06:42 Gorkunç gün bolar | |
GORKUNÇ GÜN BOLAR
Publisistika
Milisiýalar ýeñýär, "goşunlarymyz" ejizleýär, uzaklaşýar, izolirlenýär. Illýustrasiýa: Maýkl Ostin Sowet döwründe Moskwada polisiýa "milisiýa" diýlendigini bilenimde geñ galypdym. Gök harby lybasly we başgaby gyzyl ýüpjagazly horaşaja adamam bolsa, ol bu uruşlarda resmi däl, jogapkärçiliksiz, duşmanlaryna we halkyna erbet çemeleşýän toparlara berilen ady göterýärdi. 2011-nji ýylda dünýäniñ ähli ýurtlary ýaly Russiýa gaýtadan polisiýa adyny ulanmaga başlady. Bu ýagdaý aýratynam ruslar üçin gowy täzelik boldy. Milisiýalar uruşda, haosda, döwletleriñ dargaýan wagtlarynda orta çykýar. Düzülişlerine esasan umumy haos, agressiýa, bikanunçylyk şertleri we adamlaryñ howpsuzlygynyñ we adaty durmuşynyñ bozulmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Halklaryñ we ýurtlaryñ durmuşyndaky bu tapgyrlary iñ köp häsiýetlendiren ýagdaý aýdylanlaryñ agressiwligi we aragatnaşykdaky agsamadyr. Adamlar pes adamlaryñ we topbaklaryñ öñünde masgaralanar. Režimiñ adamlary howp-haýbat, gorkuzma, hapalyklar bilen bir hatarda adaty wagtlarda masgaraçylykly, ýüz gyzardyjy, aýyplaýjy zatlar bilen öwünerler. Şu günlerde sosial mediýa serişdelerine agalyk edýän dilem milisiýalaryñ, agressiw we terror toparlarynyñ ruhuny görkezýär. Bu bihaýalyk bir bölümi bilen agressiýadanam has masgaraçylykdyr. Habar beriş serişdeleri geçmişde-de beýle etiki we serpikdirijilikden mahrum ýollara gyşarardy, ýöne ahyrynda haýsam bolsa bir temmi çäresini alardy, hasap soralardy ýa-da sosial jogapkärçiligiñ öñünde durmaly bolardy. Aragatnaşyk barada aýdanda bolsa, ýarag bilen galam birdir. Lakamyñ añyrsyna bukulan kişi hapa hakykatlaryñ bolýan döwründe näme ýazýandygynу bilýär. Ýurtlaryñ özlerini milisiýalaryñ düzgünlerine, olaryñ täsirine, tokaýlaryna we garañky plýažlaryna tabşyrandyklaryny gowy bilýär. Milisiýalardan kim we haýsy kanuna ýa-da däp-dessura görä hasap soraýar? Şonsuzam ejiz ýa-da näsag ruhlara näçe zyýanlaryñ berilýändigini kim bilýär? Bu betbagtlygyñ çagalarymyzyñ we ýurdumyzyñ geljegine näme edýändigini duýamzogam. Bu köçe dili umumylaşyp öýleriñem dili bolup biler. Milisiýalar ýeñýär, "goşunlarymyz" ejizleýär, uzaklaşýar, izolirlenýär. Yrakda "Haşdi Şabiniñ" gürrüñini etmek indi adaty ýagdaýa öwrüldi we halkara söwda gämileruniñ suwlarymyzda hüjüme uçramasy her gün görýän kartinamyza öwrüldi. Milisiýalaryñ özlerini taýýarlanlaryñ garşysyna öwrülen güni gorkunç gün bolar. Kaddafiniñ dünýä ýüzüne eden gowulyklarynyñ birem liwiýa goşunynyñ ýerine komitet güýçlerini geçirmegidi. Goşun häzirem ýok, Liwiýa ýok we ony gaýdyp almak ugrundaky her synanyşyk komitetleriñ mirasy arasynda şowsuz tamamlanýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 21.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |