15:26 "Gorkmen"... | |
"GORKMEN"
Goşgular
Ýeri, şundanam bir ýaşaýyş bormy?! Alnyñda - howp, Ardyñda gorp, gork, gork, gork! Gorky, senden bir zat çykar ýaly yş barmy? Heý, yş bormy?! Gork! Gork! Düşdüñ şeýle künjegine dünýäniñ, Gork, gork, gork. Görýärsiñ Gorkmaýanlañ nä günlere düşýänin! Gorkmaýanlañ gözi ýokdur, telbedir, Olar ömrün soñlar dälihanada. Päliñ azyp, çykmaweri ýola bir, Ýoldan çyksañ, duşýañ gäbi azana. Jañ etseñ gork - diñleýändir KGB, Oýlansañ gork - ýazýandyrlar pikiriñ. Atomyñ üstünde dursa bu dünýä, Señ ykbalyñ üstündedir pitigiñ! Myrla, edil myrlaýşy dek pişigiñ, Kollektiwe ýaran, başlyga ýaran. Başlyk däle ýaran, ýogsa ol satar. Profkoma ýaran, Partkoma ýaran Raýkoma, Obkoma - ählisi hatar! Ornuñdan gork - haramzada almasyn, Ogluñdan gork - dost bolmasyn pidula. Gelniñden gork - öýe myhman gelende, Hüñürdäp ýüzüñi ýere salmasyn! Gork! Gork! Gork! "Tok-tok" diýmän, "gork-gork" diýýär towuklar, "Hork-hork" diýmän, "gork-gork" edýär mekejin. Sen nä! Gorkýar MK-äñ sekretary-da, Başa geýip hüýpüpigiñ kekejin. Gork! Gork! Gork! Ýakyndan gork, ýatdan gork! Garrydan gork, ýaşdan gork! Toý-tomgudan, ýasdan gork! Atasyna aýat okatdy diýip, Bir hudaýsyz ýazaýmasyn arzany. Goý atañy profsoýuz jaýlasyn! Gork! Gork! Gork! Hudaýdan-da gork, Birden-ikä olam bar bolaýmasyn!.. Çar ýanyñ howp, Bar ýanyñ gorp, Eger-de ýaşajak bolsañ gorkusyz Gork! Gork! Gork! Ogluña, kowmuña gorkmany öwret, Ziñkildäp dur emeldarlar asgyrsa. Gorkynyñ üstünde gurulan döwlet Halkyn saklaýandyr gorky astynda! Dünýäde güýç ýokdur gorkudan rüstem. Nä günlere duçar bolduñ türkmen sen? Türkmen däl-de, "Gorkmen" sen! 1982 ý. Nobatguly REJEPOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||
| ||||