bäş barmagam deň däl bir-birne, Bir elde birleşen özem. Barmakmyş o diýsek, adam durky-da, Dürli-dürli. Gelmeýär deň. Uzynly, kelteli ýa-da bolmasa Biri sada biri gedem. Geň deňsizliklere öwrenişen biz, Hem geň düşünmä kynlygy. Aňk etdirýän ýene-de bir geň-taňlyk, Ýürek-kalp aýratynlygy. Gör, ene balasyn neneň eý görýär, Gerek bolsa janyn berýär. Haýran men, daşbagyr enelerem bar, Öz çagasyn ganym bilýär. 2022 ý. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |